22:06 Gumrular / hekaýa | |
GUMRULAR
Hekaýalar
Biziň öýümiz töweregi bag bilen basyrylyp oturan uly jaýyň, üçünji gatynda ýerleşýär. Eýwanymyzyň öň tarapy açyk. Iki ýan gapdaly bolsa, tä potologa barýança agaç gözenekler bilen beklenen. Tomus günleriniň birinde ir bilen iki sany gumry eýwanymyza uçup geldi. Biz olary ürküzmedik. Gumrular eýwanyň iç diwaryndaky çykgyt bolup uzalyp gidýän erňekde oturdylar. Dynç alansoňlar gider öýtdük. Gitmediler. Uçsalaram salym geçmänkä dolanyp gelýärdiler. Günortadan soň bolsa meýdandan çöp daşap özlerine ketek ýasanmaga başladylar. Birinji gün ketek ýasanmaga ýetişmeselerem gijäni diwaryň erňeginde oturyp geçirdiler. Biz olaryň ýaşamak üçin amatsyz ýeri saýlap alandyklaryna gynandyk. Biziň eýwanymyz hemişe adamly. Gije ýaryma çenli çyramyz sönenok. Munuň üstesine-de jigilerim eýwanda pökgi oýnamagy gowy görýärler. Olaryň biri-birine zyňyşýan pökgüsi häli-şindi potologa çenli galyp guşlary gorkuzar durar. Şundan soň gumrularyň arkaýyn ýatyp biljek gumanlary barmy! Olar häzirem çugutdyrylyşyp oturyşlaryna ätiýaç bilen bize seredýärler. Kiçijek jigim ertirden bäri krowada münüp, guşlara garap gygyryp durmaga halys endik etdi. Gygyrany bilen oňuşsa-da boljak weli, iň ýaman ýeri, ol şol gumrulary maňa tutup beriň diýip azar berýärdi. Gumrular, hamala bu ýagdaýy aňýan ýaly jigime aýratyn bir howsala bilen seredýärdiler. Biz olary kowjak bolmadyk, gaýta ýerli-ýerden jigimi köşeşdirmäniň alajyny etdik. Az mahaldan jigimem, gumrularam öwrenişip gitdiler. Diýşimiz ýaly, gumrular öwrenişdiler. Indi olar hemişeki ýaly kim gatyrak geplese, kellelerini galdyryp hüşerilmeýärdiler. Jigimem öňküleri ýaly krowada münüp gygyryp duranokdy. Hatda, iki-üç günläp olary ýatdan çykarýan mahalam bolýardy. Gumrular gowy ketek ýasandylar, ýöne oňa diňe olaryň biri ýerleşýärdi. Uly gumry gijelerine ketekde galýardy, kiçirägi bolsa, nirädir bir ýere uçup gidýärdi-de, ertirem ýene dolanyp gelýärdi. Onsoň tä agşama deňiç olar bile bolardylar. Nirä uçsalaram bile uçardylar. Öz dillerinde biri-birine gep atardylar, pasyrdaşyp oýun edişerdiler. Bir hepde çemesi mahal geçdi. Indi gumrularyň ulusy köplenç keteginde oturýardy. Hojalygyň aladasy kiçi gumrynyň başyna düşdi. Ol meýdandan iým daşaýardy. Jigilerim uly gumrynyň näme üçin uçmaýandygyny soranlarynda: — Ýumurtgaň içinden kiçijek çaga çykaryna garaşýar — diýdim. Jigilerim begenip, şol güne sabyrsyz garaşyp ugradylar. Emma biz şol mahal maşgalamyz bolup obada ýaşaýan daýymlara gezmäge gitdik. Biziň gitmegimiz gumrulara amatly bolar diýen netijä geldim. Eýwan boş durar. Häzir ene gumra rahatlyk gerekdi. Obadan dolanyp gelsek ene gumry keteginde oturan ekeni, ýöne ýeke däl, gapdalynda iki sany çagasam bar. Eýýäm çagalary etenelikden saýlanyp ýylmanypdyrlar. Özleriniňem diýseň keýpleri kök. Oturan ýerlerinden boýunlaryny süýndürip asmana garaýarlar, agyzlaryny açyp näzijek ses edýärler. Birdenem enesine süýkenişip, hamala, onun süýr depesine münjek bolýan ýaly, ikisi iki ýerden azara galýarlar. Ene gumrynyň perwaýsyzlygy bizi haýran etdi Onuň horlanany bada-bat gözüňe ilýär. Göwresi gaty kiçelipdir, ýelekleri hemişekisi ýaly ýylmanak däldi. Utülip aýrylan ýaly seýrek, depesi dagy gelşiksiz hažžaryp durdy. Gözlerini süzüp oturşyna töwerek bilen gyzygy ýok. Çagalaryna-da seredenok, biziň eýwanymyzyň galmagalyna-da gulak gabardanok. Petekesini ketegiň bir gyrasyna berip ýygrylyp otyr. Ene gumry erbet keselläpdir. Kiçi gumrynyň aladasy hasam artdy. Biz onuň bolşuna syn edip geň galýardyk. Ol iýmit çöplemäge çykaýmasa, ketegiň töwereginden aýrylmazdy. Kä mahalam ene gumrynyň gapdaljygyna geçip, oňa süýkenýärdi, kellesini onuň kellesine degrip ganatlaryny pasyrdadýardy. Ol her oýun etse-de ene gumrynyň eger-eger gowni bir ýaly, gaýta, gözlerini mejalsyz ýumup, bizden utanýan dek barha ýygrylýardy. Birdenem, guşlaram näsaglanlarynda üşedýän bolsalar gerek diýen pikir kelläňe gelýärdi. Ýene iki gün geçdi. Ene gumrynyň ýagdaýy gowulaşmady. Ütülen ýelekleri eýwana gaýyp düşýärdi. Özem görküni ýitirip, barha etenä öwrülip barýardy. Biz ketegiň gapdalynda kiçijek tarelka guýup, suw goýduk, däne dökdük. Şondan soňam üç-dört gün geçdi welin, ene gumry biziň goýan zatlarymyza kemteresinden çüňkünem batyrmady. Ir bilen jigilerim meniň ýatan otagyma kürsäp girdiler: — Gumry ýerde ýatyr! Eýwana çyksam, dogrudanam ene gumry bagryny ýere berip ýatyr. Mejalsyzlykdan onuň iki gözem ýumuk, kynlyk bilen dem alýar. Petekesiniň inip-galyp durşuny göreninde ajal bilen dalaş gurýany bellidi. Endamyndaky ýelegi gaty ýukalypdyr, kä ýerinde gyzylymtyk gara reňkde hamy görnüp durdy. Öz ýanymdan, indi köp ýaşamasa gerek diýdim. Şonda-da bu barada jigilerime hiç zat aýtmadym. Olar ene gumrynyň öňünde içine çörek owuntyklary atylan suw, däne goýdular. Üç ýaşyndaky iň kiçi jigim bolsa, elindäki bir dilim gawuny guşuň çüňküne degrip: — Iý, iý... — diýip ýalbardy. Ketekde çagalar bilen galan kiçi gumry hekgerilip, bize ätiýaç hem geňirgenme bilen seredýärdi. Onuň boşy ene gumra sähel azar berenimizi görýäse, çekinmän özüni üstümize zyňjaga meňzedi. Çagajyklar gapdalda enesiniň ýokdugyny bilen bolsalar gerek, zaryn jürküldeşip bimaza boldular. Olaryň sesi has gatyrak eşidilmese, ene gumrynyň gözleri az salym açylýardy. Çagalary enesiniň gözgyny ýagdaýyny görmesin diýen pikir bilen biz ony eýwanyň bir böwründe duran krowadyň aşagyna geçirdik. Indi ony ketegine galdyrmagyň geregý ýokdy. Jigilerim munuň sebäbini bilenokdylar, bilmänlerem kem däl, bilseler gaty gynanarlar diýdim. Olar henizem ene gumry sagalar diýip umyt ädýärdiler, emma ol sagaljak bolsa özüni ýere oklamazdy diýen pikir kelläme geldi. Munuňam özüne ýetik sebäbi bardy. Guşlar keteginde ölmeýärler diýip ulular gürrüň edýärler. Şol dogry bolsa, ene gumry keteginde ölüp galmazlyk üçinem ýere düşen bolmaly. Eger onuň kuwwaty bolan bolsa, onda has uzagraga uçup giderdi, çagalarynyň zaryn sesini eşitmejek bolardy. Biz eýwandan çykdyk-da, içki otagyň penjiresiniň öňünde durup esewan bolduk. Kiçi gumry pasyrdap ýere düşdi. Kellesini täsin hereket bilen öňe atyp, ene gumra tarap ýöredi. Onuň töwereginde aýlandy. Pasyrdady. Bokurdagyndan bogulýan ýaly üýtgeşik basyk ses bilen oňa habar gatdy. Çüňküni suwa batyryp gördi. Näsaga seredip ýene bir öwre batyrdy. Kesesinden seretseň ol ene gumra suw içmegi ýatladýar diýäýmelidi. Şonda-da onuň bar azaby biderek bolýardy. Biz tä agşama deňiç eýwana barmadyk. Kiçi gumry näsagyň ýanyndan daşa gitmedi. Gün ýaşanda bolsa çagalaryň ýanyna bardy. Ertir turup seretsek ene gumry çüňküni gaty sement ýere diräp jan beripdir. Biz sesimizi çykarman onuň bihabar çagalaryna seretdik. Kiçi gumry biziň seredişimizi halamady öýdýän, aýak üstüne galyp hekgerdi, ýüzümize çiňňerdi. Iidi çagalaryň ähli garamaty onuň boýnuna galypdy. Bu kyn işe hötde geljegine ynanýardyk. Sebäbi indi esli mahaldan bäri bolmanda-da çagalara onuň özi seredýärdi. Häzir oňa kömek bermeli. Ketegiň gapdalyna hemişe däne sepip durmaly. Goý, ýetim galan çagalar mätäçligiň nämedigini bilmesinler!.. Kiçi gumry ýetim çagalary taşlamady. Olara iýmit daşaýardy, gijelerine olardan aýra ýatmazdy. Çagalar gün geldigiçe daýandylar. Indi ganatlaryny ýazýardylar, oýun edýärdiler, ýöne entek ketekden daş çykmaga ýürek edip bilenokdylar. Olar kem-kemden töwerekdäki bolýan zatlara gulak asmagy, seretmegi öwrendiler. Ikisi ýanaşyp ketegiň gyrasynda oturyşlaryna eýwandaky gymylda uzak mahal gözlerini aýyrman seredýärdiler. Bir gün täsin bir wakanyň şaýady bolduk. Çaga gumrular indi höwes bilen ganatlaryny pasyrdatsalaram entek bir ädim ýere-de uçup görmändiler. Diňe ketekden çykyp diwardaky erňek bilen penjirä tarap ýöreýärdiler, iki ädim çemesi aralygy geçibem ýene ketege dolanýardylar. Emma bu gezek olaryň biri gün guşluga galyberende ketekden böküp çykdy-da, ýoluny üýtgetdi. Ol tagta gözenegiň depesine mündi. Keýpihonluk bilen bökjekläp, ýene biraz ara açdy. Oturan ýerinden ganatlaryny pasyrdadyp töweregine syn etdi. Ketekde galan doganynyň özüne seredýänini görüp hasam göterildi. «Men eýsem uçup bilmez öýdýäňmi?» diýýän ýaly aşak, ýokaryk garap bökjekledi, ýene ganatlaryny pasyrdatdy. Onuň oturan ýeri örän amatsyzdy, birden aşak gaçaýmagy ähtimaldy. Bir gaçaýsa ýolda ilişip galaýyn diýer ýaly agajam ýokdy. Diňe asfalt düşelen ýer garalyp ýatyr. Çaga gumry ýeriň daşdadygyny görse-de, onuň howpuny äsgermezlik edip, oýnuny dowam etdi. Onuň entek mäkäm ýapyşmaga endik etmedik penjesi hut insiz tagtanyň erňegine ýetip gaýdýardy. Ol munuň bilenem oňmady. Ganatlaryny ýaýyp uçmaga synandy. Tagtadan bir garyş çemesi ýokary galdy, emma bolmajygyny bilendir-dä, ýene tagtanyň üstüne düşdi. Aýaklary agramyny saklamady, petekesi tagta direldi. Aşak togalanmaga az galdy. Janhowluna ganatlaryny ýazdy. Edil şol pursat gumry bir ýerden batly uçup geldi-de, döşi bilen çaga gumryny batly süsdi. Çaga gumry eýwandaky krowadyň üstüne gaçdy. Onuň ölüm howpundan halas bolanyna begenip ketegine galdyrdyk. Şol ýerden ýere seretdim. Gumrynyň aňyrdan şeýle batly atylyp gelmegi indi maňa hasam aýan boldy. Ýerde, onda-da çaga gumrynyň gaçaýjak ýerinde uly gara pişik henizem ýokarsyna garap ýalmanyp duran ekeni. Çaga gumrular tiz mahalda uçmagy öwrendiler. Indi olaryň üçüsem bile gidip, bile-de gelýärdiler. Ketek olara darlyk edýärdi. Biz olar keteklerini ulaldarlar öýtdük, emma çakymyz çykmady. Bir gün olar uçup gidişlerine dolanyp gelmediler. Ertiri geçdi, birigüni geçdi, üç, bäş, on gün geçdi, gelmediler. Şonda-da biz olaryň ketegini bozmadyk. Ol häzirem biziň eýwanymyzda dur... 1969 ý. | |
|
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |