21:57 Hemişe biz günäkär bolmarys / satiriki hekaýa | |
HEMIŞE BIZ GÜNÄKAR BOLMARYS
Satiriki hekaýalar
Agşam otyrkaňyz, öýüňizde çyra sönäýse, siz garaňkynyň içinde-de emgenmän ýoluňyzy aňşyryp bilersiňiz. Siz gapyňyzy, şkafyňyzy we başga zatlaryňyzy aňsatlyk bilen taparsyňyz. Biz öýümizdäki zatlary bäş barmagymyz ýaly bilýäris. Bu biziň her gün burçdaky kioskdan satyn alýan gazetlerimize-de degişlidir. Elmydama gazetiň görnäýjek ýerinde polisiýanyň elinden näçinji gezek gaçandygy we ýaňadan näçinji gezek ele düşendigi belli bolmadyk jenaýatçy barada futbol komandasyndaky ortadan hüjüm ediji Iks Zet futbol komandasyna geçip, dezertirlik edeni üçin, baş sport komissiýasy tarapyndan oňa jeza berildi diýen ähmiýeti pes bolmadyk başga bir habar ýerleşdirilýär. Ine biziň gazetlerimiziň bar manysy şeýledir. Siz onuň ýüzüni açmankaňyz, eýýäm näme ýazylanyny bilip bilýärsiňiz. Soňky ýyllarda amerikalylar barada-da gazetlerimize örän köp ýazyp başladylar. Meselem: “Iki sany amerikan soldaty türk baýdagyny ýyrtyp taşlady”. “Amerikan soldaty “Jipde” çagany basyp öldürdi”. “Amerikan ofiseri bir aýal maşgala lak atdy”. “Amerikaly biri bir gyzy alyp gaçdy”. “Amerikaly bir şofýory urdy”. Galyberse-de, biziň birimiz jübimizden gazet çykaraýsak, destine beýlekilerimiz: - Hany bir seret, amerikalylar bu gün nähili hokga çykardylarka, birini ýençdilermikä ýa göwnüne degdilermikä, ýene bir hossarsyz aýala azar berdilermikä? – diýip, soraşdyrmaga durarlar. Şular ýaly wakalaryň şeýle bir ýygy-ýygydan gaýtalanýanlygy üçin, gazetlerde “Sport täzelikleri”, “Kino”, “Halkara temalary” diýen ýaly, amerikalylaryň eden-etdiligine bagyşlanan täze bölüm açmagy hem oýlanyşylaýsa bolman durjak däl. Amerikalylar asylly, terbiýeli halk diýýärler. Onda näme üçin özleriniň diňe myhman hökmünde ýaşaýan ýurtlarynda erbetçilik edýärler? Men bu barada Amerikada köp ýyl ýaşan dost oglanymdan soradym. - Bu zatlar raki sebäpli bolýar – diýip jogap berdi. Meniň dostum bijaý güýçli içgi, amerikalylaryň öwrenişmedik zady, bu rakini ine olar içensoň, öz-özleri erk edip bilmeýärler diýip hasap edýärdi. Dogrudanam, raki ýöne-möne zat däldir. Her bir adam ony içip bilmez. Netijede, ýene amerikalylar däl-de, biziň içgimiz günäkär bolaýýar. Görýän welin diňe amerikalylara sapak bermek, rakini nähili içmelidigini öwretmek galýan bolmaga çemeli, ilki başdan rakini, biziň “gymmatly myhmanlarymyzyň” edişi ýaly, çüýşäniň bokurdagyndan içmän, kiçijik rýumkalar bilen içilýändigini düşündiriň. Galyberse-de, Biziň ýurdumyzda raki, “arslan süýdi”, ýagny erkek adamyň içgisi hasap edilýändigini olar mazalyja ýadynda saklamalydyrlar. Ýöne welin, öwreden sapagyň olaryň gulagynda galarmykaberi?.. Eziz NESIN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |