22:48 Horaz / hekaýa | |
HORAZ
Hekaýalar
Agşam ara obanyň içi ala gowurdy. Günuzyn işde bolup, ýaňy özlerini öýe atan adamlar, mal-hallary bilen gümrady. Häzir diňe Sapar boşlaň görünýärdi. Ol häzirem obanyň ortasyndaky uly köçe bilen sallanjyrap, dähedem-dessem basyp barýardy. Ýöne häzir ol oba aýallarynyň "höwjümläp“ sygyr sagyşam, olaryň sygyrlaryny söýüp, edil çaga hüwdülän ýaly, hüwdümi, lälemi, aý, garaz, gülagyňa hoş ýakyp gidýän owazam, şorruldap, bedräniň gyrasyna degip, uzaklara ýaýrap gidýän süýt çüwdüriminiň sesem, güýzüň aýaklaryna jaýlaryň depesinden zogdurlyp çykýan gara tüsseleriň kalbyňa salýan oýlarynam duýanokdy. Onuň bar pikiri işiklerde berlen iýme ýapyrlyp ýatan towuklardady. "Bu töwerekde, meniňki bolsun diýen ýaly düzügli towug-a galan bolmaly däl-le“-diýip ,ol gysgajyk oýlandy.Soň şu töwereklerde girip, çykyp, boşadan keteklerini ýatlady-da, çalaja ýylgyrdy. "Be, alla janlarym, galanlarynda-da, ýa it bar, ýa towuk ýok. Ýa, indi başga oba gitmeli bolarmyka, towuksyza oňup bolasy ýok...“. Sapar şu obanyň belli sallahlarynyň biridi.Onuň iň ökde käri, gije ýarymyndan soň obadaşlaryň, tanyş-bilişleriň ketegine girip, olaryň towguny ogurlap, ýoldaşlary bilen deňňene edip iýmekdi. Ol bu kärine şeýle bir göwün beripdi welin... Towuk ogurlygy ýadyna düşende gündiz işde-de bagry gijäberýärdi... Sapar öz oý-pikirine gümra bolup, Jummylara nähili ýeteninem duýman galdy. Jummylar obanyň ýokary başynda, uly baglygyň içinde ýaşaýardy. Onuň aýaly „guryagyrym“ bar bahanasy bilen, ep-esli wagt bari hiç ýerde işlemän gelýärdi. Ol aýal oba- gara-da çykyp ýören däldi. Häzir-ä towguň, malyň üstünde "sene-mene“ edişip, oba-goňşy aýallarynyň köpüsi bilen gepleşenokdam. Sapar baranda Jummynyň aýaly Oguş gargynjyrap, kimedir birine eňterip bilenini eňterip otyrdy. Sapar salam berip girdi-de: - Ýör-ow, ýeňňe, ýaman gaharly-la sen bu gün?- diýdi. Sapary görüp Oguşyň ýanyp duran odunyň üstüne nebit güýulan ýaly boldy. - Wah, Sawar jan, ballym, men ýanman kim ýansyn.Ýene, seniň ýaly ýakynym maňa düşünýe. Hol sygyry başyny iýmiş Üpekleriň sygyry ýatyrmady, ýatyrmady. Gijesi bilen üstümizde. Ýogşa, iki sapar çykyp, kowubam gelidim. Iki sapar, şu ýarawsyz janym bilen, Sawar jan!. Ýanmasam, adam ogly çydar ýaly däl ahyryn bulara, gije boldy maly üstümde, mallary guramyşlaryň... Olar bizi arkasyz, hossarsyz görýeller. Bizi depeläni Hudaý depelär, enşalla... Şol wagt daşardaky hümürdä Jummynyň özem daş çykdy. - Bäh-eý, heleý, goýmadyň, goýmadyň.Men saňa häli aýtdym, goý diýip, şindi aýtdym goý diýip. Oguşyň ody ýene lowlap tutaşana döndi. - Hana, gör, gör, - Ol Sapara tutundy, gördüň dälmi, ýene men günäkär-dä. Jümmi aýalyna azgyrylyp başlady. - Bes et, bar, çaý goý.Uwlap oturmada. Ohuş ýüz-gözüni ynjydyp, hümürdäp içeri girip gitdi. Jümmi Sapary hoşamaý garşylady. - Senem-äý, gaty eglenýeň-eý.Hany, sülmürän bolup durma-da, içeri gir, birki keret kart wuraly-la. Olar içeri girip, çyranyň ýagtysyna ýaňy kartlaryny bölenlerinde, işikde ähem-ühem eşidildi. - Barmysyňyz-haw! - Geleweri-haw! Içeri Hapby girdi. Olam saglyk-amanlyk soraşyp, saçaga bakan ýapyryldy. Oguş iki çäýnek çaýy orta goýdy-da, gepleşä , ýüzüni turşardyp,çykyp gitdi. - Oguş geli-in! Gurgunmyň? - diýip, Hapby saglyk-amanlyk soraşdyrdy. Oguş çykyp barşyna Hapbynyň bu sözüni eşidip, ýüzüni ýasama ýylgyrtdy-da, çykyp gitdi. Çaýly çäýnegi öňüne alan Hapby Sapara habar gatdy. - Sapar, bu gün gezejigiňdi-haw, unutmawer, inim - diýdi. Bu üç kişi oba belli aşnalardy. Olaryň kärem, pişesem,meňzeşräkdi. Sapar garaža garawuldy. Hapby elektrik stansiýa garawuldy. Jümmi obanyň çetindäki suw çykarýan pompa garawuldy.Olar her gün agşam Jümmülere üýşüp, gijäniň bir wagtyna çenli oturyp, soň öz garawul ýerlerine gidýärdiler. Özlerem ýöne oturaýanokdylar. Häli Hapbynyň Sapara: “Seniň gezegiňdir“ diýmesiniň emmajygy bardy. Bu üç aşnanyň her haýsy bir gije gidip, towuk ogurlap gelmelidi. Bu gije Saparyň towuk ogurlamaly gezegidi. Hapby şony ýatladýardy. Dogursy, Sapara indi ogurlyga gitmek agyr degýärdi.Ol käsesine çaý guýdy-da, elindäki kartyny keçäň üstüne seçeläp goýberdi. --Walla, men-ä indi size aýagymam ätjek däl.Bizar boldum siziň şu towukly meseläňizden. Saparyň bu sözüne Jummynyň Hapbydan, Hapbynyň Jummudan beter gahary geldi. Işigiň agzynda iki dyzyny gujaklap, ýaşynan bolup oturan Oguşam öz nägileligini bildirip galdy. -- Öten agşam-a, getirilip taýýar edileni iýip oturşyňa: "Ertir, özüm sizi elinje hezil etdirerin!“ – diýip, öwünip oturan özüňdiň-le, indi ne beýle bigaýrat bolaýdyň, Sapar! - diýdi. - Gitmän geçsin, häzir özüm gowurdaklap çorba atararyn, hä diýmän bişer. - diýip duransoň, Sapar bäalaç turmaly boldy. Öýden ýäzäni sallap giden Sapar bir sagat töweregi wagtdan ýylgyryp geldi. Onuň elinde üç sany ullakan semiz horaz bardy. Horazlar öňki edilişi ýaly, çalarak soýulandy. --Bäh, inim, Sapar, muny-ha oňaraýypsyň! - diýip, Hapby, baryp, horazlary ýekän-ýekän elleşdirip gördi. - Edil, toklutaý ýaly. Bulary nireden çildiň? Sapar sesini çykarmady. Oguş gelniňem keýpi çaglandy. --Tüweleme, Sawar jan edeýin diýse, eder. Sorap oturmak nämä gerek. Kimiňki bolanda näme. Goý, içleri tütesin, içi tütänleriň... Halaldyr, iýiberiň! Oguş horazlary gowurdy. Gijäniň bir wagty gün uzun sütüni sünip, ýaňy uka giden obanyň üstüne gowurlan towugyň janyňy alyp barýan ýakymly ysy akyp gitdi... Towuk etinden mazaly doýan aşnalary ýaňy dargan badyna daňyň düýbi çyzylyp başlandy. Oguş irden turup, daş-töweregine sübse çaldy.Soňra keteginiň agzyny açyp, tüýti-tüýti etdi-de, süpürilen ýere birki gysym arpa seçdi.Towuklar ketekden çykyp, iýme çozdular.Oguş towuklaryny birlaý gözden geçirip, soň baryp, ketegiň içine boýnuny uzadyp seretdi. Birdenem: --Waý, horazlam ýok!—diýip, samyrdady. Ol ýüregi ýarylan ýaly bolup, içeri ylgady.—Jummy, aý-uw, Jummy. Hany, horazlar!.. Jummydan jogap çykmady. Ol baryp Jummynyň ýorganyny serpdi.Jummy ýerinde ýokdy. Oguş ylgap daş çykdy. - Aýuwlar! Meniň horazym ýok-u-u-u-w! Aýuwlar üç sany toklutaý ýaly horazym ýok-la-u-u-uw!. Ol aýakýalaňaç ylgap ýörşüne, aýagyna batan zadyň agşam gowurlan horazlaryň süňküdigini gümanam etmedi. Ol birden howl aldy-da, nämäň nämedigine göz ýetiren ýaly boldy.Soňam ulili bilen gygyryp başlady. - Aý-u, Sawar-uw, öýüň ýykylsyn-uw, Meniň öz etimi kesip, özüme iýdiren ogry meýit, öýüň ýykylsyn-u-uu-uw. Onuň sesi tutuş oba ýaýrap gitdi. Irden işe barýan keýpikök, şähtaçyk adamlar nämäň nämedigine düşünip ýylgyryşýardylar... 18-sentýabr 1972. Öwezdurdy NEPESOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |