01:52 Musulmanlara Täze ýyl baýramçylygyny bellemek günämi? | |
MUSULMANLARA TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGYNY BELLEMEK GÜNÄMI?
Edebi makalalar
Häzirki döwürde syýasy reñk çaýylan yslamparazlygyñ gelen ýa-da getirilen sepgidinde "Musulman Noel baýramyny bellemeýär", "Musulmana Täze ýyl gününi bellemek bolanok" diýen ýaly käbir kişileriñ we toparlaryñ jemgyýeti agzalalyga we özara düşünişmezlige iterýän derejede özlerini alyp baryşlary yslamyñ faşistik ideologiýa deñelmegine sebäp bolýar. Elbetde, wagt hemme zady ýerbe-ýer goýubam ýör. Ýöne durmuş tejribesi wagtyñ gymmatyny bilmeklik we durmuşy ýaşamaga amatly ýagdaýa getirmeklik üçin wagty öndürijiligiñ görnüşleri we gatnaşyklaryñ-da barha degişli bolmagy bilen bölümlere bölüpdyr. Bu babatda iñ uzyn bölümlere bölünen wagt birliklerinden biri-de, elbetde ýylyñ ahyry - ýylyñ başy bilen baglanyşykly bölümlerdir. Sagat, gün, hepde, aý, pasyl we ýyl ýaly wagt birlikleriniñ içinde iñ kesgitli we iñ agramly wagt bölumi "ýyl" bolsa gerek. Özüñiz pikir edip görüñ, ýaşymyzyñ näçediginden başlap, geçmişde nämäni näçeräk edendigimizden gelejege degişli ähli göz öñünde tutan maksatlarymyz üçin hemişe ýyldan we ýyllardan peýdalanýarys. Bu resmi we şahsy işlerimiz üçinem hemişe şeýle. Esasanam ýyl has öñe çykýar. Kesgitleýjiligi, praktiki manyda ölçeg we baha berme serişdesi hökmünde peýdalanyp bolýanlygy munuñ sebäpleriniñ biridir. Ýyl - durmuşymyzyñ içindäki ähli gymyldy-hereketiñ we wakalaryñ döwürleýin jemini iñ gowy görkezýän hasap-hesip etabydyr. Çünki ýyl birligi ýa-da etaby ömrüñ döwürleýin hasap-hesipleri üçin iñ işjeñ wagt birliklerinden biridir. Sebäbi üýtgeşme diýýän her bir zadymyz umuman alanda ýyl möhletiniñ içinde belli bir görnüşe gelýär. Şonuñ üçin ýyl - ömrüñ ýaşaýyş ölçegleriniñ gelip-gidýän we yzynda galýanlary wagt taýdan iñ gowy görkezýän etapdyr. Şeýlekin derejede ähmiýetli "ýyl" meselesiniñ we hakykatynyñ öñünde adam oglunyñ bir ýyly soñlandyryp, beýlekisini garşy almasynda görkezýän birnäçe hereketdir çäreleri amala aşyrmagyna dogry düşünmek gerek. Hut şol hereketdir çäreleriñ ilki öñ geçip gidenleri we soñam her ýyl gaýtalanýan çäreleriñ tradisiýa we hatda medeniýete öwrülmesine-de dogry düşünmek gerek. • "Musulman Noel baýramyny bellemeýär". "Musulmana Täze ýyl gününi bellemek bolanok" Täze ýyl güni ýa-da täze ýyl boýunça ýokarky iki jümläni garaldyp bermek şu ýazgynyñ esasy temasydyr. Birinjisi, häzirki döwürde syýasy reñk çaýylan yslamparazlygyñ gelen ýa-da getirilen sepgidinde "Musulman Noel baýramyny bellemeýär", "Musulmana Täze ýyl gününi bellemek bolanok" diýen ýaly käbir kişileriñ we toparlaryñ jemgyýeti agzalalyga we özara düşünişmezlige iterýän derejede özlerini alyp baryşlary yslamy faşistik ideologiýa bilen deñ görülmegine sebäp bolýar. Hemme zatdan öñ Noel bilen Täze ýylyñ hersiniñ aýry-aýry zatdygyny dindar gatlaklaryñ bilmesi gerek diýip pikit edýär. Täze ýyl gününi bellemegiñ Günbatar ýa-da hristian däbi däl-de, Ýakyn Gündogaryñ paganistik däbidigini, täze ýylyñ "1-nji ýanwar" bolmagynyñ hristianlyk bilen hiç hili baglanyşygynyñ ýokdugyny, şeýle-de Täze ýyl gününiñ Noele degişli däl däplerdigini bilmegiñ we muny şahsylaşdyrmagyñ adamyñ gumanistik we dünýewi ýaşaýyş formasy üçin gereginiñ ýokdugyny näçe adam aýdyp bilerkä?! Haýsydyr bir musulmanyñ Täze ýyla gadam basanda öz öñünde täze maksatlary goýmagy, täze etsem-petsemleri meýilleşdirmegi, umytly sebäplere we ýagşy niýetlere daýanýan täze hyýal ýüwürtmeleri näme üçin erbet ýa-da günä bolmalyka? Hasam beteri, adamlaryñ Noel baýramyny gutlamagy bolmajak zat däl. Muña oñyn göz bilen seredilmegi öñem ýüki ýetik durmuşymyzy azajygam bolsa ýeñilleşdirmezmi? Jogabyñ "oñaýsyz" we "ýok" bolmagy diniñ däl-de, syýasylaşdyrmaga çalşylýan diniñ durmuşymyza nä derejede täsir edýändiginiñ görkezijisinden başga hiç zat däldir. Ikinji bir aşagyny çyzyp ünsüñizi çekmek isleýän meseläm: soñky wagtlarda barha artýan ýagdaýda ençeme ýyllardan bäri käbir adamlar geljek täze ýyldan gowy zatlara garaşmaýar, geçen ýyllaryñ şowsuzlyklara zerarly lapykeçlige düşüp gelejeginden gowy zatlary umyt etmeýär. Bu bolsa hakykatdanam oñlap bolmajak ýaramaz ruhy ýagdaýdyr. Çünki bu ýagdaýy diñe "garramak" bilen düşündirip bolmaýar. Sebäbi ýaşan ýaşy heniz gelejegiñ hasabyna gowy zatlary umyt etmäge ukyply ýaşlar täze ýylyñ joşgunyndan we umydyndan has uzakda. Galyberse-de, ýaşy näçe bolanda-da, sagdyn adamlaryñ arzuw-umytlary üýtgäp biler, ýöne hiç haçan tükenmez. Bu elbetde, syýasylaşdyrylan yslamyñ agyrlygy we emele getiren jemgyýetçilik pikiri bilen baglanşyklydyr. Emma emele getirilen we sebäp bolunan gelejege degişli umytlaryñ gutarmagy we ýok edilmegi aýgytly faktordyr. Dawalar, çaknyşyklar, uruşlar, ölümler, türmeler, tussag astyna almalar, paýyş sözler, çetleşdirmeler, gadyrsyzlaşdyrmalar we ähmiýetsizleşdirmeler, gorky, werziş etdirme we elbetde çäklendirilen ykdysady durnuklylyk ýaly zatlary bir ýere jemläp pikirlenende, doýgunlygyñ we alaçsyzlygyñ ruhy ahwaly "Täze ýyl" baýramçylygyny bellemäge ýa-da has dogrusy bellemeýänleriñ bolşuna gönüden-göni täsir edýär. Şeýle-de bolsa dinine, diline, milletine, jynsyna, ýaşyna garamazdan, öñümizdäki Täze ýyl hemmeler üçin düşümli ýyllaryñ biri bolsun! Ysmaýyl TOPKAÝA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||