13:40 Gürgenç / 1-nji kitap -24 | |
XXIV BAP
Taryhy proza
Soltan Mahmyt bir hepde garaşdy. Gürgençden gelmeli altyn-kümüş bilen Abul Harys dagydan derek bolmady. Ol: - Muhammet, Gürgençden henize çenli habar ýog-a. Ýa senem...-diýip soňuny aýtman Ibn Salama synçy nazaryny dikdi. Soltanyň «Ýa senem...» diýen sözüne Muhammet Salamy sowuk der basdy. Ol ýagdaýyny bildirmezlige çalşyp: -Kyblaýy älem, men başyna täç geýip, patyşa men diýip oturan adamyň gepine ynandym. Adatda patyşalar bir sözli bolýar. -Seniň ol aýdýan gurrumsagyň başyna on täç geýse-de, hakyky patyşa bolup bilmez. Ol Alp Tegin dagynyň elinde oýnatgy. Aslynda Mämünleriň tohumy hökümdarlyk etmäge ýaramly däl adamlar ekeni. Abul Abbas hem öz ygtyýarly patyşa däldi. Emeldarlarynyň çyzan çyzygyndan çykyp bilenokdy-diýip, bir salym dymdy-da, -Indi nädýäs? Ýene garaşmalymy?-diýdi. Ibn Salam näme diýjegini bilmän ýaýdandy. Eger «Ýene-de garaşaly» diýse, Soltanyň «olara güýç toplamak üçin menden ýene-de wagt ogurlamakçy bolýar» diýip guman etmegi mümkin. Onuň ýaňy «ýa senem...» diýeniniň soňunda aýdylmadyk sözüň manysy hem şoňa barýar. Ibn Salamdan jogaba garaşyp, ondan gözüni aýyrman dikilýän Soltan: -Näme dymdyň, Muhammet?-diýdi. Soltanyň äheňinde gahar duýulmasa-da, Ibn Salam biraz aljyrap: -Kyblaýy älem, dogrymy aýtsam, näme diýjegimi bilemok-diýip, aşak garady. -Sen bilmeseň, men bilýän. Olara güýç toplamak maksadynda wagt gerek bolany üçin seni aldap goýberipdirler. Ýa-da meni aldamagy senden haýyş edipdirler. Ibn Salam özüni mert adam saýsa-da soltanyň soňky sözi ölüm howply bolany üçin ýüzi ak esgä döndi. -Kyblaýy älem, nämeden ant iç diýseňiz içeýin, ýöne... Soltan eliniň herekedi bilen onuň sözüni kesdi. -Ant bilen ölümden gutulyp bolýan bolsa, Alla-da ant içeni bagyşlaýarmyş. Muny sen bilýäň, şonuň üçin ant içmekden gorkaňok. - Men ölümden hem gorkamok. Ýöne siz menden nähak guman edýäňiz. - Men guman edemok. Ýagdaýy tereza salyp gördüm. Tereziniň bir pellesine özümi, ikinji pellesine seniň Watanyň Horezmini goýdum. Seniň üçin, elbetde, men däl-de, Watanyň gymmatly. Watan üçin, Watany goramak üçin janyňy orta goýup, töwekgel edilýär. Men muňa gowy düşünýän. Ýöne bilip goý, olar näçe goşun, güýç toplasalaram meniň goşunyma bäs gelip bilmezler. Meniň pillerimiň özü-de garşysyndan çykan leşgeri ýegsan eder! -Kyblaýy älem, Watan hakynda aýdanyňyz gaty dogry. Watany hiç kime, hiç zada çalşyp bolmaz. Eger çalyşýanlar bar bolsa, olar dönükdir. Men dönük däl. Watan üçin ölmeli bolsa, men taýyn. Ýöne men sizi meniň Watanymy basyp almak üçin gelen basybalyjy diýip däl-de, Watanymda ýüz beren adalatsyzlygy ýazgaryp, adalaty dikeltmek üçin gelen sahypkyran* diýip düşünýärin. Şonuň üçin meniň size dönüklik etmegim mümkin däl. Onsoňam, siziň adyňyzdan Gürgenje ilçi bolup gitmegimden ýeke-täk maksadym: Watanymda gandöküşligiň öňüni almakdy. Muny siz hem bilýäňiz. Şeýle bolansoň men olaryň güýç toplap urşa çykmagynyň, gandöküşüklik edilmeginiň tarapdary bolarynmy?! Eger Abul Harys Alp Tegin dagynyň gepine gidip, urşa çyksa, näçe müňläp horezminli ýigitleriň ganyna galar. Siziňkileriňem näçesiniň läşi ýat ýurtda seriler. Bularyň bary üçin urşy başlan adam günäkär bolar. Bu iş Gurhanyň sözi bilen aýtsak «Günahy kebirdir*». Ibn Salamdan gözüni aýyrman sözlerini diňläp oturan Soltan Mahmyt onuň özüni aklamak üçin getirýän delillerine ynanjagyny-da, ynanmajagyny-da bilenokdy. Şonuň üçin ony ýene bir synagdan geçirmek maksady bilen: -Muhammet, sözleriňde mantyk bar. Ýöne manysynyň hakdygyny subut edip bilermikäň?!-diýdi. -Nädip subut edeýin, Kyblaýy älem? -Bize sadyklygyň çyn bolsa, özüňiň ýüz esgeriň bilen biziň leşgerimiziň hataryna goşul. Şeýdip, zalymlaryň jezasyny bermeklige öz goşandyňy goş. Ibn Salamyň depesinden gyzgyn suw guýlan ýaly boldy. Gaznaly ony Watanyna dönüklik etmeklige mejbur etjek bolýardy. Onuň jogaby taýyndy. Ýöne ony nädip aýtjagyny bilmän bir salym oýa çümdi. Eger ol «Men ölsemem, öz ildeşlerime gylyç götermen» diýse, soňunyň näme bilen gutarjagy belli däldi. Soltan jogaba garaşýardy. Näme bolsa-da, gönüläp däl-de, başgaçarak terzde jogap berdi. -Kyblaýy älem, gurt hem öz kowmuny ýarmaýar. Eger siziň bu aýdanyňyzy etsem, men çöl beýewanlardaky gurtça-da bolmaryn? Soltan Mahmut ajy ýylgyrdy: -Diýmek, goşuljak däl-dä? Indi göni jogap bermeli boldy. -Goşuljak däl, kyblaýy älem. -Hmm... Onda git-de, olara goşulyp, bize garşy uruş. Ibn Salam soltanyň bu sözüne ynanman gözlerini tegeledi: -Bu näme diýdigiňiz, Kyblaýy älem? -Bu seni ölüme höküm etdigim. Seni bu ýerde, nalaçlyk ýagdaýyňda öldürsem, ejize ganym boldugym bolar. Uruşda eliň ýaragly halda öldürsem halal bolar. Ibn Salam Gaznalynyň özüni mert, adalatly edip görkezjek bolýandygyna düşündi. -Kyblaýy älem, sözüňize jan-dilden ynandym, mertligiňize tagzym edýän. Ýöne men urşuň tarapdary däl. -Uruş başlansa at-ýaragly adamyň bitarap bolup galmagy mümkin däl, Muhammet. Sen häzir git-de, öz kowmyňa goşul. Söweş meýdanynda duşarys. Maňa duşmasaň, urşujylarymyñ birine hökman duşarsyň. Şonda meniň hökümim ýerine ýetiriler. Ibn Salam soltana adatdaky tagzymy berjaý edip, onuň huzuryndan yza basyp daş çykdy. İbn Salam soltanyñ bu "oýnuna" nähili düşünjegini bilmese-de, töwekgel edip, özüniň ýigitlerini ýygnady, Gürgenje tarap ýola çykdylar. Olara hiç kim päsgel bermedi. Atlary aýagaldygyna sürüp barşyna Ibn Salam özüni ýuwutjak bolup duran ajdarhanyň agzyndan sypan ýaly duýýardy. Emma ony Gaznalynyň «Seni ölüme höküm etdim» diýen sözi oýlandyrýardy. «Kyrk ýyl gyrgyn bolsa ajaly ýeten öler» diýen nakyl bar. Söweş meýdanynda kimiň ölüp, kimiň galjagyny bir Alla tagalla bilýär” diýip özüni köşeşdirdi. Soltan Mahmyt Ibn Salam çykyp gideninden baş hajyby hem-de baş serkerdesi Altyn Taşy çagyrdy. -Altyn Taş - diýip soltan gahardan garjygan sesi bilen hajyba ýüzlendi.- Biz Ibn Salamyň gepine ynanyp, bir hepde garaşdyk. Men eger olar uruşsyz teslim bolýan bolsalar, gandöküşüklik nämä gerek diýip, pikir edipdim. Ýok. Olara bir hepde wagt bize sowgat ediljek altyn-kümşi ýygnamak üçin däl-de, goşunyny güýçlendirmek, urşa taýýarlanmak üçin gerek ekeni. Bu indi belli boldy. -Kyblaýy älem, men size şu adama ynanmaly däl diýip aýdypdym. Siz akgöwünlik etdiňiz. -Dogry, aýdypdyň. Belki, Ibn Salamda günä ýokdur. Ony-da aldap goýberendirler. Belki, olar bilen dili birdir. Kim bilýär. Şonuň üçin men ony goýberdim, doly günäläp bilmedim. Indiki mesele: goşuny aýaga galdyrmaly. Men boýun egmejek bolsalar, galada beklenip goranarlar, Gürgenjiň gaty berk galasyny almak bize-de aňsat düşmez öýdüpdim. Eger şeýtjek bolsalar, goşuny güýçlendirmek üçin ýene-de wagt utjak bolup, aldawçylyk etmezdiler. Görýän weli, Abul Harys ýaşlygyň joşguny bilen açyk meýdanda söweş etmekçi öýdýän. -Kyblaýy älem, diňe ýaşlygyň joşguny däldir, ýeterli güýç hem toplandyrlar, toplamak üçin bir hepde wagt hem berdiňiz-då. -Sen näme, ýeterli güýç toplandyrlar diýip, ejizlejek bolýaňmy?! -Diýýäniňiz näme, soltanym. Altyn Taşyň şu çaka çenli ejizlän wagty boldumy, mundan soňam bolmaz. Soltan hajybyň öwünenine kinaýaly ýylgyryp: -Onuň ýaly bolsa leşgeri ýörüşe taýýarla. Serkerdeleriňi ýygyp, ýörüşiň tertibini gepleşip alyň. Meniň bilişimçe, Abul Harysyň baş serkerdesi Alp Tegin diýeni köpi gören, mekir adam bolmaly. Ol biziň pillerimiz baryny bilýär. Pilleri goşunyň öňünde sürüp, söweşe girerler diýip pikir etse, iki ýan gapdaldan hüjüm guramagy mümkin. Şu ýagdaýy nazarda tutup, hereket etmeli. Düşnüklimi? -Düşnükli, kyblaýy älem. Olaryň bu hilesi biziň söweş usullarymyza deň gelip bilmez. *** Özüniň ýüz atlysy bilen günortana golaý Hazaraspdan çykan Muhammet ibn Salam tomsuň yssy howasynda bir gije-gündiz ýol söküp, ikinji güni gün guşluga galanda garşysyndan gelýän goşuna gözi düşüp, atynyň başyny çekdi. OL bu goşunyň Abul Harysyňkydygyny aňdy, yzynda sap bolup duran ýigitlere öwrülip: -Bu gelýän leşger şazada Abul Harysyňky bolmaly-diýdi. -Indi ol şazada däl, Şa boldy dälmi?-diýip, ýigitleriň biri kinaýaly dillendi. -Hä, hawa, ony şa diýmäge hiç dilim baranok-diýip, Ibn Salam atdan düşdi, beýlekilerem oňa eýerip, atlaryndan düşdüler. Döwrüň dessuryna görä atlynyň öňünden patyşa çyksa, ol geçip gidýänçä, atly atyndan düşüp durmalydy. Ýöne ara entek daşrak bolansoň olar durmadylar-da atlaryny idip, ýuwaş ýöräberdiler. Garşysyndan çykan atlylaryň bu hereketini görüp gelýän Abul Harys bilen Alp Tegin olaryň keseki adamlar däldigini aňdylar. -Bu gelýänler kimdir öýdýäňiz?-diýip Abul Harys Alp Teginden sorady. -Bilmedim, Aly hezret , Muhammet ibn Salam bolaýmasa. -Menem şoldyr öýdýän. Ol Gaznalynyň tabşyrygy bilen ýene bir zatlary aýtmaga töwellaçy bolup gelýärmikä? -Aý ýok, Aly hezret. Gaznaly aldananyny bilenden soň, töwellaçy ibermez. Onuň goşunam eýýam ýola çykandyr. Atlaryny idip gelýänler has ýakynlaşanlaryndan soň, olaryň hakykatdanam Muhammet ibn Salam bilen onuň adamlarydygy belli boldy. Abul Harys atynyň başyny çekip, eliniň hereketi bilen goşuny saklady. Ibn Salam dagy gelip, onuň öňünde dyzyna çökdüler. -Ýeri, Ibn Salam, ýene ilçi bolup geldiňmi?-diýip Abul Harys ýaňsyly äheň bilen sorady. -Ýok, Aly hezret, ilçi bolup däl, siziň hataryňyza goşulyp, söweşe girmäge geldik. -Oho! Gaznaly sizi nähili goýberäýdi ýa ol bu niýetiňizi bilenokmy? -Muny onuň özi buýurdy. -Özi buýurdy?! Düşnükliräk edip aýt. -Ol sizden aldananyny bilensoň meni ölüme höküm etdi. Ýöne hökümiň şol ýerde, ejize ganym bolup däl-de, söweş meýdanynda ýerine ýetiriljekdigini aýtdy. Bu gepe Abul Harys bilen Alp Tegin bir hili geň galyp, kellelerini ýaýkadylar. -Söweş meýdanynda ölüm özüne garaşýan bolsa nätjekkä?!-diýip Abul Harys ajy ýylgyrdy. Soňra Ibn Salam ýigitleri bilen leşgeriň hataryna geçip, atlaryna atlandylar. Gaznalynyň goşuny hem dört topara bölünip süýşüp gelýärdi. Gürgençlileriň üç topara bölünen goşunyndan tapawudy onuň ortadaky toparynyň yzynda ses ýetirim aralykda dördünji ätiýaçlyk topary hem bardy. Bu topar öňde barýan haýsy topar söweşde asgynlyk etse şoňa kömege ýetişýärdi. Şeýle ýagdaý goşunlaryň demirgazyk ganatynda hereket edýän toparlarynyň arasynda bolan çaknyşykda ýüze çykdy. Humar Taşyň ýolbaşçylygyndaky gürgençlileriň topary garşysynda peýda bolan leşgeri görenden oňa tarap at saldylar. Gaznalylar birden hüjüme geçen leşgere oňly gaýtawul berip bilmän asgynlyk edip başlady, köp adam ýitirdiler. Şonda yzdaky ätiýaçlyk topar kömege ýetişip, gürgençlileri derbi-dagyn etdiler. Çym-pytrak bolan leşgeriň bir bölegi Gürgenje tarap gaçdy. Humar Taş ýanynda galan esgerleri bilen gaçyp gelip, orta topara goşuldy. Orta toparyny günorta tarapdan edilmegi mümkin bolan hüjümden gorap gelýän gaznalylaryň on bäş müň kişilik leşgeri gürgençlileriň ýigrimi müň kişilik Saýat Teginiň baştutanlygyndaky goşunyň hüjümine uçrady. Emma san jähtden gürgençlilerden az bolsa-da, olar has tejribeli, saýlanan zeberdest urşujylar, köpüsi esgerlige täze alnan, uruş tälimini ýeterli almadyk ýaş ýigitlerden ybarat bolan Gürgenjiñ leşgerine berk gaýtawul berdiler. Gürgençliler bu söweşde köp ýitgi çekdiler. Saýat Tegin hem galan urşujylary bilen gelip, özleriniň orta toparyna goşuldy. Şol bir wagtyň özünde orta toparlaryň arasynda aldym berdimli söweş gidýärdi. Ilki bularyň arasynda bir täsin ýagdaý boldy. Gaznalylar urşujylaryñ öňünden pillerini goýberdiler. Gürgençliler bolsa, iki hatar söweşijiniň ardyndaky öküzleri öňe çykaryp, şahlaryndaky çomlara ot berdiler-de, pillere garşy sürdiler. Kellesi alawlanyp gelýän mahluklary gören piller zähresi ýarylyp, gürgençlileriň oýlaşy ýaly yzyna-urşujylaryñ üstüne däl-de, iki ýan gapdala gaçdylar. Öküzler bolsa bat bilen göni baryp, öň hatardaky esgerleriň ençemesini ýere ýazdylar. Emma yzky hatardakylar bady gowşan öküzleri naýzalap, gylyçlap ýykdylar. Öleni öldi, çalajanlary bagyryp ýatdy. Ýoly açylan gaznalylar haýdap gelip, gürgençliler bilen garpyşdylar. Bu jeň başlanmazyndan öň goragyndaky esgerleri bilen yza geçen Abul Harys iki ýan tarapdaky leşgeriň ýeňilenini bileninden soň ýeňşe bolan öňki ynamyny ýitirip, aljyraňňy ýagdaýa düşdi. Ol indi goragyndaky kyrk-elli esgeri bilen Gürgenje aşyp bilse, galanyň derwezelerini berkidip, goranmak hyýalyna mündi. Emma ol muňa ýetişmedi. Humar Taş bilen Saýat Teginiň toparlaryny derbi-dagyn eden duşmanyň iki gapdaldaky leşgeri iki ýan tarapdan gelip, gurşap aldy. Indi söweşi dowam etdirseler gürgençlileriň biri-de galman gyryljakdygy belli boldy. Şonuň üçin Abul Harysyň buýrygy bilen ýaraglaryny taşlap, teslim boldular. Hemişe edişleri ýaly gaznalylar teslim bolanlaryň atlaryny, ýaraglaryny ellerinden alyp, özlerini aşak oturtdylar. Indi bular ýesir hasaplanýardylar. Bu hakda goşunynyň yzynda piliň üstüne gurlan çadyrda oturan Soltana habar edenlerinde ol kinaýaly ýylgyryp: “Kim bilen oýun edenlerini bilendirler indi” diýdi. Soňra aşak düşüp, seýsi idip getiren bedewine atlandy-da, goşundan saýlanyp bir çete çykdy. Baş hajyb Altyn Taş we serkerdeler onuň ýanynda toplandylar. Soltan olara ýüzlenip, şeýle diýdi. -Agyr söweşde ýadan leşgere dynç bermeli welin, ýöne bu meýdanda ýaýrap ýatan läşleri jaýlaman dynç alyp bolmaz. Şonuň üçin ýesirler özleriniňkini, biziňkiler özümiziňkini ýygnap, topraga bersinler. Soň, hol görünýän belent depäniň öňündäki uly meýdana geçip, goş taşlasynlar-da, dynç alsynlar. Häzir şol depäniň üstüne meniň çadyrym gurulsyn! Onsoň ýesirleriň arasyndan Abul Harysy, Alp Tegini, söweşde ölmedik bolsa Ibn Salamy tapyp, meniň çadyryma getiriň. Olar bilen aýratyn gürrüňim bar. Soltanyň birinji buýrugy jar edildi. Iki tarapyň esgerleri hem işe girişdi. Altyn Taş on esger bilen ýesirleriň arasyndan Soltanyň aýdan adamlaryny gözläp tapýança, depäniň üstüne çadyr hem guruldy. Altyn Taş on atlysy bilen üç piýadany atyň öňüne salyp, soltanyň çadyryna eltdi. Soltan Mahmyt türkmen halylary düşelen giň çadyryñ töründäki göçme tagtynda gelenlere ýiti nazaryny dikilip otyrdy. Ýokardaky tüýnükden düşen ýagtyda onuñ gytygrak çal sakgally ýüzi birneme hyrsyz görünýärdi. -Şazadany-da pyýada getirdiňizmi?-diýip, ol ýaňsyly ýylgyryp sorady. Altyn Taş ýylgyryp başyny atdy. Soltanyň öňünde dik duran ýesirleriň ikisiniň başy dik, biriniňki aşak egilendi. Aşak egilen başyň eýesi Alp Teginiň özüne rehim-şepagat edilmegini isleýän namart adamdygyny soltan duýup, oňa ýigrenç bilen seretdi. Soňra özüne dik bakyp duran Abul Harysa haýpy gelen kimin garap: -Şazada, bäş gün patyşa boljak diýip, ine, şunça adamyň ganyna galdyň. O dünýäde munuň jogabyny bermeli bolarsyň-diýdi. -Şunça adamyň ganyna galan diňe men däl-diýip Abul Harys soltandan nazaryny aýyrman jogap berdi. Soltan Mahmyt mert adamlara duşmany bolsa-da, sarpa goýardy. Şonuň üçin Abul Harysyň batyrgaý jogabyna gahar etmedi: -Sen, diňe men däl diýip, meni-de günälejek bolýaňmy? Ýok, şazada. Bu gepiň hak däl. Eger sen meniň ilki eden teklibime razy bolup, günäňi boýun alyp, aman diläp geleniňde bu gandöküşlik bolmazdy. Gelmäge gorkdyňmy ýa Ibn Salam meniň teklibimi düşündirip aýtmadymy? -Aýtdy. -Men seniň Ibn Salamdan aýdyp goýberen gepiňe ynanyp, bir hepde garaşdym. Seniň wada eden altyn-kümşüň üçin däl, altyn kümüş özümde dolup-daşyp ýatyr, ine şu gan döküşüklik bolmasyn diýip garaşdym. Şeýle bolansoň bu gan döküşikligiň günäsini meniň bilen paýlaşjak bolma. Munuň günäkäri özüň, galyberse-de ine bu täze düşen gelin ýaly başyny aşak egip duran. Göter kelläňi!-diýip Soltan Alp Tegine azm urdy.-Sen mekir tilki, entek söweş görmedik bu ýaş oglana düşündirmediňmi: Soltan Mahmydy söweş meýdanynda ýeňip bolmajagyny, ýa sen meniň haýsydyr bir söweşde ýeňIenimi eşidipmidiň?! Sen iki gapdala goşun taşlamak bilen iki ýan tarapdan hüjüm edip, ýeňerin öýtdiňmi? Seniň bu könelen usulyňy Soltan Mahmyt bilmez diýip, pikir etdiñmi?! Seniň bir akylly eden işiň, eger ol seniň kelläňden çykan bolsa, meniň pillerimiň garşysyna şahy alawly öküzleri goýbereniň boldy. Ýöne olam size uly utuş getirmedi. Eger seniň ýeriňe Horezminiň goşunynyň başynda bir parasatly serkerde bolanda, Soltan Mahmydy açyk meýdandaky söweşde öküz bilenem, alaw bilenem ýeňip bolmajagyny bilerdi, başgaça usul tapardy. Seniň ýeriňe men bolan bolsam, Gürgenjiň galasynyň üstünde bir müňe golaý ok-ýaýçyny galdyryp, goşunyň baryny galadan daşyrakda töwrekläp goýardym. Duşman gelip galany gabanynda, depedäki ok ýaýçylar bilen atyşardy, derwezelere hüjüm edip görerdi. Ýadanyndan soň goşun gije dynç almaly bolardy. Ine, şonda duýdansyz dökülip, duşmanyň köp leşgerini gyrsa bolardy. Bir gijede köp güýjini ýitiren duşman galadan daşarda uly güýjüň bardygyna we galany aňsat alyp bolmajagyna gözi ýetip, ýaraşyk teklip ederdi. Soltanyň soňky gepini ahmyr bilen diňlän Abul Harys Alp Tegine ýaman gözi bilen seredip goýdy. Soltan sözüni dowam edip: -Sen bu gan döküşikligiň öňüni almagyň deregine şazadany urşa öjükdirip, eden günäňdenem ulyrak günäñiň hem bardygyny bilýäňmi?!-diýdi. Alp Tegin soltana naynjar garap goýdy-da, ýene başyny aşak egdi. -Horezminiň kanuny patyşasy Abul Abbasy tagtyndan agdarmak maksadynda guralan pitnäniň başçysy hem sen bolmaly!-diýip, Soltan Mahmyt has azmly gepledi. Alp Tegin bu işde özüni aklamak üçin bir delil getiren bolup: -Kyblaýy älem, men bir gullukdaky hyzmatkär adam. Abul Abbasyň tagtyna dalaş etmäge meniň hukugym ýok. Şeýle bolansoň men näme diýip onuň garşysyna pitne guraýyn-diýdi. -Ähä! Şeý diýsen-e. Onda pitnäni tagta dalaş etmäge hukugy bar adam gurapdyr-da - diýip, Soltan ajy ýylgyryp, Abul Harysa seretdi. Abul Harys namartlap duran Alp Tegine ýigrenç bilen seretdi. Ýöne onuň gepine gaýtawul bermegi özüne kiçilik bilip, soltana ýüzlendi: -Merhemetli soltan, bolup geçen ol işe pitne däl-de, göreş diýilse dogry bolar. Biz ýurdumyzyň garaşsyzlygyny dikeltmek üçin göreşe atlandyk. Häliden bäri tekepbirlik edip duran şazadanyň özüne "merhemetli” diýip ýüzleneni üçinmi ýa-da onuň nähak edilen işi hak iş edip görkezjek bolýany üçinmi Soltanyň ýüzünde bir hili kinaýaly ýylgyryş peýda boldy. -Şazada,- diýip Soltan agyr äheň bilen dillendi.- Kanuny patyşanyň garşysyna edilen her niçik hereket göreş däl-de, gozgalaň diýip atlandyrylýar. Gozgalaňy bolsa pitneçiler taýýarlaýar.Gozgalaň diýmegem ýurtdaky parahat durmuşy bozmak, nähak gan dökmek diýmekdir. Şonuň üçinem gozgalaňçylar nähak döken ganlarynyň jezasyny çekmelidirler. Horezmşa Abul Abbasyň nähak dökülen gany üçin bolsa aýratyn, halkyň gözüniň öňünde aýylganç jeza beriler. Soltanyň bu sözüne Alp Tegin bilen Abul Harysyň ýüzleri ak esgà dönüp, endamlaryny sowuk der basdy. Soltanyň Abul Abbasy kimiň öldürenini soraman beriljek jezany aýdany geň hem-de gorkulydy. Bu gorky Abul Harysy has basmarlady. Ol: -Abul Abbasy men öldürmedim-diýip goýberenini özü-de duýman galdy. -Kalja-da şeýle diýipsiň. Maňa-da aýdyp ber hany, nähili ýagdaýda öldürildi ol? Abul Harys Kaljy hanyma aýdan gepini ýadyna saldy. Indi-de şol gepi gaýtalamalydy. Emma Kalja aýdyşy ýaly bu ýerde Alp Teginiň adyny göni aýtmaga çekindi. Çünki Alp Tegin onuň özüniň yşaraty bilen gylyç urupdy. Şonuň üçin şeýleräk warsaky urdy: -Abul Abbasyň ölümi onuň özünden boldy. Biz köşke girenimizde ol maňa gylyç göterip topuldy, ýanymdaky esgerler ara düşdi. Olar bilen garpyşykda heläk boldy. -Şonda ýanyňda Alp Tegin ýokmudy?-diýip, soltan aýlawly sorag berdi. Abul Harys bu soragyň ýöne ýere berilmändigini, Kaljy hanymyň agasyna Alp Teginiň adyny aýdandygyny duýdy. Şonda-da gönüläp aýdyp bilmedi-de: -Bardy öýdýän-diýdi. -Sen öýdýän bolsaň, özümiz jikme-jigine ýeteris-diýip, soltan Abul Harysa ýaňsyly nazar bilen dikildi. Ol Abyl Abbasa tyg çekeniň Alp Tegindigini bilýärdi. Ýöne jeza pursady gelýänçä bilenini aýtmakdan saklandy. Jeza çäresini bolsa Gürgençde halkyň göz öňünde geçirmek bilen patyşany öldürenleriň nähili aýylganç ýagdaýa sezewar ediljekdigini adamlara göz etmekçidi. Soltan ýesirler bilen gepi uzaldyp oturmagy islemedi-de: -Muhammet Salam galsyn. Ol ikisini alyp gidiň!-diýdi. Abul Harys bilen Alp Tegini idirdedip, alyp çykyp gitdiler. Haliden bäri Ibn Salama üns bermedik soltan oňa mylakatly nazar bilen garap, oturmaga ejaza berdi. Soňra: -Ýeri, Muhammet , sen nähili ölmän galdyň. Men seni ölüme höküm edipdim-ä?-diýdi. -«Kyrk ýyl gyrgyn bolsa ajaly ýeten öler» diýipdirler. Ajalym ýeten däldir-dä, Kyblaýy älem. -Onyňam dogrudyr. Ýöne ölmän galanyňyň ýene bir sebäbi-sen hak ekeniň, men nähak höküm edipdirin. Mundan başga-da, sen Gazna barýan Kaljyny saklanyň hem-de ýurtda bolan agdarlyşygy habar edeniň uly iş. Ýogsa Kaljy aýal mekirligi bilen gör nädip meniň başymy aýlardy. Zalymlaram jezasyz döwranyny sürüp ýaşabererdiler-diýip, soltan bir salym dymdy.-Dogry, biraz gandöküşlik boldy. Ýöne taryhda adalaty dikeltmek üçin edilen gandöküşlikler ýazgarylmaýar. Seniň biziň üçin eden şu işiň her niçik sylaga-da mynasyp. Soltan sözüni soňlap bir goşowuç gyzyl salnan1 zer keşdeli haltajygy Ibn Salamyň öňüne oklady. Soltanyň bu «sahawaty» Ibn Salamy gaty aljyratdy, has dogrusy, ýere sokdy. Ol özüni bir goşowuç altyna ýurduny satan adam ýaly duýup, gaty erbet boldy. Şol pursatda, öň kellesine gelip-giden pikirler has ýiti görnüşde beýnisini tozadyp goýberdi. «Eý Hudaý, men indi kim bol1dum?! Ýurdumda bolan bu gandöküşligiň günäkäri kim?! Menmi?! Men Kaljyny Gazna geçirmän saklap galmadyk bolsam, ýurtda bolan agdarlyşygy Mahmyt Gaznala habar etmedik bolsam bu aýlygançlyklar bolmasa bolmazdy ahbetin... Emma onda men patyşamyz Abul Abbasyň buýrguna hyýanat etdigim hem-de Abul Harysyň jenaýatyny ýaşyrdygym bolmazmydy?...» Soltan ilki onuň düşen ýagdaýyna düşünmedi. Begenjine iki bolup bilmeýändir öýtdi. -Kyblaýy älem, sahawatyňyz üçin taňryýalkasyn. Ýöne men ony alman. Maňa öýüme gitmäge ejaza berseňiz, uly sylag etdigiňiz bolar. Ibn Salamyň bu sözünden soň soltan önuň öňüne gyzyl oklap, degnasyna degenini aňdy. Ol içinden «munça baýlykdan ýüz dönderer ýaly kim sen» diýip, kinaýaly ýylgyrdy: -Men seni ölümden azat etsemem, ýesirlikden azat edemok. Gürgenje biziñ bilen bile gidersiñ. Biz ol ýerde ýagdaýy düzgünleşdirenimzden soň biziň bilen Gazna-da gidersiñ. Gürgençde ylym bilen meşgullanmaga indi mümkinçilik ýok. Şonuñ üçin Gaznada halypaň Birunynyň ýanynda işlärsiň, ylym bilen meşgul bolarsyñ. Bize ylymly kelleler gerek-diýip Soltan sözüniň Ibn Salama nähili täsir edenini bilmekçi bolup, oňa synçy nazaryny dikdi. Muhammet Salam ýaşlygynda ylym diýip, maşgalasyndan on ýyl aýralyga çydapdy. Diňe ylma-bilime teşneligi oňa sabyr-kanagat beripdi, ata Watanyna bolan söýgüsi bolsa onki süňňüne synmaz gujur berýärdi. Indi mundan soňky aýralyga, belki, ömürlik aýralyga nädip çydarka?! Şonuň üçin ony soltanyň sözi bir bada aljyratdy. Ol näme jogap berjegini bilmän dymdy. -Näme dymdyň, Muhammet? Meniň teklibim ýaramadymy? -Siziňki teklip däl, Kyblaýy älem, ýesire buýruk. Ýeňiji ýesirini öldürse-de, gul edip satsa-da haky bar. -Ýok. Bu jogabyň bolanok. Sen öz ygtyýaryň bilen Gazna gitjekmi, ýokmy? Şuny gönüläp aýt! -Kyblaýy älem, ýesirde ygtyýar bolmaýar. Ilki siz meni hökümdarlyk sözüňiz bilen ýesirlikden azat ediň, soňra men dogry jogap bereýin-diýen Ibn Salam edep saklap, elini gursagyna goýdy. Soltan: -Men, Soltan Mahmyt Gaznaly, hökümdarlyk sözüm bilen söweşde ýesir düşen Muhammet ibn Salamy ýesirlikden azat edýärin - diýip, Ibn Salama ýylgyryp seretdi-de, -ine, Indi boldumy?-diýdi. -Boldy, Kyblaýy älem. Bu işiňiz meniň üçin iň uly sylag, bahasyna ýetip bolmajak sahawat. Taňryýalkasyn! -Hany, indi sen öz ygtyýarly, erkin adam hökmünde erk-islegiňi beýan et - diýip, soltan bu sapar agraslyk bilen aýtdy. -Kyblaýy älem, ýaňy siz «Bize ylymly kelleler gerek» diýdiňiz. Meniň kellämi-de ylymly hasap edýän bolsaňyz, ony alyp, göwrämi Watanymda goýup gidäýiň, diýesim gelip dur. Emma meniň erk-islegim hökümdaryň isleginiň ýanynda ejizdir. -Hmm, şuny bileniňem bir gowy - diýip, Soltan Mahmyt kinaýaly gülümjiredi.-Ýöne bu saparam men ejize ganym bolmaýyn. Islemeseň gitme. Sensizem meniň alymlarym ýeterlik. Möwlana Birunynyň ýeke özi-de, on alyma degýär. -Dogry aýdýaňyz, Kyblaýy älem. Möwlana Birunynyñ ýeke özi meniň ýaly on däl, ýüz alyma-da degýär. Soltan diliniň ujuna gelen ýöne aýtmakdan saklanan sözüni Ibn Salamyň özüniň aýdanyna açylyp güldi. Ol: -Meniň ýüz görüp, aýtmadyk sözümi özüň aýtdyň-ow. Ýöne seniň alymlygyň hem Birunynyň alymlygynyň ýüzden däl-de, ondan biriçe bardyr. Emma bu ýerde hiç hili ylym merkezi bolmansoň, saňa ylym bilen meşgullanmaga hiç hili şert hem bolmaz. Onsoň näme, «Ylmyna amal etmedik alym üstüne kitap ýüklenen eşek ýalydyr» diýleni bolaýmasa-diýip ýylgyrdy. Ýaňy ýüz görüp «seniň ýaly» diýmekden saklanan soltanyň indi eşege deňänine Ibn Salam birhili boldy. Bu gepi ol ikinji sapar eşidýärdi. Onda daýhan adamyñ aýdany häzirki patyşa adamyñ aýdany ýaly erbet täsir etmändi. Gahar edeýin diýse, hökümdara gahar edip bolýamy näme? Näme duýgusy bolsa-da, içine ýuwutmaly boldy. Emma oýlanyp görse, soltanyň aýdany dos-dogry. Oňa ylym gerek bolsa aýralyga çydamalydy ýa-da ylymdan geçmelidi. Ol iki oduň arasynda galan kimin ýagdaýa düşdi. Dogrusy, bu ýagdaýa ony soltan Mahmyt düşüripdi. Zandy mekirlige ýugrulan Gaznaly ynsan ruhunyň hem bilermenidi. Ol Ibn Salamyň ylymdan aňsat geçmejegini bilýärdi. Şonuň üçin oňa alymyň ylymdan aýry ýaşasa kim boljagyny degnasyna degýän söz bilen ýatladypdy. Soltan Ibn Salamyň tukatlanyp oýa çümeninden sözüniň oňa mazaly täsir edenini aňdy. -Muhammet, men dogrusyny aýtdym. Özüňem oýlanyp gör. Indi iki ýurt bir ýurt boldy. Mundan beýläk kerwenleriň gatnawy-da çaltlaşar. Maşgalaňy küýsän wagtyň kerwen bilen gidip geliberersiň. Gazna-da Gürgençden juda bir daşam däl. Ibn Salam Gaznalynyň inçelik bilen özüni yrjak bolup, aýdan bu sözlerinden soň ret jogabyny berip bilmedi. Şonuň üçin ol islese-islemese-de, Gazna gitmäge razylyk bermelidi. -Kyblaýy älem, siz Gürgençde işleri ýerbe-ýer edýänçäňiz menem öýümde ata-enemiň, maşgalamyň ýanynda bolaýyn. Gazna gitmegime olaryňam razylygyny alaýyn. Şonuň üçin maňa häzir gitmäge ejaza beräýseňiz gowy bolardy. - Ejaza bereris. Ýöne saňa Gürgenç barasynda bir tabşyryk hem bar. Ilki şony berjaý edip, soň öýüňe sowularsyň. Biz Gürgenje baranymyzda mertebämize mynasyp röwüşde garşylansak, rehim-şepagatymyz hem şoňa laýyk bolar. Ibn Salam Soltanyň näme diýjek bolýanyna şol bada düşündi. «Gürgençde sähel garşylyk görkezilse rehim-şepagatsyz bolmak hem göwnünde ýok däl eken-ow munuñ» diýip, içini gepleden Ibn Salam beýle ýagdaýyň öňüni almagy özüniň borjy hasap etdi. Ol: -Düşündim, Kyblaýy älem. Hemmesi gowy bolar-diýdi. -Berekella, Muhammet, seniň hemişe gowulygyň tarapyndadygyňy bilýän-diýip, Soltan gapdalynda duran kiçijik jaňy iki gazek kakdy. Çadyra hadymlarynyñ biri girdi. Soltan oňa Ibn Salamy at-ýaragly, ýol harajady bilen ugradyp goýbermegi tabşyrdy. Ibn Salam ýerinden turup, soltana tagzym etdi. Soltanyň başyny atyp ejaza bermegi bilen çadyrdan çykdy. Ibn Salamy ugradyp goýberenlerinden soň Altyn Taşyň kellesine bir şübheli pikir gelip, Soltanyň huzuryna girdi: - Kyblaýy älem, Ibn Salamy goýbermeli däldi. Ony özümiz bilen bile alyp gitmelidi-diýdi. - Näme üçin?!-diýip, Soltan Altyn Taşyň özüniñ ýalňyşyny tapan kişi boluşyna gaharlandy. - Kyblaýy älem, ol Gürgenje baryp, ilaty biziň garşymyza aýaga galdyrsa derwezeleri berkiderler, bizi aňsat içeri girizmezler. Onsoň näçe wagtlap, şäheri gabap ýatmaly bolarys. - Howpuň, howatyryň şol bolsa arkaýyn bolaý. Ibn Salam iki ýüzli adam däl. Baranda görersiň, seniň aýdanyňyň tersi bolar-diýip, Soltan ynam bilen aýtdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||