20:49 Ildeşler!.. Adamçylygyñyzy gorañ, möýleşmäñ!.. / satiriki hekaýa | |
ILDEŞLER!.. ADAMÇYLYGYÑYZY GORAÑ, MÖÝLEŞMÄŃ, IÇÝANLAŞMAÑ!..
Satiriki hekaýalar
Gadym-gadym zamanlaryñ birinde düýbi tabak şekilli dünýäniñ bir ýerinde çar tarapyny dag, ortasyny bag gurşap alan, suwlary şildirdäp, asmany güldürdäp duran bir ýurt barmyşyn. Dünýäniñ hemme ýerinde bolşy ýaly, bu ýurtda-da adamlardan başga hem janly-jandar bolupdyr. Elbetde ol janly-jandarlaryñ arasynda süýrenijilerem, zäherli mör-möjeklerem, möýlerem bolupdyr. Ýöne bular başga ýerdekilerden ne-hä az, ne-de köp bolanlygy üçin hiç kimiñ gözüne ilmändir. Ýurduñ başynda biri bolupdyr. Oña "Başbaý" diýipdirler. Ol ýurtda başbaýlyk saýlaw esasynda bolupdyr. Başbaý bolasy gelenler dalaşgärligini bildiripdir, saýlawçylaram olaryñ içinden has mynasybyny başbaý saýlapdyrlar. Haýsy dalaşgäriñ alan sesi köp bolsa, şolam başbaý bolupdyr. Ine, şeýdip itenekleşip-çokanaklaşyp wagtlaryny geçirip ýörkäler, ýurtda haýran galdyryjy üýtgeşme bolup geçipdir. Süýreniji jandarlar, zäherli mör-möjekler gün-günden köpelip başlapdyr. Ýylanlar, içýanlar, kyrkaýaklar, möýler, kelpezeler hem-ä gün geçdigi saýy köpelipdir, hemem öñküsinden has ulalyp ers-mers bolup gidiberipdir. Ýylanlar tanap ýaly uzapdyr, ýogynlygy hem töññe ýaly bolupdyr. Möýler ulalyp gidişine öýüñ ululygyna ýetipdir. Daýawlaşan kelpezeleriñ ýañy doglan çagasy-da krokodilden uly bolupdyr. Kyrkaýaklar ýolagçy otlulary ýaly uzyn, ýarganatlaryñ ganaty çadyr ýaly uly bolupdyr. Akylly-başly, köpi gören tejribeli kişiler muña garşy çäre tapmak üçin kelle agyrdypdyrlar, ýöne bu howply jandarlaryñ näme sebäpli günbe-günden köpelýändigini bilip bilmändirler. Ýagdaý munuñ bilenem gutaraýmandyr. Bu howply jandarlar adamlary çakmaga, dişlemäge we zäherlemäge başlapdyrlar. Geñ galmaly ýeri, olaryñ çakýan adamlary ölmändir. Ölmeden geçen, gaýtam adamlaryñ endamyna ýaýran zäher beýnisini humarladyp, olaryñ ýarym ukuly ýagdaýda goýýarmyşyn. Ol şeýle bir şirin lezzet beripdir welin, bu zäherden endamyna ýaýran kişi derrew muña öwrenip gidiberenmiş. Şeýdip adamlar özlerini ýylanlara we içýanlara çakdyrmasa, kyrkaýaklara we möýlere sokdurmasa, kelpezelere we ýarganatlara ganyny içdirmese oñubam bilmändirler. Bu zäheriñ berýän keýpi aýdar-diýer ýaly dälmişin. Zähere öwrenşenler, bu keýpden hiç doýup bilmändir, her gün öñküsinden has köp we has köp isleýärlermişin. Öñ hepdede bir gezek özüni zäherledýänler, soñabaka günaşa, has soñra günde birnäçe gezege geçip gidipdir. Añy çala işlemäge ýaraýan, kellesi azajygam bolsa şygyrdaýan we ýüregi atyñ kellesi ýaly kişiler adamlary nädip şu ýylan-içýan belasyndan halas edip bolarka diýip çykalga gözläpdir. Şol bir wagtyñ özünde özlerini zäherledip keýp alyp ýörenler bu pikire garşy durupdyr. Şonuñ üçinem ýurduñ adamlary öz aralarynda ikä bölünipdir. Elbetde, başga-da bölünişikler az bolmandyr, ýöne bölünişik esasan şol iki toparyñ arasynda, ýagny ýylan-içýanlaryñ zäheriniñ peýdalydygyny öñe sürýänler bilen onuñ zyýanlydygyny aýdýanlaryñ arasynda bolupdyr. Ýarganatlar, möýler, içýanlar we kyrkaýaklar adamlary sokmagy ýygjamlaşdyrdygyça, zähere öwrenişýänlerem köpeliberipdir, beýlekileriñ hatary bolsa gün geldigiçe keliñ saçyna dönüp azalyberipdir. Ynha, şeýdip geldim-gitdim oýnap ýörkäler, bu zähere öwrenşenleriñ soñabaka el-aýaklary, ýüz-gözleri dagy üýtgäp başlaberipdir. Özlerini ýylana sokdurýanlaryñ günde biraz hamy gögeripdir, synasy uzapdyr, kellesi kiçeñkirläpdir, biraz wagt geçensoñam başbitin ýylana öwrülipdir. Munuñ bilenem çäklenmän ýylan ýaly süýşeneklemäge başlapdyrlar, görenini çakmaga, zäherlemäge çalşypdyrlar. Bir toparynyñ barmaklary, dyrnaklary, el-aýaklary inçelip uzapdyr, täzeden el-aýak çykypdyr, şeýdip-şeýdibem günleriñ bir güni ullakan möýe öwrülip duruberenmiş. Hasam beteri olar adamlara topulýarmyş. Şeýlelikde olardan awunan adamlaram ganlaryna ýaýran zäheriñ täsiri netijesinde ýylanlaşyp, içýanlaşyp, ýarganatlaşyp, soguljanlaşyp başlapdyr. Ikinji toparyñ adamlary ynsan keşbini saklap galmaklyk: - Ildeşler!.. Adamlygyñyzy goralyñ, möýleşmäliñ, içýanlaşmalyñ!.. - diýip arman-irmän wagyz-nesihat edipdir, gynansak-da olara gulak gabardan bolmandyr. Gaýtam, awy-zäher endamyna siñip gidenler çendenaşa köpelip-örñäp gidendikleri üçin: - Haýynlar, ikiýüzliler!... - diýip, ol görgülileriñ öz üstüne sürünipdirler. Adam sypatyny gorap saklaýanlar gitdigiçe azalypdyr welin, günlerde bir gün ol ýurtda adamyñ düýbi-teýkary bilen ýok bolmagyndan gorkup başlapdyrlar. Başbaýlyga saýlaw döwri golaýlaşanda, köpçülik hem olaryñ tarapynda bolandygy üçin ýylan-içýanyñ, ýarganatyñ, möýüñ sypatyna girenler kimi saýlasa, şolam ýurda başbaý bolarmyşyn. Ol ýurtda öñdebaryjy progressiw adamlar hem ýek-tük bolanmyşyn. Olar "Bu başymyza gelen bela nämekä? Mundan ildeşlerimizi nädip halas edip, nädip gorap bolarka?" diýip kelle döwmäge başlapdyrlar. Her kim özüçe bir teklip orta atypdyr. Kimsi: - Zähere öwrenşip mahluklaşyp gidenleri, möýleşenleri indi adam hasap edip bolmaz. Olarda ne adam tüýi bar, ne-de sypaty... Şonuñ üçinem olar başbaý saýlawlaryna gatnaşmasynlar!.. - diýipdir. Her näçe sypaty adama meñzemese-de, olaram ilki adam bolup doguldylar ahyry ýogsa. Çünki olaryñ çagasy doglanda ýene-de adam bolup doglarmyşyn. Ganlaryna zäher goşulmasa, mydama adam sypatynda-da galypdyr. Ýurduñ az sanly añ-düşünjeli adamlarynyñ käbiri bolsa: – Adam sypatynda galmak üçin nahary çarşak bilen iýmeli!.. - diýipdir. "Ütükli jalbar geýmeli", diýenlerem, "Günde sakgalyñy syryp durmaly" diýenlerem bolupdyr. Ýöne bu görülýän çäreleriñ hiç biri adamlaryñ adamçylyk sypatyny saklamak üçin ýeterlik bolmandyr. Soñ ol ýurduñ progressiwleri "Geliñ, bolmasa başga ýurtlara-da syn edip göreliñ. Ol ýerlerde-de biçüwini, galybyny, içini-daşyny üýtgedip ýörenler barmyka? Bar bolsa näme edýärlerkä? Munuñ nädip öñüni alýarlarka, gidip göreliñ, hany!" diýipdirler. Diýişleri ýaly-da, başga ýurtlara gidip, ol ýerleriñ adamlaryny öwrenipdirler. Soñra daşary ýurtlarda öwrenen zatlaryny öz ýurdunda amal edip, ildeşlerine peýda getirmek üçin maşgalasynyñ arasyna dolanypdyrlar. Ýene-de öñküleri ýaly her kim bir pikir öñe sürüpdir. Käbiri: "Öýleriñ penjirelerini has uly edeliñ!" diýse, käbiri: "Başga ýurtlardan nusgalyk adamlary getireliñ!" diýipdir, käbirleri bolsa: "Özümiziñkileri daşary ýurtlara ugradalyñ!" diýipdir. "Günde üç gezek ýokary bökmek gerek" ýa-da "Düşekde çep tarapyña ýatmaly" diýýänlerem barmyşyn. Şonça adamyñ içinde kellesini has gowy işleden biri çykyp: – Meni diñläñ - diýipdir. - Men süýrenijileriñ, mör-möjekleriñ näme üçin ösüp-örñäp barýandygyna düşündim. Ýer togalagyndaky başga ýurtlary synlap, bir zady anykladym. Şemal öwüsýär welin, salkyn howa süýrenijilerer we mör-möjeklere gowy ýaraýar, şondanam ösüp-örñäp barýarlar. Bir alajyny tapyp şemal öwüsmez ýaly etmeli. Adatça bu şemal gündogar tarapdan öwüsýär. Gezen-gören ýerlerimde gördüm. Gündogardan öwsen şemala bent bolup duran daglaryñ eteginde ýerleşen ýurtlarda bizdäki ýaly zatlar bolanok. Geliñ, hemmämiz bir çukura tüýküräkgetdin, iş işden geçmänkä gündogardan öwsen şemalyñ öñüni ýapalyñ. Ýogsam bolmasa, bu gidişimiz bilen erte-birigün uçdantutma adam sypatymyzy ýitirip, ýylan-içýana öwrülýäris. Onuñ bu sözüni makullanlaram bolupdyr, garşy gidenlerem tapylypdyr, ýañsylanlaram tapylman durmandyr... Her niçigem bolsa, ony makullanlar bilini bek guşap zyýanly süýrenijilere, möýlere, kelpezelere we ýarganat sypatlylara garşy söweşe giripdir. Bu söweş juda aldym-berdimli we gandöküşikli söweş bolupdyr. Çünki şol wagtyñ başbaýy hem güýji agdyklyk edýänleriñ tarapyny tutupdyr. Bu ýurduñ daş-töweregi daşarky duşmanlardan goranmak üçin galyñ diwarlar bilen gurşalan eken. Gala diwarlarynyñ dört tarapda derwezesi bolupdyr. Ýurduñ adamlary gündogar tarapdaky derwezäni kilitlemäge çalyşsa, beýleki toparam kilitlemezlige çalyşypdyr. Adamlar derwezäni içerden itip, beýlekiler daşardan ýapdyrmajak bolup direnişip garabaşlaryna gaý boluşlaryna, gan dagy sil bolup akypdyr. Ahyrsoñy içerdäkiler ýeñiş gazanypdyr, gündogar derwezäni mäkäm ýapypdyrlar. Beýlekilerem daşynda galyberenmiş. Bu pikiri öñe sürüp üstünlik gazanan kişi ýurda başbaý bolupdyr. Ol ildeşlerine: – Dagy-duwara şu derwezäni açmaga milt edäýmäñ! Bir gezek açsañyz, soñ eýgerip bilmersiñiz. Bu derweze gaty howply, ýekeje barmak yş berseñ, soñ bir gün doly açylmagy mümkin. Günler geçiberipdir. Ynha, bir günem ol paýhasly kişi aradan çykypdyr. Onuñ ornuna saýlaw bilen ençeme başbaý gelip-geçipdir. Ösüp-örñemesiniñ soñuna sogan ekilenem bolsa, ýurduñ her ýerräginde mydamky bolşy ýaly süýrenijiler we beýleki mör-möjekler bolanmyş, ýöne gündogar derwezäniñ kilitlenip, şemal öwüsmesiniñ öñi alynandygy üçin olar öz boluşlaryndan artyk ulalyp we köpelip bilmändir. Şeýdip itenekleşip-çokanaklaşyp ýörüşlerine, başbaýlyga dalaşgärleriñ arasynda "men saýlanaryn", "sen saýlanarsyñ" diýen ýaly garpyşyklar başlapdyr. Dogrusyny dogry aýtmaly, başbaýlyga dalaşgärleriñ hiç birem adamlaryñ täzeden möýleşmegini, içýanlaşmagyny islemändir. Islemeýänem bolsalar, näme etsinler, saýlawda sesem gazanmak gerek ahyryn. Şol döwrüñ başbaýy oturyp kän oýlanyp-ölçeripdir, ýene bary-ýogy üçje sany ses gazansa, saýlawda ol ýeñiş gazanyp biljek ekeni. – Men şu derwezäni üç seslik açaýyn!.. Diýşi ýaly edibem başbaýlyk kürsüsini başgalara bermändir. Muny gören beýleki dalaşgärler özlerine ses berjekleri içeri salmaga başlapdyrlar. Elbetde, olaram derwezäniñ tutuşlaýyn açylyp, daşyndakylaryñ içeri girmegini islemändir. Şonuñ üçin özlerine gerekli on sesi almak üçin derwezäni açypdyrlar. Şol bir wagtyñ özünde derweze açylyp gidibermesin diýip öz adamlaryna derwezäni içinden itdiripdirler. Derweze on seslik, ýüz seslik, müñ seslik açylyp-açylyp, ahyr bir gün düýpli açylypdyr. Habary kimden alalyñ? Başbaýlardan alalyñ. Olaram derwezäniñ hañlap açylyp galmagyny islemeýändigi üçin: – Tijeniñ, içinden itiñ! - diýip, öz adamlaryna görkezme bererlermiş. Içinden itekläp, daşyndan itekläp duruşlaryna, derweze öz-özünden eýläk-beýläk yrgyldamaga başlanmyş. Ine, şol wagtdan bäri ol ýurtda gündogar tarapdaky derweze iki tarapa yrgyldap duranmyş, ýöne başbaýlaram arman-ýadaman: - Gaýrat ediñ, ildeşler, çydañ!.. - diýip, gygyryp ýörlermiş... ("Çydañ, ildeşlerim" eserinden). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |