22:32 Hekaýañ-a ýazylandyr / satiriki hekaýa | |
HEKAÝAÑ-A ÝAZYLANDYR
Satiriki hekaýalar
Çagajyklar-a ýerine geçenden myrlaşdylar. Gündiz oýnap lütleri çykypdyr. Indi olary süýräp gitseñem bilmezler. Menem geçdim iş stolumyñ başyna. Ýañy birki sözlemiñ başyny çatdym welin, aýalym gelip boýnumdan gujaklady-da, seçelenip duran saçymy sypalady. Wah, redaktoryñ tabşyrygynyñ-a petine gar ýagjag-ow. Gazetiñ ýekşenbe sahypasyna bir çaklañja ýumoreska ýetişdirmelidim. Görýän welin, iki başlygyñ biriniñ-ä göwnüne degmeli boljak. Näme etsemkäm?! Şu wagtky boýnumdan gujaklap duran aýalym däl-de çagalaryñ biri bolan bolsa, walla, petekesinden itekläp goýberjek-dä. Ýok, öýdäki başlygyñ göwnüne degmek bolmaz. Işdäki öz gününi özi görsün. Puluny töleseñ ýumoreska ýazýan gyt däl, bi zamanda. Keýwanymyñ beýdip oýlanjyramasy ýöne ýerden däl bolsa gerek. Beýle ýagdaý her ýarym asyrdan bir bolýan zat ahyryn. Şu wagt onuñ geçisi daga ýaýrapdyr. Bu zat hantamadyr. Gañryşyna gaýtmaýyn. - Wah, ezizim, sen şeýdip ýanymda maña medet berip dursañ, yssy mähriñ bilen çoýsañ, ganatly ylham öz-özünden geliberýär... Aýalym hasam gysmyljyrady. "Ýyly söz ýylany hinden çykarar" diýlen nakyl edil aýallar üçin aýdylan ýaly how. Ol pagyş-para eredi. - Sen işlejekmi? - diýip, ol ýañagyny ýüzüme degirdi. Men degişmä salan bolup jogap berdim. - Iş taşlaýyş etmeli bolsa edäýeris, näme? Keýwanymyñ ýüregi ýaryldy. Çalt-çaltdan gürledi. - Ýok, ýok. Gaýtam kiçijik hekaýalardan ulurak eserlere geç. Powestdir roman ýaz. Maşynyñ bergisinden bir çykaly... Men aýalyma tarap öwrüldim-de, haýsy neşirýatda näçeräk algymyñ bardygyny aýtdym. Ol birneme ynjalan ýaly boldy. - Içjekmi, 95-lik çaý demläýin, ýogsa-da men-ä ýatjak - diýip, aýalym agzyny hatap ýaly açyp pallady. Wah, şu wagt azar bermese, çaý içen ýaly görjek-le. Ýene-de sypaýyçylygy elden bermedim. - Ýat, ezizim, hezil et-de. Gijäñ rahat bolsun. Çaý gerek bolsa özüm demlenerin. Men ony ýerine çenli ugratdym. Ýene-de bir gezek süýji uky arzuw edip ýerime bardym. Ynha, indi arkaýyn işläp bolar. Nädersiñ ýöne, hekaýañ öz-özi ýazylyberse. Ili bilemok, men-ä bir zat ýazamda çaga dogurjak aýal ýaly töweregim çola boldugyça gowy görýän. Hekaýany ortalaberenimde aýalymyñ ýatan otagyndan bir ses gelen ýaly boldy. Men gulagyma eşidilýändir öýtdüm. Diñşirgendim. Ses-üýn çykanok. Ýapyrylyp ýene-de ýazmaga oturdym. Işdäki başlygymyñ öñünde-de özümiñ ýüñ sakgal bolmajagyma begendim. Onuñ ertirki aýtjak öwgüli sözlerini diñledim. - Ine, iş tabşyrañsa şular ýaly eñegiñi dyndarjak adama tabşyraýsañ. Berekella, Belge jan, berekella!.. Başlygyñ indiki aýtjak sözleri meni hasam ruhlandyrdy. Joşup çykýan sözler keşde bolup kagyza geçýärdi. Ýañy bir gyzyşyp başladym welin, aýalymyñ ýatan jaýyndan ýene-de ses gelen ýaly boldy. Ýok, bu gezeg-ä gulagyma eşidilenok öýdýän. Pişik basyşyny edip, onuñ ýanyna bardym. Hezil edip serlip ýatan eken. Be, bi nähili bold-aý. Götinjekläp çykjak boldum. Ol düşnüksiz bir zatlar samrap başlady. Birden-birden onuñ sesi hasam çirkin çykdy. Düşnükli, düýşürgeýär. Oýaraýsammykam?! Görýän düýşi gowy düýş bolsa üstüme gygyrar, soñuna çenli görkezmediñ diýip. Gel, gowusy azar bermäýin-le. Gapyñ agzyna ýetip barýakam adymy tutup gygyrdy. - Bek-ge-e-e, sen Bekge däl, pekge. Ah-ow, bi, oýa ýaly-la. Bardym ýene ýanyna. Ol nemedir düşnüksiz bir zatlar samrap başlady. Basyrganýan bolaýmasyn, dişini gyjaýşyny zaññaryñ. Düýşünde biri bilen-ä ýaka tutuşýar öýdýän. Kösenip ýatmasyn-la, görgülini oýaraýyn. - Ýamanja, Ýamanja, hany tursan-a. Näme düýşürgeýäñmi? Ol hyk-çok edip beýlesine öwrüldi. Ind-ä ynjalsa gerek. Bellisi bolýança duraýyn. Gitmän garaşanym gowy bolupdyr. Ýene-de gygyryp başlady. Egninden tutup yraladym. Ol bir hili gözüni açan ýaly etdi-de, elini gahar bilen zyñyp goýberdi. Ýañam daşymda hozanak bolup duran adam-a bir hazan-a urdy. Henizem doly ukudan açylanok öýdýän. - Ýamaýka, Ýamaýka, hany tursana, ezizim - diýip, men jögüsiredim. Onuñ hasam jyny atlandy. - Alynman geçen şo maşyn alynman geçse bolmaýamy... Be, görýän welin munuñ gara çyny ýaly-la. Düýşüñ-ä çeni däl, gaty düşnükli gürleýä. - Hä, näm boldy?! - Bolýan zat kän. Maşynyña sary gulpaklylary mündürip, gören ýeriñe entäp ýörsüñ. Depe saçym üýşüp gitdi. Düýnde-öññunda mündüren adamlarymy göz öñüne getirdim. Ýok, sary gulpakly mündürenim ýadyma düşenok. Töhmet, baryp ýatan töhmet. Dur, dur, bir gelin-ä äkidipdim, kireýini alyp demir ýol wokzalyna çenli. Ýöne onuñ depesinde düýrlenip dañylan saçy sary däldi, şar garady. Aslynda, bu zatlary ol nireden bilip ýörkä? Ýa göribiñ biri çakdymyka? - Wah, ezizim, men entämok. Kireý edýän, benzin puly diýip. - Kireý edýän bolsañ, kanalyñ gaýrasynda nä körüñ bar, çöp-çalamyñ arasynda. Kireý edýän sen däl, ýanyñdakymy... Baý-bo-ow, bu asyl mundan çykdy-ow. Wah, turuzmadyk bolsam bolmaýamy. Gaýtam üstüne añry-bäri atyp basyrmaly ekenim, hamyr basyran ýaly. Iki daşyñ arasynda galdym. Men muña özümiñ düýe däldigimi nädip subut ederkäm. Gowusy harçañlaşmazlyk, agzymy deñemäýin. Asta gaçan namart edägeden jyrsam öýdýän iş ýerime. - Men, n-neme, o kanalyñ gaýralaryna nemetmedim, öwlüýä kessin, ynanaý. Ýagşydan-ýamandan Ýamanjadan ses çykmady. Ol häzir hum ýaly çişýändir. Birden wulkan ýaly atylsa gerek. Janymy barlap görmek üçin ýene-de bir zatlar diýen boldum. Dogrusy, näme gürlänimi häzir özümem bilemok. Ýöne ondan ses-seda çykmady. Uklapdyr. Keýwany meniñ bilen düýşünde gürleşen bolaýmasyn. Aslynda, käbir ukudaky adamlar bilen arkaýyn gürleşip bolýamyş diýýärler. Belkäm, ýalanam bolsa çyn bolsun-da. Bir hili janym ýerine gelen ýaly boldy. Hezil edip iş ýerime geçdim. Ýöne ruçkam hiç diýenimi etmedi. Garaçy mal ýaly gaýtam götinjekledi. Zat bolmajagyny bilip düşegime geçdim. Gözüme çüý kakylan ýaly uklap bilmedim. Daña golaý ymyzganypdyryn. - Bekge, aýu Bekge, hany tursana, agşam nätdiñ? - diýip, keýwanym meni yralady. Wah, bu-ha ýene-de köne heñine tutduryp ugrady. Men mönsüräp düşünmedik boldum. - Hekaýanymy? - Dagy näme, sen roman ýazýañmy? Elbetde hekaýany. Hezil edip ýeñillik bilen demimi aldym. Syçrap ýerimden turdum. Begenjimden, neden, roman ýazmaga-da söz beripdim. Hernä wagtynda dilimi dişläpdirin. Söz berip sözüñde tapylmasañ, ketde başlygyñ ýek ýigrenýän zady şo. Ol edaradaky başlyk ýaly däl-how, piriñi kädä gababerýär. - Hekaýañ-a ýazylandyr... ýazylar, Ýamaýka jan - diýip, men onuñ ýüzüme dökülip duran ýüpek saçlaryny bir gapdala üfledim. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |