KEMALYMA
Gujagymdan sogrup akja balamy,
Pelek meni goýanynda armana.
Köşegin aldyryp,süýdün seçelän,
Akmaýa deý,küýüm gitdi asmana.
Ummanlary baglan älemgoşardan,
Şonda hakydamda sallançak asdym.
Onda üwräp gaýypdaky balamy,
Hemişe hyýalda bagryma basdym.
Aýdyp ýetişmedik hüwdülerimi,
Ýolladym sabanyñ sergin ýelinden.
Güneşiñ çogundan mähir ýolladym,
Pelek sowursa-da ony elimden.
Hüwdülermi ýelden ýollan ýerimden,
Ahyr bir gün oña sary uçaryn.
Şonda uçgunjygmy hyýalda däl-de,
Hakykat ýurdunda gujak açaryn.
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Goşgular
Категория: Goşgular |
Просмотров: 523 |
Добавил: Gumlygelin
| Теги: Gyzylgül Annagylyjowa
| Рейтинг: 0.0 /0
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
Teswirleriň ählisi: 4
Порядок вывода комментариев:
По умолчанию
Сначала новые
Сначала старые
0
Bagyr awusy juda aýylganç bolýa... Öwez ogluny bersin...
0
Öwez ogluny bersin...
Öwezine ajaýyp gyzlar bilen goç ogul beren Allaha sansyz şükürler bolsun. Sözüm uly bolsa, tobam bile bolsun, ýöne, ene kalbynda öwezini dolup bolmajak ýitgi bu. Seýle ýagdaýda teselli berjek sözleri tapmagam kyn.
0
Duýgudaşlyk üçin sag boluñ gadyrdanlar.Hiç bir ene"Balam"-diýip aglamaly bolmasyn...Alla öwezine berenine uzak bersin...