10:48 Goşgudan galan gyýkyndylar | |
GOŞGUDAN GALAN GYÝKYNDYLAR
Sözler
● Agaçlaryñam, ekinleriñem Watany bar. ● Daga uzakdan seretmeli. ● Ýagşylygy bir gün däl, her gün etmeli. ● "Basman" diýen ýerine müñ basýan atyñ örüsi giñeldip görmeli. ● Suwuñ güýji iýnýän beýikligine bagly. ● Diñlemeýän bolsalar akylly dälsiñ. ● Hakyña jür bolmasañ, jürlewük çalan köpeler. ● Tüýdük edinjege bir bogun gamyş ýeterlik. ● "It ite buýransoñ", buýrulan itiñ guýrugyny kesmeli. ● Gawunçyñ garantgasy özüne meñzeş. ● Ýasa öz kalbyñy arassalamak üçin barylýar. ● Ýagşylygy hem ýamanlygy "Günä hem sogap" diýip düşündirýärler. ● Pikiriñi kagyza geçirmek hem edil durmuşa geçirmek ýaly möhüm. ● Ýanyñda saklap bolmaýany ýadyñda saklamaly. ● Çöl deñze meñzeş bolmadyk bolsa, düýä "Çöl gämisi" diýmezdiler. ● Gülmek - bagtyýarlygyñ alamatydyr. ● Umytdan düşülensoñ, hyýala münülenok. ● Başga zat edip bilmeseñ, şükür etmeli. ● Diñe özüñi däl, özgeler begendirip bilmeýäniñe-de gynanmaly. Atajan ANNABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |