10:24 "Oýunçy utulanyny bilse..." / satiriki hekaýa | |
"OÝUNÇY UTULANYNY BILSE..."
Satiriki hekaýalar
Agtygynyñ aladasy Hangeldi agany halys çökerdi. Ol agyr oýa batyp, hyýalynda öz-özi bilen gürleşdi. Be, bi nä jüre boldugy bolýar-aý?! Goluñ ýuka bolsa hiç kim seniñ ýüzüñe-de seretjek däl öýdýän. Hudaýa şükür, ýöne bir zat meniñ ýüregime teselli berýär. Ädimiñi äden ýeriñde "Hemme zat halk üçin, hemme zat halkyñ eşreti üçin" diýen ýazgy-ha bar, özem bolar-da, elbet-de. Aý, ýok, mundan çykalga tapmaly. Her gezek barañda bir bahana bilen yzyña dolap dursalar bolmaz. Hany, şu gezegem bir göreli. Belki ýerleşdiräýediler-dä. Bolmasa... Boýny sary sapaga dönen Gullujygyñ elinden tutup, öýe giren Baýram kakasynyñ göwün ýüwürtmelerini puja çykardy. Onuñ gahary ýetjek derejesine ýetdi. - Näme, o sähne deýýus ýene-de almadymy? Baýram başyny atdy. Onuñ häzir gürlemäge keýpem ýokdy, mejalam. - Görýän welin, bularyñ "ertir gel, birigün geli" gutarjak däl öýdýän. Sag adamynam syrkawlatjaklar. Hangeldi aga bu sözleri özbaşyna hüñürdäp diýen ýaly aýtdy. Baryp agtyjagynyñ başyny sypady. Höre-köşe edip ony ýerine geçirdi. Öñem ysgyn-mydarasy galmadyk Gullujyk kellesini ýassyga goýandan gözüni ýumdy. Hangeldi aga başky edip oturan pikirine dolanyp geldi. Be, allajanlarym, näme etsemkäm?! Çagajyk gözümiñ alnynda eräp-akyp barýar. Bir alajyny tapmaly. Gumralaýyn guýup duranyñ bolmasa, para-peşgeş berib-ä ýerleşdirip boljak däl. Dogrusyny dogry aýtmaly, bu gymmatlaşyk bilen öz güzeranymyzy zordan dolaýas. Wah, uly ýerde işleýän, aýagynyñ aşagy "Wolgaly" garyndaşyñ bolaýsa bilýän-le, üstüñe gelibem alyp giderler, syrkawyñy. O-da bizde ýok. Diýmek... Ol içki jaýa girdi-de, kagyz-galam alyp bagryny ýere berdi. Hangeldi aganyñ ýüregindäki möwç alýan gahar-gazap keşde bolup kagyza çekildi. ...Para üçin elin aça başlan, eý ynsabyny ýuwdan, pañkelle! Seniñ haladyñ ak hem bolsa, ýüregiñ gazanyñ garasy ýaly. Ýuka ýürekli lukman bolsañ, her gezek bir bahana tapyp, beýdip bizi iki ýana selpedip ýörmezdiñ. Syrkaw çaga haýpyñ gelsin! Hawa, meniñ eşidişime görä, siz - wraçlar, uly okuwy gutaranyñyzda, "öz kärime wepaly bolarys, adamyñ saglygyny ähli zatdan ileri tutarys" diýip Gippokratyñ öñünde kasam edýämişiñiz. Dogry, men i bendäñ çagasyny, ýagny Gippokrat diýilýäni tanamok, oniñ nirede işleýändigini hem bilemok. Wah, bolmasa, baryp şapyladyp aýtjak-la, edýän etmişleriñizi. Siz o pahyryñ adyna ysnat getirýäñiz, o pahyryñ dilini gysga edýäñiz, ýüzüni ýere salýañyz. Ýa-da o-da bir özüñiz ýaly parahorny?! Ilem bejerseñ bejer welin, özüñem unutma. Nebis keselinden saplanaweri. Gara nebsiñe "haý" diý, ho-o-ow!.. Hangeldi aga ruçkasynyñ ujuny dişläp, ýene-de bir zatlar ýazjak boldy. Gaşlaryny bürüşdirip pikirlendi. Ýok, añrujy adam ysy bar-a şu sözlerem ýeterlikdir. Gowusy, çaltrak şol wraçyñ ýanyna baraýyn, onuñ bilen gürrüñleşip göreýin. Dur-dur howlukmaly däl, "Agşamyñ haýryndan ertiriñ şeri" diýipdirler. - Baýram, ah-ow, Baýram - diýip, ol ýatan ýerinden gygyrdy. Ady tutularyna mähetdel, edil şol demde Baýram kakasynyñ ýanynda häzir boldy. - Näme, kaka? - Hany, bir bukja tapyp ber maña, hat salar ýaly. Baýramyñ nägileligi ýüzüne çykdy. Kakasyna igenesi geldi. Gel-gel, indi şu ýaşdan soñ beýdip arzalaşyp ýörse, ady üçin gowy däl-dä. Gelşiksiz. Onda-da gaty gelşiksiz. Her kim pylanyñ kakasy diýer. Ýok, meñ kakam beýle işe baş goşmaz. Içki pikirini daşyna çykaranyny onuñ özi hem duýmady. - Kaka, şu ýaşdan soñ arzalaşyp ýörmesene, bun ýerleşdirmese, ertir ýerleşdirer... Oglunyñ töwellasuna pisindi oturmadyk Hangeldi aga ajy ýylgyrdy-da, başyny ýaýkady. - Ýýa, köşek, sen henizem kakañy tanañog-ow. Men arza ýazman, oglum. Onsoñam, ýazanyñ bilenem ony barlajaklar onuñ öz ülpetleridir. O zatlara men gowy düşünýän... Hangeldi aga özüniñ gurjak bolýan hilesi barada Baýrama gürrüñ berdi. Ataly-ogul, urdular, maslahaty. Bir çukura tüýkürdiler. Şol günüñ ertesi irden, ýaşuly, agtygyny alyp wraçyñ ýanynda gögerdi. - Ah-ow, agam, men dek düýnüñ özünde kakasyna aýdyp goýberdim-ä. Häzir keselhanada ýer... Hangeldi aga myssa ýylgyrdy-da, wraçyñ sözüni böldi. - Köşek, adyña döneýin, gaýrat et. Biziñ başga ýaplanmaga ýerimiz ýok. Gadyryñy bileris - diýip, ol silkme telpeginiñ içindäki bukjany alyp, onuñ haladynyñ jübüsine sokdy. Ýañky ýüzünden gar ýagdyryp oturan wraç pagş-para eredi, onuñ bir hili keýpi köklendi. Bijesi çykana döndi. Gepi-sözi üýtgedi, dili süýjedi. - Agam jan, walla, men size dözemok. Şu bolup ýörşüñize ýüregin awaýa. Siziñ hormatyñyz üçin agtygyñyzy alaýyn, özem Hudaý bizden ýaña bolsa, ol bäş günüñ içinde keselinden saplanar. Oglanlara elin tabşyryn... Duzaga düşen wraç hozanak bolup pyrlandy. Derrew ýañjyja çagany äkidip palata ýerleşdirdi. - Şuña gowuja seredewergin how, murt. Atamyñ doganynyñ, has takygy, ynha şu ýaşulunyñ agtyjagydyr bi - diýip, ol ak ýektaýly ýigide öliniñ sargydyny sargady. Ýaşuly bilen hoşlaşyp, kabinetine tarap ýönelen wraçyñ keýpi damagyny çalyp gelýärdi. Onuñ ökjesi ýere degenokdy. Gidip barşyna ol elini jübüsine ýetirdi. Ýylmanajyk bukjanyñ daşyny wawwaly ýaly sypady. "Ýok, häzir kabinete barsam, bu bukjany açyp bilmerin, işigiñ agzy hümer adam. Sokjarylyşyp girerler. Aý, bolýa-la, öýlän işden çykyp... O-ho-how, öýläne garaşyp bolmaz. Goý, syrkawlar garaşsyn, howluksalar gidibersinler. Dogry-da, walla!" Ine, şu pikirler ýañky wraçy eltip, howlynyñ göni günbatar çetindäki hajathana dykdy. Bukjadan çykan sygryñ dili ýaly kagyz wraçyñ içinden ok bolup geçdi. Ol dişini gyjyrdadyp sögündi, goşa ýumruk bilen mañlaýyna urdy. - Gyzma! Oýunçy utulanyny bilse ýagşy. Bu häsiýetiñ bilen sen diñe dek şumatky duran ýeriñe mynasyp... Niredendir bir ýerden wraçyñ gulagyna eşidilen bu owaz ony ymykly oýlandyrdy. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |