09:13 Mahesti Menije | |
MAHESTI MENIJE
Zenan şahsyýetler
Gadymy hem dana türkmen halky dünýä medeniýetine, şol sanda edebiýatyna hem bimöçber goşant goşan halkdyr. Onuñ dünýä edebiýatynda meşhurlyga eýe bolan söz ussatlarynyñ ençemesi-de öz Alla beren zehinleri, egsilmez ýürek joşgunlary bilen belent mertebelere eýe bolan gyz-gelinlerdir. Biz özümiziñ şu gysgajyk ýazgymyzda şolaryñ ilkinjilerinden hem görnüklilerinden biri Mahesti, Çeñi lakamlary bilen tanalan oguz-türkmen gözeli Menijäniñ durmuşy hem döredijiligi barada söhbet açmakçy. Bu görnükli şahyr zenanyń şahsyýeti, durmuşy hem döredijiligi onuñ öz ýaşan döwründen tä şu günlere çenli özüne çekip geldi. Ol hakda ýüzugra agzap geçenler-de az-u-köp maglumatlary özünde jemlän dürli ýazgylary galdyranlar-da, ýörite makala ýazanlar-da, göwrümli dessanlary-da, hatda möçber taýdan 400 sahypa ýetýän uly iş ýazanlar-da bar. Ýöne onuñ anyk nireden, kimlerden bolandygy, dünýä inen, işlän, ýaşan ýurtlary, şäherleri barada berilýän maglumatlar welin, örän dürli-dürli hem çapraz gelýän pikirlerden doly. Ýöne biziñ pikirimizçe, iñ esasy hem ygtybarly maglumat onuñ özüniñ özüni nireden hasap edýänligidir. Mysal üçin, meşhur gündogarşynas alym, professor Ý.E.Bertels öz saýlanan ylmy işleriniñ "Nyzamy hem Fuzuly" atly kitabynda ýerleşdirilen "Şahyra Mihsiti hakdaky mesele dogruda" diýen çaklañja makalasynda şeýle ýazypdyr: "Mihsiti (ol şahyrany şeýle atlandyrýar -N.G.) Genje şasynyñ yzarlamasyndan gutulmak ûçin, özi hakdaky (horezminli türkmen şahyry Jöwheri Zergär tarapyndan ýazylan "Mahesti hem Emir Ahmet" -N.G.) dessanynda şeýle diýýär: "Be memleketi Horasan be şähri Balh mirewem ki ez an ja inja amedeýem" (Ý.E.Bertels, "Избранные труды. Низами и Фузули", Мoсква-1962, 79-sah.). Mahestiniñ bu sözlerini şygyr bilen türkmençä geçireniñde, ol şeýle bolýar: - Gidýän Horasan ýurduna, Balh diýilýän şähere. Ozalam men şol ýerdendim, Şonsan geldim bu ýere. Görşümiz ýaly, onuñ niredendigi barada berilýän köp dürli maglumatlaryñ arasynda şundan ygtybarlysy ýok. Diýmek, Mahestiniñ asly oguz türkmenleriniñ ir zamanlardan bäri, köpçülikleýin ýaşaýan ýeri bolan Owganystanyñ Balh welaýatynyñ Beýik seljuk-türkmen imperiýasy gurlanda Çagry begdir Togrul begiñ agasy (kakasy Mikaýylyñ dogany Musa Ýabguwa berlen) merkezi Balh şäherinden bolmaly. Gyz ady Menije bolan Mahesti şol ýerde 1121-nji ýylda dünýä inipdir. Ol ylym-bilim, tälim-terbiýäni öz dogduk diýarynda alyp, kemala gelenden soñ, hossarlarynyñ biri bilenmi ýa-da ýeke özümi, belli däl, garaz, Balhdan Merwe gelip, Soltan Sanjaryñ (1128-1157 ý.ý.) köşgündäki kätipler diwanyna işe ýerleşipdir. Ol bu ýerde ilki ep-esli wagtlap, nedim (sekretar), kätip bolup işläpdir. Menije, aýdylyşyna görä, örän görmegeý hem şahandaz gyz bolan bolara çemeli. Ol çeñ (arfa) saz guralyny çalmaga, mylaýym ses bilen ýakymly aýdym aýtmaga, şygyr ylaýta-da rubagy ýazmaga hem küşt oýnamaga-da biçak ezber bolupdyr. Şeýle bolansoñ, ony Soltan Sanjaryñ ähli zyýapatlaryna (banket), mejlisleridir meýlislerine yzygiderli gatnaşdyrypdyrlar. Soltan ony öz mejlisinde ilkinji gezek görende, üýtgeşik zenanlyk gözelligine syny oturyp: "Ma hest!" ("Aý ýaly!") diýipdir. Aýdylyşyna görä, şondanam oña "Mahesti" lakamy galypdyr. Onuñ bu lakamyny-da dürli çeşmeler dürlüçe düşündirýärler. Biz şolardan ýañky aýdylany dogry hasaplaýarys. Köşk emeldarlary ilki-ilkiler Meniją mejlisdir meýlisleriñ, zyýapatlardyr dürli oturylyşyklaryñ bezegi hökmünde garan bolsalar, soñabaka olar bu gyzyñ çeñ saz guralyny (arfa) çalmaga ökdeligine, mylaýym ses bilen ýakymly aýdym aýtmaga-da ezberligine göz ýetirip ugrapdyrlar. Şeýlelikde, ol çeñiñ ýakymly owazyna goşup, käte özüniñ, köplenç bolsa, köşkde bile işleşip ýören (emir Muizzi, Enweri...) ýa-da özünden az-kem öñräk dünýäden öten (Abdylmälik Burhany, Omar Haýýam...) görnükli şahyrlaryñ şygyrlaryny pessaýdan mylaýym ses bilen aýdym edip aýdar ekeni. Çeñ saz guralyny çalmaga şeýle ökdeligi üçin oña soñabaka Mahesti Çeñi hem diýip başlapdyrlar. Günleriñ bir güni köşkde häli-şindi geçirilip durulýan şol mejlislerdir zyýapatlaryñ biriniñ ahyrlarynda, Soltan Sanjar ýöne gezelenç etmek üçinmi ýa atyna atlanyp gitmek üçinmi, garaz, bir wesile bilen daşaryk çykypdyr. Görse, gar ýagyp, bar ýerler duw-ak bolup ýatyrmyş. Soltan muña haýran galyp: "Bäh, ýañy gelemizde-de beýle däldi-le!" diýipdir. Soltan sözüni tamamlan bada, onuñ ýany bilen daş çykanlaryñ arasynda duran Mahesti ýüzüniñ ugruna bir rubagy aýdypdyr. Ol, ine şeýle: - Bar soltandan eziz görüp Hak seni, Asmandan bagt atyn gönderdi göni! Hapa basmaz ýaly altyn nally at, Kümüş bilen örtdi ähli meýdany. Şahyr zenanyñ bu täsin rubagysy, özünem desbi-dähellik bilen aýdylmagy käteler şygyr ýazýan Soltan Sanjara biçak güýçli täsir eden bolarly. Ol bu şygry eşiden bada: "Bä-ä, bu gözel gyz şahyram ogşuýa! Näme maña aýtmansyñyz? Muña indiden beýläk şahyr hökmünde-de belent sarpa goýulmalydyr!" diýipdir. Soltan şondan soñ ony öz howandarlygyna alypdyr. Ol beýik soltanyñ özüne bildiren bu mähir-muhabbetine jogap edip, birnäçe rubagylary-da döredipdir. Şolardan biri, ine, şeýle: - Şa, Hakdan dileýän, ýaşa müñ ýyllar, Saýañda bagtyýar örñesin iller! Her ýyl müñ aý bolsun, her aýda müñ gün, Her sagat müñ güne bolsun barabar! Soltan-da onuñ ezberlok bilen çalýan şirin owazly sazlaryny, mylaýymdan mähirli ses bilen aýdýan ýakymly aýdymlaryny, zenan kalbyndan syzylyp çykýan nepis rubagylaryny ýygy-ýygydan diñläp durupdyr. Mahestiniñ bu zatlaryñ daşyndan küşt oýnamaga-da diýseñ ökdeligini bilen Soltan Sanjar döwlet işlerinden sypynýan wagtlary onuñ bilen küşdem oýnandygyna bolsa, onuñ şeýle rubagysy hem şaýatlyk edýär: - Şanyñ goşunyny piliñ dagydar, Weziri-de ýykar müñ hakan, kaýsar. Men seniñ ruhuña bolaýyn gurban, Ol ençe şalary atdan agdarar. Soltan Sanjaryñ 1153-54-nji ýyllaryñ oguz gozgalañynda zyndana salynmagy, eýesiz galan ýurtda baş-başdaklygyñ, eden-etdiligiñ höküm sürmegi ýa-da 1156-njy ýylda ýene öz tagtyna geçen soltanyñ bir ýyldan soñ, içagyry keseline sezewar bolup, 1157-nji ýylda aradan çykmagy bilen, Beýik seljuk-türkmen imperiýasynyñ ymykly synmagy netijesinde Mahesti ýa 1153-54-nji ýyllarda (32-33 ýaşlaryndaka), ýa-da 1157-nji ýylda (36 ýaşyndaka) Merwden Genjä - söýgülisi, şahyr ýigit Emir Ahmediñ mekanyna gidipdir. Onuñ Merwden ilki Balha baryp, soñ Genjä giden bolmagy-da mümkin. Bu hakda Mahestiniñ şeýle bir rubagysy-da bar: - Ýokdur yşk derdine döz gelen mençe, Jepanyñ serhedi ýokmy seniñçe?! Diýipdiñ: "Genjede ýeters myrada", Ynha, men, ine, sen, ine-de Genje!" Şundan görnüşi ýaly, Emir Ahmet Merwden gitmeli bolanda, Mahesti ikisi özara dilleşen bolarly. Garaz, şeýlelikde, Mahesti bilen Emir Ahmet ikisi maşgala durmuşyny gurup, birnäçe wagtlap Genjede ýaşapdyrlar. Ýöne erkanalyk, dogumlylyk etinde, ganynda bolan, Merwde-de şol hüý-häsiýetini dowam etdiren oguz gyzynyñ käbir hereketleri, ýazýan şygyrlary, çeñ saz guralyny çalmagy Emir Ahmediñ ruhany kakasy Hatyba-da, Genjäniñ häkimine-de ýaramadyk bolarly. Şol zerarly, olar Mahesti Menijäniñ dogduk diýary - oguzlaryñ bir mekany Balha gitmeli bolupdyrlar. Olaryñ Balha gelenini eşiden ýerli şahyrlar bir gün olaryñka görme-görşe barypdyrlar. Mahesti hem hossarlary olara hezzet, hormat edip, üsti naz-nygmatly bol saçak ýazypdyrlar. Ýöne şonda Mahesti entek saçaga el uzadylmanka, bir tapmaça rubagy aýdyp, şoña jogap bermeklerini sorapdyr. Şol tapmaça rubagy şeýle: - Ol niçik ogrudyr, öýe girse, tiz Öý deşikden gaçar, dolanmaz hergiz?! Ogra-da öý däl-de, gerek eýesi, Öý gitdi, eýesi çyrpynýar ejiz. Balhly şahyrlar muña jogap tapman oturýarlar. Şol wagt öýe giren Mahestiniñ ýanýoldaşy, şahyr Täjeddin Emir Ahmet öz myhmanlaryndan näme üçin saçaga el uzatman oturandyklarynyñ sebäbini soraýar. Ahwalaty bilenden soñ, ol myhmanlara derek bir rubagy bilen şol tapmaçanyñ jogabyny beripdir. Emma Emir Ahmediñ şol jogap rubagysy bize belli çeşmeleriñ hiç birinde ýok. Ýöne şol jogap rubagysy şeýleräk bolandyr öýdüp çen edýäris: - Ogry - balyjçy hem onuñ torudyr, Öý - deñizdir - suwdur, suwlañ şorudyr. Suw tordan süzülip, çykdy daşyna, Torda balyk galdy, ol şoñ barydyr. Şondan soñ, balhly şahyrlar Emir Ahmede minnetdarlyk bildirip, degşip-gülşüp, saçaga el uzadypdyrlar. Özboluşly zehine, ukyba, täsin ykbala eýe bolan görnükli şahyr Mahestiniñ beýik Seljuklaryñ iñ soñkusy Soltan Sanjaryñ köşgündäki, Genje hem Balh türkmen begliklerindäki başdan geçiren durmuş ahwalaty, onuñ döreden nepis rubagylary bilen baglylykda dörän gürrüñlerdir hekaýatlar entek onuñ özi dirikä dilden-dile, ilden-ile, ýurtdan-ýurda geçip, uly şan-şöhrata eýe bolan bolmaga çemeli. Mysal üçin, türkmenleriñ Yrakdaky seljuk döwletiniñ sekizinji soltany Muizeddin Arslan ibn Togrul patyşalyk edýän döwründe (1161-76 ý.ý.) köşgünde ençe ýyllap işlän, şahyrçylyk edýän, soñra söýşüp, genjeli türkmen şahyry Täjeddin Emir Ahmede durmuşa çykan täsin ykbally şahyr zenan Mahesti hakdaky gürrüñleriñ, hekaýatlaryñ esasynda dessan ýazmagy tabşyrypdyr. Jöwheri Zergär bolsa, soltanyñ tabşyrygyny berjaý edip, özüniñ "Mahesti hem Emir Ahmet" dessanyny döredipdir. Bu dessan XII asyryñ 60-70-nji ýyllarynda ýazylypdyr. Onuñ baş gahrymany Mahesti bolsa, şol asyryñ 80-nji ýyllarynda bar ekeni. Jöwheri Zergär özüniñ bu dessanyny, esasan, Mahestiniñ hem onuñ söýgülisi, soñra ýanýoldaşy bolan Emir Ahmediñ öz şygyrlarynyñ esasynda ýazan bolmaga çemeli. Bu özboluşly zenan şahyryñ täsinliklerden doly durmuşy-da, çeper döredijiligi-de, ol hakdaky dessan-da geljekde türkmen alymlary tarapyndan düýpli öwrenilmegine garaşýar. Nazar GULLAÝEW, professor. # edebiyatwesungat_2005 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |