04:48 On bir ýaşly oglan... | |
ON BIR ÝAŞLY OGLAN...
Goşgular
On bir ýaşly oglan şygyr ýollapdyr... Öwran-öwran okadym-da goşgusyn, Synladym säher dek tämiz ýüregni, Diňledim bahar dek mylaýym sesin. Gahary ýok, Buýsanjy bar o çagaň, Belent söýgi bilen garaýar dünýä. Aldawçylyk, mekirlik ýok hiç ýerde, Diňe Gözellikdir Gowluk görünýä. Ýüzüňe aýdylýar ähli ýalnyşlaň, Ony düzetmege çalyşýaň senem. Sarpasy saklanýar birek-biregiň, Mukaddes saýylýar Hormatdyr Ynam, Öýke-kine jaýlanyp ýör dowzahda, Ýaşalýar gybatdyr galmanal etmän. Ýollaram şeýle bir päkize, göni... Uzaklara alyp barýar ýadatman. Ynsap kesýär Gözelligiň nyrhyny, Şöhratparazlaryň şemleri sönýä. Gözüm gidýär, Çagaň nazary bilen Meniň ser salasym gelýär bu dünýä. Meňzedesim gelýär şygrymy şoňka. Goý, onda gahardan bolmaryn nyşan. Arman arzuwlarmy sowurýar ýele Ýene düýnki arabozar eleşan. Ýene-de gaşlarym çytylýar meniň, Ýene-de maňlaýymy süpürýän derläp, Şoň üçin sözlerden gamçy örýän-de Eňýän eleşanyň yzyn yzarlap. Ýene-de eňerin, Gamçam örerin, Şolar bilen bellisini edinçäk. Biri galsa ýaşap bilmen arkaýyn, Çünki bu durmuşy söýýärin biçak. Şeýdip, salgym ýaly, çaga dünýäsi Ýitip gidýär, saklajagam bolamok. ...Aladasy bilen ýaşasym gelýär, Öz dünýämden aýrylasym gelenok. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||