23:10 Oýun / hekaýa | |
OÝUN
Hekaýalar
(Hekaýa) Ýaz aýlarynyň bir günüdi. Garşydaky daglaryň biriniň çuňňur deresiniň agzynda dag ýodalarynda birwagt süňňi lagşan Gaz-51 maşyn saklandy. Bu günler baharyň iň joşgunly mahalydy, güllerden, guşlaryň owazyndan, boz bulaklaryň gaýalara düşýän sesinden duýgularyň lerzana gelip, uçup gidiberesiň gelýärdi. Deräniň içinden paltanyň agaja degýän sesi, käwagtam adamlaryň hümürdisi eşidilýärdi.Palta sesi käkilikleriň sesini wagtlaýynça kesipdi.Dere az-kem suslanan, başga owaza gaplanan ýaly bolupdy. Emma guşlaryň, bulaklaryň sesi barha joşýardy. --Muhy, men çaý goýubereýinmi?- diýip, hojalyk ýolbaşçylaryndan bu maşyny diläp alyp, adamlary geljek ýegşenbede boljak toýy üçin oduna alyp gaýdan Mäti aga mylaýym ýüzlendi. --Sen henizem çaý goýaňokm-aý, adamlar öld-ä - diýip, arkasy bir goltuk kerkawly Papby janagyrly gygyrdy. Ýöne Muhy diýilýänden ses çykmady-da, palta sesleri has güreldi. Daga odun ýygmaga kim alyp gaýdan bolsa, ol adamlaryň çaýyna –suwuna seredýärdi.Oba gelensoňam, olara yssy nahar berýärdi. Mäti aga bu däbi bozjak adam däldi. Gün günorta aýlanyp, maşyn dolabaralyk kerkaw taýar bolansoň, Mäti aganyň aýagy has ýeňledi. Ol tekizje ýalçynyň üstçne düşekleri ýazdy.Ot ýakdy. Kündükleri suwdan dolduryp, oda goýdy.Tutuş derä gowurmanyň, oda gyzdyrylýa çöregiň ysy ýaýrap gitdi.Paltalaryň sesi kem - kemden sabady.Indi her kim çapan odunyny süýräp, düşelgä bakan gaýtdy. Mäti aganyň kündükleri gaýnap durdy. Gowurmanyň,çöregiň ysy işdäňi barha açýardy. Papby adamlaryň toplanaryna garaşyp, hol beýlede, gözlerini saçakdan aýryp bilmän, ullakan daşyň üstünde gultunyp otyrdy. --Mu-he-eý, geliň indi, çaý taýýar-diýip, Mäti aga tutuş deräni ýaňlandyryp, ynamly gygyrdy. --Aý, şol adamyň gylygy gursun, indem, iýiljek-içiljek wagty gelmän geçer. - diýip,Papby jugurdaýan içegelerine zordan çydap, zeýrendi. - Geliň-ow, geljek bolsaňyň, bolmasa, men-ä başlajak.Halys öldük-läýt... Muhy diýilýäni äpet eginlerine bir eşek ýüki bolarlyk kerkawy alyp, agras ýüzüni derçiredip, howlukman gelýärdi.Ol ýüküni düşürdi-de, Papba seretdi. --Haý, pormyň gursun, sen bu ala daglara oturmaga geldiňmi.Biz-ä bir bendä hemeýat bolsun diýip geldik. Sen bolsa,“Aç öldük“ diýen bolup, haý, seniň... -- Iýmegem, işlemegem, iller-ä, soramanka berýär - diýip, Papbam ondan kem galar ýaly däldi. --Aý, Muhy, sen Papbyma degme. Gördüň-ä, onuň kerkawlary nädiberşini- diýip, başga biri Papbyny ekezlendirdi. - Ol ilden öň elini ýuwup, saçagyň başyna geçermen boildy.Ýöne nämüçindir saçagyň başynda köw-söw etdi. Adamlar saçagyň başyna geçdiler.Muhy sasçaga göz aýlady-da, Mäti aga gözlerini gypdy. --Aý, Mäti, edeniň bar bolsun, hany gant. Gant ýoga. - diýdi. - Mäti aga müýnürgedi. --Wah, Muhy jan, gand-a galypdyr, obada. Muhy kellesini iki ýana silkelän boldy. --Wah, biz-ä, hiç-le, Paby gant bolmasa saçagyň başyna-da gelýän däldir, wah,sen muny oňarmansyň - diýdi. Bu gepi Papby bada-bat eşitdi. Ol ellerini owkalan bolup, saçagyň başyna geçdi.Soňam Mäti aganyň ýüzüne seretdi. --Näm-aýt, gant görnenok-la?! Mäçti aga elewredi: --Papby jan, gant ýatdan çykyp galsa näme. Papyş syçrap ýerinden turdy. --Gant bolmasa saçagyň başynda-da oturjak däl!—Ol baryp ýene ullakan daşyň üstüne çökdi. Muhy töweregindäkilere gözüni gypdy. --Men aýtdym-a, gant bolmasa, Papby öldürseňem, saçagyň başyna gelmez - diýip. Oturanlar Papbyşa dözmediler. --Muhy, oýun edip, adamy heläk etmesen-ow, Gel, Papby jan, Muhy oýun edýär – läý, gel. --Ýok, gelmez diýdimmi, gelmez, onuň bir sözli adamdygyny näme, öň bileňizokmy, bizä oňa gaty beleydiris. Mäti aga baryp Papbynyň egninden gujaklady: --Papby jan, gözüňe döneýin, Muhy oýun edýär, sen oňa ynanma, ýöri, birki agyzjyk iýäý, inim... Papby gutarnykly gepledi: --Gant bolmasa, ölsemem saçagyň başyna geçmen, meniň birsözlüligimne Muhy beletdir. Oturanlar ýerli-ýerden ýalbardylar.Iň soňunda dözmän Muhynyň özem ýalbardy. Emma Papby şol sapar saçagyň başyna geçmedi, eline palta-da almady. Oýnuň hem her dürlüsi bolýan ekeni. 12.dekabr 1972. Öwezdurdy Nepesow | |
|
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |