01:18 "Görogludan" tymsal edip | |
«GÖROGLUDAN» TYMSAL EDIP...
Edebi makalalar
Men heniz çaga wagtym, «Görogly» şadessanyny elime alyp okamankam, ondan käbir bölek-büçekleri atamdan kän eşidipdim. Görogly adamlaryň kalbyna şeýle bir ýakyndy welin, onuň täsir edijilik gudratyna şindi-şindem haýran galýan. Görogly bilen Magtymguly türkmeniň kalbynda müdimi ýer eden şahsyýetler. Atam herne bir zat bolsa ýa-ha Magtymguludan ýa Görogludan bir mysal getirerdi. Özem hemişe Magtymguly Garlynyň, Baýar Baýramowyň, Palta bagşynyň aýdym ýazgylarynda bolşy ýaly Görogly diýip tutardy. Mertlik, namartlyk, myhmanparazlyk hakynda bir zat diýmekçi bolanda, «Görogla» salgylanardy. Ynha, olardan ýadymda galanlary. ■ Taňry berjek bolanda... Atam pahyr herne takdyra ten berip, taňra sygnardy. Her bir işde Allanyň isläniniň bolýanyny aýdardy. Her gezegem şu tymsaly gaýtalardy. Adybeg ölüp, yzynda galan hamyla gelnem ölüp, Adybegiň ojagy öçýär. Yzy ýitdi diýen hala gelýär. Ýöne gör-ä bi bolýan ýagdaýy. Ýaňky Jygaly begiň yzyny ýitirmejek, ýurduny dargatmajak, öňki abraýyny dikeltjek bolup, Göroglyny gabyrdan çykaryp berýär. Taňry bermek islände, gabyrdan çykarybam berip bilýän ekeni. ■ Myhmany şeýdip sylamaly – Myhman alsaň, Görogly bolup, hyzmat etmeli – diýerdi atam. Üçgümmez dagynda çadyr dikip, ýetme-ýykylma gün görüp ýören halyna kyrk galandary yzyna tirkäp gelen Görogla Jygaly beg edeniň näme diýýän däldir. Gaýta ýeke sygryny olar üçin söwüş etmegi maslahat berýär. Bar bolanda, kim myhmana hyzmat edip bilmeýär. Türkmen boljak bolsaň, myhmana ýokdan bar edip, hyzmat etmeli. Mertlerde meňzeşlik bardyr Birinji duşuşukda Bezirgen Görogludan asgynlanda: – Leke şa: «Hazynamyň ýaryny, şalygymyň ýaryny, üstüne Gülruh peri diýen gyzymam goşup bereýin. Göroglyny öldürip ber» diýdi. Menem seniň özüm ýaly mertligiňi, özüm ýaly bir atadan ýekeligiňi, özüm ýaly bizürýatdygyňy eşidip, seniň üstüňe gaýtmadym – diýýär. Mert kişiler duşmanam bolsa, biri-biriniň gadyryny bilýändir. Mert merdi hemişe arzylaýandyr. ■ Ejizligiňi ile görkezme Allanyň gaýrat beren mertleri iliň derdini çekip ýaşasa-da, özdertlerini ile çekdirmändirler. Göroglam ýaşynyň soňunda: – Il-gün meni beýle ejiz halda görmesin. Gyratym bilen meni Ýyldyz dagyna eltip taşlaň. Şol ýerde bir özüm ölüp gideýin – diýýär. Ejizligini ile görkezmän, ýalňyzlykda jan berýär. Juda göz giderlik ykbal. Şeýdibem hakyky Görogly sypatynda halkyň kalbynda galýar. ■ Çig süýt emen adam-da... Görogly her babatda bize meňzeş. Hyýaly bir gahryman däldigi üçinem, kalbymyza ýakyn. Görogly menlik edip, badyhowa bolup barýar-da, Harmandäliden ýykylýar. Şum kempiriň gepine gidip, kyýamatlyk doganyny öldürýär. Aýsoltanyň öňünde: «Men Görogly däl» diýip, ýalan sözleýär. Hilesem bar, gorkaklygam bar. Ýöne mertligi hemmesinden zyýada. Ýalňyşsa-da, ýalňyşyny düzetmäge gaýrat tapýar. Ýalňyşan wagty: «Ýalňyşdym», ýeňlen wagty: «Ýeňildim» diýip bilýäni üçinem ol Görogly-da... ■ Agaýunus bolmadyk bolsa... Agaýunus asly otdan ýaradylan bolsa-da, Göroglynyň aýaly. Ähli zady dyrnagynda görüp bilýän, jadydan, dogadan başy çykýan bolsa-da, ol aýallyk derejesinde durýar. Öte geçjek bolup duranok. Özünden sorap, hereket edende, Göroglynyň peseljegini bilýär. Harmandäliden çakylyk gelip, Göroglam gitmek üçin Agaýunusdan maslahat soranda: – Habar gelen wagty, maňa maslahat salman, duran ýeriňden ugramaly ekeniň. Indi bolmady. Aşyk Aýdyň pirden pata alyp, onsoň git – diýýär. Hemişe aýallyk mertebesinde galýany üçinem, Agaýunus beýik. Aýal bol, erkek bol, malyňa, duluňa gözüni dikmeýän merde gulluk etmek peslik hasaplanmaýar. Agaýunusa merde gulluk bagty miýesser eden, Göroglynyň belentligine belentlik goşan maşgala. Agaýunus bolmadyk bolsa, Görogly bolmalysyndan kän bärde bolardy. ■ Şerapdan Görogly näme gördi? Şerap hakynda gürrüň gozgalyp: «Çeniňi bilip içseň, zyýany ýok» diýjek bolýanlara atam pahyr: – Goýsaňyzlaň – diýerdi. Şerabyň bir çeni bolarmy? Agzyňa bir degse gidenidir. Görogly ömründe bir gezek goluny bagladýar. Aýdyp oturmaýyn, oňa-da şerap günäkär. Öwez ogly goýaý diýse-de, diňlemän, serhoş bolýar. Şeýdibem, Arapreýhana ýesir düşýär. Atamyň aýdyşy ýaly, şerabyň serhoşlugy Göroglynyň ykbalynda bir menek bolup galýar. Soňam bir gezek meýlis gurap, serhoş bolup, Gyratyny ogurladýar. Görogly ejiz gelensoň: «Şeraby men götererin» diýip biljek gaýratly kim bolup biler?! Şöhrat ABDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |