07:53 Gürgenç / 3-nji kitap -8 | |
VIII BAP
Taryhy proza
Şazada Tekeşiň gara hytaýlaryň uly goşuny bilen Seýhundan geçendigi, Gyzylgumuň içini söküp, haýdap gelýändigi baradaky habar Gürgenje gelip ýeteninde Soltanşadan beter onuň ejesi Terkan hatyn howsala düşdi. Ol derhal baş serkerde Aýuphan bilen müñbaşy serkerdeleri çagyryp, goşuny gara hytaýlar bilen söweşe taýýarlamalydygyny aýdanynda Aýuphan: - Melikäm, goşunymyzyň gara hytaýlaryň garşysyna çykmaga ýagdaýy ýok. Horasana edilen soňky ýörüşden soň esgerleriň köpüsi öýlerine gitdiler-diýdi. Soltanşa tagta çykaly bäri bir gezek hem goşunyň ýagdaýy bilen gyzyklanmandy, kakasynyň döwründäki güýçli goşundyr öýdýärdi. Aýuphanyň gepinden soň özi-de ejesinden beter howsala düşdi. Ol: - Onuň ýaly bolsa, derhal goşunyň üstüni doldurmak gerek-diýip, buýruk äheňinde aýtdy. - Aly hezret, bu derhal edip bolýan iş däl, munuň üçin köp wagt gerek. Şazada Tekeş bolsa golaýlap gelýär-diýip, müñbaşy serkerdeleriñ biri gepe goşuldy. Eneli-ogul serkerdeleriň gep urşyndan olaryň Tekeşiň garşysyna söweşe çykmak niýetleriniň ýokdugyny aňdylar. -Size köp wagt gerek bolsa, bize az wagt hem ýeterli-diýip, Terken hatyn serkerdelere jogap berip goýberdi. Olar çykyp gidenlerinden soň ogluna: -Biz hazynadan şaýymyzy tutup, Horasana aşmagymyz gerek, oglum. Muaýýid Aý Abanyň güýçli goşuny barmyş. Eger ony öz tarapymyza çekip bilsek, çekerisem altynyň güýji bilen. Onsoň gara hytaýlar gideninden Tekeşiň üstüne ýörüş edip, tagtyňy gaýtaryp alarys enşalla-diýdi. Soltanşa ejem ogly bolmasa-da, ejesi näme diýse şonuň bilendi. Çünki ejesiniň tejribelidigine, başarjaňlygyna ynanýardy. Şonuň üçin ol ur-tut özüne wepaly ýigitlerden ýüze golaýyny at-ýaragy, ýol harajady bilen taýyn edip, hazynadan hem alyp bilenini alyp, ejesiniň başçylygynda Horasan sary ýola düşdi. Tekeş bolsa hiç bir garşylyksyz, gaýtam ilatyň, goşunyň hoşniýetli garşylamagynda gelip, tagty eýeledi. 568-nji hijriniň rebigilowal aýynyň 22-sinde (11-dekabr 1172) Tekeş Horezmşa diýip yglan edildi. Ähli döwlet işgärleri, serkerdeler oňa wepalylyk kasamyny etdiler. Emma kakasynyň döwründäki baş wezir Kawameddin Suhaýl ibn Abdal Aziz al Horezmi gelmedi. Munuň sebäbini bilmek üçin Tekeş ony huzuryna çagyrtdy. -Kawameddin jenaplary, pederimiziň döwründe ikimiziň aramyz juda gowudy. Siz maňa käte gowy maslahatlar berýärdiňiz. Indi näme, men tagta çykanymdan soň maňa şeýle maslahatler berjek dälmisiňiz?-diýip, Tekeş tagtynyň öňünde tagzymdan başyny galdyryp duran baýry wezire ýüzlendi. -Aly hezret, meni bagyşlaň. Indi Siziň hyzmatyňyza geçip, Size maslahatlar bermäge, ahlak nukdaýy nazaryndan meniň hakym ýok. Çünki men Soltanşanyň tagta çykmagynda guramaçy bolmasam-da, onuň baş weziri bolup hyzmat etdim. Şu işlerden soň men özümi ärden aýrylyp, äre baryp ýören messepsiz heleý ýaly duýasym gelenok. Baýry weziriň jogabyna Tekeş açylyp güldi. -Bä, jenap Kawameddin, özüňizi heleýe meňzedeniňiz-ä bir hili boldy. -Eger men Siziň hyzmatyňyza geçsem bir hili däl, şol hili bolýar. Şonuň üçin uzur soraýaryn. -Düşündim, jenap Kawameddin. Siz ynama gulluk edýän adam ekeniňiz. Ynamyndan dänmän berk durmak hem mertlikdir. Biziň Size zarymyz bar zorumyz ýok. Ýöne bize baş weziriň wezipasinde işlemek üçin özüňiz ýaly ynamynda berk durýan, mert, dana, danyşment adam gerek. -Şeýle adam bar, Aly hezret. Bu hakda men Size maslahat berip biljek. Daşa gitmek gerek däl. Ol özümiziň Gürgençde. Oňa Şamseddin Masud ibn Aly al Harawy diýýärler. Ol muderrisleriň müderrisi, danalykda, danyşmentlikde, tedbirkärlikde öňüne adam çykarýan däldir. -Teşekkür beren maslahatyňyz üçin. Biz ol kişini tapyp gepleşip göreris-diýip, Tekeş baýry wezir bilen hoşlaşdy. Şamseddin Mäsud ibn Aly al Harawy orta ýaşlaryndaky, sakgal-murtyna biraz ak aralan, salyhatly adam ekeni. Tekeş onuň bilen bolan bir sagat çemesi söhbetdeşlikde baýry weziriň ol hakda aýdanlarynyň dogrydygyna göz ýetirdi. Soňra onuň razylygyny alyp, baş wezir wezipesine belledi. Tekeş ilkinji gününden başlap esasy ünsüni goşuna berdi. “Güýçli goşun-güýçli döwlet” diýip, ony güýçlendirmegiň aladasyny edip ugrady. Ol inisi Soltanşanyň şeýle ýitirim bolup gitmejegini, iru-giç bir ýerden goşun çekip geljegini bilýärdi. Emma bir ýyldanam gowrak wagt geçse-de, Soltanşadan derek ýokdy. Şu arada Horezmşa adyny alan Tekeş ýurduň suw desgalaryny abatlamak, paýtagtyň abadançylyk meseleleri bilen gyzyklanyp, halkyň alkyşyna miýesser bolan birnäçe il bähbitli işleri amala aşyrdy. Bu wagtyň içinde Soltanşa bilen Terken hatyn Horasanyň hökümdary Muaýýid Aý Abanyň dergähinden pena tapyp, onuň bilen gepleşikler geçirýärdiler. Muaýýid özi tabyn bolan merhum Horezmşanyň aýaly bilen oglunyň kömek sorap gelenlerini tersem görenokdy. Çünki özüniň kömegi bilen Soltanşa Tekeşden tagtyny gaýtaryp alsa ol tabynlykdan azat boljakdy. Emma mekir Muaýýid özüni gereksiredip, bulardan alybilenini aljakdy. Ilki gepleşenlerinde ol: -Melikäm, men Tekeşiň däl, Soltanşanyň tarapdary. Şonuň üçin elimden gelen kömegi ederdim. Emma elimden köp zat gelenok häzir. Tekeşden tagty gaýtaryp almak üçin köp goşun, köp güýç gerek. Köp goşun toplamak üçin bolsa köp pul gerek-diýdi. Şoltanşa: “Bu kezzap biziň boş gelmedigimizi bilýän bolmaly” diýip içini gepledip, ejesine “Nätmeli?” diýen manyda garady. Terken Muaýýide ýüzlenip, dilewarlyk etmeli boldy. -Muhterem Muaýýid hezretleri, siziň goşunyňyzyň hem güýçsiz däldigini hemmeler bilýär. Eger ony ýene-de güýçlendirmek gerek bolsa, biz pul bereris. Ýöne Horezminiň halky-da, goşuny-da Soltanşanyň tarapyndaka ol ýere güýçli goşun bilen barmak hökmanam däl. Biz bäriden bardygymyz halkam, goşunam aýaga galar. Nesip edip, Soltanşa tagtyny alanyndan soň sizem özbaşdak, garaşsyz döwlet bolup, Horezm bilen dostluk-doganlyk gatnaşygyňyz hemişe saklanar. Muaýýid: “Bu heleýden zat çykjak däl-ow. Ilki eçiläýjek ýalydy, indi “ýöne” diýip, başga gep tapyp otyr” diýen iç gepletme bilen bir salym dymdy. Soňra: -Melikäm, Tekeşiň ýurdy eýelänine bir ýyla golaýlap barýar. Şu döwrüň içinde ol halky-da, goşuny-da öz tarapyna çekendir. Şonuň üçin diňe güýçli goşun bilen baryp, tagty alyp bolar-diýdi. Muaýýidiň kesip aýdan bu sözünden soň eneli-ogul onuň bilen ylalaşmaly boldular. Muaýýid Terken hatyndan alan altyn dinarlarynyň goşun üçin ýarysyny hem sarplamady. Ol bir aý çemesi goşunynyň üstüni dolduran bolup güýmendi. Şundan soň eneli-ogul bilen Horezme ýörüşe atlandy. *** Käte durmuşda garaşýan zadyňyň, wagt geçip, garaşmadyk wagtyňda peýda bolýan saparlary hem bolýar. Tekeş Soltanşanyň goşun çekip gelýändigi hakyndaky habara edil şu pillede garaşmandy, has dogrusy täze alan gelni bilen asal aýynyň lezzetli demlerinde Soltanşany bütinleý ýatdan çykarypdy. Gypjak hanynyň gyzy gözel Aýşa özüniň husny jemaly, dilewarlygy, näz-kereşmesi bilen diňe Soltanşany däl, tas bütin dünýäni unutdyrypdy Tekeşe. Emma söýgiden syýasat üstün çykyp, Tekeş Soltanşanyň gelýän ugruny salgy berenlerinden goşuny şol tarapa çekdi. Ol Supurly şäheriniň golaýyndaky amatly ýerde jeňe taýýar bolup durdy. Terken hatyn bilen Soltanşa goşunyň yzynda, Muaýýid Aý Aba öňünde Horezmiň çägine aralaşsalar-da şu töwerekde özlerine garaşyp duran goşunuň bardygyndan habarsyz arkaýyn gelýärdiler. Supurly şäherine bäş çakyrym çemesi galanda goşun duýdansyz çozuşa sezewar boldy. Iki ýan tarapdan at salyp gelýän elleri ýalaňaç gylyçly san-sajaksyz urşujylaryň hüjümini gaýtarmak üçin Muaýýidiň goşuny saplaryny bozup, söweş tertibine geçip ýetişmese-de jeňe girdi. Emma aňyrdan ýadap gelen goşun Tekeşiň dynç alyp ýatan goşunyna bäs gelip bilmän derbi-dagyn boldy. Muaýýidiň özü-de ýesir düşdi. Soltanşa bolsa ejesi bilen gaçyp ýetişdi. Muaýýidi elini arkasyna daňyp, Horezmşa Tekeşiň öňüne getirip, dyza çökerdiler. Tekeş oňa bir salym ýigrenç bilen seredip durdy-da: - Jenap Muaýýid, men seni parasatly, bir işi etmezinden öň ýedi ölçäp, bir kesýän akylly adam diýip bilýärdim. Indi seniň aklyň ýeten ýeri şu boldymy?-diýdi. Muaýýid egip oturan kellesini galdyryp, Tekeşe göni seretdi-de: -Menem seni ynsaply, garyndaş-doganlaryna mähriban, adalatly şazada diýip bilýärdim. Sen bolsa öz iniň kanuny eýelän tagtyny basyp alyp, adalaty ýere urdyň. Men bolsa syndyrlan şu adalaty dikletmek üçin ata çykypdym-diýdi. Tekeş ajy ýylgyrdy: -Adalaty dikeltmek üçin geldim diýsene. Sen adalatyň kimiň tarapyndadygyny anyk bilýärmiň? -Bilýän. Horezmşa Il-Arslan hezretleri Soltanşany mirasdüşer edip belläninden soň... -Dur!-diýip Tekeş onuň sözüni böldi. Sen Soltanşany pederimiz mirasdüşer edip belläninde onuň ýanynda barmydyň? -Ýok... -Ýok bolsaň, Soltanşanyň mirasdüşer belleneni nirden bilýärsiň? Muaýýid bu soraga birden jogap berip bilmän ýaýdandy. Tekeş: -Sen bu gepi özüne Terkan hatyn diýip, at dakyp ýören Soltanşanyň ejesiniň gepi bilen, galyberse-de, olaryň döwletiň hazynasyndan alyp gaýdan altynlarynyň güýji bilen aýdyp dursuň. Indi saňa ol altynlaryňy sowmak nesip etmez-diýip, ony getirenlere, -Alyp gidiň!-diýdi. Muaýýidi alyp gidenler patyşanyň “Indi saňa ol altynlary sowmak nesip etmez”diýeni boýunça ony katl etdiler. Terken hatyn bilen Soltanşa Dehistana baryp penaladylar. Tekeş hem olary yzarlap baryp, Dehistany gabady. Soltanşa gaçdy, ejesi ele düşdi. Ony Tekeşiň ýanyna alyp gelenlerinde gözüniň ýaşy ýüzüni ýuwýardy. Ol Tekeşe ýüzlenip: -Şazada, men pederiňiziň jübti-halaly, seniň eneligiň bolýan. Sen pederiňiñ ruhuny ynjytmajak bolsaň, meniň bilen gowuja gepleş. Men seniň bilen gepleşip düşünişmek üçin Soltanşa bilen gitmän, ýörite galdym... Hemişe buýsanç bilen kaddyny dik tutup ýörýän, özüne, mertebesine göwni ýetýän belent başly bu aýalyň häzir kaddyny büküp, müzzerip duranyny görüp, Tekeşiň rehimi inmezmikä? Inmez. Şalar kime rehim etselerem, tagtyna göz diken adama, onuň kim bolmagyna garamazdan, rehim etmändirler. Çünki tagt olaryň jany bilen baglydyr. Tagta göz dikenler alsalar diňe tagty alyp goýmazlar, tagty bilen bile janyny hem alarlar. Şoňa görä olar tagty ähli zatdan ileri tutýarlar. Bu aýal bilen ýüzbe-ýüz bolanyna Tekeşiň ýeňişden göterlen keýpi gaçdy. Ol onuň özi bilen näme hakda gepleşjekdigini bilýärdi. Ony diňlemäge takaty ýokdy. Şonuň üçin onuň gepine şeýle jogap berdi: -Merhemetli hanym, eger siziň bilen gowja gepleşmesem, pederimiň ruhy ynjaýan bolsa, ony ynjytmazlyk üçin men umuman gepleşjek däl. Gaýdyberiň! -Şazada, kinaýaly gepleriñi goý. Meniñ bilen gowuja gepleş, düşünişeli-diýip, Terken hatyn ýene özelendi: -Birinjiden men indi şazada däl, Horazmşa! Men aýtdym, gep tamam!-diýip, Tekeş serbazlara “Alyp gidiň” diýen yşaraty etdi. -Dur! Beýtme Tekeş. Meniň sözlerimi bir diňle-diýip, Terken hatyn aglamjyrap gygyrdy. Onýança ony iki goltugyndan tutup, idirdedip, alyp çykdylar. Terken hatyn şu ýerde Dehistanda katl edildi. Tekeşiň ony-aýal adamy öldürtmek niýeti ýokdy. Onuň “alyp çykyň!” diýen sözünden soň göwnündäki “oglunyň yzyndan ugradyp goýberiň” diýen sözi gahary sebäp boldymy nämemi aýdylman galdy. Bir salymdan bu sözi aýtmandygy birden ýadyna düşüp, alyp gidenleriň yzyndan derhal adam ugratdy. Emma giç bolan eken. Horezmşa Tekeş hem şol ýerden yzyna-Gürgenje dolandy. Munuň bilen aga-ininiň tagt üçin göreşi tamam bolmady. Tersine indi başlandy. Bolup geçen jeň-jedelden ýadap Tekeş parahatçylykda döwletiň içerki işleriniň arasynda saz-söhbetli meýlisler gurap, asuda durmuşda ýaşamak isleýärdi. Emma asuda durmuş dünýäniň işlerinden bihabar çöldäki çopanlara berlipdir, şalara däl! Şalaryň jeňlerden boş wagtyndaky durmuşy hem hemişe howp astynda. Arada guralan saz-söhbetli meýlisiň has gyzan mahaly saz diňläp hoşwagt oturan Horezmşanyň ýanyna gelen bir köşk hadymy onuň gulagyna bir zatlar diýdi, şanyň ýüzi üýtgäp gitdi. -Otyrsynlar daň atýança derwezäniň öňünde. Gije şähere hiç kimiň girizilmeýänini bilsinler-diýip, Tekeş gahar bilen aýtdy. Hadym çykyp gitdi. Horezmşanyň keýpiniň bozulanyny gören adamlar hem ruhdan düşdiler. Aýdym-saz ýaňlanyp dursa-da, meýlisiň gyzygy gaçdy. Ýagdaýy duýan sazandalar hem çalnyp duran saz gutaransoň täzesine başlamadylar, näme buýruk bolarka diýip, garaşdylar. Horezmşa ýerinden turdy. Oturanlar hem aýak üstüne galdylar. -Jenaplar, men gaýdaýyn, siz isleseňiz oturyp, meýlisi dowam etdiriberiň. Çagyrylmadyk myhmanlar gelipdir. Gara hytaýlaryň wekilleri. Olar derwezäni açdyrjak bolup, uly galmagal edipdirler, haýbat atypdyrlar. Ertir olary kabul edenimizde köşke degişli adamlaryň hemmesi bolsun. Men hemişekiden biraz giç gelerin. Goý, garaşsynlar-diýip, Horezmşa meýlisler eýwanyndan çykdy. Baş bolmasa göwre näme etsin. Beýlekiler hem oturmadylar, dargaşdylar. Tekeş meýlisden çykyp, söýgüli aýaly gypjakly gelniň aram otagyna bardy. Muhammet atly ogly dograndan soň Terken hatyn adyny alan gelin ärini gujak açyp garşy aldy. Horezmşanyň bozulan keýpi, belki, bu näzli zenanyň gujagynda sazlanar. Daň atdy, Gün çykdy. Emma Horezmşa işine howlukmady. Arkaýyn oturup, ertirlik edindi. Gün guşluga golaýlanynda kabulhana tarapdan däl-de, içerki otaglaryň üsti bilen tagt eýwanyna geldi. Garaşyp oturan döwlet işgärleri ör tutup, tagzyma baş egdiler. Horezmşa tagzymdan başlaryny galdyran adamlar, bilen kelle kakyp salamlaşyp, tagtyna geçenden hyzmatda duran köşk hadymy: -Aly hezret, kabulhanada gara hytaýlaryň wekilleri gaharyna çişip ýaryljak bolup, Size garaşyp otyrlar-diýdi. Horezmşa: -Onuň ýaly bolsa, ýarylmazlaryndan öň kabul edeli-diýip, güldi-de, “Çagyr” diýen yşaraty etdi. Hadym kabulhana çykyp, wekilleri içeri teklip edenden ýedi sany daýaw pyýada hasyrdaşyp girdi. Olar Horezmşany tagtynda görüp ýerinde bolsa-da, özlerini bilgeşleýin kabul etmän oturan eken diýen pikir bilen beter çişip ne tagzym etdiler, ne salam berdiler. Tekeş olaryň bolşyna üns bermedik bolup: -Hoş geldiňiz, hormatly myhmanlar-diýdi. Türki dili gowy bilýän wekilleriň baştutany Horezmşanyň äheňinden sözüniň ýaňsyly manysyny aňyp, aňry çägine ýeten gahar bilen oňa göni: -Tekeş!-diýip ýüzlendi.-Seniň bizi şähere girizmän, daň atýança derwezäniň öňünde goýanyňy, irdenem kabul etmän şunça wagt garaşdyranyňy biz bagyşlamarys! Sen kim bilen oýun etýäniňi bilýäňmi?! Bu gödeklikden soň gahar nobaty Horezmşaga geldi. Ol: -Eý! Kimem bolsaň sen beýik Horezm döwletiniň tagtynyň öňünde duranyňy, kim bilen gepleşýäniňi unutma!-diýdi. Horezmşa-da ondan: -Senem beýik Horezmin döwletiniň tagtynda kimiň arkasyndan, kimiň hemaýaty bilen oturanyňy unutma!-diýen nagt jogaby aldy. -Men bu tagtda Allanyň eradasy, Horezminiň halkynyň, goşunynyň goldawy bilen otyryn. Siziň goşunyňyz söweş edip, tagt alyp bermedi maňa, nähili gelen bolsa, şeýle-de gylyjyny gynyndanam çykarman gaýdyp gitdi. -Sen munuň bilen näme diýjek bolýaň? Men size tabyn däl, pajam berjek däl diýjek bolýarmyñ? -Tapdyň. Meniň aýtjak sözümi özüň aýtdyň. Şu bilen gep tamam! Gaýdyberiň! Gara hytaýlar bir hili bolup, biri-biriniň ýüzüne garadylar. Baştutan indi haýbat atyp başlady: -Tekeş! Aklyňa aýlan! Sen, musulmança aýdanda uly günä iş edýärsiň. Seniň günäň bilen Horezminiň küli göge sowrular! Watanyň ady tutulyp, edilen bu haýbat Horezmşaga gazap donuny geýdirdi. Ol tagtyndan tarsa turdy-da, haýbat atyp duranyň alkymyna bardy: -Horezminiň küli hiç haçan göge sowrulmaz! Men seniňçe günä iş edýän bolsam, ony ine şeýle sogap iş bilen ýuwaryn!-diýip bilindäki hanjary sogrup aldy-da gara hytaýyň böwründen berdi, agyr göwre yzynda duran ýoldaşlarynyň aýagynyň aşagyna gürpüldäp düşdi. Dat-waýlap, goh turuzan beýleki gara hytaýlary-da, Horezmşanyň yşaraty bilen emeldarlar özara paýlaşyp alyp, gan çykarman ýoguna ýandylar. Şol günki kabul şeýle tamamlandy. Horezmşa Tekeş gyzmalykda eden işini biraz köşeşeninden soň oýlanyp görüp, “Gahar gelende akyl gaçýar” diýen nakylyň dogrudygyny boýun aldy. Ýöne bu işi bilen gara hytaýlary özüne garşy goýanyny bilse-de, ökünip oturmady. Munuňam sebäbi ata-baba gara hytaýlara tabyn kimin paç töläp gelýändiklerini ol namys bilýärdi. Iru-giç bu ýagdaýyň soňuna çykmagy ýüregine düwüpdi. Ine şol namys we ýürege düwlen maksat onuň hanjar ýalaňaçlamagyna meçew beren bolsa gerek. Horezmşa Tekeş bu waka hakyndaky habaryň Balasaguna ýetip baranyndan üstüne goşun çekiljegini bilýärdi, duşman leşgeriniň garşysyna görüljek çäreleri öňünden meýilleşdirýärdi. Aradan bir aý geçip-geçmän Gürgenjiň Horasandaky jansyzlaryndan Soltanşanyň gurlylaryň kömegi bilen Balasaguna gidendigi hakynda habar geldi. Tekeş inisiniň, gara hytaýlar bilen arada dörän duşmançylykdan peýdalanyp, olardan goşun soramaga gidendigini aňdy. Hakykatdan hem şeýledi. Wekilleriniň öldürilenligi sebäpli dergazap bolup oturan gara hytaýlaryň hökümdary Soltanşaga ýene-de şol serkerde Fumanyň ýolbaşçylygynda uly goşun berdi. Tekeş gara hytaýlar bilen söweşe girse goşununyň basylmajagyny bilse-de, gan döküşlikden gaça durup, joşgun Jeýhunyň bentlerini açyp, duşmanyň gelýän ugruny suwa basdyrdy. Gara hytaýlaryň serkerdesi Fuma öňünde deňiz-derýa bolup ýatan suwuň garşysyna gelip, leşgeri saklady. Ol bu suwuň içi bilen Gürgenje baryp bolmajagyna, baraýanynda-da berk goralýan galanyň depesinden ýagdyryljak peýkamlaryň, daşlaryň, ýanyp duran otly töňňeleriň aşagynda leşgeriniň uly böleginiň heläk boljagyna gözi ýetip, goşuny yzyna aýlady. *** Ýagy gitdi, suw çekildi, ýurtda ýene parahatçylyk, asuda durmuş başlandy. Daýhanlar ekin meýdanlarynda, hünärmentler ussahanalarynda, söwdagärler bazarlarynda, talyplar, müderrisler medreselerinde öz işleri bilen meşguldylar. Köşkde bolsa Horezmşa başlyklaýyn döwlet hadymlary ýurduň abadançylygy, paýtagtyň abatlanyşy baradaky aladalar bilen başagaýdylar. Hany, hemişe şeýle bolsa. Horezmşa Tekeş jeňde batyr söweşiji, tagtynda adyl hökümdar, meýlisde saz-söhbetiň aşygy, maşgalasynda perzentlerine mähriban ata hem-de talapkär terbiýeçi. Beýleki boş wagtlarynda özüniň gowy görýän zatlary bilen meşgullanýan ýönekeý adamdy. Ol döwlete degişli hem-de medreseleriň kitaphanalaryna baryp, nadyr kitaplar bilen gyzyklanýardy, alymlar, müdderisler bilen söhbet ederdi. Onuň ylma uly gyzyklanma bildirýänliginden habarly alymlar özleriniň ylmy işlerine patyşanyň ünsüni çekip, hedýeler alýardylar. Şeýle alymlaryň biri Fahreddin ibn Omar Ar Razy Tekeşe bagyşlap “Jawany al ylym” atly ylymlaryň ýygyndysyndan ybarat kitap ýazypdy. Bu hakda şeýle rowaýat bar. Bir kabul güni alym Ar Razy ýazan kitabyny alyp, ony Horezmşaga hedýe etmek üçin köşke barýar. Köşk hadymy Tekeşe şeýle alymyň kitap ýazanyny, ony gowşurmak üçin alyp gelenini aýdanynda ol bir salym oýlanyp: “Ýok. Biz ony häzir kabul etsek bolmaz. Sebäbi ol girer-de, tagtyň öňüne geçip, bize tagzym eder, soňra hamdy-senalar bilen iki elläp kitabyny uzadar. Şonuň üçin bu bolmaz. Bu biziň özümizi ylymdan hem belentde gaýdygymyz bolar. Häzir siz ony köşkdäki myhman kabul edilýän otaga alyp baryň, öňüne saçak ýazyň. Iýip-içip otursyn. Kabuly gutaryp, özüm ýanyna bararyn” diýýär. Ar Razyny Horezmşanyň aýdyşy ýaly myhman otaga eltip, öňüne dürli naz-mygmatlar bilen bezelen saçak ýazýarlar we patyşa gelýänçä şu ýerde garaşmalydygyny aýdýarlar. Biraz wagtdan soň: -Essalamaleýküm, möwlana!-diýip, Horezmşa gelip girýär. Alym derhal ýerinden turup, tagzyma eňiljek mahaly Tekeş onuň iki egninden tutup, egilmäge maý bermeýär: -Möwlana, aslynda patyşalara tagtynda oturan wagty döwletiň nyşany bolan tagta tagzym etmeli. Ýaranjaňlar bolsa patyşany nirede görse-de oňa tagzym edip, muny däbe öwrüp goýberipdirler. Siz bir beýtmäň. Men özümi ylymdan belentde goýmazlyk üçin Sizi ol ýerde kabul etmän, bäri goýberip, ýanyňyza özüm geldim-diýýär Tekeş. Ar Razy Horezmşanyň beýle pes pälligine, belent adamkärçiligine ten berip, teşekkürler aýdýar. Şundan soň şa bilen alymyň arasynda uzak wagt ylym barasynda söhbetdeşlik bolýar. Alym ýazyp beren kitaby üçin Horezmşadan kes-kelläm hiç zat alman, diňe minnetdarlygyny kabul edipdir. Tekeşiň gowy görýän ýene bir meşgulaty ud çalmakdy. Ol udy gowy çalýardy, ondan lezzet alýardy. Özüniň ökde udçydygyna buýsanjy hem ýok däldi. Bu hakda-da şeýle bir rowaýat bar: Günlerde bir gün kerwen bilen Şamdan Gürgenje bir jahankeşde gelýär. Adatda daş ýurtlardan gelen jahankeşdeler gelen ýurdunyň hökümdary bilen duşuşyp, oňa keşt eden ýurtlary barada gürrüň bermek bilen hökümdaryň sylag-serpaýyna miýesser bolýarlar. Şamdan gelen bu jahankeşte ilki baş wezir Nyzamylmülk Şemseddin ibn Aly al Harawy bilen duşuşýar. Oňa özüni Abdul Letif Şemseddin Udy diýip tanyşdyrýar. Wezir: -Bäh, biziň bilen atdaşyrak ekeniňiz. Hoş gördük geleniňizi!-diýip, arap dilinde dowam edýär - Horezmşa hezretlerine siz hakda habar ederin. Ol sizi kabul eder. Siziň gören-bilenleriňiz hakynda berjek gürrüňiňizi ol örän gyzygyp diňlär. -Teşekkür, jenaby weziri agzam. Meni hökümdaryňyz bilen duşursaňyz men ol hezrete dünýä ýurtlary hakynda köp gyzykly maglumatlary gürrüñ bererin. Ol kişi arap diline düşünýändir-le. -Düşünýär. Ol ölemen kitaphon. Kitaplaryň köpüsi arap dilinde, ahyryn. -Onda Horezmşa hezretleri bilen tilmaçsyz arkaýyn söhbetleşibermeli eken. Gaty gowy. Weziri myhman bilen tanyşlygyň başynda onuň tahallusy gyzyklandyrypdy. Tanyşlyk beren badyna soramagy edepsizlik saýyp, ony söhbetiň soňuna goýupdy: -Atdaş, gaty görmeseňiz sizden bir zat soramakçy bolýan. -Soraberiň, hijem gaty görmen. -Adatça adamlaryň tahallusy doglup, önüp-ösen şäheri, ýurdynyň ady biln bagly bolýar. Siziň tahallusyňyz bolsa saz guraly Udyň adyndan alnypdyr. Munuň sebäbi näme? Weziriň soragyna myhman ilki güldi, soň jogap berdi: -Bu tahallusy meň özüm goýamok, ol biziň aslymyzdanam gaýdan däl. Ony ildeşlerim adymyň yzyna tirkäp goýdylar. Munuňam sebäbi Şamda Ud çalmakda meniň öňüme çykan sazandar tapylmady. Ildeşlerimiň aýtmagyna görä men Ud çalamda diňläp oturanyň gulagyny kesip gitselerem duýmazmyş. -Bäh, tarypyňyzy ýetiren ekenler-ow! Siziň dünýä ýurtlary hakynda berjek gürrüňiňizdenem Horezmşany bu hünäriňiz has gyzyklandyrsa gerek. -Bagyşlaň weziri agzam, hünär däl, sungat diýseňiz dogry bolýar. Men ud çalmagy iň inçe sungat derejesine göterendirin. Wezir bu adamyň öwünjeňligine kinaýaly ýylgyryp goýdy. Adatça öz käriniň hakyky ussatlary öwünmegi gowy görmeýärler. Şoňa görä Udynyň ussatlygyna wezirde biraz şübhe döredi. Şeýle-de bolsa, ony Horezmşa bilen duşurmaga howlukdy. Tekeş weziriniň Udy hakdaky gürrüňini gyzygyp diňkedi, aýratyn-da onuň ud çalyşy barada öwünmegi ony gyzyklandyrdy. Udyny Horezmşa wezir bilen duşuşygynyň ertesi kabul etdi. Udy adatdaky tagzymdan kellesini galdyran badyna: -Essalawmaleýkim Merhemetli Horezmşa hezretleri, garşyyzda duran kişi Abdul Letif ibn Şemsetdin Udy diýenleridir-diýip, özüni tanyşdyrdy. Onuň özüni joşgunly äheň bilen tanyşdyranyna biygtyýar ýylgyran Horezmşa: -Waleýkim essalam, hoş geldiňiz Horezmine! Abdul Letif Udy jenaplary! Hoş gördük!-diýdi. Şundan soň saglyk amanlyk soraşyldy. -Abdul Letif jenaplary, Büzrük wezirimiz Siz hakda maňa gürrüň berdi. Meni aýratynda Siziň “Şamda Ud çalmakda öňüme çykjak adam tapylmady” diýeniňiz has gyzykdyrdy. -Dogrusyny aýtsam, Aly hezret, öwünýär diýmäň, men bu sungatyň iň inçe taraplaryny hem özleşdirdim. Şonuň üçin Şamda meniň bilen bu ugurda bäsleşjek adam tapylmady. -Eger şeýle adam Horezminde tapylaýsa Siz onuň bilen bäsleşermisiňiz-diýip Tekeş ýylgyrdy. -Elbetde, bäsleşerin. Kim ol meniň bilen bäsleşip biljek? -Men. Meniň özüm-diýip, Tekeş ýene ýylgyrdy. -Oh!... Aly hezret Siziň bilen bäsleşmek... dogry bolarmyka? -Näme üçin bolmasyn? -Men bir ýönekeý jahankeşde, Siz bolsa täçdar hökümdar adam. Şeýle bolansoň Siziň garşyňyza men... -Beýle gepi goýuň, jenap Abdul Letif. Sungatyň garşysynda ikimizem bir derejedäki adam. Menem udçy sazanda, sizem. -Be, Aly hezret Siz sungaty öz derejäňizdenem ýokarda goýdyňyz-ow. Bolýa. Men razy bäsleşmäge. Ýöne bäsleşigimiziň şerti näme bolar? -Meniň şertim, eger ýeňiji men bolsam, Siz biziň köşkümizde on ýyl sazanda bolup hyzmat edersiňiz. Sizem öz şertiňizi aýdaýyň. -Menem şertimi aýtsam-diýip, Abdul Letif Tekeşe garap ýylgyrdy-da - hazynaňyzyň ýarysyny diýsem köp bolar, şonuň üçin, men ýeňäýsem, ýarysynyň ýaryny berseňizem bolýar. -Siz hazynamyzyň ýarysynyň ýarysy näçe bolýanyny bilýäňizmi? Belki, ol siziň gözüňiz doýar ýaly bolmaz, bir goşowuç ýaly bolsa razy bolarmysyňyz? -Aý, Aly hezret, Horezmin ýaly uly döwletiň hazynasy... -Ine! Meniň berjek jogabymyň üstünden özüňiz bardyňyz-diýip, Horezmşa onuň sözüni böldi. - Dogry, Horezmin döwletiniň hazynasy baý. Ýöne ol hazyna meniňki däl, ol döwletiňki. Men öz haýrym üçin ondan bir dinar almaga-da hakym ýok. -Bäh! Aly hezret, ýurdam, hazyna-da hökümdaryňky dälmi? Hazynasyna erki ýetmeýän Sizden başga-da patyşa barmyka? Şeýle patyşa taryhda-da bolan däldir... -Siz taryhy gowy bilmeýän ekeniňiz, jenap Udy. Hezreti Omar halyf bolup, döwlet başyna geçeninden soň köp haýyrly işleri amala aşyrýar. Ol gijelerine ýazuw işleri bilen meşgullananynda iki şemden peýdalanýan ekeni. Başda bir şemi ýakyp, birnäçe ýazuwlary edeninden soň ony öçürüp, ikinji şemi ýakyp işleýän ekeni. Onuň bu boluşyna haýran galan sahabalaryň biri ondan: -Ýa hezreti Omar, başda bir şemi ýakyp ýazýaňyz, soň ony öçürip, beýleki şemi ýakyp ýazýaňyz. Ikisiniň hem ýagtysy bir dälmi?-diýip sorapdyr. Hezreti Omar: -Ýagtysy bir, ýöne degişliligi başga - diýip jogap berip, yzyndan şeýle düşündiriş beripdir. -Birinji şem döwlete degişli, onuň ýagtysynda men döwlet işlerine degişli ýazuwlary edýärin. Ikinji şem bolsa özümiňki, men onuň ýagtysynda özümiň ýazuwlarym bilen meşgullanýaryn. Tekeş sözüni tamamlap, myhmana gülümjiräp seretdi-de: -Indi ynandyňyzmy, döwlet mülküni mendenem aýawly tutýan hökümdaryň bolandygyna-diýdi. Udy başyny atdy, ahmyr edýän ýaly uludan demini alyp: -Hezreti Omar şeýle ownuk zatlarda-da halallygy saklajak bolan bolsa-da, oňa uzak hökümdarlyk etmek nesip etmändir. Allatagala size uzak ömür bilen uzak hökümdarlyk eçilsin, ylahym! Aly hezret, meniň hazynany agzanymy nebsi ýamana ýormaň. Eger şeýle baýlygy, Sizi utup, alanymda-da, ondan ýol harajadym üçin bir gysym alsam alardym, galanyny bolsa şu ýerde haýyr-sahawat edip giderdim-diýdi. Horezmşa gülümjiräp: -Özüňizden Horezminde at galdyryp gitmekçi ekeniňiz-dä-diýdi. Indi bu niýetiňiziň amala aşmajagyny bilen bolsaňyz, başga şertiňiz ýokmy? -Bar, Aly hezret. Başga şertim-şertsiz bäsleşik. Sebäbi eger utulaýsam, Siziň köşküňizde on ýyl jahankeşdeligi terk edip, hyzmatda galmak meniň üçin juda agyr düşer. Horezmşa açylyp güldi. -Jenap Udy, munuň ýaly gaýtmyşym edilse Şamda näme diýilýänini bilmedim, bizde muňa “namartlamak” diýilýär. -Bizde-de şeýle diýilýär, Aly hezret, ýöne “Namart bolsamam sagja bolaýyn” hem diýilýär-diýip, Udy it ýylgyryşyny etdi. Horezmşa bolsa hahahaýlap gülüp, hezil etdi. Soňundan: -Bolýar, jenap Abdul Letif. Siz myhmanymyz, myhmanyň haýyşy, teklibi kanagatlandyrylmalydyr. Şu gün agşam siziň üçin ýörite meýlis gurarys. Ine şonda Siz öz sungatyňyzy görkezersiňiz. Sizden soň men hem bir synanyşyp görerin-diýip, ýylgyrdy. Udy ýerinden tutup, tagzym bilen hoşallygyny bildirdi. Kabul tamam boldy. Agşamky meýlis hemişekisi ýaly, şam namazyndan soň guraldy. Meýlisler eýwanyny dolduryp oturan wezir-wekiller, emirler, serkerdeler, beýleki döwlet işgärleri, şäheriň atly kethudalary Horezmşany ör turup, baş egip garşy aldylar. Horezmşa ýerine geçip oturanyndan aýdym-saz başlandy, saçaklar açylyp, meýler süzüldi. Abdul Letif Udy myhman hökmünde wezir-wekilleriň hatarynda oturdy. Meýlis ýaňy gyzyp ugran çagy hyzmatda duran köşk hadymy Horezmşanyň yşaraty bilen sazy saklap: -Muhterem jenaplar!-diýip, oturan jemagata ýüzlendi.-Bu günki meýlisimizde uzak Şam diýaryndan gelen jahankeşde sazanda Abdul Letif ibn Şemseddin Udy jenaplary myhman bolup otyr. Bu kişiniň tahallusynyň Udy bolmagy ýöne ýere däl ekeni. Ol ussat udçy bolmaly. Häzir siz onuň ussatlygynyň şaýady bolarsyňyz. Marhabo, jenap Udy, nobat size! Udy ýerinden turup, ilki Horezmşaga, soň oturan jemagata baş egip, bir elini gursagyndan aýyrman sazandalaryň ýanyna bardy. Ol ýerde duran uly udyň öňüne çökdi-de, onuň tarlaryny ýekän-ýekän pitikläp gördi. Guralyň gowy düzülendigine, sazdygyna göwni ýeten Udy barmaklarynyň tersi bilen tarlary sydyrdyp, zaraňladyp goýberdi-de, bir arap heňini çalyp başlady. Bar ünsi saza gönügen adamlar başlaryny atyp, sazandanyň ussatlygyna ten berdiler. Horezmşa myhmanyň udy ussatlyk bilen çalyşyny ykrar etse-de, käbir bärden gaýdýan ýerlerini duýup otyrdy. Udy çalyp oturan heňini tamamlap, ikinji bir, olam arap heňine başlady. Ony-da oturan jemagatyň nazarynda bir kemsiz ýerine ýetirdi. Şunuň bilen boldym edip, Horezmşaga garady. -Jenap Abdul Letif, arap mukamlaryny gaty gowy çaldyňyz, sözümiz ýok. Indi pars mukamlaryndan birini, eger bilseňiz horezmin mukamlarynyňam birini çalyp beräýiň-diýip, Horezmşa onuň bilmeýänini bilip, kinaýaly ýylgyrdy. -Aly hezret, men diňe arap heňlerini çalýan-diýdi Udy. Horezmşa: -Onda nobaty maňa beräýiň. Menem bir synanyşyp göreýin-diýip, ýerinden turup, sazandalar tarapa ýöneldi. Udy ýerine geçdi. Horezmşa bir gadyrdany bilen salamlaşýan kimin udy mähirli sypap, öňünde ornaşykly oturdy. Horezmşa udy hiç haçan köpçülikde çalmandy. Ol ony diňe özi üçin dynç alýan mahaly çalyp, ondan lezzet alýardy. Şonuň üçin bu ýere ýygnanan adamlara patyşanyň Udyň başyna geçmegi täzelikdi. Adamlar udyň owazyna-ondan ýaňlanjak heňe garaşýardylar. Emma Horezmşa nämäniňdir pikirini edýän ýaly hereketsiz otyrdy. Meýlisler eýwanynda hiç kim ýok kimin dym-dyrslykdy. Birden udyň tarlary dile girip, üýtgeşik labyzly heň ýaňlanyp başlady. Bu gadymy horezmin mukamlarynyň iň çylşyrymlysy bolup, ony kämil derejä ýetirip çalmak her sazandanyň elinden gelmeýärdi. Horezmşanyň bu mukamy şeýle bir ussatlyk bilen bir kemsiz ýerine ýetirmegi oturanlary aňk etdi. Bu mukamyň yzyndan bir şadyýan pars heňini, onuň yzyndan agyrdan aýlanýan arap mukamyny biri-birinden artyk ussatlyk bilen çalyp, ýerinden turdy. “Aperin! Aly hezret! Aperin!” diýen sesler eýwany dolduryp ýaňlandy. Horezmşa ýerine gelip oturanyndan Udy ýerinden turup: - Aly hezret, bu sapar men Siziň sungatyňyza tagzym edýän-diýip, iki bükülip, baryp Horezmşanyň elini öpdi. Soňra kellesini galdyryp: - Hudaý diýen ýerim bar eken, tas bolmasa on ýyl Siziň guluňyz bolup galjak ekenim-diýdi. - Men Sizi gul hökmünde saklamazdym. - Meniň üçin on ýyl bir ýerde oturup galmak gullukdan beter, Aly hezret-diýip Udy ýerine baryp oturdy. Şundan soň ýene-de aýdym-saza nobat berildi. Meýlis ýary gijä golaý sowuldy. Jahankeşde Abdul Letif Udy Gürgençde bir hepde bolup, bu ajaýyp beýik şäherden alan unudylmaz täsirleri bilen kerwene goşulyp, Çyn-maçyn tarapa ýoluny dowam etdirdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |