11:19 Goşa bilbil | |
GOŞA BILBIL
Teatr we kino sungaty
Sungat näzik, inçe. Ol tebigatyñ käbir ynsanlara eçilen artykmaçlygy, ykbal menziline bagyş eýlän gymmatly peşgeşi. Ruhy baýlygyñ hazynasy. Sungatyñ barja maksady ynsana ahlak terbiýesini bermek. Teatr tomaşaçy üçin edep hem gözellik mekdebi. Eger şeýle bolsa onda onuñ mugallymlary - artistler bu durmuş ummanyndan baş çykaryp, oña jogap tapyp bilýän adamlar bolmaly. Sahna bolsa olaryñ synag hem göreş meýdany. Şol täsin umman - sahna seni jadylap, ussatlary aýyl-saýyl eýläp bilýän geñ-enaýy dünýä bilen ýesir edip kalbyñy özüne baglap goýýar. Ol artistiñ gyzykly, enaýy hem özboluşly dünýäsi bolan gündelik durmuşyna öwrülýär. Sungatyñ haýsy görnüşi bolsa bolsun, ol tebigy talantdan başga-da irginsiz zähmeti hem erjelligi talap edýär. Şolaryñ güýji bilenem talant açylýar. Beýik Tañrynyñ gudratynyñ biri bolan jadylaýjy sungaty tutup bilmek we ony ösdürmek üçin ýöne-möne däl-de, juda çynlakaý yhlas gerek. Ahlaklylyk, mertlik, durnuklylyk bolsa onuñ baş söýesi. Olar päk zähmet bilen bir jan, bir ten birleşip yhlasa öwrülýärler-de hünäriñe bolan höwesi, söýgini döredýärler. Söýgi siñen işde gudrat bar. Şol beýik gudratyñ başynda beýik ynsan durýar. Şeýle beýiklik hemmelere miýesser bolup durmaýar. ...Hasan hem çagalykdan aýdym-saz sungatyna ýüregi bilen berlen oglanlaryñ biri. Onuñ bu asylly ýoluny jigisi Ysmaýyl-da yhlas bilen dowam etdirýär. Doganlaryñ ikisi-de guýmagursak zehinler. Obada mekdep kružogyndan aýdymdan ruh hem ylham alan Hasan Dañatar Öwezow adyndaky sazçylyk uçilişesiniñ wokal bölümine ýüzüniñ ugruna girýär. Şonda Hasanyñ üstünliklerine şaýat bolan mugallymlarydyr okaýan ýoldaşlary onuñ başlan kärine ökdeläp ezber aýdymçy bolup ýetişjekdigine pugta ynanýardylar. Çünki, ýaş aýdymçynyñ kalbynda opera aýdymçysynyñ belent derejesine ýetmek hyjuwy gün-günden güýjeýärdi. Türgenleşik dowam edip, onuñ sesi barha açylyşýardy. Opera bolan söýgi indi Hasan Jumaýewi sungat institutynyñ gapysyndan eltdi. Ýigidiñ çyn arzuwy hasyl boldy. Ýaş talant üçin geljekki opera aýdymçysynyñ durmuşynda döredijilik ýolunyñ esasy etapy başlandy. Ukyply, talantly, erjel, zähmetsöýer hem-de tebigy taýdan güýçli sesli aýdymçy doganlaryñ talyplyk borçlaryny berjaý etmäge zehinleri, gaýratlary ýetikdi. Sungatyñ kynçylykly ýolundaky rowaçlykda mugallymlaryñ, halypalaryñ, kollektiwiñ hem uly goldawynyñ bolanlygyny ýatlamak gerek. Onuñ kynçylykly hem şatlykly talyplyk durmuşy şeýdip üstünlikli geçip gitdi. Sungat institutynyñ uçurymy, zehinli ýaş opera aýdymçysy Hasan Jumaýew Seýdi adyndaky sazly drama teatrynyñ işini aýdym-saz ugrundan aýaga galdyrmak niýeti bilen zähmet ýoluna düşýär. Teatrda üç ýyllap abraýly işleýärem, ine-de bir gün ol ýere Türkmen döwlet opera we balet teatry gastrola barýar. Teatr Hasanyñ öz söýýän ugrundan işlemek pikirini ikelläp goldaýar. Şondan soñ Hasan Jumaýew Türkmen döwlet akademiki opera we balet teatrynda yhlas bilen işe başlaýar. Sungat institutynyñ uçurymy Ysmaýyl Jumaýewiñ hem Magtymguly adyndaky akademiki opera we balet teatryna işe gelmegi bilen doganlaryñ ikisem jogapkärli hem çylşyrymly obrazlarda partiýalary ýerine ýetirmegiñ hötdesinden ökdelik bilen gelip bilýän ezber aýdymçylar bolup ýetişdiler. Talantly opera aýdymçysy Hasan Jumaýew kämillik derejesine ýeten artistleriñ biri. Onuñ inisi, opera sungatynyñ saýrak bilbili Ysmaýyl Jumaýew-de kämillige onuñ bilen deñ gadam basýar. Goşa bilbiliñ talanty gün-günden taplanýar. Beýik talant arassa zähmete, abraýa, şöhrata beslenýär. Olaryñ döreden ajaýyp obrazlary, belentden owadan hoş owazlary tomaşaça ýakymly täsir edýär. Ýürekde näzik hem täsin duýgulary oýarýar. Goşa bilbiliñ şirin owazlaryny tolgunmak diñlemek mümkin däl. Hasan Jumaýewiñ Nury Muhadowyñ "Keýmir kör" operasynda Çapraz hanyñ, Dañatar Öwezow bilen Ýuliý Meýtusyñ "Leýli we Mejnun" operasynda ömürlik ýatda galjak serhoşyñ obrazy, "Şasenem we Garyp" operasynda Jarçynyñ, "Zöhre we Tahyr" operasynda Garabatyryñ, Moýsepit serdaryñ obrazlary kemsiz dörän, söýlüp diñlenilýän bolsa, Ýewropa kompozitorlarynyñ eserlerinde yhlas bilen döreden obrazlary-da Hasana at-abraý getirdi. S.Rahmaniniñ A.S.Puşkiniñ "Syganlar" poemasy esasynda ýazan "Aleko" operasy juda dartgynly we pajygaly. Ýürege düşgünç, köne düzgüne gaplanan jemgyýetden bizar bolup çykyp giden arly-namysly ýönekeý rus adamsynyñ obrazyny Hasan Jumaýew hiç kimiñkä meñzemeýän inçelik bilen ýerine ýetirýär. Ol syganlaryñ taboryna goşulyp Zemfira atly gyza göwün beren bolsa-da, haçan-da onuñ ýaş sygan bilen pynhanlykda duşuşýanlygyny añyp gahar-gazaba atlanýar. Mertebesi basgylanan Aleko (Hasan Jumaýew) muña çydam edip bilmän serhoşlyk derejesine ýetýär we duşmanyñ öñünden çykmaga mejbur bolýar. Zemfiranyñ ýeñles dünýäsi onuñ ýadaw kalbyna agram salýar. Kalbynda dörän umyt uçgunyny öçürýär. Zemfira ýaly ynanjañ, Aleko kimin sada hem salyhatly gerçekler solanda dünýä daralýar, asman aglaýar. Seniñ dünýäñi sarsdyrýan Alekonuñ obrazynda Hasan Jumaýewiñ hakyky opera aýdymçysy bolup ýetişendigine gözüñ ýetip guwanýarsyñ. Sahna tilsimlerine baý obraz kalbyña ömürlik siñip gidýär. Öz saýlan kärine ussatlykda Ysmaýyl hem agasyndan pes oturanok. Onuñ yhlas siñdirip döreden obrazlary biri-birinden zyýada. Aýdymçy doganlaryñ wokal ýerine ýetirijiligine-de söz ýok. Muña Ysmaýylyñ wokalçylaryñ Nury Halmämmedow adyndaky konkursynyñ ýeñijisi bolmagy-da şaýatlyk edýär. Belent abraýa eýe bolmak uly bagt. Ol menzilläp çekilen azabyñ miwesi. Hasan Jumaýew indi operada pedagoglyk, halypalyk derejesine ýeten ussat. Bu bolsa jogapkärli hem abraýly wezipe. Ol belent basgançaga çykaýmak her kime ýetdirmeýär. Şägirt ýetişdirmek üçin joşup duran ylham, gaýduwsyz gaýrat gerek. Sen talyplaryña, şägirtleriñe hertaraplaýyn görelde bolmaly. Asla opera sungaty inçe duýgulara ýugrulan owadan hereketlere baý sungat. Ýeri gelende aýtsak onuñ düzüminde näzik sungatyñ birnäçe görnüşleri bar. Aýdym-tansmy ýa-da drama hereketlerimi, haýsy birini berjaý eýleýänem bolsañ, sen dirižýoryñ işinem gözden salmaly däl. Saz bilen söz ýag bilen ýüpek kimin sazlaşmaly. Inçe sungatyñ beýleki görnüşlerinde bolşu ýaly operada-da her bir eseriñ çuñlugy, ýetmeli derejesi bar. Aýdymçynyñ borjy şol belent derejä ýetmeli. Kemsiz ussatlygy talap edýän şol basgançaga goşa bilbil - Hasandyr Ysmaýyl ýetip bilipdirler diýsek-de ýalñyş bolmazdy. Sungatda şondan beýik ýeñiş ýok. Goşa bilbil - Hasandyr Ysmaýylyñ perzentleri-de sungatdan, teatrdan üzñe däl. Elbetde belent sungata barýan ýollar dowam etse, uzasa ýagşy. Goşa bilbilem joşa-joşa, şirin-şirin saýrabersinler. Goý, mundan beýlägem olaryñ tomaşaçylarynyñ yzy üzülmesin. 1999 ý. Gül-Hatyja GULMUHAMMET. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |