GOÝULSYN GADYR
Bir-birege gadyr-hormat ýok ýerde,
Galarsyň tükenmez bir agyr derde,
Diňe päk niýetler dolansyn serde,
Paýhasa, bilime goýulsyn gadyr.
Gapyňyzy ýel açyp, ýel ýapmasyn,
Ynsanlar öýünde bikär ýatmasyn,
Hiç bir adam ýürege daş atmasyn,
Halal gazançlardan edilsin hödür.
Ýarlar arasyna düşmesin düwün,
Ýagşy sözler bolsa döwülmez göwün,
Teşne bolup gezsin, aşyga köňül,
Aşyk-magşuklara arzuwym budur.
Mydam höküm sürsün beýik adalat,
Atylmasyn kimsä agyr myjabat,
Goý, her bir ynsanda bolsun sahawat,
Arkadag paýhasy, pähimi şudur.
Adamyň adama hormaty bolsun,
Göwünler guş bolup, asmana galsyn,
Dünýä parahatlyk sazyny çalsyn,
Durnalar geçsinler hatarma-hatar.
■ ÖZI BOL
Tagamlaryň suwy däl-de, duzy bol,
Pasyllaryň gyşy däl-de, ýazy bol,
Aýdymlaryň sözi bol ýa sazy bol,
Baky bolup galsyn ilden-illere.
Asmanyň buludy ýa-da ýagşy bol,
Owadan ýaýlalaň solmaz nagşy bol,
Il içinde belli Şükür bagşy bol,
Baky bolup dolsun dilden-dillere.
Uzak däl-de, sözüň gysgasy bolsun,
Dünýä şöhratyňa haýrana galsyn,
Adyň ýagşylykda äleme dolsun,
Baky bolup galsyn ýyldan-ýyllara.
Bolup bilseň, ýylyň tylla güýzi bol,
Halallykda sahawatyň ýüzi bol,
Ýasama däl, ähli zadyň özi bol,
Baky bolup siňsin gölden-göllere.
■ SÖÝGI
Seniň gyşyň gyşlap, ýazyň ýazladym,
Yşka düşüp, ýar ýoluny yzladym,
Joşup gelen saňa bolan söýgimi
Ýüregimiň giň töründe gizledim.
Ýar ýolunda ençe aşyk-magşuklar,
Daga-daşa urup ejiz başlary,
Perhat dagy ýaryp, ýara gowşupdyr,
Nägün gördi, köwüp dagy-daşlary.
Söýgüsiz durmuşyň ýokdur gyzygy,
Taňrynyň mähri bar her bir söýgüde,
Söýen ýürekleriň bolmaz ýazygy,
Söýgüsiz ýaşanlar galar gaýgyda.
Dünýämizi söýgi bilen goralyň,
Söýgüsiz durmuşyň bolmaz Güneşi.
Bir-birege mähir bilen garalyň,
Mähir bize berlen Taňryň peşgeşi.
■ KÖŇÜL KÜÝSEÝÄR
Meni ýalňyz goýup gitdiň, ezizim,
Sizi küýsäp, ynjalygym bolmaýar.
Ýatlamalar ummanynda ýüzýärin,
Gulaç gerip, ellem seni gözleýär.
Günler, aýlar dolup, ýyllar geçip dur,
Ýöne sensiz şatlygym ýok, dilberim.
Yşka düşen ýalňyz hallar niçik bor,
Şygrymda sen, aýdym aýdar, dilberim.
Açylan gül ýada salýar keşbiňi,
Ýaz günleri ýürek biraz ynjalýar.
Güller bilen bezäp köňül köşgüni,
Ýada salyp, göwnüm az-kem dynç alýar.
Günler, aýlar geçýär yzly-yzyna,
Ýene bahar giňlik berýär köňlüme,
Bahar güllerinden bogup çemeni,
Başujuňda çökeýin men dyzyma.
■ BOLDY
Gijeler uzak boldy,
Gurulan duzak boldy,
Arman galdy ýürekde,
Mizemez gazyk boldy.
Söwer ýaryň yşkynda,
Mydam Mejnun keşbinde,
Söýgiň beýik köşgünde,
Göwünler ýüzük boldy.
Ýar ýolunda armanly,
Beýle jebir görmändi,
Ýürek doly urmandy,
Gözlerim ýumuk boldy.
Geldim belli karara,
Gämi geldi kenara,
Karar ýetmez durara,
Gündizler tümlük boldy.
■ ÖMRÜŇI ÝAKAR
Öý ýykýan adamy golaý getirme,
Soňra puşman edip, aklyň ýitirme,
Ynanyp, biwejiň işin bitirme,
Ol bir gün seniň hem öýüňi ýykar.
Ynanyp, bitirseň onuň işini,
Ahyrynda döker dürden dişiňi,
Başyňdan aýryp ol akyl-huşuňy,
Soňra bir gün dabrap, depäňe çykar.
Özüň tanamasaň agy, garany,
Ýürege salarsyň bitmez ýarany,
Il halamaz mydam ýere garany,
Dostuň seniň dogry ýüzüňe bakar.
Beýan et pikiriňi mydam joş eýläp,
Alsaň, nesihatdyr sözümi saýlap,
Hak sözi, ýalany bilmeseň oýlap,
Her ýalňyş hut seniň ömrüňi ýakar.
Artykmyrat ATAMYRADOW.
Goşgular