06:59 Gürgenç / 2-nji kitap -6 | |
VI BAP
Taryhy proza
Gürgenjiň howasynda bir üýtgeşikligiň bardygy duýulýardy. Asmany kä gara bulutlar, käte ak bulutlar gaplasa-da, ýagman geçýärdi. Göýä tebigat jemgyýetde bir üýtgeşikligiň boljakdygyny öňünden duýdurýan ýalydy. “Bulut ýagmaz, buýruk ýagar” diýenleri dek ýokardan buýruk boldumy nämemi adaty güýzde juda seýrek bolýan hadysa-gök gümmürdäp, ýyldyrym çakyp, şeýle bir çagba guýdy welin, daş-töwerek göýä derýa joşup suw alana döndi. Birden başlanan çagba birdenem dynyp, şeýle bir harasat turdy welin, ejizräk agaçlar garçyldap jomurlyberdi. Ine şu harasat güni döwülip ýykylan diňe agaçlar bolman, şikärda ýören Horezminiň walysy Ekinçi ibn Köçkar hezretleri hem atyndan ýykylyp heläk boldy. Onuň ýanyndaky emirleriň aýtmagyna görä at birden turan harasatdan ürküp, çarpaýa galanynda ýykylan Ekinçiniň bir aýagy üzeňňide galypdyr. Aty ony süýräp ençeme ýere çapypdyr. Ana şonda kellesi ýerdäki daşlara degip ýarylypdyr. Şol günüň ertesi Ekinçini walylyk derejesine laýyk hormat bilen jaýladylar. Emma onuň on iki ýaşyndaky ogly Togrultegin kakasynyň namazyna gelen emirleriň, köşk emeldarlarynyň ýüzünde gynanç alamatlaryny görmedi. Muny synlan duýgur oglan kakasynyň ölüminiň guralandygyny aňdy. Ol bu ýagdaýda geljekde tagta dawagär adam hökmünde özüniň hem janynyň howp astyndadygyny ejesine duýdurdy we şol güni gije Gürgençden gizlin çykyp gitdiler. Waly hezretleriniň ýykylan şol harasat güni onuň boşan tagtyna eýe bolmaly şyhny hezretleri hem ýykylypdy. Munuň birinjisinde adam eli ýok däl bolsa, ikinjisi Allanyň eradasy bilendi. Ekinçi hakyndaky habary hemmeden öňürti kakasyna ýetirmek üçin howlugyp öýüne gelen Muhammet garaşylmadyk ýagdaýyň üstünden düşdi. Kakasy ölüm düşeginde demini sanap ýatyrdy. Muhammet hassanyň başujyna çök düşüp: -Kyblam, pederim, Size näme boldy?-diýeninde, Anuştegin gözlerini mejalsyz açyp, zordan dillendi: - Allanyň halany boldy. Saňa uzak ömür bersin... Bu onuň soňky sözi boldy. Ol ogluna garaşyp ýatan ekeni, çala açyk agzyndan soňky demini üfläp goýberdi-de, jan berdi. Muhammet her näçe merdem bolsa, duýdansyz gelen ölümiň garşysynda bir bada aljyrady. Ýerinden turup, häzir bolan ejesini gujaklap, onuň agysyna goşuldy. Edil şo mahal içeri iki emir bilen öňräk öýlerine myhman bolan horasanly gelip girdi. Anuştegini täji-tagt bilen gutlamaga gelen bu adamlar öýdäki ahwalaty görüp, aň-taň boldular. Olar bir salym başlaryny egip, duýgudaşlyk bildirip durdular. Soňra Muhammede göwünlik berip, biraz köşeşdirenlerinden soň, beýleki otaga geçdiler. Şu ýerde horasanly garaşylmadyk bu ýagdaý zerarly kellesinde dörän pikirini mälim etdi. - Byradary ezizler, Anuştegin hezretleriniň ölümi biziň üçin agyr ýitgi boldy. Emma şeýle bolsa-da, başlan işimizi ahyryna ýetirýänçäk hezretiň ölümini syr saklamagymyz gerek-diýip, soňundan Muhammede ýüzlendi: - Pederiňizi nätseňizem bir hepde saklamaly. Siz bolsa nähoşlap ýatan pederiňiz Horezmşa hezretleri aýaga galýança onuň wezipesini ýerine ýetirersiňiz. Bir hepdeden soň pederiňiz Horezmşa hökmünde uly hormat bilen jaýlanar we atadan ogula miras hökmünde tagta Siz çykarsyñyz.. Horasanlynyň bu gepi emirlere hem makul boldy. Şeýlelikde şu ýerde özara gelnen karar boýunça şu günüň özünde aradan çykan waly Ekinçi ibn Koçkaryň ýerine şyhny Anuştegin Garçystany Horezmşa edip bellenendigi barada çar tarapa jar çekdirildi. Anuştegini halk hakykatdan hem gowy görýän ekeni, bu habary bazarlarda, köçelerde uly şatlykly şowhun bilen garşy aldylar. Emma häzir onuň nähoşlap ýatany üçin ýerinde ogly Kutbeddin Muhammediň oturandygyny eşidenlerinde gaýgyrdylar, hassanyň tizräk sagalyp, aýaga galmagyny dileg etdiler. Adatda köpüň dilegi kabul bolýardy. Bu sapar onuň kabul bolmandygynyň sebäbini dileg edenler nirden bilsin... Bellenilen möhlet-bir hepde geçenden Horezmşa Anuştegin Garçystany hezretleriniň agyr keselden soň aradan çykanlygy yglan edildi. Bu ajy habary çuňňur gynanç bilen kabul eden Gurgenjiň ilaty kakasynyň ýerine Horezmşa edip, Kutbeddin Muhammediň bellenmegini oňlady, makul tapdy. Bir hepde "şalyk süren" Anuştegin hezretlerini Horezmşa hökmünde uly hormat bilen jaýlanlaryndan soň Kutbeddin Muhammedi Horezmiň tagtyna çykaryp, başyna täç geýdirmek dabarasy başlandy. Köşgüň tagt eýwanyna ýygnanan emirler, wezir-wekiller, serkerdeler, şäheriň mähelleleriniň kethudalary, kazy-kelan, şeýhulyslam dagylar sap bolup durdular. Bellenilen wagtda garşydaky nagyşlaryna altyn çaýylan belent gapynyň iki ganaty-da deňine açylyp, Kutbeddin Muhammet girip geldi. Ol jemagatyň garşysynda aýak çekip, başyny egip, salam berdi. Şundan soň şeýhulyslam onuň sag elinden tutup, tagta eltip oturtdy. Onuň yzysüre giň ýalpak altyn mejimäniň üstünde getirilen lowurdap duran göwher gaşly jyga sanjylan dört oram ak ýüpek selläni şeýhulyslam eline aldy we “Bismilahyr rahmany rahym” diýip, Kutbeddin Muhammediň kellesine geýdirdi. Şol bada “Mübärek bolsun! Täji-tagtyňyz berkarar bolsun!” diýen şowhunly sesler köşgüň tagt eýwanyny dolduryp ýaňlandy Bu waka 497-nji hijriniñ(1097) mäharrem aýynyň bir sähetli güni bolup, ine şundan hem Horezminde 134 ýyl höküm süren Anuşteginler nesilşalygynyň başyny başlan Horezmşa Kutbeddin Muhammediň 30 ýyllyk hökümdarlyk döwri başlandy. *** Taryhda wagt däl-de, wakalar yz galdyrýan eken. Horezmşa Kutbeddin Muhammediň 30 ýyllap şalyk süren döwründe kän bir üýtgeşik wakalaryň bolmanlygy üçinmi, döwrüň taryhçylary 30 ýyla laýyk uly ýazgy galdyrmandyrlar. Şeýle-de bolsa, bar bolan maglumatlaryň mantygyndan gelip çykýan taryhy hakykatyň çägindäki wakalaryñ beýanyny çeper hakykat hökmünde kabul etmeli bolýar. *** Kutbeddin Muhammet entek ýaş bolmagyna garamazdan özüniň salyhatlylygy, daş sypatynyň haýbatlylygy, sözläninde hökmürowanlyk äheňi bilen Ekinçiniň döwründen galan wezir-wekilleriň, beýleki köşk emeldarlarynyň sustuny basyp, özüne tagzym etdirmegi başardy. Onuň bu başarnygy başyna täç geýdirlen güni bolan ilkinji duşuşykda-da ýüze çykypdy. Şonda ol köşgüň tagt eýwanyny dolduryp oturanlara ýüzlenip: -Muhterem jemagat! - diýip, başlan sözüne biraz dyngy berip, yzyny salyhatlylyk bilen dowam etdirdi. -Men şu gün Allanyň eradasy bilen Horezminiň tagtyna çykdym. Ýurdy adalat ýörelgeleri esasynda dolandyrmak wezipesini öz boýnuma aldym. Men bu mukaddes wezipäni ynsabymyň, imanymyň gözegçiligi astynda päk ýürek bilen ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary ederin. Emma ýurdy asuda, abadan saklamak, raýatlaryň parahatlygyny, bähbitlerini goramak, daşardan ýurda çozuş bolan ýagdaýynda duşmana berk gaýtawul bermek we beýleki ýüze çykan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek diňe patyşanyň ýeke özüne bagly bolman, emirlerimiziñ, döwlet gullugyndaky ähli adamlaryň işine yhlaslylygyna, erjelligine, päk ýürekliligine hem baglydyr. Şonuň üçin her ugruň sahyby öz işine gara kellesi bilen jogap bermelidir. Men goşun serkerdelerini, olar bilen iküç ýyl bile işlänim üçin gowy tanaýan, ýöne köşk emeldarlarynyň köpüsini tanamok. Elbetde, olar hem gowy işleri bilen özlerini bize tanadarlar. Ýene bir zat: emeldarlardan, serkerdelerden kimem bolsa, özüniň bikanun het-herekedi bilen halkyň ýa-da goşunyň arasynda döwletden närazylyk döretse, döwletiň duşmany hökmünde aýawsyz jezalandyrylar. Tagtynda arkaýyn gürläp oturan Kutbeddin Muhammediň soňky gepi has täsirli bolan bolmaga çemeli adamlar biri-birine manyly seredişip goýdular. Şundan soň Horezmşa esasy meselelere geçdi. Ol ilki bilen goşunda tertip-düzgüni berkleşdirmek we onuň üpjünçiligini gowulandyrmak meselesine ünsi çekdi. Soňra daýhançylyk, hünärmentçilik, söwda-satyk, ýurtdan alyp gidilýän we getirilýän harytlar, ilatdan alynýan salgyt, şäherdir obalaryň abadançylygy, metjit-medreseleriň işi, ylym we bilim, edebiýat we sungat ýaly ugurlar barada-da togtalyp, olary ýene-de ösdürmek boýunça wezipeler goýup gepledi. Ol sözüniň soňunda baş wezire ýüzlenip: -Muhterem weziri büzrük, meniň ähli het-hereketlerime, ýaňy aýdyşym dek özümiň ynsabym, imanym gözegçilik eder. Şu aýdylan ähli işlere bolsa Siz gözegçilik edersiňiz. Onda-da Ekinçi ibn Koçkar hezretleriniň döwründäkiňizdenem güýçliräk gözegçilik etmeli bolarsyňyz. Ady tutulan baş wezir ýerinden turup, bir elini gursagyna goýdy, baş egip, ýene ýerinde oturdy. Horezmşanyň täsirli nutkundan soň ilki ony ýaş görüp, şalygy oňararmyka diýen pikirdäki adamlaryň müňkürligi zym-zyýat boldy, hemmeleri onuň hakyky hökümdar bolup biljekdigine göz ýetirdiler. Dabaranyň soňunda şeýhulyslam Horezmşa Kutbeddin Muhammediň tagtynyň berkarar bolmagyny, ýurdunyň asudalygyny dileg edip, Gurhany kerimden uzyn bir aýat okady. Şundan soň adamlar "Indi patyşadan gönendik” diýişip, kanagatlanma bilen dargaşdylar. Kutbeddin Muhammet özüni-de az tolgundyrmadyk dabaradan çykyp, onuň üçin tolgunyp oturan käbesiniň huzuryna geldi. Ejesi ýerinden turup, ony bagryna basdy, gujagyna gysyp, mähirli sözler bilen gutlady, dilegler etdi. Kutbeddin ejesiniň gujagyndan çykyp, onuň öňünde dyza çökdi, ellerini tutup ogşady. Ejesi oglunyň başyndaky täji görüp, ertirden tolgunan kalby karar tapdy, tolgunmanyň ýerini buýsanç duýgulary eýeledi. Eýsem, ykbalyň bu öwrümine onuň kalby buýsançdan dolmasynmy. Gul bilen gyrnakdan dörän çagany öňüne alyp başyny sypap oturanynda şu başa wagty gelip, täç geýdiriljegi mähriban enäniň ýedi ýatyp turanda huşuna geljek zatmydyr. -Tur, oglum. Patyşalar dyza çökmeýärler-diýdi. -Patyşa men diýip, enäniň öňünde dyza çökmeýän ogul haramydyr. Men halal perzent, ahyryn! Şeýle dälmi eje?-diýip, Kutbeddin aýaga galyp, ejesiniň mähirli gözlerine görejini dikdi. -Elbetde, oglum. Sen kakaň bilen ikimiziň perzent hakyndaky arzuwlarymyzdan, Allatagaladan eden dileglerimizden dörän perzentsiň. Şonuň üçin hem Alla saňa şeýle belent mertebäni miýesser edendir. Kutbeddin Muhammet käbesiniň huzuryndan çykyp, aýalynyň tamyna geçdi. Pederiniň alyp beren bu aýalyndan entek perzent ýokdy. Kutbeddin otaga girende aýaly äwmezlik bilen ýerinden turdy. Äriniň başyndaky täje ümläp: "Mübärek bolsun!” diýip ýuwaşja dillendi. Bu aýal görünişinden ýuwaş, äwmezek bolsa-da, içi pikirlidi. Ol äriniň patyşa bolanyny halap duranokdy. Sebäbi, indi onuň ýeke özüniň äri bolmajagyny bilýärdi. Kutbeddin hiç zat diýmän çykyp gitmezlik üçin: -Erte-birigün köşge göçürerler, jaý taýýarlap ýörler. Senem zatlaryňy serenjamlap goý-diýip, çykyp gitdi. *** Belent mertebe adama belent ruh, täze güýç, täze başarnyk bagyşlaýar. Kutbeddin Muhammediň öňdenem güýç-gaýratdan, pähim-parasatdan kemi ýokdy. Täji-tagtyň eýesi bolanyndan soň onuň ruhyýetiniň, güýç-kuwwatynyň has ýokary galmagy tebigy ýagdaýdy. Indi ol ýurduň, raýatlaryň asudalygy, geljekki ykbaly barada jogapkärçilik duýgusy bilen ýaşaýardy. Ýurtda asudalygy saklamak iň esasy wezipedi. Bu bolsa ähli işlerde, ähli ýerde adalatlylygyň saklanmagyna baglydy. Adalatlylygyň bozulan ýerinde närazylygyň döremegi ikuçsyzdy. Munuň netijesinde asudalygyň bozulmagy ähtimaldan daşda däldi. Şonuň üçin döwlet emeldarlarynyň arassa, halal, adalatly adamlar bolmagy döwletiň binýadynyň berkligini, ýurduň asudalygyny saklamakda örän möhümdi. Bu pikirleri kellesinde aýlaýan şa Kutbeddin Muhammet işi ilki köşk emeldarlaryny ýekän-ýekän öwrenip, kimiň kimdigini bilip almakdan başlamaly diýen karara geldi. Munuň bilen ol adaty köşk pitneleriniň öňüni alyp, köşkde agzybirlik ornatmakçydy, eger pitneçilige meýilli adamlar bar bolsa, olary köşkden daşlaşdyrmakçy, has howpluragy anyklansa ýok etmekçidi. Emma bu iş aňsat däldi. Çünki häzir onuň üçin köşgüň içi töweregiňi saýgaryp bolmaýan ümürlikdi. Indi oňa bu ümürligi dargadyp, ähli zady aýyl-saýyl etmäge kömek berjek ynamly adam gerekdi. Onuň bagtyna şeýle adamy uzak gözlemeli däldi. Ol şu ýerdedi. Ol pederiniň kömekçisi Hoja Hüseýin al Horezmidi. Ol häzirem öz ýerinde şyhnynyň edarasynda arza-şikaýatlary kabul edip, geljekki şyhny üçin maglumat toplap otyrdy. Kutbeddin Muhammet adam iberip, ony köşge çagyrtdy. Hüseýin hojanyň özi hem şeýle çakylyga garaşypdy, has dogrusy ýüregi syzýardy. Ýöne näme mesele boýunça çagyrjagyny çaklap görse-de, bir pikire gelip bilmändi. Çünki ol Kutbeddin Muhammediň häsiýetine ýetik däldi. Ony kä wagtlar kakasynyň ýanyna gelende görýärdi, biraz söhbetdeş hem bolupdy. Göräýmäge akyl-parasatly, ýumşak häsiýetli ýigitdi. Emma käbir adamlar hakynda “At münse atasyny tanamaz” diýenleri ýaly ol hem patyşalyk tagtyna münenden soň häsiýeti üýtgemezmikä?... Allanyň emri bilen goýun gurda öwrülse häsiýeti üýtgemegi ahmal. Emma Hüseýin hojanyň ony gurda meňzedesi gelmedi. Haýwanlaryň şasy ýolbarsa meňzedesi geldi. Ýolbars hem daşyndan göräýmägä ýuwaş haýwan. Onuň ähli güýji-kuwwaty, gahar-gazaby içinde. Onuň şol içindäki gizlin güýç-gudraty ýüze çykanda ýolbarsdygy göze görünýär. Ine häzir ol özüniň ýolbarsa meňzedesi gelýän adamyň garşysynda otyr, özem ikiçäk. Kutbeddin Muhammet ony adatdaky ýaly köşgüň tagt eýwanynda däl-de, özüniň hashanasynda kabul etdi. Ol: - Muhterem Hüseýin hoja-diýip, salam-helekden, hal-ahwal soraşylandan soň ýaşula ýüzlendi: - Siz jaýy jennet pederimiziň diňe işgäri bolman, onuň ýakyn dosty hem bolupdyñyz. Pederimiz Size dost hökmünde ýürekden ynanýardy hem gadyr goýýardy. Menem Sizi dost tutunsam, menden dostlugyňyzy aýamarsyňyz diýip umyt edýärin. -Aly hezret, elbetde, men gadyrdan dostum Anuştegin hezretleriniň oglundan dostlugymy aýamaryn. Emma Horezmşa hezretlerine dost bolmak mümkin däl. Çünki patyşalaryň dosty bolmaýar. Kutbeddin Muhammet ýaşuludan beýle jogaba garaşmandy. Ol: “Pederim ony dogry sözli adam diýýärdi. Onuň aýdýany kimin eken bu adam” diýip, içini gepletdi-de, oňa ýylgyryp garady. Hüseýin hoja hem beren jogaby üçin beýle mylakatly ýylgyryşa garaşmandy. Ol gaharlanar ýa-da öýkelär diýip pikir edipdi. -Ýaşuly, Sizi dogry sözli adam diýýärdi. Dogry sözli bolmak gowy, emma häzirki maňa beren jogabyňyz dogry däl, has dogrusy maňa degişli däl. Sebäbi, meniň Size teklip edýän dostlugym patyşanyň ýönekeý raýat bilen dostlugy däl-de, ogulyň ata dosty bilen dostlugy. Eger Siz şeýle dostlugy hem ret edýän bolsaňyz, meniň zorlugym ýok, çünki zorluk bilen dost bolup bolmaýar. Ýöne Siz pederimiň dosty hökmünde maňa tüýs ýüregiňizden birazrak kömek etseňiz Sizden juda minnetdar bolardym. Patyşanyň özüni ulumsylykdan şeýle daşda tutmagy we ýürekden syzdyryp aýdan sözleri Hüseýin hoja gaty täsir etdi. Ol özüniň gödegräk jogap berenine ökündi. -Aly hezret, meni dogry düşünmegiňizi haýyş edýärin-diýip, ol gödekligini ýuwmarlamaga başlady - Men sözümiň başynda dostumyň oglundan dostlugymy aýamaryn diýmek bilen Sizden dostlugymy aýamajagymy aýtdym. Soňunda patyşalaryň dosty bolmaýar diýmegim bolsa patyşanyň hakyky dosty kanundyr, onuň kanundan başga dosty bolmaly däldir. Kanuny bozan adam kimem bolsa jezalandyrylmaly diýdigimdir. Kutbeddin Muhammet Hüseýin hoja synçy nazaryny dikip, bir salym dymdy. Bu dymyşlyk hojanyň ýüregine howsala saldy, ýolbarsy ýadyna düşürdi: "Alla janlarym, ýolbarsy gyjyndyraýdymmy?” diýip, sakawyň soňuna garaşdy. -Muhterem Hüseýin hoja, kanuny bozan adamyň jezalandyrylmalydygyny diňe hojalar däl, patyşalar hem bilýär-diýip, Kutbeddin Muhammet kinaýaly ýylgyranda Hüseýin hoja soňky sözüni nädogry aýdanyny, patyşa ýönekeý bir zatda akyl öwreden ýaly bolanyny aňdy, indi uzur soramaly boldy: -Aly hezret, meni bagyşlaň, men bir... -Bolýa-da, bu gepi goýaly, hojam, esasy meseläni gepleşeli-diýip, Kutbeddin Muhammet hojanyň sözüni kesdi. Hüseýin hoja patyşanyň özüne “hojam” diýip, dostana sözlänine göwni göterlip, ýüzi açyldy. Horezmşa sözüni dowam etdirdi. -Siz dostuňyz Anuştegin hezretleriniň oglundan dostlugyňyzy aýamajagyňyz çynyňyz bolsa, oňa döwlet işinde zerur kömegiňizi hem aýamarsyňyz, ahbetin! -Aly hezret, menden näme kömek gerek bolsa, elimden gelenini ederin - diýip, ýerinden turan Hüseýin hoja bir elini gursagyna goýup, başyny egdi. -Oturyň hojam, sag boluň! Yöne Siziñ eliñizden gelmeÿän kömek bolmaly däl - diýip, patyşa degişip ýylgyrdy. Hüseýin hoja oturanyndan soň ol köşgüň özüne nätanyş ýagdaýy barada gürrüň edip, hojadan emeldarlaryň häsiýetlerini, niýetlerini ýagny kimiň kimdigini aýyl-saýyl etmäge kömek bermegini haýyş etdi. Haýyşynyň soňunda: -Adatda patyşalaryň köşgi pitnäniň öýjügi bolýar. Biziň köşgümizde hem pitneçilige meýilli adamlaryň bolmagy ähtimal, hojam. Eger şeýle adamlar bar bolsa, köşgi olardan arassalamaly. Köşkde agzybirlik, asudalyk höküm sürse, ýurtda hem agzybirlik, asudalyk bolýar-diýdi. Hüseýin hoja birden jogap bermedi, bir salym dymdy. Ol öň diwanda işläni üçin köşk emeldarlarynyň köpüsini tanaýardy, käbirleriniň hüý-häsiýetine hem ýetikdi. Emma häzirki wagtda olaryň näme niýetleriniň, näme pikirleriniň bardygyny ol nirden bilsin. Muny bilmek üçin olaryň içinde bolmagy gerek. Ol bu hakda dil ýaranynda Kutbeddin Muhammet onuň pikirini makullady. - Muhterem hojam, Sizi pederimiziň ýerine şyhny bellemek niýetim bardy. Indi bu işi wagtlaýynça Nasyrbeg ýöredip durar. Sizi bolsa maksadymyza laýykykda büzrük hajyp wezipesine geçirip, köşge getireris. Hüseýin hoja ýerinden turup, tagzym etmek üçin gozgananynda Horezmşa: -Oturyň hojam, gerek däl. Bir zat gaýtalanyberse ähmiýeti gaçýar-diýdi. Horezmşa Kutbeddin Muhammediň kiçi göwünliligi Hüseýin hojanyň göwnünden turdy, oňa bolan hormaty has artdy. Duşuşyk uzaga çekmese-de, birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Patyşa hojany beren maslahatlary üçin minnetdarlyk bildirip, hormat bilen ugradyp goýberdi. *** Hüseýin hojanyň baş hajyp wezipesine bellenilip, köşge getirilmegi emeldarlaryň köpüsine ýokmady. Baş wezir Omar al Nyzamy bolsa Hüseýin hojany halamaýanlaryň hatarynda däldi. Ol hojany dogry sözli halal adam bolany üçin hormat edýärdi. Onuň özü-de halal, hakykatçy, şahyr tebigatly adamdy, parsyda, türkide gazallar hem ýazýardy. Hüseýin hoja onuň gowy adamdygyny, oňa ynansa bolýandygyny patyşa aýdypdy. Emma bu gowy adam sähel zady göwnüne alýan, öýkeçiräk häsiýete eýedi. Ol Horezmşanyň Hüseýin hojany oňa maslahat salman şeýle ýokary wezipä çekenini özüne hormatsyzlyk hasap edip, iküç gün içini hümledip gezdi. Ol öýkesini patyşanyň özüne aýtmaga milt edip bilman, Hüseýin hoja bilen ikiçäk duşanlarynda oňa dil ýardy: - Byradary eziz, men Sizi juda hormat edýärin, Siziň köşge geleniňize biçak begendim. Emma Horezmşa hezretleriniň Siz barada weziri büzrük hökmünde maňa maslahat salmanlygy göwnüme geldi. Dogrusy, bu baş wezire hormatsyzlyk, pisint etmezlik boldy. Men büzrük wezir hökmünde waly Ekinçi ibn Koçkara, Horezmşa Kutbeddin Muhammede däl, ata Watanym Horezmine hyzmat etdim. Indi biziň hyzmatymyz Horezmşa hezretlerine gerek däl bolsa, ol hezretden dynç almaga rugsat sorajak. Hüseýin hoja büzrük weziriň öýkesini ýazmak üçin oňa mylakatly ýylgyryp garap, delilli sözler aýtmaga çalyşdy: - Gadyrdan weziri agzam, Siz nähak edýäňiz. Horezmşa hezretleriniň men barada Siz bilen maslahatlaşmanlygy meniň hatam, men oňa Siz barada ilki aýtmandyryn. Ol hezret Sizi gowy tanamanlygy, nähili adamdygyňyzy bilmänligi üçin maslahat salmandyr. Ýaňy ýakynda men Siz hakda Aly hezrete aýtdym, düşündirdim. Mundan beýläk Aly hezret Siziň hormatyňyzy ýerine goýar. Şonuň üçin gitjek-goýjak diýen gürrüňi etmäň. Ýaş patyşamyza, häzirki wagtda ikimiziň hyzmatymyz, kömegimiz juda zerur. Hüseýin hojanyň sözlerinden soň büzrük wezir bir salym oýa çümdi, köşeşen bolmaga çemeli, kellesini galdyryp: - Hä, patyşamyz entek ýaşlyk edip, käbir işlerde hata goýberäýmegi ahmal, oňa dogry ýoly salgy berip durmaly bolar-diýdi. Omar al Nyzamy bilen Hüseýin hojanyň arasynda bolan gürrüňiň ertesi büzrük wezir hemişekisi ýaly irden köşge işe geleninde özünden hem öň hökümdara salama gelen emeldarlaryň tagt eýwanyndan çykyp barýanlaryny görüp: “Täze patyşanyň göwnüni awlajak bolýanlar köpeldow” diýip hüňürdedi. Ol hem köşgüň tagt eýwanyna girip, Kutbeddin Muhammede adatdaky patyşalara edilýän tagzymy berjaý edeninden soň kellesini galdyryp, salam bereninde patyşanyň özüne bir hili manyly ýylgyryş bilen garap oturanyny gördi. Ol bu manyly ýylgyryşyň sebäbini şol bada duýdy. “Hah, zaluwat, düýnki gürrüňi eýýäm ýetiripdir-ow” diýip içini hümletdi. Onýança patyşa: - Salamatmysyňyz, muhterem weziri agzam?-diýip soraşdy. Soňra oňa mylakatly nazar bilen, garap: - Muhterem weziri agzam, bizden bir hata geçipdir, munuň üçin Sizden uzur soramakçy bolýan-diýdi. - Aly hezret, patyşalar raýatyndan uzur soramaýarlar, çünki olar has beýikdedirler. -Ýok, weziri agzam. Dünýäde hakykatdan beýik närse ýokdur. Ol patyşalardan hem beýikdir. Men şu hakykatyň hatyrasyna Sizden uzur soraýaryn, çünki Siziň bizden närazylygyňyz hak, biziňki nähak bolupdyr. Horezmşanyň bu sözünden soň büzrük weziriň köňlündäki kitüw bütünleý aýryldy. - Aly hezret, Siz hem meni bagyşlaň. Adam garradygy saýyn ýüregi ýukalýan ekeni... - Ýüregi ýukalsa-da akly, danalygy goýalýandyr, muhterem weziri agzam-diýip, patyşa weziriň sözüni böldi - Biz Hüseýin hojany we Siziñ durmuş tejribeleriňizi döwletimizi dolandyrmakda peýdalanarys. Siz we Hüseýin hoja meniň iki ganatym bolarsyňyz. Guş hem iki ganaty bolmasa asmana göterilip uçup bilmeýär. Büzrük wezir Omar al Nyzamy onça-munça hoşamatlara ynanýan adam däldi. Ýöne şeýle bolsa-da, özüni monça bolan kimin görkezdi. -Muhterem weziri agzam, bu günki işi nämeden başlasak makul? Siziň taýýarlan näme meseleleriňiz bar?-diýip, Horezmşa resmi äheňde sorady. -Aly hezret, mesele hem bar, ýöne ilki Sizi gutlamak üçin Horasandan emir Dadbek Habaşynyň iberen wekillerini kabul etseňiz gowy bolardy. -Biziň häzir olaryň gutlagyna zerurçylygymyz ýok. Başga möhüm mesele bolsa ilki şoňa seredeli. -Aly hezret, Size uly hormat goýup, mübäreklemek üçin uzak ýoldan gelen myhmanlary garaşdyryp goýsak, bir hili bolaýmasa. -Siz näme, olaryň diňe bizi gutlamak üçin gelmändiklerini bilmeýärsiňizmi? Meniň gaharymyñ gelýäni tagta çykanymyza entek doly bir aý hem bolanok. Alty aýdan dagy gelenlerinde bolmaýarmy! Büzrük wezir şundan soň özüniň sadalygyna, gutlagyň aňyrsynda patyşanyň gaharyny getirýän zadyň bardygyny aňdy. "Eý Omar, Omar, garrap pähimiň kütelipdir. Şujagaz ýönekeý zada-da aklyň ýetenokmy?” diýip içini hümletdi. Horezmşa Kutbeddin Muhammet hem Dadbek Habaşa bolan gaharyny ýüze çykarsa-da, “Nämä gaharyň gelýär. Ol eden hyzmatynyň hakyny soraýandyr, bermezlige hakyň ýok” diýip içini hümletdi. Bu iç hümletmelerden soň dymyşlygy büzrük wezir bozdy: -Aly hezret, Siziň ýaňy adam garradygy saýyn akly goýalýar diýeniňiz maňa degişli däl öýüdýän. Men ol wekilleriň gelmeginiň düýp maksadyny Siz aýdýançaňyz pähimlemändirin. -Onda, Siziň teklibiňiz boýunça ilki wekilleri kabul edeli, ana şonda olaryň gelmeginiň asyl maksadyna göz ýetirersiňiz. Şu pursatda büzrük wezir özüni nalajedeýin, ukypsyz, eýeleýän belent wezipesine nälaýyk adam ýaly duýdy. - Muhterem weziri agzam, indi wekilleri kabul edýän bolsak, ähli hadymlar ýygylsyn. Olary adatdaky düzgüne görä dabaraly kabul edeli. - Emriňiz bir sagada berjaý ediler, Aly hezret-diýip büzrük wezir ýene bir gezek tagzym bilen tagt eýwanyndan çykdy. Çykan ýerinde-de baş hajyp Hoja Hüseýin gabat geldi. Salam-helekden soň baş wezir: - Düýnki eden gürrüňimizi ýetiren ekeniňiz-ow-diýip, kellesini ýaýkady. - Näme, ýetirip ýaman iş edipdirinmi? - Bir hasapdan ýamanam etmänsiňiz. Patyşamyzyň meniň öýkelegräk häsiýetimiň bardygyny bilip goýany gowy bolupdyr. -Hä, şeý diýiň. Ýogsa, Siz maňa minnetdar bolmakdan ötri, kelläňizi ýaýkap, nägile boljak bolýaňyz. -Ýok, ýok! Muhterem hoja, Sizden nägile bolamok. Kelle ýaýkamak meniň gowy däl endiklerimiň biri. Ine, Siziňem gije galýan bir gowy däl endigiňiz bar eken, şol sebäpli Siz häzir Aly hezretleri bilen duşup bilmeýäňiz-diýip büzrük wezir degişip güldi.-Aly hezret maňa bir sagada ähli hadymlary ýygmagy tabşyrdy. Özi oňa çenli hashanasyna çykan bolmaly. -Näme, meşweret* geçirmekçimi? -Ýok, Horasandan gelen wekilleri dabaraly kabul etmekçi. Eşidensiňiz, Horasandan kyrk atlynyň goragynda iki wekil gelenini? -Hä, eşitdim, habarym bar. Büzrük wezir Hüseýin hoja bilen gürrüňini gutaryp, patyşanyň buýrugyny ýerine ýetirmäge girişdi. Ol köşk işleri sahybyny ýanyna çagyryp, ähli emeldarlary tagt eýwanyna ýygnamagy tabşyrdy, özi diwana baryp, köşkden daşardaky döwlet işine dahylly kişilere adam iberdi. Şeýlelikde bir sagadyň içinde ähli hadymlar tagt eýwanyna ýygnandy. Horezmşa hem adamlary uzak garaşdyrmady. Onuň gelenini yglan eden köşk hadymynyň sesi ýaňlananda eýwandaky şowhun ýatyp, adamlar tagzyma taýýar bolup durdular. Horezmşa özüne tagzym edip duran jemagata salam berip, tagtyna geçip oturdy. Şundan soň öz mertebesine görä tagtyň sag we çep tarapynda duran emeldarlar hem dyz epip ornaşdylar. Horezmşa özüniň sag tarapynda oturan büzrük wezire baş atyp, “başlaberiň” diýen yşaraty etdi. -Muhterem emirler, begler, ulamalar-diýip, büzrük wezir söze başlady. -Size mälim bolsunki, bu ýygnanyşygymyzyň sebäbi Horasanyň emiri Dadbek Habaşy hezretleriniň adyndan biziň hökümdarymyz Kutbeddin Muhammet Horezmşa hezretlerini Horezminiň tagtyna çykmagy mynasybetli gutlamak hem-de sowgat-salamlaryny gowşurmak üçin gelen wekilleri dabaraly ýagdaýda hormat bilen garşylamakdyr. Büzrük wezir sözüne dyngy berip, eýwana esewan etdi. Hiç kimden seda çykmady. Bu dymyşlygyň närazylyk alamatydygyny şa-da, wezir-de duýdylar. Kimdir biriniň horasanlylaryň diňe Horezmşany gutlamak üçin gelmändiklerini, olaryň Horezminiň gaznasyna we degnasyna degýän talaplarynyň hem bardygy barada gep ýaýradandygy belli boldy. Şonuñ üçin bu adamlaryň wekilleri ýerlerinden turup, hormat bilen garşy almajaklary ýa-da ýarysynyň turup, ýarysynyň turman bir gelşiksiz ýagdaýyň ýüze çykmagy ähtimal diýen pikir bilen şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin Horezmşa oturanlara ýüzlendi: - Muhterem jenaplar, “Myhman ataňdan uly” diýen ata-babadan gelýän nakyl bar. Şoňa görä olary hormat bilen kabul edeli. Bizi gutlamak üçin gelen bolsalar, gutlagyny diňläli, sowgat-salamy bar bolsa, ony-da gaýtarmaly, alaly. Onsoň bizden näme talaplary bolsa inçelik bilen jogap berip, sag-aman yzyna ugradaly. Soňra-da öz bilenimizi edibereris. Horezmşanyň sözleriniň manysyny, äheňindäki kinaýany duýan adamlar patyşanyň hem özleri bilen pikirdeşdigini düşündiler. Şundan soň Horezmşa wekilleriň hormat bilen garşy alynjakdygyna ynanç hasyl edip, olary teklip etmegi buýurdy. Patyşanyň kabul etmegine düýnden bäri garaşyp ýatan wekiller bu gün kabulhana gelip otyrdylar. Köşk işleri sahyby çykyp, olary içeri teklip etdi. -Essalamu-aleýküm!-diýip, gapydan içeri ätlän elleri ýol torbaly iki daýaw pyýada Horezmşa oturan tagtyň öňüne gelip, torbalaryny ýerde goýdular-da, tagzym etdiler. Olaryň biri gara gytk sakgally, beýlekisi ösgünräk çal sakgally kişilerdi. Tagzymdan başlaryny galdyranlaryndan soň çal sakgally wekil: -Muhterem Kutbeddin Muhammet Horezmşa Aly hezretleri!-diýip söze başlady: - Siziň Horezminiň tagtyna çykmagyňyz mynasybetli biziň beýik emirimiz, Horasan ýurdynyň hökümdary Dadbek Habaşy hezretleri özüniň mähirli gutlagyny we sowgat-salamlaryny Size gowşurmak üçin bizi Horezmine iberdi. Wekil sözüne dyngy berip, goltugyndan naý şeklinde dolanan, bir ujy zer gotazly gutlagnamany çykardy. - Ejaza berseňiz özüm okap bereýin - diýip, Horezmşanyň başyny atanyndan soň okap başlady: "Gadyrly, gymmatly inimiz Kutbeddin Muhammet Horezmşa, biz kim, Horasan ýurdunyň hökümdary Dadbek Habaşy agaňyz, Sizi, Horasandan biziň uçuran döwlet guşunyň başyňyza gonmagy bilen Horezmin ýurdunyň täji-tagtyna eýe bolmagyňyz mynasybetli çyn kalbymyzdan mähirli mübärekbad edýäris. Indilikde Horezmin ülkesiniň Horasan döwletiniň howandarlygynda bolmagy ýurduňyzyň asudalygyny berkarar edip, üstüňizden guş uçmaz... Gutlagnamanyň yzy-da şeýle howaýy-dabaraly sözlerden ybarat bolup, wekil ony barha belent ses bilen labyzly okamaga çalyşýardy. Horezmşa bolsa gutlagnamada Habaşynyň özüni "aga" ony "ini" diýip atlandyrmagynda "Sen meniň garamagymdaky adam, maňa doly boýun egmelisiň” diýen manylaryň bardygyny aňyp, içinden gaharlansa-da, gaharyny daşyna çykaranokdy, çykarmaga-da hakynyň ýokdugyny duýýardy. Çünki, özüniň Horezminiň tagtyna, gutlagnamada ýatladylan “Horasandan uçurlan döwlet guşunyň” sebäp bolandygy dogrudy. Emma Kutbeddin Muhammet hem beýleki täçdarlar ýaly özüne edilen hyzmatyň, ýagşylygyň ýatladylmagyny islänokdy. Aýratyn-da, onuň üçin özüni bergidar duýmagy halanokdy. Taryhda näçe täçdarlar özüni tagta çykaran adama bergidarlyk duýgusyndan dynmak üçin şol adamyň özüni ýok edipdirler. Eýranyň meşhur şalarynyň biri Kir hem şeýle edipdir. Eýranda däbe görä tagta dalaşgärleriň münen atlaryny atbakarlary idip, paýtagtyň baş meýdanyna alyp çykýan ekenler. Şonda kimiň aty ilkinji kişňäp, çarpaýa galsa şol adam şa bolýan ekeni. Şalyga dalaşgärleriň meýdana çykmaly gününden bir gün öň Kiriň atbakary oňa “Sahyp, Siziň atyňyz ilkinji bolup kişňär, Siz şa bolarsyňyz” diýipdir. Kir şol wagt “bu bir ýagşy dilegdir-dä” diýip, atbakaryñ sözüne kän-bir üns bermändir. Ertesi irden ähli dalaşgärler jylawynda atbakarlary bilen meýdana gelip, hatar durýarlar. Baş eminiň: “Jylawdarlar, atlaryň jylawuny goýberiň!” diýen sesi eşdilenden Kiriň atbakary jylawy goýberen badyna at kişňäp, çarpaýa galýar. Şeýdip şa bolan Kir atbakaryny çagyryp: -Sen bu boljak işi nädip öňünden bildiň?-diýip soraýar. -Kyblaýy älem, atyňyzy özüm kişňetdim. Men gijesine bir baýtaly ýatyryp, onuň farjyna sag elimi sokup ýatdym. Ertesi meýdana atyňyzy çep elim bilen idip bardym. Eminiň buýrugy eşidilenden çep elimi jylawdan aýryp, sag elim bilen atyň tumşugyny sypap goýberdim. Baýtalyň ysyny alan at kişňäp, çarpaýa galdy-diýip, atbakar öz başyna ýeten syry açypdyr. Horezmşa Kutbeddin Muhammet bu taryhy wakany biläýeninde-de, onuň bergidarlyk duýgusyndan Kir kimin dynmaga mümkinçiligi ýokdy. Onuň algydary eliniň aşagynda däldi, has belentdedi. Şonuň üçin ol diňe berip oňmalydy. Emma beresi gelenokdy, özi üçin däl, ýurdyň bähbidi üçin beresi gelenokdy. Galyberse-de, ol Horezminiň tagtyna eýe bolmagyny pelek işidir, ykbalyma ýazylandyr, Dadbek Habaşy bolsa Allanyň eradasyny ýerine ýetirijidir diýip düşünýärdi. Onsoňam ýaňy-ýakynda özi Yspyhanyň tabynlygyndaky ülkäniň häkimi bolup, soltanyň öňünde gol gowşuryp duran adamyň indi ülkesini özbaşdak eden bolup, Horezmine-de agalyk etjek bolýanyna pisindi oturanokdy. Wekil gutlagnamany okap bolup, ony öňküsi ýaly dolady-da, iki elläp Horezmşanyň eline berdi. Soňra torbasyndan çykaran gymmat bahaly zerbap dony, ýakut, zümret daşlar bilen bezelen gaýyş kemeri eline alyp, Horezmşaga ýüzlendi: - Hezreti Alylary, Size emirimiz Dadbek Habaşy hezretleriniň hormatynyň nyşany bolan şu teberrik sowgatlary gowşurmaga ejaza beriň! Ol tagtyndan turup özüniň golaýyna gelen Horezmşanyň egnine dony geýdirip, kemeri biline baglady, soňra: - Hezreti Alylary, bagtyňyz, ykbalyňyz şu zerbap don ýaly hemişe ýalpyldap dursun. Bu keramatly daşlar bilen bezelen kemer bolsa biliňize egsilmez kuwwat bersin!-diýip tagzym bilen yza çekildi. Horezmşa tagtyna oturanyndan soň ikinji wekil öz torbasyndan zer seçekli namazlyk halyny alyp, Horezmşanyň aýagynyň aşagyna ýazyp: -Hezreti Alylary, şu namazlyk halynyň üstünde okan her bir namazyňyz Allatagallanyň dergähinde müň bolup kabul edilsin-diýdi. Soňra goltugyndan gutlagnama ýaly dolanan kagyz çykaryp, ony iki elläp Horezmşanyň eline berdi: -Hezreti Alylary, eliňizdäki iki nusgada ýazylan Horasan bilen Horezminiň hyzmatdaşlygy, gatnaşyklary hakyndaky şertnamadyr. Onuň bir nusgasyna möhüriňizi basyp, ony we onda görkezilen närseniň ýarysyny bizden berip ibermelidigiňizi emirimiz Dädbek Habaşy hezretleri Size duýdurmagy bize tabşyryp goýberdi-diýip, bu wekil hem tagzym edip yza çekildi. Horezmşa wekiliň soňky sözlerine dişini gysyp zordan çydady, emma syr bildirmedi. Ol berip goýbermeli diýen närsäniň möçberini bilmek üçin şertnamanyň birini açdy, ondaky: "Adymyzy hutbä goşmak bilen ýylda otuz müň altyn dinar paç...” diýen setirlere gözi düşende tas gaharyny ýüze çykarypdy, ýene özüni basdy. “Işdäsi ýaman däl ekeni bu Habaşy diýenleriniň. Öň Yspyhana-da munça paç tölenen däldir. Hany, bizem bilenimizi ediberäli, soňunam görübereris” diýip, içini hümleden Horezmşa wekillere garap, makullaýjy manyda başyny atdy. Soňra elindäki kagyzlary tagtyň sag tarapynda oturan büzrük wezire berip, köşk işleri sahybyna buýurdy: -Wekillere serpaýlar ýapylsyn! Emir Dadbek Habaşy hezretlerine niýetlän sowgadymyz hem getirilsin! Salym geçmän öňden taýýarlap goýlan sowgatlary getirdiler. Wekilleriň egnine düýe ýüňünden nepis dokalyp tikilen çäkmenleri atdylar. Emire niýetlenen ýalpyldap duran sur baganadan tikilen içmegi ak ýüpek mata düwüp çal sakgally wekiliň eline berdiler. Şundan soň Horezmşa wekillere ýüzlendi. -Muhterem wekiller! Biz Sizi mümkinçiligimize görä hezzet etdik. Ýapan serpaýlarymyz az bolsa-da, köpüň ýerinde görüň. Dadbek hezretlerine niýetlän bu kiçijik hedýämizi uly sowgat hökmünde kabul etmegini haýyş edýänimi we köp-köp dogaýy salamlarymyzy ol hezrete aýdyň. Ýöne Siziň şertnamada görkezilen närsäniň ýarysy diýeniňizi Size berip goýbermäge häzir biziň mümkinçiligimiz ýok, ony ýygnamak üçin köp wagt gerek. Şonuň üçin Siz häzir gaýdyberiň. Nesip bolsa, ýylyň aýagyna çenli ýarysyny däl, barysyny-da berjek bolarys. Indi Size rugsat, ýoluňyz ak bolsun! Wekiller bir bozaryp, bir gyzaryp, biri-birine garadylar, soň çal sakgally wekil Horezmşaga ýüzlenip: - Aly hezret, bizi boş gaýtarsaňyz, emirimiz Dadbek hezretleri bir hili görmezmi?-diýdi. Horezmşa çalarak ýylgyryp, arkaýyn gürledi: - Ýok, bir hili görmez. Emiriňiz örän sabyrly, beýik adam. Ol biziň ýagdaýymyza düşüner, ýylyň aýagyna çenli sabyr eder. Sizi, ýol harajadyňyzy, berip, ugradarlar. Ýoluňyz ak bolsun! Horezmşanyň bu sözünden soň wekillere aýdara zat galmady. Olar däbe görä başlaryny egip, götin basyp, çykyp gitdiler. Wekiller çykandan eýwanda janlanyş başlandy. "Berekella, Aly hezret, oňardyňyz!” diýip biri seslendi. Emma başga biri: “Aly hezret, häzir-ä oňaryşyňyza oňardyňyz, ýöne ýylyň aýagy-da geler alty-ýedi aýdan” diýdi. Horezmşa tagtyndan turdy, bir elini galdyrdy, gowur ýatdy: -“Almany asmana at, ýere düşýänçe ýa pelek” diýipdirler. Ýedi aý hem az möhlet däl. Meniň pikirimçe şu wagtyň içinde Mälik şanyň ogullary Barkýaruk, Sanjar birigip, Horasany Habaşa berip goýmazlar. Horezmşanyň bu delili adamlary kanagatlandyran bolmaly, köpleri başlaryny atyp: “Dogry, Aly hezret hak aýdýa” diýişdiler. Şundan soň şanyň rugsady bilen baş hajyp we büzrük wezirden başga adamlar işli-işine dargaşdylar. Horezmşa olaryň ikisi bilen döwletiň öňünde duran möhüm meseleler barada uzak oturyp maslahatlaşdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |