23:03 Maşadyñ hilesi / hekaýa | |
Maşadyň hilesi.
Hekaýalar
(Hekaýa) Bu waka 1933-nji ýylyň alabaharynda biziň obamyzda bolupdyr. Maşat obamyzda gurulan daýhan birleşigine ýaňyrak işe giripdi. Ol diýseň şahandaz, köpbilmişden hilegärje ýigitdi. Daýhan birleşigindäki ähli zady öüniňki hasaplaýardy. Ýeri gelende tohumlyk dänedenem, bag ekiljek şitillerdenem gyrp-çyrp edip, öýüne getiräýmesem ýok däldi. Oglunyň bu bolşy Noby daýza ýarabam baranokdy. Ene nätsin, giýeni edilmese. Onuň üstesine, ýeke ogul,özem enäni eklemeli ogul. Onsoň, ene „Düýe garrasa köşegine eýär“ edip ýördi. Oba“Nty“ diýen traktor geldi.Özem, şol ýanyp duran „NTY“ traktor.Giden meýdany sanlyja günde bir özi sürüp gidýär.Oňa öküzem, daýhanam, bir topar çykdajam gerek däl. -- Natýň näme bilen işleýär-äý—diýip, Maşat traktorçy ýigitden sorady. --Nebit bilen işleýär. -- Nebiti niresine guýmaly? Traktorçy ýigit Nata“-a nebiti nädip, niresine guýmalydygyny ilik-düwme öwretdi. -- Nebiti nireden alýaň? -- Traktorçy gapdalda duran demir çelekler elini salgady. - Han-a şolar nebit-dä, guýuber. Maşat başga zat soramady. Ol agşam öýlerine baryp, ýaňy çarygyny çykarypdy. Noby daýza: --Oglum, ertir pese, dükana gitseň nebit alawergin. Şu gije soňky nebitimiz ýanyp durandyr - diýdi.Maşat ejesiniň bu sözüniň edip, edip oturan pikiri bilen deň gelenine haýran galdy. --Eje, nebit taňňyrmyz nirede? - diýip, ol çaýyny, naharyny boldum edensoň, ýene-de çarygyna ýapyşdy.Soňam, nebit taňňyry alyp gijäniň garaňkylygyna sümülip gitdi. Ol şu gün traktorçy ýigit bilen gürleşen ýerine geldi. Hol böwürde traktor garalyp durdy. Bu ýerde adam-gara boljak gümany ýokdy. Sebäbi bu meýdanlar „eýeli“ adyny alandan soň, bu ýerlere gündiz gelmek howatyrlydy. Gijäni-hä sen goýaý. Maşat demir çelekleriň duran ýerine seretdi. Ikisem ýerinde.Ol „Şu gün traktorçynyň görkezenidird-ä“ diýip, ondan nebit tüňňürini ýagşy doldyrdy.Özem gara suw derledi.Şeýdibem „ýüklüje“ öýüne geldi. Noby daýza heniz ýatmandy. -- Eje, otyrmyň!—diýip, çarygyny çykardy. - Hany, maňa şol çyraňy alyp ber.Täzeje nebitden dolduraly. Öňküň halys läbik bilup gidipdir-ä, çyraň ýagtysy ýok-la. Noby eje „Ertir guýaýsana!“ diýjegem boldy, ýöne oglunyň badyny gaýtarmaýyn diýdi. Maşat çyrany söndürdi-de, onuň içindäki ep-eslije nebiti döküp goýberdi.Soň çyrany täze getireni bilen çaýkady.Nebit tüňňürden guýup, çyrany yagşy doldurdy. Soň oňa pelte geýdirdi. -Eje jan täzeje nebitiň ediberşine-de seret - diýdi-de, çakmagyny çakyp, peltä degitdi. Çakmagyň peltesi çyranyň peltesine degen badyna „ jijijit“ edip, lampa öçdi. Nobu ejede oglunyň eline aňkaryp oturşyna , „Wä, näm boldy gyz?“ diýdi.Gara dere batan Maşat çakmagyny bäş-alty sapr ýakyp, peltä degirdi. Emma çyra ýanmady. Maşat ahyr soňy Nebit taňňyry ysgap gördi-de, ony aýagy bilan iteläp goýberdi.Onuň şonça azaplar edip getireni nebit däl-de, suw bolsa nätjek. --Wah, oňküjämiz hem bir çalamydardy-da- diýmesi, oglunyň içinden ok bolup geçdi. Ol gijäniň bir wagtyna çenli garaňkyda içini hümledip ýatdy. „Ah, oba gep bolmasam ýagşy-la!“ diýip, içini hümletdi. Ertesi bu wakany özi agzyndan sypdyraýsa näme. Şondam bäri „Maşadyň nebit ogurlaýşy ýaly „ diýen gürrüň galman geýlýär. 20-nji oktýabr 1972. Öwezdurdy Nepesow | |
|
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |