10:02 Hudaýçyl | |
HUDAÝÇYL
Goşgular
Kimmiş maña töhmet atýan, "Din-adatdan çykdy" diýip. "Eşret gözläp, baÿlyk gözläp, Atyn ýeke çapdy" diýip. Kimmiş?! Ýalan, bary ýalan, Ynanyñ siz, dogruçyl men. Şu obada öñdebarjy, Hudaýçyl men, hudaýçyl men. Käte-käte, mugt düşende, Arak deñzin boýlap kemsiz. Şir dek arlap çykýan köçä, ,,Gelşigi ýok obañ mensiz..." Açylamsoñ süllerýän-de, Oýa batýan... gaýgyçyl men. ,,Ýa bir pahmel!.." elim serÿàn... Hudaýçyl men, hudaýçyl men. Lak atamda gelinlere, Ýañagyma degýär şarpyk. Çişýär şol dem duluklarym, Nätjek, onsoñ, ýüzüm örtüp: ,,Aýalym bir duýmasyn-da, Tapaweri alajyn sen!.." Diýip Tañra kän ýalbarýan, Hudaýçyl men, hudaýçyl men. Aýlyk göze az görünýär, Has düýplüräk gazanç gerek. Onsoñ halal-haram diýmän, Baýlyk toplap ýörün, seret. Ele düşsem birazajyk, Para birin, maýdaçyl men. "Özüñ gora belalardan..." Hudaýçyl men, hudaýçyl men. Men gyzymy pula çalşyp, Sanap, saldym sandygyma. Baý, üstümden arza düşd-ä... Sadagasy boldugyma Sygyndym kän: "Gora meni" Diýmesinler: "Lomaýçyl sen" Hernä Allam rehim kyldy, Hudaýçyl men, hudaýçyl men. Ýaşam altmyş bolup barýar, Basym pensiýa çykaryn- da, Sakgal-murty ösdürerin. Namazlykda çökerin-de, Molla borun... Aklyk baryn Ýygnaryn men, peýdaçyl men Añsat eklenç tapjak bolsam Hudaýçyl men, hudaýçyl men. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Galasym gelýär / Goşgular - 13.11.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |