20:01 Güýz peýzažy | |
GÜÝZ PEÝZAŽY
Goşgular
Şeýle bir çuñ güýz gününiñ peýzažy, Bu görnüşi diñe dana okýandyr. Küteldipdir Günüñ tylla tyglaryn Üçünji ongünlüginde oktýabr. Baryp gözýetimiñ sütünne çenli Sähra sary donun bürenip ýatyr. Baglar ýere gaçýan ýapraklarynyñ Yzyndan ses-üýnsüz seredip otyr. Penjireden düşýän solgun yşyga Yhlas bilen elleriñi çoýýarsyñ. Bu gün köñüldäki şatlyk-gussany Sen öñküden has çuñurak duýýarsyñ. Sag bol, güýzüm, näzik duýgulañ üçin Açdyñ ýürekdäki syrlary bize. Ýazdyñ köñüllere belent aýdymy Aglap geçen durnañ perleri bile. ...Tebigat toý tutdy baharda-ýazda, Meýlisinde näz-nygmatyñ eçilip. Indem sary ýapraklaryn manat deý Otyr toýuñ hasabynsan geçirip... • GÜÝZ Başlandy çal dumanyñ Gögüñ ýüzün tutmasy. Geçdi bahar baýramy, Geldi güýzüñ gussasy. Çuñam bolsa tebigat, Göwni aýna deý açyk. Adamlañam hyjuwy, Köşeşipdir azajyk. Nämüçindir, bilmersiñ, Geçeninde durnalar, Seniñ ýadan paýhasyñ Birazajyk durlanar. Eliñ galama barar, Sorar ýüregiñ sesi: Ýaz baýramy gowumy Ýa-da güýzüñ gussasy. Geçen baýram gowumy, Ýa gussasy şu günüñ? Günüñ biraz öçüpdir Şöhlesi yşygynyñ. Ýapraklary syryp ýör Güýzüñ güýçli şemaly, Könelişen afişañ Ýele sowrulşy ýaly. Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||