21:46 Görümsiziñ ogly bolsa näme ederkä? / satiriki hekaýa | |
GÖRÜMSIZIÑ OGLY BOLSA NÄME EDERKÄ?
Satiriki hekaýalar
Bankdan jaý çykýar, bankdan bina çykýar, pul-peşgeş çykýar, syýahat çykýar, ömürboýy geljek girdejidir aýlyk çykýar, hemme zat çykýar. Çykmaýan zat barmy näme şu banklardan? Bir ýerden ýüz lira tapyp, şobada-da banka tarap ylgap, tapanja puluñy amanat kassa ýatyrybilseñ bolany. Hamana, bijäñ bişow çykyp, nesibäñden hiç zat çykmandyram diýeli. Ýitirýän zadyñ barmy näme? Pulyñ şo bir pul, üstesine göterimi-de ýöräp dur. Men welin uzak ýyllañ dowamynda şol ýüz lirajygy jemläp haýsam bolsa bir banka goýup bilmedim. Dişimi gyzyp çydaýan, pulumy tygşytlap zordan segsen edýän, togsan edýän, ýañy ýüze tegelemeli bolýaram welin, gözagyry ýaly bolup bir ýerden bir zat çykýar duruberýär. Şeýdibem ýele sowrulyp gidýär halt-halt edip gazananja puljagazlarym. Hamala şu pul diýilýän peläket "biz şu adamyñ kisesinde jemlenmäliñ-le, onuñ hiç haçan ýüz lira ýüzi düşmesin" diýip ant içen ýaly. Puluñ ant içeni çyny bolsa, meniñem ant içenim çynym. Eýtdim-beýtdim ahyrsoñy tegelek ýüz lira jemledim. Birden ýene bir zat çykyp sowmaly bolaýmasyn diýen gorky bilen dessine pulumy banka goýjakdym welin, şol gün men barýançam banklaryñ iş wagty gutardy. Şeýle bir gözüm gorkupdyr welin, göwnüme elimdäki pullar simap ýaly paýrap gidäýjek ýaly bolup dur. Görümsiziñ ogly bolanda näme edipdir, bilýäñizmi? Menem häzir edil şo hili ýagdaýda. Boş pañlap näme edeýin-aý?! Dogrusyny dogry aýtmaly. Puljagazlarymy ýassygymyñ aşagynda bukup uka gitdim. Ýatyp hiç mazam bolmady. Zordan ýüz lirany jemläbilemsoñ, öz ýanymdan bolsady ekýän. Tutanýerliligiñ elinden sypan zat ýok. Adam bir iş etmegi netine düwse, hökman şol işi eder dynar. "Aý, men az gazanýan", "Aý, ynha, ýaşaýyş gymmat", "Aý, güzeranyñy dolamak kynlaşdy" we şuña meñzeş zeýrençleriñ hemmesi bahana. Serediñ, ynha, men ýüz lirany nädip jemledim. Diýmek, eger men islesem, iki ýüzem, bäş ýüzem jemläp bilerin, hatda müñem, on müñem jemlese bolar... Soñ men bolsady deñzinde gulaçlap başladym: Müñ on müñe, on müñ ýüz müñe, ýüz müñ milliona öwrülýär. Hatar-hatar nollary yzly-yzyna tirkeýän, gijäniñ garañkylygynda olary sagdan çepe üçe bölüp okaýan. Ýüz million, bir milliard, on milliard, ýüz milliard... Hawa, hawa, tutanýerliligiñ elinden sypan zat barmy näme? Öñler gazetlerde millionerler hakda ýazarlardy. Indi şeýle bir millionerler döredi welin, millionlar ownuk şaýy pul ýaly bolup galdy. Men ilki millioner bolýan, soñra milliarder bolýan. Has soñra trillioner... Häzire çenli ýer ýüzünde trillioner dünýä indimikä? Ýok!.. Ynha, men trillionerem boldum. Millionerdir milliarder bolmagy meniñ kakamam oñarar. Trillioner bolmakda iş bar.. Eý-ho-oo! Trillion how, trillion! Aý, garaz, hiç pikirimi jemläp bilmedim. Barmagym bilen boş howada "1" ýazýan, soñ ýene 1-iñ yzynda nollary goýuşdyrýan. Bir nol, iki nol, üç nol, bäş nol, on nol, on bir... on iki, ylaýyk on iki sany nol... Ýöne biriñ ýa-da ikiñ yzynda bolsa näme?! Aşagy nol, elimi ýorganyñ aşagyndan çykaryp barmagym bilen garañkylyga ýene bir tegelek nol çyzýan. Jemi üç ýüz trillion. Nollar mahabat şöhlesi ýaly garañkylykda asylgy dur. Käbiri gaýyp ýere düşýär. Ýaramazlaryny alyp ýerinde goýuşdyrýan, ýene düşýär, menem ýene öñki ýerinde goýýan. "Puly gazanmakdan ony elde saklamak kyn" diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Hakykatdanam şeýle eken. Nollary hiç elde saklap bilmedim. Bilýard şarlary ýaly bir eýläk gaçýalar, bir beýläk gaçýarlar. Nätselerem indi elimden gaçyp gitjek ýerleri ýok, baý bolmagy ymykly netime düwdüm dämi, bolany. Ýatan ýerimden dikelip çilim otlandym. Keýpihonlyk bilen nollaryma seredýän. Tüweleme, hemmesi tos togalak. Edil ýöne pisse ýalyja bolup gözüñi dokundyryp dur. Bu nollar owadan aýal-gyzlaryñ dodagyna, sagrysyna, buduna, gerdenine, biline, göwsüne meñzeýär. Baý-bow, baý bolmagyñ hezillikdigin-aý! Dañ atdy. Derhal elimi ýassygyñ aşagyna sokup ýüz lirajygymy aldym-da, banka tarap ýelk ýasadym. Heniz banklar beýle-de dursun, dükanlaram açylman eken. Bankyñ agzynda garaşyp durun. Edil şol wagtam bir tanşym gabat geldi. Ol gele-gelmäşe: - Näme edýäñ-ow? - diýip sorady. - Näme bolýa saña? - Ýok, hiç zadam bolanok. - Onda näme gözleriñ gyzaryp, ýüzüñ-gözüñ halparypdyr-la? - Aý, hiç, düýn agşam dynç alyp bilmedim... Birneme işim çykdy-da, ýatman işlemeli boldy. Banka pul goýýanymy göräýmesin diýip, men ony gepe güýmän boldum. Ahyrynam bankyñ iş wagty başlandy. Çekinip diýen ýaly gapydan girdim. Älpehus, bu ýeriñ ullakan, owadan ýerdigin-aý! Güller, wazalar, üzümiñ suwy ýaly aýal-gyzlar, bezemen geýnen erkekler... Faýede uly-uly lýustralar. Özüme patyşanyñ köşgüne girendirin öýtdüm. Içerde ýigrimi töweregi işgär bar eken. Barsynyñ ýüz-gözüdir eşigi ýalpyldap dur. Eliñi degren ýeriñ gymmat bahaly mebeller. Kalbyma howsala aralaşdy. Diýmek, şu görüp oturan adamlarymyñ hemmesi meniñ beren pulumyñ girdejisi bilen eklenmeli, hä?! Bu giden bina, bu gymmatbahaly emläkler, hasaplaýjy maşynkalar meniñ daban azabymy siñdirip gazanan puljagazlarymyñ hasabyna ýöremelimi? Ýok, ýok, bular ýaly zat bolup bilmez! Men-ä pul bermeli, bu äteñenäletlerem hözirini görmeli. - Näme hyzmat, agam? Aýdyp oturyñ! Bäý-bä, bu bank işgärleriniñ mylakatlydygyny diýsene! Bular ýaly sypaýyçylygyñ öñünde yzyma öwrülip gaýtmajagym belli. Puljagazlarymy elinje sanap berdim. Güler ýüzli bank işgäri iki minuda ýetirmän işimi bitirdi. Üstesine ol maña gapjyk bilen ýandepderçe hem sowgat berdi. Şol gün iş ýerimde işdeşlerim: - Sen näme iliñ soñunda uklap ýörsüñ! - diýip, ýerli-ýerden iñirdediler. Hiç birine gulak asmadym. Günortan bir işdeşim: - Ýör, naharhana gidip garbak-gurbak edeli! - diýse-de, men: - Garnym dok, gitjek däl - diýip gitmän oturdym. "Işden artmaz, dişden artar" diýleni. Agşamlyk bir bulka bilen çaýteýi edindim. Geçen agşamam oñly ukymy almansoñ ilkiagşamdan düşege geçdim. Kellämi ýassyga goýup-goýmanka nollar hatar-hatar bolup, gözümiñ öñünde jyrt atmaga başlady. Men düýn agşam galan ýerimden hasaby dowam etdirdim. Boş howada ýalkym saçyp duran dolmuş kebelek deýin bir nol uçup geldi-de, ýüzüñ yzyna gondy. Ylaýyk müñ boldy... on müñ, ýüz müñ, million... Nollar, nollar, nollar... Barmagymy oýnadyp nol çyzýan we ony ýerinde oturdýan. Soñ olara: - Hatara düzlüñ! - diýýän. - Men başly-baratlygy halamok. Durmuşda tertipli bolmak gerek. Her nol öz ýerine tarap, marş!.. Nollar gorkudan ýaña titräp ýerlerine geçýär. Özümi serkerde kimin duýup, nollaryma görkezme berýän: - Hatara duruñ! - Nollar hatara düzülýär. - Ýöräp başlañ!.. Marş. Ras, ras, ras!.. Bir, iki, üç, dört, müñ, ýüz müñ, million! Nollara on minutlyk arakesme berýän. Olar: "Sag bol!" diýip hor bilen gygyrýarlar. Nollara tälim berip dañymy atyrdym. Süzülip-sallanyp öýden çykdym. Aýaklarym öz-özünden banka tarap ädildi. Göýä, meniñ göwnüme bolmasa bank bataýjak ýaly bolup durdy. Banky meniñ goýan pulum bilen bile syryp-süpürip äkitseler näderin?!.. Şol gün bir döwüm çörekdir bir bölek peýnir bilen garnymy gözedim. Uky diýeniñ gabaklarymdan asylyp, meni alyp barýardy. Irgözinden ýatdym. Gözümi ýumsamam, açsamam bolanok. Gijäniñ içinde nollar depämde tans oýnaýardylar. Bankdan biri çykyp "Bäş ýyllyk kireýne ýaşaýyş jaýy bar, özem howa tölegi bilen kireýne berýän. Özüm arzan tölegliräk ýerde oturýan" diýip gygyrdy. Aklyma "Men bu öýe ýüz ýigrimi lira töläp ýaşaýan? Nä gara görgim? Ertir ir bilen derhal arzanrak ýere göçmek gerek. Gyra-bujak raýonlarda ýigrimi liralyk hem otag tapsa bolar-la. Aýda ýüz lira özüme galar, onam banka goýaryn. Ýylda müñ iki ýüz lira toplaryn. On ýylda on iki müñ, ýüz ýylda ýüz ýigrimi müñ... Ynha, saña howadan gapylan pul! Bisowut bolmagyñ näme hajaty bar? Ertesi dañ atan badyna ýene bankyñ öñünden geçdim. Tanyşlarym meniñ bilen indi öñki ýaly tirkeşmän, öýe gelmän başladylar. Tirkeşmän geçsinler, gelmeseler gelmesinler. Men indi olara çaý-suw hödür etmekden halas boldum. Bu hasam gowy! Halaşýan gyzym til kakdy. Men oña: - Bu gün gelme! - diýdim. Ýogsam bolmasa men onuñ bilen toý tutmakçydym. Indi bu pikirimden dändim. Banka pul goýanymdan bäri onuñ ýüzüni göresim gelenok. Öýlenmek isripçiligiñ gözbaşy. Gabaklarymdan çeküw daşy asylan ýaly ukym tutýardy. Stoluñ üstünde kellämi goýup, ýañy bir uklamakçy bolamda, nollar ansamlyñ tansçy gyzlary ýaly göz öñümde seteran düzüldi. Wah, uklamak meñ elimde bolsa bolmaýamy! Uky derman içmegi ýatdan çykarandyr öýtmäñ. Işdeşlerimiñ birinde bar eken, ol meniñ bolup durşuma dözmän bir gerdejigini berdi. Içdim. Içigara galmyş, uky dermanam täsir etmedi. Şol gije şeýle bir baýadym, şeýle bir baýadym welin, aýdar-diýer ýaly bolmady... Soñra bir salym batyp göresim gelse näme? Toplanja milliardlarym elimden uçdy gitdi. Batan millionerleriñ däbine eýerip, tasdan öz janyma kast edýärdim. Hernä bankda goýan ýüz liram ýadyma düşdi-de, janyma kast etmekden el çekdim. Täzeden baýadym. Şeýle bir baýadym welin, ynanmarsyñyz, ýer ýüzündäki pullaryñ barsyny özüm topladym, hiç kime kör köpük pul galmady. Žurnalistler meniñ bilen söhbetdeşlik gurajak bolup gyzyl el boldular. - Nädip baýadyñyz? Nädip üstünlik gazandyñyz? Dogrusyny aýdyp beräýseñiz? - Zähmet çekmek bilen!.. Kör köpük pulsyz durmuşyñ bir çetinden girdim. Onda-munda çykyş etdim, söz sözledim. Soñ pakyr-pukaralara hemaýat etmäge başladym. Hakyny iýen adamlarymyñ çagalaryna baýramçylykda sowgatlyk jorap paýladym. Näsag işçilere günde bir wagtyna mugtuna nahar paýladýaryn. Elinden ýerlerini gañryp alan daýhanlaryma garyşlap ýer paýlap beren bolýan. Garaz etmedik ýagşylygym ýok. Hemmeler meni "Nähili ynsanperwer adam!" diýip dilinden düşürenoklar. Bu gijämem adamlara ýagşylyk etmek bilen geçirdim. Açlykdan, ukusyzlykdan ýaña zordan aýak üstünde saklanýardym. Göni banka gitdim. Gapjygymy bank işgäriniñ öñüne atyp: - Alsana bäri meniñ ýüz liramy? - diýip gygyrdym. - Hemmesini aljak bolýañyzmy? - Hemmesini, hemmesini! - diýip gygyrdym. - Boldy, besdir! Halaşýan gyzymdan, tanyş-bilşimden, saglygymdan, bagtymdan jyda düşdüm. Hudaý tutsun! Haý, men bu puluñ içine ss.... Gaharym ýetjek derejesine ýetensoñ, özüme erk edip bilmän agzyma gelenini sögünip başladym. Bankyñ tutuş şahsy düzümi daşyma üýşüp meni köşeşdirmäge çalyşdy. - Bereli agam, bereli. Hany, özüñi dürsesene. Pulumy yzyna aldym. Jübimde-de segsen lira bardy. Çykyşyma naharhana tarap ylgadym. Bişip duran näme nahar bolsa, hemmesinden alyşdyryp, şol ýerdenem gös-göni iñ gymmatbahaly otele jyrdym. Üç gije-gündizläp sarsman ýatypdyryn. Oh-ho-howw, hezil dünýä bar eken-ow, biz bilmändiris muny! Pulumyñ barsyny sowdum. Baýlaryñ çekýän ezýetini göz öñüne getirýän-de, öz günüme şükür edýän. Görgüliler ukusyzlykdan, açlykdan, batma gorkusyndan, ogry-jümri howpundan ýaña niçiksi ahwallary başdan geçirýändirler. Muña iñ gowy men düşünýän. Ýaşasyn zügürtlik!* Terjime eden: Has TÜRKMEN. ___________________________________________ * Zügürt - pulsuz, sowalgasyz gezip ýören pakyr-pukara adam. Bu söz irki türkmen klassyklarynda duş gelýär. Mysal: "Zügürt bolup pikirleneniñden uýuz (gijilewükli -H.T.) bolup gaşananyñ ýegdir". (Atalar sözi). "Garajaoglan zügürt düşübän gezer, Gören aşyklaryñ bagryny ezer". (Garajaoglan). "Özi baý aşygy tapsa bir gözel, Zügürdi söwdaýa salmasy bardyr" (Göwheri). | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||