18:45 Ozuň täsin jadygöýi -2: Garantga we Galaýy odun çapyjy | |
OZUÑ TÄSIN JADYGÖÝI
Çagalar edebiýaty
II bölüm Garantga we Galaýy odun çapyjy Doroty wagty ýitirmezligi we mümkin boldugyça basymrak Zümerret şäherine ýola düşmäge çalyşdy. Soňra ol aşak, öz aýaklaryna seredeninde köwşüniň könedigini gördi. Bagtyna ol Demirgazyk Jadygöýiniň özüne beren owadanja kümüş köwüşlerini ýadyna saldy. Ol köwüşleri geýmäge çalyşdy we olar oňa laýyk boldy. Şuňa görä-de ol ýerinden turdy we aýtdy: “Ýanyma gel Toto. Biz Beýik Ozy görmäge gidýäris we ol bizi Kanzasa öýümize iberer.” Olar sary kerpiçden edilen ýoly derrew tapdylar we basym Zümerret şäherine tarap ýöräp ugradylar. Olar ýöräp barýarkalar daş-töwereklerine seretdiler we Munçkinlylaryň ýurdynyň ajaýyplygyna göz ýetirdiler. Hemme ýerde kiçijik gök öýli we gowuja gök haýatly ýaşyl meýdanlar bardy. Munçkinlylar gowy daýhanlar ýaly bolup görünýärdi. Gök reňk bolsa olaryň söýgüli reňkidi. Haçanda Doroty dynç almak üçin durmaly bolar diýip pikir edende olar eýýäm birnäçe mil geçipdiler. Olar ýoluň ýanyndaky gök haýada çykdylar we oturdylar. Haýadyň beýleki tarapynda uly däne meýdany bardy. Daş bolmadyk ýerde ol dänäni guşlardan goramak üçin beýik sütünde goýlan Garantgany gördi. Doroty öz görenleriniň içinde bu iň gowy Garantga diýip pikir etdi. Onuň samandan doldurylyp dykylan sumkadan edilen kellesi, gözleri, gulaklary, agzy we owadan burny bardy. Onuň kellesinde gök papagy bardy, göwresiniň galan bölegi bolsa gök köýnekden we balakdan edilendi, olar hem samandan doldurylandy. Birden Dorotyny haýran galdyran zat boldy. Garantganyň ýüzündäki gözleri hereket etdi we: “Gündiziň haýyrly bolsun! Ýagdaýlaryň nähili?” diýdi. “Örän gowy, sag boluň” diýip Doroty mylaýymlyk bilen jogap berdi we şol bir wagtyň özünde-de hiç haçan gürleýän Garantgany görmänligi barada pikir etdi. “Öz ýagdaýlaryň nähili?” “Meniň ýagdaýlaryma öwerlikli däl” diýip Garantga ýylgyryp jogap berdi. “Men bu sütünde bütin günläp durmagy islämok”. Doroty: “Sen aşak düşüp bilýäňmi?” diýip soranynda, Garantga: “Eger-de sen kömek etmeseň başaramok” diýip jogap berdi. Doroty haýatdan böküp geçdi, Garantganyň ýanyna bardy, ony sütünden aýyrdy we ýerde goýdy. “Köp-köp sag bol” diýip Garantga aýtdy hem-de samandan doldurylan ellerini we aýaklaryny süýndirdi. Doroty onuň diňe bir gepläp däl eýsem ýöräp bilýänligini hem gördi. Ol gyzjagaz bilen haýada tarap ýöredi we soňra sorady: “Sen kim? Sen nirä barýarsyň?” Doroty oňa başyndan geçiren hemme zatlaryny gürrüň berdi, özüniň Zümerret şäherine syýahatyny we Ozdan özüni Kanzasdaky öýlerine ibermegini haýyş etjekligi barada aýdyp berdi. “Oz kim?” diýip Garantga sorady. “Sen bileňokmy?” diýip Doroty geň galyjylyk bilen sorady. “Ýok. Men bilemok. Men hiç zat bilemok. Sen görýäňa, men samandan doldurylan we meniň beýnim ýok” diýip ol gaýgyly jogap berdi. “Sen nähili pikir edýärsiň” diýip ol biraz dymyşlykdan soň goşdy, “eger-de men seniň bilen Zümerret şäherine gitsem Oz maňa biraz akyl bermezmikä?” “Men-ä bilmedim” diýip Doroty jogap berdi. “Meniň bilen git. Hat-da Oz saňa akyl bermäýende-de sen şu wagtky ýagdaýyňdan erbet bolmarsyň. Munuň hemmesi edeniňe degýär”. “Seniňki dogry” diýip Garantga goldady. “Geliň gideliň” diýip Doroty aýtdy we olaryň üçüsem sary kerpiçli ýoluň boýy bilen ýöräp ugradylar. Agşam golaýlaşyp gelýärdi, birnäçe sagat ýöränlerinden soň olar uly bir tokaýa ýetdiler. Olar ahyry gije ýatmak üçin durmaly diýen karara gelenlerinde garaňky doly düşüpdi. Gije hem edil gündizdäki ýaly gowy görýän Garantga ýoluň bir gyrasynda kiçijik jaýy gördi. Doroty bu ýerde ýatyp bolar diýip pikir etdi. Jaýda hiç kim ýokdy, şol sebäpli hem olar özlerini öýlerinde ýaly duýdylar. Basym Dorotynyň ukysy geldi, Garantga bolsa ýatmaklyk zerur bolmanlygy üçin nobatçylyk edip başlady. Ertesi gün irden Doroty oýananda, ol jaýyň burçunda onuň oýanaryna garaşyp duran Garantgany görýär. “Diňle!” diýip ol aýtdy. Soňra agaçlaryň arasyndan geň bir ses eşidildi, edil kimdir biri bir zat aýtjak bolýan ýaly. “Bu näme?” diýip Doroty sorady. “Ýör, gidip göreli!” Olar sesiň gelýän tarapyna gitdiler we basym agaçlaryň arasynda ýalpyldaýan bir zady gördüler. Olar şol tarapa ýörediler we ikä bölünen agajy hem-de bir adamy gördüler. Muňa seretmezden ol hakyky adam däl-di. Onuň tutuş göwresi, elleri we aýaklary misden edilendi. Ol bu ýerde hiç hili gymyldaman, iki eli bilen palta ýapyşyp durdy. “Sen bir zat aýtmak isleýärmiň?” diýip Doroty sorady, “Hawa” diýip Galaýy odun çapyjy kynlyk bilen jogap berdi. “Biz seniň üçin näme edip bileris?” diýip gyz sorady. “Öýden içi ýagly gaby getiriň we meniň boýnumy, ellerimi hem-de aýaklarymy ýaglaň” diýip Galaýy odun çapyjy aýtdy. “Olar şeýle bir poslapdyrlar welin men olary gymyldadyp bilemok”. Doroty öýe gitdi we basym içi ýagly gap bilen dolanyp geldi. Garantganyň kömegi bilen ol ýagy onuň aýaklaryna we boýnuna çaldy. Basym ol özüni edil täzeje ýaly gowy duýdy we öňkä garanyňda ýeňillik bilen gürledi we gezmeledi. Şonuň bilen bir wagtda olar oňa öz başdan geçirenlerini, Beýik Ozy görmäge barýandyklaryny gürrüň berdiler. Ondan Dorota öýüne dolanmaga, Garantga bolsa akyl bermegini sorajakdyklaryny hem aýtdylar. “Men görýärin” diýip Galaýy odun çapyjy olar gutaranlaryndan soň aýtdy. “Emma akyl dünýäde iň gowy zat däldir. Bir wagtlar meniňem akylym bilen ýüregim bardy. Ýöne olaryň ikisine-de derek ýüregimiň bolmagyny isleýärin”. “Näme üçin beýle?” diýip gyzyklanan Garantga sorady. “Wah” diýip Galaýy odun çapyjy gamgynlyk bilen demini aldy. “Men hemişe misden däldim. Men adam bolup dogulypdym. Men ýaş wagtym ajaýyp Munçkinli bir gyza aşyk boldum. Biz durmuş gurmakçydyk. Emma Gündogaryň Zalym Jadygöýi muny halamady. Ol meniň paltamy jadylady we bir gün men agaç çapyp ýörkäm palta elimden sypdy we sag aýagymy çapdy. Men bir aýagym bilen odunçy bolup biljek däldim, şonuň üçin men demirçiniň ýanyna gitdim we maňa misden täze aýak ýasap bermegini soradym. Ol muny etdi we meniň täze aýagym örän gowy işleýärdi. Ýöne ertesi gün meniň paltam ýene-de elimden sypdy we men çep aýagymy hem ýitirdim. Şeýlelikde men ýene-de demirçiniň ýanyna gitdim we ol maňa täze aýakdan başga tutuş göwre ýasap berdi. Emma ol ýüregimi ýasap bilmedi. Meniň göwräm gowy işleýärdi, emma meň ýüregimi ýitirenligim sebäpli Munçkinli gyza bolan söýgimi hem ýitirdim. Men ony bir sapar ýadymdan çykaryp, çagba galdym. Men şeýle bir poslapdyryn, tä siz halas edýänçäňiz hatda ýerimdenem bytnap bilmedim. Tutuş bir ýyllap şol ýagdaýda tokaýda galmak gaty elhenç. Şeýlelikde meň pikirlenmäge köp wagtym boldy. Şondan soň men ýüreksiz bolanyňdan ýürekli bolmagyň uly bagtdygyna düşündim. Belki men siz bilen Zümerret şäherine gitmelidirin men sizden birje zat soraýan. Soňky iki güniň içinde men ikiden gowrak zeper çekenim sebäpli demirçi ussa meň üçin täzeje jübüt el bilen aýak ýasap berdi. Ertesi gün şol palta meň kellämi çapanda welin men indi gaýdyp ýaşaryn öýtmedim, edil şol wagt meň bagtyma öýmiziň ýanyndan demirçi ussa geçip barýady. Ol maňa başardygyndan tizden tiz täze kelle ýasap berdi. Soňky gün demirçi ussa maňa iň soňky kömegini etdi. Şol palta meň gursagymy ikä böldi. Demirçi ussa maňa ony hem ýasady. (Dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||