17:08 Garrylar gerek | |
GARRYLAR GEREK / Ýañsyly monolog
Adamlaryñ ýagyr bolmaýşyna haýran. Baý, bi dünýäñ aladasy artypdyr-ow. Gynansagam... wiý, bagyşlañ, begensegem, garrylar hakdaky alada ähli zatdan öñe geçdi. Ol şeýle-de bolmaly. Bizi ekläp-saklap şi derejä ýetiren, eýsem, şolar dälmi?! Garrylaryñ gurbany bolsañ! Obada meniñ bir garryja kakam bar, özem ýeke özi ýaşaýar. Ady kim diýýäñizmi? Oñ size nämä geregi bar? Gerek bolsa aýdaýaryn. Neme, o-o, neme-laý, Myratberdimidi şoñ ady? Wiý, Myratdurdy-laý. Toçno, Myratdurdy. Öz kakasynyñ adynam bilenok diýmäñ how, men-ä ýöne pahan diýäýýän, hiç wagt adynam tutamok. Onsoñam men öz göbegimi kesemaga adyny tutar ýaly. Meñ kakamyñky hezil, onuñ towugyna tok diýýän ýok. Han özi-soltan özi, gelniniñ iñirdisini eşdenok. Näme igenseler, özüm çekýän. Hawa, men onuñ ýalñyz perzendi. Onsoñ ol hakda men alada etmesem dagy kim etsin. Häli-şindi halyndan habar alyp gaýdýan. Köplenç pensiýasyna gabatlabyrak barýan. Höküwmedimizem, tüweleme, gaty arkaly, ony sylaýa. Ýatan ýerinden, çöp başyny gymyldatman her aýda birgiden pul alup otyr. Özümiz-ä öljek bolup işlesegem, şondan köp alamyzak. Bir topar hajrow ýaljak çagalaram agzyny açyşyp otyrlar. Özleriniñem tüýs iýjek-geýjek wagtlary. Heý, onsoñ kakamyñ ýeke özüniñ şonça puly sowmaga bogny ysarmy? O zatlara kakam gowy düşünýä, sebäbi ol biz ýaly ýokary bilimli däl. Barsañ boş goýberenok, bende. Şonuñ üçinem, men kakamy gaty gowy görýän. Ony şähere ýanyma alyp geläýsemem boljak welin, birhili obañ howasy arassadar-aý. Şäheriñ tüssesini ýuwdup ýörenden, goý, şo ýerdejik ýaşabersin. Men oñ ýüregini gysdyramag-a, barypjyk durun, pul gerek wagty. Onsoñam o ýerde oñ başga-da bähbidi bar. Mellejigine ony-muny eken bolýa, gydyrdanyp dek oturanok. Öten ýyl dagy kakamyñ ýetişdiren hasyly, walla, ýere-göge sygmady. Satynyp dünýäñ puluny edindim. Ýene-de birki ýyljyk şeýdip gaýrat edäýse maşyn puly bolaýjak, how. Aý, meñ kakam zordur-la, aladasyny edip direnip duran ogly bar-da kişiñ. Ynha, geçen gyş dagy ony öz ýanyma ýygnadym, üşäp horlanyp ýörmesin diýip. Elbetde, mal-garasynam, olary ömür goýarynmy. Olaram kakamça gerek how, maña. Ýalan sözlemäýin, kakam bir hepde bolup bolman gaýtdy yzyna. Ýok, ýalñyşýañyz, keýwanymyñ iñirdisi üçin däl. Şäherde, ýüregim gysýa diýdi. Şäher düzgünine henizem biz kanagat edip ýörüs, sähel ýöwselräk bolsañ, däliräp düze çykaýmaly. Hawa, kakamy özüm elinje oba eltip gaýtdym. Kim bilýär-aý, ýogsam heläk bolup yzyna geläýmegem mümkin. Baga bakýan goýny bilen on sany towugyny alyp galdym, hossa bolmasyn diýip. Ýene-de edinerdär-aý gezip ýörse. Biziñem belli, täzeje et iýesimiz gelýä, magaziniñ doñ etem halys ýürege düşdi, nobatam üstesine. Häzir aç-açanlyk döwri, garrylaññam bolmaýan ýerini göni aýtmak gerek. Mysal üçin, meñ kakam her aýda meni heläk edip ýörmän, berýänje puluny poçtañ üsti bilen iberäýmel-ä. Aý, bolýa-la, gürrüñ edip oturmaly. Goý, oglunuñ başy dikgä bir döwran sürsün-le, görgüli. Her hiki kynam bolsa, wagt tapyp özüm baryp gaýdaryn, aýda bir gezek. Nätjek, garrylara hormat goýmaly-da, olary sylamaly. "Garrylar gerek" diýen aýdymy biz näme üçin zol-zol radio zaýawka berýändir öýdýäñiz? Elbetde, diñe sizi sylanymyz üçin. Siz barada alada etmeklik biziñ perzentlik borjumyz ahyryn. Ýaşlaryñ saýasynda arkaýyn işläñ, biz bir ýaýnaly. Hawa, gazananja puluñyzy bize berip dursañyz adam adyñyzy tutmaz. Ondan ýaña ýasy ýanyñyz ýerde bolsun, gadyrly garrylar! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |