20:29 Dost sözi | |
DOST SÖZI
Edebi makalalar
Hut agam hökmünde belent sarpa goýýan söwer dostum, üýtgeşik zehine eýe bolan şahyr Meret Garryny men 1956-57-nji ýyllardan bäri tanaýaryn. Ýaşy menden ep-esli uly bolsa-da, goşunçylykda-beýlekide bolup, uniwersitete ol birki ýyl soñ giripdi. Onuñ bilen şol ýyllardan başlanan talyplyk gatnaşyklarymyz kem-kemden mähirli dostluga, dostlugymyz bolsa, dura-bara doganlyga öwrülip gitdi. Meret bilen gatnaşygymyzyñ şeýle derejä ýetmegi onuñ sadadan belentligi, pespälligi, mähremligi, pebzi halallygy hem juda paýhaslylygy bilen baglydy. Ýogsa, ikimiizñ degişli bolan ýerimizden gelen zehinli-zehinli oglanlar başga-da az däldi. Meniñ sulhum alşyp, bir otagda ýaşaýan hemdemlerimiñ bolsa hersi bir welaýatdan - Saparmyrat Weli Daşoguzdan, Akmämmet Hümmet Lebapdandy. Olar bilenem, elbetde, iýenimiz aýra gitmeýärdi. Ýöne hakyky dostlugyñ mähir-muhabbeti, özüne dartyş güýji düýbünden başgaça bolar ekeni. Tanyşlañ ýakyny dost-ýar bor eken, "Çyn dost" diýlen bir gudratam bar eken: Çyn dostuña bolup bilseñ şeýle dost, Şol mydam iñ ýakyn howandar eken. Bu elbetde, dostlugymyzyñ hatyrasyna ýöne bir aýdylýan söz däl. Mysal üçin, bir mahal öýlenmek meselesi ýüze çykanda, söz aýtmak üçin barylmaly gapydan agalarymdan öñ ätlän-de, soñra toýum, ýasym bolanda ilkinjileriñ biri bolup, şatlygymy, gam-gussamy deñ paýlaşan-da, sähel wagt görşülmän duşuşylanda begenjinden gözüne ýaş aýlan-da Meret Garrydy. Şeýle pursatlaryñ birini biz, ine, bentde teswirlerdik: "Essalawmaleýkim! Dostum, hoş gördük!" Ýöne, neçüýn, gözleriñde ýaş gördük?! Ol, belki, päk kalbyñ buýsanç ýaşydyr?! Sende pespäl, örän belent baş gördük?!" Meret uniwersitetiñ türkmen filologiýasy fakultetini tapawutlandyrylan diplom bilen tamamlap, dogduk obasyna mugallym bolup, dolanyp bardy. Ol obalaryndaky mekdepde diñe bir türkmen dilinden hem edebiýatyndan däl, örän ezber bilýändigi üçin rus dilinden hem edebiýatyndan-da sapak berip başlady. Kem-kemden dürli gazetlerde, žurnallarda onuñ gowy rubagylarydyr makalalary-da görnüp ugrady. Bu zatlar bolsa, obadaşlary tarapyndan öñem örän hormatlanylyp ýörlen Merediñ abraýyny has-da belende göterdi. Ýöne Meredi obalarynda uzak işletmediler. "Aý dogsa, Älem görer" diýlişi ýaly, etraba üýtgeşik bir zehinli adamyñ gelendigini duýan ýolbaşçylar ony çagyryp, etrap gazetine baş redaktor edip bellediler. Kim boljagyñ öñden duýulan ýaly, Gursagña Hak nury guýulan ýaly. Keşbiñ-de, kalbyñ-da dur bir durşuna, Ylla sap polatdan süýülen ýaly! Meret pikirini az sözler bilen, bir ýere çugdamlap bermegiñ has gaýym galyby hökmünde diñe rubagy ýazmagy müwessa bilen bolarly, metbugatda onuñ diýseñ çeper rubagylaryny okap geldik. Indi olaryñ sany 650-ä golaýlady. Gelejekde, olaryñ sany 1000-e ýeter hem täsin bir rubagylar kitaby emele geler diýip umyt edýäris! Söwer dostum, "Garantgaly" lakamly, özboluşly şahyr Meret Garry hormatly dynça alyşa çykansoñam, gol gowşuryp oturmady. Her bir işe ezber, gündizlerine gapysyndaky mellek ýerinden, örän berdaşly elleri bilen zer öndürse, gijelerine beýik halypa Abdyrahman Jamynyñ: "Gündize goş bir bölegin gijeleñ!" diýen dana sargydyna eýerip, ýiti çeper dili bilen dür öndürdi. Gudraty Güýçli Allatagala onuñ iki harmanyna-da bereket beribildi. Şahyryñ kalbyndaky ylhamy hiç haçan egsilmedi! Nazar GULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |