22:00 Iki talañ / satiriki hekaýa | |
IKI TALAÑ
Satiriki hekaýalar
Ykbalyñ keç gelip, mañlaýyñ şor bolsa, ähli zat tersine bolar eken. Hemişeler "Iki göç-de bir talañ" diýerdiler welin, men-ä bir göçmänkäm, iki gezek talandym oturyberdim. Eý-ho-ho, o nähili beýle boldy diýýäñizmi? Ynha, onuñ beýlesi. ...Sehde, ýañy bir kitaba kellämi gyzdyryp "işläp" otyrdym. Naçalnik geldi-de: - Sen, han ogul, profkomyñ ýanyna bir girip çyk, onuñ seni gaty göresi gelipdir - diýip, elimdäki kitaby kakyp aldy. Allaniçigsi boldum. Hýý, ýaglyja käýinji ýagyrnyma doñdurarlar-ow. Bu-da ýemek bolar öñküleñ üstüne. Ýeri, göz agyrysy ýaly bolup, nireden geldiñ diýsene?! Bardym, ýeñsämi tüññerdip, profkomyñ ýanyna. - Soltan Durdywna, salawmaleýkim! Ol meniñ salamyma jogap gaýtarmalydyram öýtmedi. Başga perdeden gopdy. - Zähmet adamsyna şöhrat! Olar barada alada etmeklik biziñ jana-jan borjumyz. Siz köplere görelde görkezýäñiz... Zaññaryñ kesä çekişini görýäñmi köpbilmiş-dä. Ho-o, beýleden aýlanan bolýa. Näme diýjek bolsañ, diý-de dyn-da. Ýok, gyzmalyk etmäýin. Bular ýaly ýagdaýda, gowusy, sesiñi çykarmazlyk. Dikleşmeli bolsa heran-haçanam ýetişerin-le. Zat diýmänim gowy bolupdyr. O görgüliñ gara çyny eken. - Hawa, şoñ üçinem biz Sizi Gara deñziñ gyrasyna dynç almaga ibermekçi - diýip, ol öñündäki baslygyşyp ýatan kagyzlary gyzyl dörjük etdi. Dur, dur! Bular şeýdip menden dynjak bolýan bolaýmasynlar. Başa barmaz, pyrryldagyñyz. Bu wagt tünegiñden çykar ýaly däl, dünýe durşuna goh. Bolmanda-da, öñki-öñkülik bolanda biz ýaly ýeñiýoluga Gara deñiz ýetdiresi ýokdy. Her zat etmeli welin, tilki sapalagyny atyp sypmaly. - Soltan Durdyýewna, minnetdar, ýöne, neme... - Ýok, ýok, bahana gözlemäñ, putýowkany köýdürip bolmaz. Hökman gitmeli borsuñyz. Onsoñam Siz bir sallah adam. Belki... Düşnükli. Ýöne profsoýuz bu putýowkany maña hormat hökmünde berýärmikä ýa-da jeza? Aý, her näme-de bolanda, indi bulardan maña sypma ýok. Ahyry yrdy. Hatda ýol biledime-de kömek etdiler. Uçaryñ ýanynda menziliñ manysy barmy. Hut şol günüñ ertesi agzyny ak köpürjik edip çyrpynyşyp ýatan Gara deñziñ gyrasynda gögerdim. Baýyr ýaly bolşup gelýän mähnet-mähney gomlar meniñ howumy basdy. Hernä, bu ýagdaý uzaga çekmedi. Deñiz derrew ynjaldy. Baý, pöwhä atyp suwa düşdüm-ä. Başlyklañ her ýyl kurort diýip eñmesi bardy welin, bir emmajygy bar eken-ow, asyl bu ýeri jennet oguşýan. Sag-aman yzyma dolananymdan soñ profkomyñ başlygyna bir tañryýalkasyn aýtmaly. Sowgatjyk alaýsam hem gelişmän durjak däl. Bäý-bä, bu ýerik gelenime eýýäm on bäş gün bolaýypdyr. Suw bilenem, bu ýerinin adamlaty bilen hem halys öwrenişdim. Dogrusyny aýtsam, yzymy gaty bir küýsäbem baramok. Gaýtam putýowkanyñ möhletini uzaltdyrjak. Ýöne... Hawa, bir gün günorta naharyndan gaýdyp gelsem, gapymyñ tutawajyna kagyz gysdyrylgy dur. Alyp görsem telegramma eken. Äh-ä, bu näme boldugy?! Okamaga howlukdym. "Gyssagly gelmeli. Öýüñi talapdyrlar". Al, saña gerek bolsa. Öz gözüme ynanmadym. Yzly-yzyna iki gezek okadym, üýtgeýän zat ýok. Gapdalymda duran kürsä lampa özümi goýberdim. Nälet siñmiş ogrulata gargadym. Arada gazetleriñ birinde okan habarym ýadyma düşdi. ...Ähli jenaýatçylyklaryñ üçden biri graždanlaryñ şahsy emläginiñ ogurlanmagy bilen baglanyşyklydyr... Men ony geñ-ä görmändim, alnymdan çykar ýaly. Telegramma ynanasym gelmedi. Milisiýa beýle zada ýol bermez, olar biziñ daşymyzyñ galasy, goragçymyz ahwetin. Ýok, gowusy işe jañ edip göreýin. Bular ýaly şum habardan soñ beýdip ynjalyp oturyp bolmaz. Başlygyñ kabulhanasyna telefon etdim. Trubkany göteren gyz: - Hawa, hawa, telegrammany özümiz iberdik. Gyssagly geliñ - diýip, howsalaly gürledi. Adamyñ başy çaşyp, aljyrasa her hili zat küýüne geljek eken. Meni dynç almaga iberen bolup, yzymda talañçylyk edip ýören profsoýuzyñ özi däldir-dä, hernä?! Gaýtdym uçar bilen, syrtyma sapan degen ýaly. Gelsem, gapyda möhürli kagyz ýelmengi. Goñşymyzyñ işigini kakdym. - O-ho, Jepbar jan, geldiñzmi? Miliseler bizden ygtyýarsyz açmasyn diýdi, gapyny. Hawa, bir bolmasy iş-ä boldy - diýip, goñşym Guldurdy aga zeýrendi. Men eñdim raýon milisiýa bölümine. Habarymy alan kapitan maña gaty köp kagyz doldurtdy. Nähili öý goşlarynyñ bardygyna çenli ýeke-ýeke ýazdyrdy. Ahyry boldum edip gol çekişdik. Olar iki bolup meni öýüme maşynly alyp gaýtdylar. Görsem, jaýymyñ içi akan-dökän. Sen-men ýok, hammama girdim. Köne-küşül esgä dolap ep-esli pul goýupdym, wannañ aşagynda. Hudaýa şükür, bar eken. Bilen däldirler, ýogsam çilerdiler. Eglip aldym-da, bagryma basdym, düwünçegi. Ýañky ýanym bilen gelen kapitan ýüzüme çiñerlip seretdi-de: - Bu näme? - diýip, sorady. Aýtdym nämedigini. Ol hälki gol çekilen kagyzymyza siñe seredişdirip: - Bu pul siziñki däl. Getiriñ bärik. Spisokda ýok - diýip, elimden aldy. Adam bir çig süýt emen-dä. Ahmal bolmajak bolup ahmal galýa. Aýdan bolsam, "şonça puly nireden aldyñ?" diýip süýrärdiler. Başga-da iki-ýeke ýadymdan çykyp, spisoga girmedik zatlardan dyndardylar. Wah, indi men nätsemkäm? Iki daşyñ arasynda galdym. Eger-eger olary ynandyryp bolanok. Gaýtam: - Bu zatlary sud seljerer - diýip, kapitan tumşugyny dik ýokaryk tutan bolýar. Dogrudanam, ykbalyñ keç gelip mañlaýyñ şor bolsa, edeniñ ugruna bolmaz eken. Görýäñiz-ä, gündiziñ günortany öz ýanyñda zadyñy talaýalar. Onda-da kimler? Ýogsa-da, o zatlaryñ özümkidigini indi men sudda nähili subut ederkäm? Maslahat beriñ, adamlar! Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |