19:10 Grantly gürrüñ / satiriki hekaýa | |
GRANTLY GÜRRÜÑ
Satiriki hekaýalar
Edip oturan işimiñ arasyny bölseler, meniñ-ä dünýäde ýek ýigrenýän zadym şo. Walla, edil atam ölýär. Nätjek, ynha, ýene-de şeýle boldy. - Kaka, kaka, daşarda grandymyz ýarylypdyr - diýip, howluda oýnap ýören oglum Maksatjyk ylgap geldi. Ýeri, ýeñsesine berjekmi?! Ýogsam, ýerim giñinde şu bela tabşyrýanam, işleýäkäm maña azar bermäñ diýip, etjek alajyñ ýok. Öñümde çaşyşyp ýatan kagyzlary gahar bilen bir gapdala süýşürişdirdim. Bu hekaýañ-a petine gar ýagdy öýdýän. Çaltrajyk çagalaryñ enesi işden gelmänkä, grandyñ ugruna çykyp, onuñ bir alajyny etmeli, ýogsam, bilýän, ahyrzaman gopar. Oglum bilen tirkeşip daş çykdyk. O-ho-ow, ýeriñ aşagyndan bygyrdap çykýan suw ýoñsuzja bar eken. Dag çeşmesiniñ suwy ýaly özem, gaýnap çykýar-aý ol. Bu akyşyna akyp ýatsa dünýäni suw-sil eder bi. Öñüni almaly. Öý uprawleniýesiniñ iñ ketdesiniñ huzurynda häzir boldum. Töleg puluñy sähel iki gün gijikdirip töleseñ-ä, gelýärler dazaklaşyp. Goý, bularam öz etmeli işlerini etsinler-dä. - Daýza jan, salawmaleýkim! - Meniñ adym Jahan Berdiýewna, daýza däl - diýip, turuwbaşdan meniñ sussumy basjak boldy. Ur-tut ýalñyşymy düzedip, oña ýagdaýy düşündirdim. Zeýrendim. - Ýeri, ýeri, jögüsiremeseñizläñ. Arzañyzy ýazyñ-da, goýup gidiñ. Bararlar, bejererler - diýip, Jahan Berdiýewna göwnüm üçin ýüzüme-de seretmedi. Grantçy ussanyñ ýoluna gözümi dikip garaşdym. Halymdan habar alan bolmady. - Şolaram señ agzyñ gowşakdygyny bilýändirler. Nädersiñ, ho Esen etçileriñki bolsa günübirin bejerip gidäýseler - diýip, ertesi agşamlyk keýwany igesini sürtüp başlady. Be, allajanlarym, näme etsemkäm? Ýene-de Jahan Berdiýewnanyñ üstüne bardym. Ol meni görenden jabjynyp başlady. - Biziñ bar işimiz siziñ grandyñyz däl. Şu raýonda senden başga-da otuz müñe golaý adam ýaşaýar. Beýdip zygyr-zygyr üstümize gatnap durma, elimiziñ degen wagty özümiz bararys. Baý-baý-ow, meniñ-ä oslan tamam çykmady. Wagtynda baryp bilmedik diýip ötünç sorarlarmykan öýtdüm. Eger-eger. Sag-aman başyñy alyp, sypsañ oñaýmaly. Gidere başga gapyñ bolmasa, dagy nätjek, ýene-de höreköşe edip ýalbarmaga oturdym. Ahyry yryldy öýdýän. - Bolýa, bolýa bararlar. Men hoş bolup öýe gaýtdym. Howlyñ içinde iki ýana gezmeläp garaşdym. Gara beren bolmady. Dogrudan hem bular meniñ üstümden gülýärler öýdýän. Ýok, gadyrdan Jeren Berdiýewna, men seniñ dişiñde et galdyrmaryn. Ýazuw-pozuw-a näme, çep elimizden gelýä. Şatyrdadyp ýazdym üstlerinden arzany. Iki gün geçip geçmänkä, nädersiñ ýöne, ýañky naçalnigiñ özi dazanaklap geläýse. - Näme, arza ýazanyñ bilen grandyñy başga biri bejerer öýtdüñmi, hä?! Ynha, arzañ meniñ elimde. Moskwa ýazsañam ýene-de maña gaýdyp geler. Iññäñ gözünden çykan ýaly şujagaz suw üçinem dünýäni örüzip ýörmüñ - diýip, Jahan Berdiýewna aýagynyñ burny bilen ýatan kiçijik daşy depip goýberdi. Aý, ýok, bularyñ rejesi geñ däl, henizem hor-hory ýatmandyr. Bilýän, bir zat hantamadyrlar. Belañ sapyny alarsyñyz. Ýañkyny zordan howludan çykardym how, başa düşen towky eken-laý. Dyzap dur, üstüme. Ýeri, indi kime arzymy aýtsamkam?! Daş çykyp töweregimi garanjaklap durkam, tasap goñşymyz Ýamanja daýza geldi. - Goñşy, bi, gykylyñyz näme? Goñşymyzyñ häsiýetine beletdim. Ol gep-gürrüñ ýaýratmakda köpçülikleýin informasiýa serişdelerinden hem çakgandy, onuñ işgärlerini ompa oturtmagy başaýarýardy. Hawa, mäşäni gysmaly, aw nyşanasyna geldi öýdýän. - Howlymyzyñ ortasyndan täze, üýtgeşik bir suw tapyldy. Çeşme çykdy. Indi dogtorlardyr öý uprawleniýesiniñ işgärleri günde üstüme gelip dyzaşyp durlar... - Wiý, o nämäñ suwy?! - diýip, Ýamanja daýza ýeserje gözlerini oýnakladyp howlymyza girjek boldy. Goýbermedim. Meniñ bu hereketim ony hasam odukdyrdy öýdýän. Onuñ soragy artdy. - O nähili suw, gyz? Aýdañyzagam-la. - Wraçlañ aýtmagyna görä, howlymyzda tapylan suw çagasy bolmaýan aýallar üçin dermanmyş. Bir aýyñ dowamynda her hepdede iki gezekden içse aýyny-gününi sanaberýämiş. Indi bizi şu ýerden göçürjek bolýarlar, sanatoriýa açjaklarmyş... Bir görsem, Ýamanja daýza ýok ýanymda. Diýmek, ok nyşana dogry degen bolmaly. Başga zadyñ-a bilemok welin, şol günden soñ biziñ gelim-gidimimiz köpelip başlady. Baý, her kim çök düşüp ýalbarýar-aý. - Agam, diliñ gymyldasa bolýa. Perzende ýüzümiz düşse islän zadyñy bereli. Gorkma, bizden gep-gürrüñ çykmaz... Şeýle ýumuş bilen gelýänleriñ sany gün-günden artdy. Bu habar ýyldyrym çaltlygynda tutuş respublikamyza ýaýrady. Goñşy respublikalardanam gelip başladylar. Menden ýüz tapmadyk adamlaryñ käbiri tanyş-bilişlerime jañ etdirip ugradylar. Iki-ýeke maşyn hödürlänem tapyldy. Ynsabyñ çatsa, bir kooperatiwjik açyp, tüçjar baý bolaýmaly. Ahyr bu habar raýon ýolbaşçylaryñam gulagyna ýeten bolarly. Meni raýkoma çagyrdylar. - Özüñem ýazyjy, şeýle zada ýol berýäñmi? Men ähli zady bolşy ýaly gürrüñ berdim. Ol ajy ýylgyrdy-da, nirädir bir ýerik telefon etdi. Azmly gürläp, häziriñ özünde grandymyzy bejermekligi tabşyrdy. Dogrudanam, kötek güýçli bolsa ýüñ gazyk ýere gidýän eken. Öýe gelsem, eýýäm iki-üç sany ussa howlymyzyñ agzynda maña garaşyp köwejekläp ýörler. Olar az salymyñ içinde gül ýaly edip grandymyzy bejerdiler. Ýarym litriñ bahasyny berjegem bolsam almadylar, ýeñsesinden südürlenen ýaly bolşup gitdiler. Ylgap Ýamanja daýza geldi, ýanyma. - Wah, goñşy, bi çeşmämiz-ä petikläpdirler - diýip, men zeýrenen boldum. - Ah-eý, bolmanda-da halka peýdaly zat bolsa ýapdyrlar-la bular - diýip, ol ho añyrda kölegede üýşüşip duran aýallaryñ ýanyna sumat bolaýdy. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |