13. MÜŇKÜRLIK
Gaty bir yssy düşäýmänkä gaýdyp gelmek niýeti bilen irdenjik turdum-da, burny gara, özi burnundanam gara, gara ýer ýaly ýuwaşja taýharjygymy münüp, ota gitdim. Iki ýüzünem gowaça meýdanlary tutup ýatan, gyralary göm-gök gür gamyşly ene ýabyň gaýra ýüzüni ýakalap, obamyzyň bol atly bagçylygyna tarap gidýän gumaksy ýoljagaz bilen dikgirdäp barýan taýharjygym birdenkä bir zatdan ürken ýaly kürtdürdi-de, iki gulagynam hekgerdip, ýap boýnuna tarap üşerildi. Men ilk-ä it-guş bardyr öýtdüm. «Hümür-sümür» gulagyma gelenden soňam: «Aý, işläp ýören daýhanlardyr-da» diýip, ötüberjek boldum. Elimdäki ýylgyn taýajygym bilen taýharymyň boýnuna kakanymdanam ýabyň aňry ýüzünden erkek kişiniň:
― Eý, wä-äk! ― diýen inçejik, ejizje sesi eşidildi. ― Agyrtýaň ho-ow agyrtýaň!
Zorruk sesli birem «kikir-kikir» etdi.
― Men-ä çydadym, senem çyda-da...
― I-i... çydar ýaly däl-ä... ― ...Halys janyňy alyp barýar-a... Ýa öllemediňmi?
― Ölläb-ä ölledim, ýöne çal diýseň sabyn çalaýmasam.
― Näme, ýaňy çalmadyňmy?
― Ýo-ok...
― Ho-ok saňa bir...
― Bol onda özüň çal.
― Sen näme özüň çaldyňmy ýaňy?
― Kim çaldy?
― Men çaldym.
― Tapawudy näme?
― Çal-da onda tapawudy bolmasa.
Beýnimde dörän alasarmyk pikirler çaga bilesigelijiligi bilen birleşip, meni haýdan-haý taýhardan düşmäge mejbur etdi. Demim-demime ýetmän «has-has» edip durşuma, ilk-ä, kimdir birinden haraý gözleýän ýaly daş-töweregime garanjakladym, soňam aşak oturyp, taýharymy duşakladym-da, usullyk bilen ýabyň bärki raýyşyna dyrmaşdym. Tozgaly başlaryny yraşyp oturan gamyşlar öňümi gabsaşyp hiç zat görkezmediler. Onsoňam aňyrda entek ikinji raýyşam bar, üstesine onuňam boýny gamyşdan ýaňa gür-gümme bosup dur. Şeýle-de bolsa, indi aňyrkylaryň gep-gürrüňleri öňkä görä has aýyl-saýyl eşidildi.
― Indi nähili?
Inçejik ses edil iňre çaganyňky ýaly ynjyly çykdy.
― Indi ýagşy-y...
― Agradanokmy?
― Ýok.
― Ozaldan şeýdäýmeli ekenik.
― Men şeýtdim-dä ýaňy seňkini, sen bolsaň men özüm çydadym diýen bolýaň.
― Al onda...
― Eý, wä-äk!..
― Hä, ýene näme?
― Ýenedem-ä agyrdyp ugrady seň onyň.
― Hany, agranok diýdiň-ä?
― Gyraraklar-a agranogam welin... Ýa bilgeşli etýäň sen şuny.
― Bilgeşli edip, näme, kasdym bamy-aý, meň sende?
Diňşirgäp durşuma kem-kemden olaryň kimdiklerinem bildim. Ýogyn seslimi-hä Atabally aga. Ol etli-ganly, garaýagyz, orta ýaşlaryndaky adam bolmaly. Inçe seslisem Garly kiçijik lakamly girdenejik adam. Olaryň ikisem suwçy. Haçan görseň pillerini eginlerine atyşyp, gowaça meýdanlarynyň gyrasynda, ýabyň sakasynda, güzer ýerlerinde aýlanyşyp ýörendirler. Häzirki duran ýerimiň gabat garşysynda olaryň çatmasam bolmaly. Ýabyň boýnuna ýabşyrylyp dikilen şol çatmada günortanyň yssysy düşenden, tä öýlän salkynyna çenli çaý içýändiklerini, garbanýandyklarynam bilýän. Agşamaralar eşeklerini gök otdan mas ýükläp öýlerine gidenlerinde-de, ir bilen işe gaýdanlarynda-da bileje gidip gelýärler. Atabally aga-ha üsti otly ak eşeginiň üstünde abşarylyp oturyşyna, üsti kolhozçy gelin-gyzlardan doly maşyna ýa tirkegli traktora gözi düşenden, ellerini sallap, «ýarow-jana-da» zowladyberýär. Garly kiçijegem onuň berekellasyny ýetiräýmän eşeginiň üstünde ulugyz ýaly birsyhly aşak bakyp, sülmüräp oturandyr. Üýşmeleňlerde-de Atabally aga-ha diňlense-diňlenmese töweregindäkileriň ýüzüne tüýküligini syçradyp sakyrdar oturardy, Garly kiçijik bolsa käte bir çaý owurtlanda, aşaklyk bilen, onda-da çekinjeňlik bilen gabat garşysyndakynyň ýüzüne garap goýberýär diýäýmeseň, tä turup gaýdýança gabagynam galdyrmazdy. Biri bir zat soraýsa-da, çym-gyzyl bolardy-da, ýüzüni iki-baka sypajakladyp, keçäniň gülüni dyrmalaşdyryp, galybrak duran ýerlerini bolsa ýolmalaşdyryp, juda kynlyk bilen jogap bererdi. Özi birinden bir zat sorajak bolsa-da telim gezek çemelenip-çemelenip, o ýan, bu ýan owsunyp, buruljyrap, ýaýdana-ýaýdana sorardy. Ol hatda öz çagalary, aýaly bilenem aşak bakyp gürleşýärdi. Men onuň bu bolşuna geň galýardym. Ine, indi welin geň galamok. Sebäbi indi maňa hemme zat düşnükli. Ol ikisiniň günüň-gününe nämüçin iliň üýşýän ýerine ― pagta harmanyndaky düşelgä barman, şujagaz ýerde, çolaja çatmanyň içinde otlap-suwlaýandyklaram düşnükli. Garly kiçijigiň hemişe ýere bakyp hiç kimiň ýüzüne seredibilmän ýörendiginiň sebäbem düşnükli... Çünki ýüzi ýok! Iliň ýüzüne seredibilenok! Bilinmese-de bilinýändir öýdýär. Öz-özünden müýnürgeýär. Ýöne Atabally aga näme diýjek? Ol asyl iliň öňünde dilim keltedir öýdenog-a! Ýa ýasama abyr-zabyrlar bilen kemini ýapan bolup ýörşümikä şol? Eý, Huda-aý!!!.. Indi seredip otyryn welin, «gysraklar» tiresiniň kethudasy Amannazar aganyň aýaly Aýbike ejäniň käte bir oýun eden bolup: «Şu ikis-ä är-heleýmikäýin, mydama kelte tirkelen ýaly biri-biriniň yzyna düşüp ýör» diýmesem, onda, oýun däl-de, çyn bolmaly-da!
Dogrusyny aýtsam, şol wagt baraga-da ikisiniňem depesinden taýharjygymy örkleýän myhjagazymy dikligine sanjaýasym geldi. Şol hyýal bilen onuň ýüpüni bilegime orap duranymam ýadyma düşýär. Ýöne nätjek, oglan-oglan bolýar-da, göwnüňdäki bilen güýjüň, dogmuň deň gelenok-da! Olara temmi bermeg-ä däl, hatda gözlerine görünmäge-de bognum ysmady. Bolup duruşlaryny diýjekmi ýa bolup ýatyşlaryny diýjekmi, göz öňüme getirenimden aňrym bärime gelip, ýüregim bulanyp başlady. Ýakymsyz, erbet bir ysam gelen ýaly boldy. Şol ys beýnimiň içini burugsadyp-burugsadyp goýberdi. Hapasy endamyma ýaýrap, tutuş süňňümi gowşatdy. Göwnüme bütin dünýäni nejislik gaplap alan ýaly boldy. Ysgyny gaçan aýaklarymy zordan süýräp yzyma dönjek wagtym, ýene-de Garly kiçijigiň zaryn sesi eşidildi.
― E-e-eý...
― Hä?
― Ganadaýdyňammy?
― Çalajalaý.
― Çalaja diýen bolup... Öňki gezegem şeýtdiň sen...
― Özüň näme ganatmadyňmy?
― Men ganadan däldirin.
― Aý, bolýa-laý, ýene azajyk çydasaň bolýan men.
― Häý, görýän welin seň şonyňda derek ýok bolaýmasa.
― Hä?
― Halys duran bolaýmasa.
― Aý, ýok, durmal-a däl bi.
― Sabynlaňsoňam şeýdip persala edip dursa durdugy bor-da.
― Ýa ýene bir gezek ölläýsemmikäm?
― Nätseň şeýt-de, çaltrak üstümden bir sowul.
Azajyk dymyşlyk boldy. Entegräkdenem Atabally aganyň güňleç sesi gulagyma geldi.
― Nätdi?
― Aý, üýtgän zat ýok. Seň şonyňdan-a janym orsuňky.
― Po-ohuňy iýme, orsuňk-a bir gezege-de ýaranok, men bolsam şuň bilen haçandan bäri nemedip ýörün. «Seň şunyň gowy, çagalaň barysyny ulaltdy, orsuňkyda derek ýok» diýip, ýaňy ir bilen saljak wagtym çagalaň ejesem öwdi şuny.
― O näbilsin-aý, haýsynyň gowudygyny.
― Aý, how, şu wagtyň heleýleriniň bilmeýän zatlary ýok...
Men raýyş bilen duşakly duran taýharymy arasynda telim gezek dagy gatnadym. Bir göwnüm: «Bar, gaç, git, ýok bol, durma şu ýerde, bular ýaly ymmata sygmajak masgaraçylykly işi görjegem bolma, kyýamat güni öz jezasyny her kimiň özi çeker, öz eden işi üçin her kimiň özi jogap berer» diýdi. Başga bir duýgy bolsa: «Bar, gör, üstesine göreniňem bildir, şondan beter temmi bolmaz şolara» diýdi. Soň-soňlaram ömürýoldaş bolan bilesigelijiligem bir ýerden peýda boldy-da, soňky pikirim bilen goşulyşyp: «Bar, gör» diýip, böwrüme dürtdi durdy. Şondan soň bärki raýyşa ýaňadandan dyrmaşanymam bilmän galypdyryn. Gamyşlary elim bilen iki tarapa serpikdirip ýabyň içine girdim. Pažžyldatmajak bolup, o ýüzüne çenli suwa çümüp gitdim-de, çöp-çalamlardan ýapyşyp, aňyrky raýyşa dyrmaşmaga başladym. Ýöne gamyşdyr çaýyrlar kökleri bilen gopuşyp elime geldiler-de, iki gezek dagy arkan ýykyldym. Üçünji gezek dyrmaşyp barýarkam, Atabally aganyň öňkülerine görä birneme haýallan sesi eşidildi.
― Bir uly balyg-a bar öýdýän şu golaýda, tor taşlaýsak nädýä? Düýnki ýaly şamlyg-a bolardy çagalara.
Oňa çenlem gamyşyň gyýak ýapraklaryna ýüz-gözümi çyzdyryşdyryp raýyşa çykdym, tomaçalaryny tozgaladyp oturan ösgün gamyşlary usullyk bilen iki tarapa ýykdym. Hiç kim görünmedi. Ýene-de azajyk ileri süýşdüm. Görsem, Garly kiçijig-ä çatmanyň kölegesinde ýüzüni aşak salyp dikejegine otyr. Öňünde-de bir üýşmek akly-garaly saç. Onda-munda pytrap ýatanlaram, ýeliň ugruna ygyşyp beýleräk düşenlerem bar. Entek doly syrylyp gutarylmadyk kellesi bolsa durşuna gan-gabarçak. Ýap-ýaňyja syrylan tos-togalak kellesine kiçijik, ak ýaglyk daňnan Atabally aga bolsa elde ýasalan, agaç saply, iki eplenýän gadymy türkmen päkisini elinde galgadyp, onuň daşynda höküdikläp ýör. Kellesine suw akydýar, sabyn çalýar, owkalaýar, soňam iňirdisinden çekinýän ýaly, päkisini Garly kiçijigiň sähelçe saçy galan kellesine bir golaýladýar, bir daşlaşdyrýar, gaýrarak çekilip gezenýär-gezenýär-de, ýene-de batyrynyp bilmän, daşyndan bir öwrüm edýär. Garly kiçijik «jyňňyldap» ugrandanam, «Ýa, Alla!» diýip, salýa päkisini eýýämhaçan şemala guraňkyrlap ugran saçyň bir gyrasyndan. Garly kiçijik ellerini galgadyp: «Eý, wä-äk» diýenindenem, «ziňk» edip özüni arkan zyňýar. Esli wagt ýaýdanjyrap durýar. Ýaňadandan assa-ýuwaş golaýlap gelşine:
― Şu gezek bir sag-aman abraý bilen syraýyn, soň gaýdyp golaýyna gelmen seň şu pyzlawuk kädiň ― diýip, hoňňuldaýar.
Men özümi «lampa» aşak goýberdim. Derrewem der basdy. Tas özümden gidipdim. Her näme-de bolsa, demimi dürsedim-de, zoraýakdan diýen ýaly ýerimden turdum. Raýyşdan syrylyp düşdüm. Esli ýere çenli ýuwaşjadan, akymyň ugry bilen gitdim. Allaowarradaky güzerden çykyp, taýharymy goýan ýerime gaýdyp geldim. Esli wagtlap duşagyny çözübilmän, taýharymyň iki dyzyny gujaklap oturdym. Soňam ony üç gezek dagy çözüp, üç gezegem täzeden daňypdyryn. Bagçylyga ota barýan halyma yzyma gaýdyberendigimi bolsa obamyzyň çetinden girenimden soň bilip galdym. Öýdäkileriň «Hany, getiren otuň?» diýen soraglaryna bolsa, «Ýaraman gaýtdym» diýip, ysgynsyz jogap berdim.
Müňkürlik edip, öňlerinde günä gazanandygymy özlerem bilýän ýaly, öňlerinde özümi günäkär saýyp, şondan soň gabat gelen ýerlerinde Atabally aga bilen Garly kiçijigiň ikisindenem gaçdym ýördüm. Juda ýüzbe-ýüz gabat geläýmeseler, hatda salam bermäge-de çekindim. Ýagdaýyny tapsam öňlerinden sowulmaga, şolaryň bar ýerlerine barmazlyga çalyşdym. Soň-soňlar, özüm ýigit çykyp, uly adamlaryň hataryna goşulanymdan soňam, onda-munda gabat gelseler, ýüzlerine seredibilmän müýnürgedim ýördüm.
Eger-de şol gezek kalbymda dörän müňkürligiň magadyna ýetmän, şeýtanyň salgy beren maslahaty bilen öz ugruma gidiberen bolsam welin, men, hakykatdanam, olaryň günäsini ömürboýy göterip gezmeli boljak ekenim, kyýamat eşeklerine öwrüljek ekenim. Hern-ä Hudaý meni şol agyr apatdan-a halas etdi. «Elbetde, gözüň bilen görmeseň, gulagyň eşidenine ynanma, hakykat bilen ýalanyň arasy göz bilen gulagyň arasyçadyr, ýagny dört barmakdyr» diýip köneler ýöne ýere aýtmandyrlar ahyry.
2001 ý.
Hekaýalar