MAKSIM GORKIÝ BARADA
Men Gorkiý hakynda nähilidir bir söz aýtmak maksady bilen galama ýapyşmazymdan öñ kän pikir etdim.
Onsoñ birden bu gepleşigiñ Maksim Gorkiniñ doglan gününiñ 110 ýyllygyna bagyşlanyp berilýändigi hakydama geldi. Bu ýagdaý başga-da bir wakany ýadyma saldy.
Bir mahal merkezi gazetleriñ biri Alekseý Nikolaýewiç Tolstoýa Maksim Gorkiniñ ýubileýine bagyşlap makala ýazmagy tabşyran eken. Ol makala mynasyp sözbaşy tapmaga kän wagtyny sarp edipdir. Iñ soñky minutlarda ýazgylaryñ ýokarsynda "Adamlar Gorkiniñ nusgasynda adam bolup ýetişmelidirler" diýen uzyn jümle bolupdyr. Emma makalanyñ awtory gijä galan eken. Redaksiýada gazetiñ geljekki nomeri eýýäm okalyp otyrka, Alekseý Tolstoý gelip ötünç sorap şeýle diýipdir:
- Maña kän ýer gerek däl. Bu jümlelik ýer berseñiz bolany. Ähli ýazan zatlarymyz manysyny bir sözbaşyñ özi berýär. "Adamlar Gorkiniñ nusgasynda adam bolup ýetişmelidirler" diýiñ-de, aşagynda meniñ adymy goýaýyñ!
Indi ýönekeý bir işçiniñ Gorkiý barada aýdan sözlerini ýatlaýyn:
"Meniñ söýýän ýazyjylarym hem-de şahyrlarym az däl. Şekspir, Puşkin, Stendal, Maýakowskiý, Bernard Şou, Babel. Ýene-de bar. Olaryñ her birini özümçe söýýärin. "A.Gorkini nähili görýärsiñiz?" diýip soramagyñyz mümkin. Ýok, Gorkiý meniñ düşünjämde ýazyjy däl, ýagtylyk. "Men Güni söýýärin" diýip aýdyp bolarmy? Gorkiý gapma-garşylykly iki dünýäniñ asmanynda gün ýaly lowurdap, öz pikirleriniñ nury bilen biziñ kyn ýolumyza şöhle saçýar".
Indi bolsa Gorkiniñ öz setirlerine ýüzleneliñ.
"Durmuş şeýle bir ezberlik bilen gurlupdyr welin, ýigrenmegi başarmazdan, tüýs ýürekden söýmek mümkin däl".
"Hapany, ylaýta-da lapy gözýaş bilen ýuwup aýryp bilmersiñ".
"Diñe bir hakykat bar, olhem köne dünýäni ýigrenmek hakykaty".
"Synpy ýigrenç iñ ägirt döredijilik güýjüdir".
"Işçiler synpynyñ kän duşmany bar. Şolaryñ iñ howplusy biziñ dilimizde ýalan sözlemegi başarýan duşmandyr".
...Garagumuñ obasynda täze öý dikilşi meniñ göz öñümde galypdyr. Öýüñ tärimleri tutulandan soñ iñ bir daýaw adam tüýnügi götermeli bolýar. Tüýnük göterlensoñ aýallar ýerli-ýerden oña uk ötürmäge başlaýarlar.
Maksim Gorkiý meniñ nazarymda täze zamananyñ tüýnügini göteren ägirtleriñ biri bolup janlanýar.
Maksim Gorkini Leninden aýra göz öñüne getirmek mümkin däl.
On dokuzynjy asyrda rus edebiýatynyñ galkynyp çykan belentligi aklyñy haýran edýär. Adamzat aklynyñ-paýhasynyñ şol belentligini XX asyryñ bosagasynda Maksim Gorkiý öz gerdenlerinde kabul etdi. Adamzadyñ çeperçilik ösüşinde Gorkiý täze tipli ýazyjy hökmünde ýüze çykdy.
Maksim Gorkiniñ dünýägaraýşynyñ onuñ beýik dosty hem-de mugallymy Leniniñ ideýalarynyñ ägirt täsiri bilen kemala gelendigi gürrüñsizdir. Ol öz sözleri bilen aýdanyñda "durmuşyñ düýbünden" adamzat medeniýetiniñ çür başyna çykdy. Kapitalizmiñ zannyýamanlyklaryna Gorkiý ýaly şeýle düýpli, şeýle çuññur paş eden, onuñ äteñet keşbini şeýle dolulygy bilen görkezen başga ýazyjy ýok. Maksim Gorkiý söwdagärleriñ, sütemkärleriñ hem-de olaryñ hyzmatynda duran buržuaz intelligentleriniñ, özlerinim haýwansypat indiwidualizminde doññara daşa öwrülen meşanlaryñ, bir söz bilen aýdanyñda ýyrtyjylaryñ obrazynyñ giden bir galareýasyny döretdi.
Gorkiý zähmetkeş adamyñ ruhy dünýäsini açyp berdi. Adamlaryñ iñ gowy tarapyny nusga edip almak bilen, ol adamlaryñ has adamkärçilikli, has arassa, has edermen, has ruhy sagdyn bolmagyna gönüden-göni täsir etdi.
Ine, edebiýatyñ mähek daşy. Dünýäde Maksim Gorkiden öñem juda uly talantlaryñ bolandygyny inkär etmek bolmaz. Bu ýerde gep şol talantyñ nämä, haýsy ugra, kimim bähbidine gönükdirilendigindedir. Dünýäniñ ýüzünde million-million işçi adamlaryñ ýüreklerine gös-göni täsir etmekde, şol ýüreklerde rewolýusion hyjuwyñ, adamkärçilikli sypatlaryñ oýanmagynda, ýönekeý adamy gaýduwsyz göreşijinim derejesine ýetirmekde Gorkinim beýik talantynyñ roluny oýnan hem-de oýnamagyny dowam etdirýän edebi şahsyñ bolandygyny taryh boýun almalydyr.
Her bir edebiýatyñ güýji, agramy onuñ adamlaryñ añyna aralaşyp bilşinin derejesi bilen ölçelýär. Her bir ýazyjynyñ bahasy ahyrsoñunda okyjynyñ oña ynanýanlygy ýa-da ynanmaýanlygy bilen ölçelmelidir.
Maksim Gorkiniñ 70 ýyllygynda Moskwanyñ Şerbakow raýonynyñ ýokary okuw jaýlarynyñ studentleriniñ geçiren okyjylar konferensiýasynda bir student gyzyñ aýdan sözlerini mysal getirmek ýerlikli bolardy. Ol şeýle diýipdir:
"Men Gorkini ullakan, çäksiz, hem-de boýun alaýyn - bir hili gabanjañlyk söýgüsi bilen söýýärin. Gorkini az tanaýanlara menin haýpym gelýär. Meni Gorkiý terbiýeledi. Men ony Watany söýşün ýaly söýýärin. Men dünýä inen günüm enemden mahrum bolupdyryn. Men Gorkini mähriban, parasatly, mylakatly enäni söýüşleri ýaly söýýärin".
Gorkiniñ eserleriniñ arasynda onuñ "Klim Samginiñ ömri" aýratyn orunda durýar. Bu ölmez-ýitmez powesti näçe gezek okandygym ýadymdan çykypdyr. Häzir bu genial eseriñ adyny agzanymda hyýalymda üýtgeşik bir dünýä aralaşan ýaly bolýaryn.
"Klim Samginiñ ömrüni" okamak ýeñil däl. Okap çykanyñdan soñ bolsa birbada aýñalyp bolanok. Özüñi gara basan ýaly ýagdaýda duýýarsyñ. Elbetde, men kitabyñ özüme täsir edişi barada aýdýaryn. Ine onsoñ hemme zat ýuwaş-ýuwaşdan aýyl-saýyl bolup başlaýar. Dünýä ýagtylanýar-da, sen özüñi ýeñen adamyñ keşbinde görýärsiñ. Russiýada rewolýusiýanyñ turmagynyñ zeruryýet ekendigine düşünýärsiñ.
"Klim Samginiñ ömründe" Gorkiniñ çeperçilik ýeñşi has görnetin ýüze çykýar. Bu ýerde awtor Zamananyñ realistik analizçisi hökmünde sungatyñ iñ beýik gerşine - geniligiñ şatagtyna çykýar. Arman bu epopeýa soñlanylman galypdyr.
"Bilip goý, mydama almakdan bermek ýakymlydyr".
Ähli döreden zatlarynda hem-de öz mysalynda ynsanyñ belentligini ykrar eden beýik proletar ýazyjysy ýokarky sözlerini özüniñ ogluna ata pendi hökmünde aýdypdy.
"Bilip goý, mydama almakdan bermek ýakymlydyr".
Emma by söz sowet adamlarynyñ ähli nesline gönükdirilen sözlerdir.
Edebiýatyñ ownuk esgerleriniñ ýa-da ownuk eserlerinuñ bolmagy mümkin. Emma edebiýatyñ özi hiç haçam ownamaýar. Ownamaga onuñ haky ýok. Maksim Gorkiniñ ady biziñ ýazyjylyk zähmeti barada ýene we ýene bir gezek oýlanyp görmäge, özümizi bagyşlan işimiziñ mukaddesligine hem-de hupbatyna çynlakaý düşünmäge mejbur edýär.
Maksim Gorkiniñ parasatly iki jümlesini mysal getirmek isleýärin.
1. "Egerde adam halkdan üzñeleşse, halk däl-de, adamyñ özi heläk bolýar".
2. "Mañlaýyñy diwara urmak entek diwary öwrendigiñ däldir".
Bu aşaky jümläni birneme üýtgedip şeýle diýesiñ gelýär: "Galam tutmagy öwrendigiñ entek ýazyjy boldugyñ däldir!". Beýik ýazyjynyñ sapaklary bize hemme zady özünden başlamagy, ilki gaýduwsyz zähmetkeşiñ derejesine ýetmäge özüni mejbur etmegi öwredýär. Gorkiý işeññirsiremegiñ däl-de, işlemegiñ hakykat hakynda ýañramak däl-de, hakykata hyzmat etmegiñ gerekdigini bize öwredýär. Ol akyl satmak däl-de, göreşmegiñ gerekdigini, köpbilmişlik etmek däl-de, hakykatdan-da köp bilmegiñ gerekdigini bize öwredýär.
Baryp Didronyñ aýdan sözlerini ýatlamak biderek bolmazmyka diýýärin:
"Hudožnikde iki sypatyñ bolmagy zerur, olaryñ biri moral, beýlekisi perspektiwa".
Gorkiniñ sapaklary ýönekeý adama beýik ynanjyñ hem-de ägirt söýgiñ bolmasa, şol adam hakynda oñly zat ýazmagyñ mümkin däldigini düşündirýär. Ol bize sowet ýazyjysynyñ baryp ýatan jemgyýetçilik işgäri bolmalydygyny öwredýär. Şol bir wagtyñ özünde-de Gorkiý ýazyjynyñ ömrüniñ miwesiniñ diñe onuñ eserleridigini ýatladýar. Biz Gorkiden bir zat öwrenjek bolsak, ilki bilen ondan zähmet çekmegi öwrenmelidiris. Boş geçirýän, ýagny zat öwrenmän ýa-da ýazman geçirýän günlerimize ökünmegi, gynanmagy öwrenmelidiris. Gorkiý Zähmeti yhlas bilen wasp edipdi, ýöne Zähmet çekmegiñ nusgasyny-da görkezipdi. Gorkini öwreniji rumyn alymynyñ aýdan pikiri ýada düşýär. Ol beýik halypanyñ goýup giden edebi harmanynyñ göwrümine haýran galyp şeýle diýipdi:
"Bu rus genisiniñ egsilmez döredijiliginiñ arassa çeşmesinden içdigimçe, bu zatlaryñ ählisini tutuş halkyñ däl-de, ýeke bir adamynyñ ýazandygyna öwrenişmek maña barha agyr düşýär".
Maksim Gorkiniñ on iki süññünden syzdyryp ýazan kitaplary, juda adamkärçilikli ýüreginden syzdyryp aýdan sözleri, onuñ bütin nurana ömri - bulartñ hemmesi birleşip, adamzat nesline nähili adam bolmalydygyny, nähili göreşmelidigini öwredip gelýär.
"Durmuşyñ düýbünden" dünýä medeniýetiniñ çür başyna çykan beýik adam ynsany belentlige hem-de buýsanja çagyrýar. Ynsany durmuşda öz ornuny eýelemäge çagyrýar. Diñe bur çagyranok-da, ýol salgy berýär.
Onuñ kitaplary ýeñmegi öwredýär.
Edebiýata özünden soñky gelen adamlara bolsa galamy nähili tutmalydygyny, ýazyjynyñ ýüreginiñ nähili nurana bolmalydygyny, halka, Watana nähili hyzmat etmelidigini öwredýär.
Indi men Alekseý Tolstoýyñ Gorkiý hakyndaky makalasyna sözbaşy tapmak üçin kän wagtyny ýitirendigine haýran galamok. Ahyrsoñunda ol juda jaýdar sözbaşy tapypdyr.
Hawa, "Adamlar Gorkiniñ nusgasynda adam bolup ýetişmelidirler".
Şeýdip bolsa dünýä has gözel, durmuş has lezzetli, adamlar has adamkärçilikli bolardy!
Berdinazar HUDAÝNAZAROW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
Edebi makalalar