19:33 Mahmal owazly bagşy | |
MAHMAL OWAZLY BAGŞY
Aýdym-saz sungaty
Aýdyşlaryna görä, günleriň birinde Akjagül Myradowa mekdebe baranda, Daşoguzdan bagşy-sazandalaryň uly bir topary oba gelipdir. Olar mekdebiň golaýyndaky meýdançada aýdym-saz bilen çykyş edýärler. Topara şol döwürde meşhur bagşy Magtymguly Garlyýew ýolbaşçylyk edipdir. Çuwal bagşy Sapar Bekiniň gyjagynyň owazyna goşulyp aýdyma başlanda, Akjagül halypa bütin durky bilen bir gulaga öwrülip, ony diňleýär. Çepiksije gyzyň bu bolşy bagşylaryň nazaryndan sypmaýar. Olaryň biri ýaşajyk zehini orta çagyrýar. Ol bu çakylyga hopugýar, emma boýdaşlary goldansoň, uýaljyrap orta çykýar. Ol ilkinji gezek halypalaryň öňüne çykyp, iki sany halk aýdymyny aýdyp berýär. Onuň aýdymlary ýerine ýetirişi Magtymguly Garlyýewe diýseň ýaraýar. Ol zehinli ýaş aýdymçyny özüniň döreden ansamblyna çagyrýar, onuň geljekde ilhalar bagşy bolup ýetişjekdigini aýdýar. Magtymguly halypanyň atalyk aladasy Akjagül Myradowanyň ýaşlykdan aýdym-saza baş goşmagyna sebäp bolýar. Akjagül Myradowa: «Magtymguly halypamyz ata ornunda durdy. Ol: «Bäş-on aýdym bilen bagşy bolmarsyň, dynman öwrenmek gerek» diýip maslahat bererdi. Bilmedik ýerimizi: «Ine, şeýdiň, beýdiň. Şeýle gygyrsaňyz, sesiňiz saza siňer, beýdip gygyrsaňyz bolsa, ili güldürersiňiz» diýip, ýadaman öwrederdi. Berdibaý gyjakçy diýip Magtymguly aganyň ýanynda ýene bir halypa bolardy. Ol Nazar baga, Baýar halypa dagy bilen köp tirkeşen adam. Ol hem köp zatlary öwretdi. Şeýdibem, Magtymguly halypadan «Bezirgeni», Berdibaý gyjakçydanam «Hüýrlukga-Hemra» bilen «Şasenem-Garyby» öwrendim» diýer ekeni. Şol ýyllar Akjagül Myradowa Çuwal bagşydan tälim alan Ryzaguly Ataýew, Gurban Seýitmädow, Tüýli Otuzow, Begjan Haljanow... ýaly ussatlar bilen işleşýär. 1941-1945-nji ýyllaryň urşy ýyllarynda Magtymguly Garlyýewiň döreden bagşylar toparyna Sülgün Meretgeldiýewa, Täjigül Jumaýewa, Aýgül Alyýewa, Haljan Ataýewa, Ejegül Annamyradowa we beýleki gelin-gyzlar goşulýar. Akjagül Myradowa-da şolar bilen bilelikde paýu-pyýada Daşoguz topragynyň ähli künjegine aýlanyp, halka hyzmat edipdir. A.Myradowa döwürdeş zenan bagşylarynyň arasynda dessan öwrenip, halkyň öňüne çykan ilkinji bagşydyr. 1961-1967-nji ýyllarda ol Türkmen döwlet filarmoniýasynda, biraz soň Daşoguzdaky welaýat teatrynda işleýär. Bu döwürde halypa bagşy ýurdumyzyň dürli ýerlerinde, şonuň ýaly-da, Özbegistanyň, Täjigistanyň birnäçe şäherlerinde çykyş edýär. Akjagül Myradowa Aýbibi Atahanowa, Bahar Agaýewa, Bahargül Galpakowa ýaly zehinli zenanlara ýakyndan ýardam beren bagşydyr. Ussadyň dürli döwürlerde ýazga geçirilen «Gülzar eýledi», «Gutlaň toýuny!», «Nirede galdy?», «Heserli» ýaly aýdymlary türkmen radiosynyň altyn gaznasynda saklanýar. 1967-nji ýylda Akjagül Myradowa «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly at dakylýar. 1991-nji ýylda halypa bagşa «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly at dakylýar, 1994-nji ýylda bolsa ol «Gaýrat» medaly bilen sylaglanýar. Türkmenistanyň halk bagşysy Akjagül Myradowa «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen hatyralandy. Türkmende «Çyn güli saklasaň, müň ýylda solmaz» diýen aýtgy bar. Mahmal owazly zenan bagşy Akjagül Myradowanyň aýdan aýdymlary häli-häzire çenli belentden ýaňlanýar. Milli aýdym-saz sungatymyzda öçmejek yz galdyran ussadyň ýol-ýörelgesi ýaşlar tarapyndan dowam etdirilýär. Aýgül ÝAGŞYÝEWA, Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |