07:11 Gürgenç / 2-nji kitap -9 | |
IX BAP
Taryhy proza
Ony dogran zenanyň aýdany deý dünýä inmegi aňsat bolmadyk adam Allanyň eradasy bilen dünýä indi. Ýaş çaga uly ady göterip bilmez diýen yrym bilen ilki oňa ýönekeýje Atsyz diýen ady dakdylar. Taryha bolsa Al Mälik Abu Müzäffär Ala ad-Din Jelal ad-Din Atsyz diýen at bilen giren Anuşteginler nesilşalygynyň zeberdest şalarynyň biri bolan bu adam Horezminiň garaşsyzlygy ugrunda aýgytly göreşler alyp bardy. Emma... Emmasyny soň beýan ederis, häzir bolsa beýany bir başdan başlabereli. Dünýä inen güni ony eline alyp: “Ömrüň uzak bolsun, bagtyň, ykbalyň hiç haçan egsilmesin, oglum!” diýip, maňlaýyndan ogşan pederi, ol 29 ýaşa ýetende, dünýäsini täzeledi. Otuz ýyllap adalatly höküm süren, ylymly, ötgür zehinli pederiniň terbiýesini alan, onuň durmuş ýoluny özüne sapak edinen mirasdüşer ogul sene 522-nji hijride ( 1127 ) Horezminiň tagtyna oturdy. Pederi ony öz wagtynda özi tälim alan medreselerde okadyp, bilimli, ylymly, hemmetaraplaýyn kämil ynsan edip ýetişdiripdi. Öýli-işikli edipdi. Ömrüniň soňky ýyllarynda ondan bolan bäş, alty ýaşly iki ogul agtygy: İl-Arslan bilen Süleýmanşany her haýsyny bir dyzynda oturdyp, söýgülemek nesip edipdi oňa. Bir sapar atasynyň sag dyzynda oturan Arslanjyk onuň indi mazaly agaran sakgalyny sypap: -Ata, sen patyşamy?-diýip, atasynyň ýüzüne garamyk ýaly garagyny dikdi. -Ýok, men çopan, oglum. -Sen goýun bakaňog-a. -Men adamlary bakýan. -Näme berip bakýaň? -Adamyň iýýän zatlaryny. -Aldaýaň, sen çopan däl, patyşa. -Ony saňa kim aýtdy. -Enem aýtdy. Enekämem aýdýa. -Bäh, olar bilýän ekenow meniň patşadygymy. -Patyşa bolsaň gowymy? -Özüň gowy bolsaň gowy. -Onda menem patyşa boljak, ata. -Ata, menem boljak patyşa-diýip, çep dyzynda oturan Süleýmanjyk çasly seslendi. Entek sada düşünjeli, ak ýürekli bu oglanjyklaryň sözleri Kutbeddin Muhammedi iňkise batyrdy: “Bir zada iki adamyň göz dikmegi arada erbet duşmançylygy döredýändigi ikuçsyz. Ylaýta-da ol zat täji-tagt bolsa. Häzir onuň öňünde, iki dyzynyň üstüne sygyp oturan bu oglanjyklar erte ulalyp, ata çykanlarynda bir ýurda sygarlarmyka? Ýa-da täji-tagt dawalaşyp, biri-birine gylyç götermekden hem... Ýok, Alla saklasyn!” -Ata, geplesene, nämä gepläňok?-diýen Arslanjygyň sesi onuň pikirini böldi. Ol: -Iki adam deňine patyşa bolup bolmaýar. Siziň biriňiz patyşa bolsaňyz biriňiz onuň kömekçisi bolmaly. Şeýdip agzybirje ýaşamaly. Ana şonda hemme zat gowy bolýa-diýdi. Atasynyň bu pendi ulalanlarynda olaryň hakydasynda saklanarmyka?... *** Atsyzyň kakasynyň dyzynda oturan iki oglundan başga-da iki ogly: Atlyk atly iň ulusy, Hutaý han diýen iň kiçisi hem bardy. Dört ogluň kakasy bolan Atsyzyň özü-de entek kakasynyň ygtyýaryndaky oguldy, inileri Ýusup we Inaltegin bilen kakasynyň hyzmatyndady. Ol diňe kakasynyň däl, Horezm indi Merwiň garamagyndaky ülke bolany üçin soltan Sanjaryň hem hyzmatyndady. Merwden kakasyna berilýän tabşyryklaryň köpüsini ol ýerine ýetirýärdi. Bu bolsa oňa birneme ýokuş degýärdi. Ahyr bir gün ol göwnündäkini diline çykardy: -Biz haçana çenli Merwe paç bermeli? Haçana çenli Soltan Sanjaryň aýdanlaryna “lepbeý” diýip gezmeli, kaka?! Horezmin geçmişde garaşsyz beýik döwlet bolan. Biz onuň beýikligini gaýtadan dikeltmegimiz gerek. Kütbeddin Muhammet men diýen ýigit ýaşyna ýeten oglunyň ýüzüne dykgatly seretdi. Atsyzyň göwnünde beýle arzuwuň, niýetiň bardygy ony bir hili geň galdyrdy. Çünki onuň özi Soltan Sanjara juda wepaly bolup, soltanyň garşysyna gitmek diýen zat hiç haçan serine gelmändi. -Gatyrak gidýäň-ä sen. Eger soltan biziň şeýle niýetimiziň bardygyny bilse, näder öýdýäň, biziň ýogumyza ýanar. Eger şu niýeti amala aşyrjak bolup, herekete geçsek, Horezminiň külüni göge sowurar. Şonuň üçin bu pikiriňi seriňden aýyryp taşla, oglum. - Men bu işi häzir edeli diýmedim-ä, käkä. Assa-ýuwaş güýjimizi deňläli, belki onuňkydan hem agdygyrak ederis. Onsoň... - Bes et!-diýip Kutbeddin Muhammet Atsyzyň sözüni böldi.-Bize beýle mümkminçilik bermezler. Bu ýerde soltanyň, gör, näçe jansyzy bar. Biz goşuny gereginden artyk güýçlendirip başlasak derhal oňa habar ýetirerler. Bardy-geldi güýjüňi deňäp, meýdana çyksaň, bu söweşde näçe müňläp adamlary gyrgyna bermeli bolar. Şeýle ýitgi bilenem ýeňiş gazanyp bilmesek, häzirkimizden hem beter güne düşeris. Soltanyň mährinden mahrum bolarys. Dostumyz duşmana öwrüler. Häzir bolsa soltanyň howandarlygynda ýurdumyz asuda. Hiç kim oňa göz dikip bilmeýär. Soltanyň güýç-gudratyndan çekinýärler. Şonuň üçin uly gandöküşligiň öwezine geljek garaşsyzlyk gerek däl. Men-ä öz döwrümde seniň aýdanyňa ýol bermen. Menden soň saňa-da ol işi maslahat bermeýärin. *** Horezmşa Kutbeddin Muhammediň ogly Atsyz bu maslahaty ümsüm oturyp diňläpdi. Emma Horezmşa Atsyz bolsa bu maslahaty düýbünden unutdy. Onuň gije-gündiz oý-hyýaly özbaşdaklyk we beýiklikdi. Ol bu pikirini yzly-yzyna ýigit ýetip gelýän ogullarynyň hem beýnisine siňdirmeklige çalyşýardy: -Biz ömrümiz ötýänçä Soltan Sanjara gulluk edip gezmeris, ogullarym. Men ony ilkinji sapar görenimde şeýle adama paç berip, gulluk edip ýörenimize haýpym geldi. Biz onuň bilen ir-u-giç bir ýanly ederis-diýip, ol entek Soltan Sanjar bilen çaknyşyp görmedik wagtynda çalarak güpläpdi. - Kaka, Soltan Sanjara ilki haçan duşdyňyz, ol nähili adam eken?-diýip, kiçi ogly Hytaý han bilesigelijilik bilen sorady. Atsyz soltan bilen şol ilkinji duşuşygy ýadyna düşüp, kinaýaly gülümjiredi: - Haýsy ýyldadygy şu wagt ýadymda ýok, öz-ä tomsuň jöwzasy gaýdyşyp güýzüň başlanan bir güni pederim meni huzuryna çagyrdy, ýüzüme dykkatly seredip durdy-da: -Oglum Atsyz, sen indi başga hökümdarlar bilen duşuşyp, gepleşikler geçirmäge ýaraýan ýaşa ýetdiň. Şu ugurda saňa ilkinji tabşyrygym: Merwe her ýylda berilýän pajy eltersiň hem-de bir mesele boýunça gepleşip gelersiň. Mesele diýýänim, özüňüň hem habaryň bar, ilerimizdäki göçmençi taýpalar biziň çetiräkdäki obalarymyza çozuş edip, alamançylyga başladylar. Biz şolaryň üstüne goşun çekip, temmisini bermesek bolmaýar. Ine şuňa soltanyň razylygyny almaly bolýar diýdi kakam. Men pederimiň şunuň ýaly işde-de soltana tabynlygyny bildirýänine gaharym gelip: -Muňa soltanyň razylygy näme gerek, kaka!-diýdim-Maňa goşuny beriň, özüm olary Horezmin tarapa gaňyrlybam seretmez ýaly ederin. Pederim maňa ýaman göz bilen garady: -Hälem ýagşy “Kül ederin”, “Külüni göge sowraryn” diýmediň. Birneme şepagatly geplediň-diýdi kinaýa bilen. Soňra: -Sen ýene meni soltanyň garşysyna gozgajak bolýaňmy?! Ol ýerler soltanyň gol astyndaky ýurtdugyny bileňokmy?! Ondan birugsat ol ýere goşun çekmeklik ony hasap etmezlik bolýar-a. Sen şuňa düşüneňokmy?! Bar, ýol şaýyňy tut-da, ýola düşüber-diýip, bir dem sägindi, soňra: -Sag-aman baryp gel, ýoluň ak, ýoldaşyň hak bolsun!-diýdi. Şol günüň ertesi irden pederimiň ak patasyny alyp, ýanymda on iki sany serbaz bilen ýola düşdüm. Merwe ýetip barýançak men bir näçe günüň dowamynda soltan bilen duşuşanymda özümi nähili alyp barmalydygym, nähili edep saklap gepleşmelidigim barada oýlanyp, barşyma, entek onuň bilen ýüzme-ýüz bolmankam, onuň dabarasy dag aşan beýik soltan diýen ady sustumy basýardy. Emma onuň huzuryna girip, tagzymdan başymy galdyranymda, öň göz öňüme getirýänim: giň maňlaýly, nurana ýüzli, haýbatly soltana derek garaýagyz ýüzüni mama dişlän bir adama nazarym düşdi. Şonda “beh, beýik soltan diýýänleri şumy” diýip, içimi çekipdirin. Ol meni gowy garşy aldy: -Hä, geldiňmi Kutbeddiniň zürýady. Kakaň saňa dakmana at tapman Atsyz diýäýipdir öýüdýän-diýip degişdi. Soňra saglyk amanlyk soraşdy. Ýurduň ýagdaýyny, ilatyň güzeranyny, bu ýylky ekin-dikin, alynýan hasyla çenli sorady. Söhbetimiziň soňunda pederimiň sargap goýberen meselesini aýdanymda soltan bir salym dymyp, oýa çümen ýaly bolup oturdy. Soňra kellesini galdyryp, maňa seretdi-de: -Ol milleti men özüm jylawlaryn, kakaň ol ýere goşun çekip, gandöküşlik edip ýörmesin. Ýakyn günlerde maňa onuň kömegi gerek bolar. Şonuň üçin goşunyny bäri, Horasana çekmeli bolar. Gerek wagtynda habar ederis-diýdi. Merwde üç gün dem-dynjymyzy aldyk. Gaýtmak üçin soltandan rugsat soramaga onuň huzuryna girenimde, ol güler ýüz bilen rugsat berdi, kakama salamyny ýetirmegimi sargady. Soňra: -Şazadanyň serpaýyny getiriň!-diýip buýruk berdi. Bir gymmat bahaly dony getirip, egnime geýdirdiler. Don näçe gymmat bolsa-da, meniň elten otuz müň dinardan ybarat pajyň ýanynda hiç zat däldi. Şeýle-de bolsa, men däbe görä, serpaý üçin minnetdarlyk bildirip, tagzym etdim. Şundan soň soltanyň ak patasyny alyp, ýola düşdik. Ýurda gaýdyp gelenimden pederime Merwde bolan gep-gürrüňleri, soltanyň bizden harby kömek soramakçydygyny aýdyp berdim, salamyny gowşurdym. Haçanda soltanyň görnüşine, keşbine pisindimiň oturmandygyny aýdanymda pederim: -Adamyň daşky görnüşine garap baha berip bolmaýar-diýip, pederim kellesini ýaýkap gülümjiredi - Sen ýalňyşýaň, oglum. Soltan Sanjar bütin dünýäde parasatly hökümdar, söweş tälimini bäş barmagy ýaly bilýän ezber serkerde hökmünde tanalýar. Ol örän erjel, gaýduwsyz, batyr adam. Pederimiň Soltan Sanjara beren bahasyny ümsüm diňledim, emma içimden onuň aýdany bilen razylaşmadym: -Taryp edişiňiz ýaly soltan söweş tälimini bäş barmagy ýaly bilýän beýik serkerde bolýan bolsa Sizden näme üçin kömek sorajak bolýar?-diýdim. -Söweş tälimini bäş barmagy ýaly bilýän ýeke soltanyň özi däl ahyryn! Onuň garşydaşlary hem bu ugurdan gömük däldirler. Onsoňam, söweşde ýeňiş gazanmak üçin goşun güýjüň hem ýeterlik bolmaly. Şonuň üçin ol saňa “Goşuny bäri çekmeli bolar” diýipdir. Pederimiň bu sözünden Horasana goşun çekip gitmäge taýyndygy bilinip dursa-da soradym: -Eger çagyrsa gitjekmisiňiz? -Soltan kömege çagyrsa gitmän bolýamy, gideris. Bu birinji sapar däl, sen entek ýaş wagtlaryňda Seljuklaryň arasyndaky çaknyşyklarda, beýleki garşydaşlary bilen bolan uruşlarda soltana kömege baran wagtym az bolmady-diýip, soňunda Togrulteginli wakany ýatlady. -O nähili waka, kaka?-diýip, atasy hakyndaky gürrüňleri juda gyzygyp diňläp oturan Hytaý han ýene sorag berdi. -Sen meni ýene gepletjeg-ow. Bolýa, şu wakany hem aýdyp bereýin, oňa çenli huptan namazynyň wagty hem bolar-diýip Atsyz gürrüňe başlady: -Togrultegin diýen adam ataňyzdan öň Horezmine hökümdarlyk eden Ekinçi ibn Koçkar atly adamyň ogly. Ol ataňyz tagta çykan güni özünden howp edip, Gürgençden gaçyp gidýär. Ýyllar geçip, ol özüne goşun toplaýar. Ataňyz leşgeri bilen Horasana soltana kömege gideninden peýdalanyp, ol ýurda girýär, Gürgenji gabaýar. Ol galanyň üstünde duran serbazlara ýüzlenip: -Eý byradarlar! Men Horezminiň öňki kanuny hökümdary Ekinçi ibn Koçkaryň ogly Togryltegin iben Ekinçi. Horezminiň tagty maňa ata miras bolmaly. Kutbeddin Muhammet kanuny patyşa däl. Ol Mälikşanyň gulunyň ogly. Derwezäni açyň! Men tagta çyksam halkymy hemme taraplaýyn goldaryn. Eşretli durmuşa ýetirerin!-diýip sesiniň ýetdiginden gygyrypdyr. -Aý, seniň kakaňdan-a gowuluk görmändik, Senem şondan artyk bolmarsyň. Derweze saňa açylmaz. Wagtyň barynda gelen ýoluň bilen gaýt, ýogsam Horezmşa Kutbeddin Muhammet hezretleri ýetip gelse, külüňizi çykarar-diýip, galanyň üstünde duranlaryň biri jogap beripdir. Şundan soň ol şäheri güýç bilen almak üçin synanyşypdyr. Bu habar ataňyza Horasandan gaýdyp gelýärkä ýolda ýetipdir. Ol Togrultegin uly goşun bilen gelen bolsa özümiziň güýjümiz ýetmez diýen pikir bilen soltandan kömek soramakçy bolýar. Emma kömegiň tizarada gelip ýetmejegini oýlanyp, Gürgenje tarap haýdap gaýdýar. Şähere golaýlap geleninde goşuny saklap bir emirini, ýanynda iki serbaz bilen Togrultegine ilçi edip iberýär. Ilçi Togrultegine Horezmşanyň gandöküşlik bolmazlygy üçin gabawy aýryp, ýurtdan çykyp gitmegini teklip edýändigini aýdanynda Togrultegin: "Eger Kutbeddin Muhammet gandöküşligiň bolmazlygyny hakykatdan hem isleýän bolsa, özi maşgalasyny alyp, ýurtdan çyksyn. Horezminiň tagty maňa ata miras, onuň haky ýok” diýýär. Ilçiniň alyp gelen bu habaryndan soň söweşe girmekden özge çäre galmaýar. Ataňyzyň goşuny Togrulteginiňkiden azrak hem bolsa, urşujylarynyň gaýduwsyzlygy, özüniň jeňde gatnaşyp, görkezen batyrlygy duşmanyň goşunyny ýeňlişe sezewar edýär. Togrultegin derbi dagyn bolan leşgeriniň aman galanlary bilen gaçyp, ýurtdan çykyp gidýär. Şundan soň ataňyz soltana ikinji çapar gönderip, kömegiň gerek däldigini, duşmany öz güýji bilen ýurtdan çykaryp kowandygyny habar berýär. Togrulteginiň üstünden gazanylan bu ýeňiş ataňyzyň abraýyny soltanyň nazarynda ýene-de belende göterýär. -Onsoň näme bolýar, kaka?-diýip, Hytaý han ýene sorag berdi. Ata çykmaga ýarap barýan oglunyň ýaş çaganyň soragyna meňzeş sorag berşine Atsyz kellesini ýaýkap güldi-de: -Onsoňmy, onsoňam bolan zat kän. Häzir bolsa huptan namazynyň wagty boldy, hany turuň! Horezmşa Atsyz ogullarynyň öňünde ymam bolup, huptan namazyny okap, soňky sejdeden başlaryny göterenlerinden soň yzyna öwrüleninde hatar oturan biri-birinden dogumly dört ogluna seredýärkä birden dörän buýsanjyny kalbyndan kowup bilmedi. Ol: -Astagfurylla, astagfurulla-diýip, ýakasyny tutup, içine tüýkürdi, soňra namazyň yzyndan okalýan aýatlary okap, Allatagala hamdu-senalar aýtdy. Şazadalar atalary hakyndaky gürrüňiň dowamyny diňlemegi isläp, gozganman oturdylar. -Kaka, ýaňy ondan soňam bolan zat kän diýdiňiz, şolardanam birazrak gürrüň beräýseňiz-diýip, bu sapar kakasyna Il- Arslan ýüz tutdy. Atsyzyň özi-de ogullarynda aslyna bolan buýsanjy artdyrmak üçin pederi hakyndaky gürrüňi dowam etdirmekçidi. -Bolýa, ogullarym, gije uzak, men size isläniňizçe gürrüň bereýin, ýöne gulagyň garny ýok, ony doýryp bolmaýar - diýip gülümjiredi. -Bu gün gulagymyz çalarak doýsa-da bolýa, kaka-diýip, Hytaý han bälçiredi. -Tüweleme, sen şu gün mendenem köp geplediň. Atlyk bilen Süleýmanşa ýeke agyz hem geplänoklar, olaryňam gep paýyny sen alaýypsyň öýüdýän-diýip, Atsyz kiçi ogluna degişdi. Uly ogly Atlyk: -Süleýmanşa bilen ikimiz gepländen diňlän gowy diýip otyrys-diýdi. Atsyz başyny atyp ýylgyrdy: -Tüweleme, bu salyhatlylygyň alamaty. Indi men size Horasana baryp, soltan bilen duşuşyp gaýdanymdan soň bolan wakalary gürrüň beräýeýin. Men Horasandan gelenimden soň aradan bir aý geçip-geçmän, pederim: -Atsyz, soltan kömege çagyryp, çapar gönderipdir. Meniň bilen gidermiň?-diýip, ýüzüme dykgatly seretdi. Men: -Patyşalar soramaýarlar, emir edýärler dälmi, Siz emir etseňiz, emriňizi berjaý etmek meniň borjum-diýdim. Pederim: -Berekella, gepiň-ä tapyp aýtdyň-diýdi. -Seni alyp gitmekçi bolýanymyň sebäbi: sen indi ýigit ýetdiň, söweş tälimini öwrenmegiň, jeň diýen zady gözüň bilen görüp, ýüregiňi beketmegiň gerek. Çünki sen menden soň köp söweşler etmegiň mümkin. Pederim aýtmasa-da, bu meniň arzuwymdy. Söweşlere gatnaşasym, gahrymanlyk görkezesim gelýärdi. -Kaka, kim bilen, nirede söweş ediljek?-diýip, bilesigelijilik bilen soradym. Pederim kellesini ýaýkap: -Muny menem bilemok. Soltan öňem öňünden aýtmaýardy. Aýdylan ýere barandan soň bileris. -Barmaly ýerimizi bilýänsiňiz-le, kaka. -Bilýän, ony aýdyp goýberipdir. Merwden soňam ýene şonça ýol, Sawe şäherinden bir günlik bäridäki ýer. Şeýdip, 513-nji ýylyň tomsynda agyr goşun bilen ýola düşdik. Birnäçe günüň dowamynda uzak ýoly söküp, menzile ýetip baran goşunymyz öňümizden çykan soltanyň adamlarynyň görkezen ýerinde goş taşlady. Bu ýere Merwden soňam iki hepde ýol ýöräp geldik. Pederim bilen meni Soltanyň çadryna alyp gitdiler. Onuň goşuny hem çadyrynyň öňündäki uly meýdany tutup ýatyrdy. Şahana bezelen çadyryň töründe aramkürsüde oturan Soltan Sanjar bizi gyzgyn garşylady, mähirli soraşdy, soňunda maňa üm edip, pederime: -Bu dogmaňam alyp gaýdypsyň-ow. Dogry edipsiň, jeň görsün, gan görsün, bekesin. Häzir munuň tüýs gylyç oýnatmaly wagty-diýdi. Soňra naz-nygmatly saçagyň başynda soltan bilen pederim gürrüňi dowam etdirdiler. Menem ýaňy Atlygyň aýdany ýaly gepländen diňlän gowy diýip, olaryň gürrüňini üns berip diňläp oturdym. Soltanyň pederime berip oturan gürrüňinden onuň garşydaşy ýat bir kimse bolman, özüniň ýegeni Soltan Mahmyt ibn Muhammetdigini aňdym . Seljuklaryň biri-biriniň ganyny dökmäge taýýardygyna ilki düşünmedim, bir salymdan soltanyň gürrüňiniň arasynda: - Soltan Mahmyt soňky wagtda bizi äsgermän, gaty hetdinden aşdy. Ol özüniň soraýan sebitleri bilen kanagatlanman, merkezi häkimýeti eýelemek hyýalyna münüp ýöräni maňa mälim boldy. Şonuň üçin oňa bir göz görkezip goýmasak bolmady-diýeninden soň mesele aýdyň boldy. Biz şol ýerde üç gün bolduk. Şu wagtyň içinde soltan bilen pederim iki goşunyň hem serkerdelerini çagyryp, ertirki söweşiň rejesini ara alyp, maslahatlaşdylar. Her iki goşunyň sag, sol ganatlaryna, merkezi toparlaryna başçylyk etmeli serkerdeleri bellediler. Ätýaçlyk toparlar nirede bolmaly, biziň Horezminiň goşuny haýsy tarapdan hüjüm etmeli, gepiň gysgasy, söweşi alyp barmagyň ähli tärini biçip goýdular. Maňa bolsa hiç bir emel ýetmedi, hiç bolmasa onbaşy edip hem goýmadylar. Meşweret gutaransoň men pederime närazylygymy bildirenimde, ol: -Bu sapar sen söweşe gatnaşmarsyň. Soltanyň söweşe gözegçilik edýän depesinde senem jeňiň gidişini, urşujylardan kimiň nähili gylyç urşuny, naýza işledişini synlap durarsyň, öwrenersiñ-diýdi. - Men bu zatlary harby maşklarda öwrendim, ahyryn-diýdim. - Maşk başga, söweş başga!-diýip pederim bir salym dymdy-da: - Bardy-geldi, jeňde kazam ýetse, täji-tagtyma sen eýe bolarsyň. Soltan eglenmän sen hakda perman çykarar. Onuň bilen bu hakda gepleşildi. Pederimiň bu sözüne bir hili boldum: - Ýok, kaka, beýle diýme! Gowysy senem söweşe girme-diýdim. - Girmesem bolmaýar. Soltanyň özüi-de, leşger bir neme asgynlyk etjek bolsa urşujylaryň ruhuny götermek üçin söweşe girýär-diýip, pederim bu gürrüňe nokat goýdy. Men gol gowşuryp pederimiň çadyryndan daş çykdym. Günuzyn zemine gyzgyn howruny pürküp, indi gözýetimiň aňyrsyna çümüp barýan Günüň al-elwan şapagy entek jahany ýagtyldyp durdy. Howanyň yssysy gündüzkisinden biraz tapawut edýärdi. Bu-da demirgazykdan ýuwaşja öwüsýän şemalyň hasabynady. Gözýetime çenli meýdany tutup ýatan leşger şapagyň ýagtysynda örän uly güýç bolup duýuldy maňa. Öz çadyryma tarap barýarkam leşger tarapa ýene göz aýlap; “Bu güýç bilen dünýäni zabt etse bolar” diýip içimi gepletdim. Emma ertesi söweş meýdanyna çykanymyzda garşymyzdan ýer süýşen ýaly bolup gelýän sansyz leşgere gözüm düşende, dünýäni zabt etmek bärde dursun, garşydan gelýän goşunyň üstünden ýeňiş gazanmak hem hylalla bolup duýuldy maňa. Men pederimiň aýdyşy ýaly soltanyň gözegçilik depesindäki adamlaryň arasyndadym. Hemmämiz at üstündedik. Pederimiň özi bolsa goşuny bilen yzdady. Bu bolsa meniň pederim üçin howatyrymy birneme köşeşdiripdi. Garşydan gelýän leşger ses ýetime gelip aýak çekdi. Soltan ýanynda duran hajybyna: -Ol gepleşmekçi öýdýän. Baryň. Eger gandöküşligi islemeýän bolsa, pälinden gaýdanyna kasam etsin hem-de biziň we Horezminden çagyran leşgerlerimiziň ýol harajady üçin otuz müň dinar tölesin-diýdi. Hajyp soltana baş egip, ýanynda iki adam bilen garşydaky goşun tarapa at salyp gitdiler. Bardylar. At üstünde durup, gepleşdiler. Emma köp saklanmadylar, ýene at salyp yzyna dolandylar. Hajyp gelip, at üstünde soltana başyny egip, habaryny aýtdy. -Kyblaýy älem, soltan Mahmyt maňa seniň bilen gepleşmeýän, soltanyň özi gelsin-diýdi. Soltan Sanjaryň gaharyna ýüzi üýtgäp gitdi. -Ýene näme diýdi?!-diýip, boguk ses bilen gygyran soltan, göýä hajyp günäkär ýaly, ony gözi bilen iýäýjek boldy. - Meniňem soltanyňa aýtjak zatlarym bar, özi gelsin-diýdi. - Men barmalymy. Ol deýýusyň ýanyna! Ine barmaly bolsa bararys. Söweş nagaralary kakylsyn!-diýip Soltan belent ses bilen emir etdi. Kernaýlar çalnyp nagaralar kakylanda leşger öňe ömzady. Hä diýmän iki tarap garpyşdy. Ine şonda meniň gözümiň öňünde jeň diýilýän, söweş diýilýän elhenç hadysa peýda boldy. Gylyçlaryň şarkyldysy, urşujylaryň gohy, ahy, çirkin sesler gulagyňy kamata getirýärdi. Käbir kelleleriň göwresinden pyzylan kädi ýaly togalanyp gidişine gözüm düşende söweşlerde gahrymançylyk görkezmek baradaky öňki islegimden öz kellämi aman saklamak islegi rüstem geldi. - Çyndanam gorkduňyzmy, kaka?-diýip kikirdäp gülen Hytaý han pederiniň sözüni böldi. Atsyz güldi, oňa goşulyp beýleki ogullaram güldi. - Aý näme, gorkagy köp kowsaň batyr bolar diýipdirler. Menem bu zatlary göre-göre batyr boldym öýüdýän. Ýöne söweşde “gözsüz batyr” diýenleri uzaga gitmeýär, gorkak batyr bolmaly, kelläňi duşmanyň gylyjyndan gorap, zarba urmaly. Eý ogullarym, zamanamyz uruşlar, jeň-jedeller zamanasy. Entek sizlerem mundan çetde galmarsyňyz, wagty gelip, jeňlere girmeli, söweşmeli bolarsyňyz. - Ol söweşiň soňy nähili boldy, kaka? Atamyz hem söweşe goşuldymy?-diýip, Atlyk sorady. -Soňunda Mahmudyň goşuny derbi-dagyn edildi, özi gaçyp gutuldy. Ýeňiş ataňyzyň hemaýaty bilen gazanyldy. Duşmanyň sag ganaty güýçlidi. Ataňyz şu güýçli tarapyna hüjüme geçip, duşmany has asgynlatdy. Şundan soň duşman goşuny ýeňlişe sezewar boldy. Merwe gelenimizde soltan ýeňşi uly dabara bilen belledi. Dabaradan soň ýurda gaýdarman bolanymyzda soltan eden kömegimiz üçin uly minnetdarlyk bildirip, ataňyza, maňa-da gymmat bahaly serpaýlar ýapdy. Egnime serpaý dony geýdirýärkä özümi bir hili oňaýsyz duýdym. Meniň bu ýagdaýymy aňan soltan: -Atsyz, “Maňa näme serpaý” diýip gysynma. Gadym Eýranda öýlere aýlanyp, adamlaryň odunyny aýryp berýän günlikçiler bolýan eken. Olaryň odun aýyrýany her sapar palta uranynda ýanyndakysy “hah!” diýip durýan eken. Şonda odun aýrana on teňňe, ýanynda “hah!” diýip durana-da on teňňe berýän ekenler. Sen gylyç urmasaňam içiňden bolsa-da “hah!” diýip duransyň-diýip, degişip güldi. Ol bu degişmäni meniň söweşe goşulmandygymy ýaňzytmak üçin aýtdymy ýa-da ýöne maňa degişesi geldimi, bilmedim. Emma ataňyzyň onuñ bu degişmesini halamandygyny ýüz-gözünden aňdym. Men-ä onuň özüni öňden halamaýardym. Eger ol maňa bir däl, müň serpaý ýapsa-da, oňa bolan garaýşym üýtgemezdi. Bu söweşden soň ataňyzyň abraýy soltanyň öňünde has belende galdy, ol onuň iň ýakyn, ynamly adamlarynyň birine öwrüldi. Muny-ataňyzyň soltanatdaky agramyny goňşy ýurtlaryň hökümdarlary hem bilýän bolmaga çemeli. Olaryň käbirleri Soltan Sanjara haýyşlary bolsa, ataňyzyň üsti bilen bitirmäge çalyşýardylar. Şeýle hökümdarlaryň biri Samarkandyň patyşasy Muhammet Arslan han ýanynda wezir-wekilleri, gymmat bahaly sowgat-salamlary bilen uzak ýoly söküp, Gürgenje geldi. Ataňyz ony kabul edeninde köşkde menem bardym. Gadyrly salamlaşyp soraşdylar. Myhmanlaryň hormatyna giňden saçak ýazyldy. Arslan han bir hili aladaly görünýärdi, saçak başynda-da açylyp oturmady. Onuň bir ýumuş bilen gelendigini aňyp oturan ataňyz oturlyşygyň soňunda: -Gadyrly myhmanlar, bizlik ýumuşyňyz bolsa aýdyp oturyň-diýdi. Şundan soň Muhammet Arslan han dil ýardy. -Muhterem, gadyrdan Kutbeddin Muhammet hezretleri, biz bir möhüm haýyş bilen geldik. Soltan Sanjar hezretleriniň biziň üstümize ýörüş etmek üçin taýýarlyk göräýndigini eşitdik. Eger ol Mawarannahyra goşun çekip geläýse uly gandöküşlik bolar. Sizden şu gandöküşligiň öňüni almagyňyzy towakga edýäris. Soltany bu raýyndan gaýtarmak diňe Siziň eliňizden gelýändigini bilenimiz üçin Size ýüz tutmagy makul bildik. - Soltan ýöne ýere üstüňize goşun çekjek däldir, sebäbi bardyr. Sebäbini bileňizokmy?-diýip ataňyz Arslan hana dikanlap garady. Arslan han birden jogap berip bilmän, ýanyndaky adamlaryna bir-bir garady. Ol kime seretse, seredeni kellesini aşak saldy. -Aý, sebäp diýer ýaly uly bir sebäbem ýok-la - diýip, Arslan han ardynjyrady, soňra - kimlerdir baryp, soltana biziň üstümizden raýatlaryň adyndan şikaýat edipdirler. Sebäbi şumy ýa bu bir bahanamy, bilmedik-diýdi. -Bahana däldir, han. Soltan bir iş etjek bolsa bahana gözläp oturmaýar. Raýatlaryň adyndan şikaýat edilen bolsa Siz adalat ýörelgesinden sowulansyňyz-diýip, ataňyz oňa temmi beriji äheňde aýtdy. -Tutuş ýurtda adalaty saklamak diňe bir hökümdaryň elinde däl, welaýatlardaky emeldarlaryň hem adalaty bozmaklary mümkin dälmi?-diýip Arslan han özüni aklamaga çalyşdy. Ataňyz bir salym oýa çümüp, dymdy. Soňra Arsalan hana göni seredip, gepledi: -Han, men Siziň şu sözüňize jogap hökmünde bir rowaýat aýdyp bereýin, diňläň - diýdi.- Gadymda bir hökümdar ölüm düşeginde ýatanynda ogluny ýanyna çagyrypdyr. Ol: “Oglum men indi dünýämi täzelemeli bolup durun. Täji-tagtym saňa galýar. Meni jaýlanyňdan soň ýedinji gije düýşüňe girip, ýurdy nädip dolandyrmalydygyňy düşündirerin” diýipdir-de jan beripdir. Ogly ýedinji gün huptan namazyny okap, pederi bilen düýşünde duşuşmak üçin hemişekisinden irräk ýatypdyr. Emma pederi wadasynda tapylmandyr, düýşüne girmändir. Ogul şundan soňam her gün pederiniň düýşüne girmegine umyt edip ýatypdyr. Aýlar, ýyllar geçipdir. Ahyryn, ýedinji ýylyň bir gijesi pederi oglunyň düýşüne giripdir. Ogly: “Kaka, näme üçin aýdan wagtyňda, ondan soňam gelmediň? Men saňa köp garaşdym” diýeninde, pederi: “Oglum, ýurduň gaýrasyndaky uly ýabyň köprüsinde bir deşik bar eken, raýatlarymyzyň biri şol köprüden goýunlaryny sürüp geçip barýarka bir goýnunyň aýagy şol deşige girip gidip döwlüpdir. Men ýedi ýyl ana şonuň jogabyny berip bilmän eglendim” diýipdir. Ataňyz rowaýaty şu ýerinde tamamlap, Arslan hanyň ýüzüne synçy nazaryny dikdi. Han ýüzüni aşak salyp: “Düşündim, Hezreti alylary- diýdi. Ataňyz şundan soň oňa soňky sözüni aýtdy: -Muhterem Han, men Siziň haýyşyňyzy, enşalla, bitirerin. Emma mundan soň ähli welaýatlaryňyzdaky “köprüler” abat bolsun. Arslan han başyny egip, ataňyza çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Iki gün dowam eden hezzet-hormatdan soň myhmanlary ýurduna ugradyp, ataňyzyň özi-de Merwe - Soltan Sanjaryň huzuryna ugrady. Ol özüne ynamy bolmasa Arslan hana “Siziň haýyşyňyz, enşalla bitirerin” diýip aýtmazdy. Ol aýdyşy ýaly sözüniň üstünden çykyp, Gürgenje sag-salamat dolanyp geldi. Soltan Sanjar bolsa Arsalan hana Horezmşanyň haýyşy boýunça günäsini geçýändigini mälim edip nama ýollapdyr. Soltanyň namasyny alan badyna Arsalan han ataňyza sowgat-salamlar bilen teşekkürnama iberdi. Ine ogullarym, ataňyz şeýle ynsanperwer, diňe öz halkyna däl, başga halklara-da elinden gelen ýagşylygyny aýamaýan beýik adamdy. Siz şeýle atanyň nebereleri bolanyňyza buýsanmalysyňyz. Menem şeýle beýik adamyň perzendiligime buýsanýaryn. Ine on ýyl bäri pederimiň soltan Sanjara wepalylyk däbini saklap gelýärin. Ýöne... Ýönesini sözümiň başynda aýdypdym-diýip, Horezmşa Atsyz ogullary bilen eden söhbetini jemledi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |