18:02 Ozuň täsin jadygöýi -3: Gorkak Ýolbars we syçanlaryň şa zenany | |
OZUÑ TÄSIN JADYGÖÝI
Çagalar edebiýaty
III bölüm Gorkak Ýolbars we syçanlaryň şa zenany Dört dost barmaly ýerlerine başardyklaryndan çalt barmakçydylar emma tokaýyň mele ýodasy boýy gitmeklik barha ýüregiňe düşýärdi. Howa garaňkydy hemem gorkunçdy, her wagtan olar baglaryň arasyndan haýwanyň arryllysyny eşdýädiler. Bir sagatdagy garaňkyda ýöränlerinden soň “Heý bu tokaýyň aňyrsy görünjek dälmikä?” diýip Doroty aglady. Edil şolbada-da baglaryň içinden hakyky arlaýan ses geldi. Birden bir äpet Ýolbars bökdi-de olaryň oňünde durdy. Kiçijik Toto üýrüp oňa tarap topuldy. Eger Doroty Ýolbarsy burnuna urup saklamadyk bolsa onda ol haýwan güjüjegi dişlejekdi. “Sen öz özüňden utan”diýip gyzjagaz gygyrdy.”sen äpet haýwan, güjüjegi dişlejek bolýaň! Sen hakyky gorkak!” Ýolbars hassylap: “Men bilýän, men ony hemişede bilýädim” diýip aýtdy. Onuň gözlerinden ýaş göründi-de burnundan ýere damdy. ”Seň güjüjegiň kiçijegem bolsa menden has batyr”diýip guýrugy bilen Totony görkezdi. “Ýöne bu bolup biljek zat däl, haýwanlaryň şasy gorkak bolmaga haky ýok”diýip Garantga aýtdy. ”Men bilýän, ýöne şu meň uly keselim” diýip Ýolbars gynanç bilen boýun aldy. Haçanda bir howp abansa meň ýüregim öňkidenem çalt urup başlaýar.” “ Sende iň bolmanda ýürek bar”diýip Galaýy odun çapyjy gürrüňi böldi. “Mende olaryň hiç biri ýok şonuň üçin men betbagt.” Ýolbars: “Belkide mende ýürek bolmadyk bolsa men batyr bolardym” diýär. Garantga: “seň beýniň bir barmy?”diýip sorady. Ýolbars “Barmykara diýýän.” jogap berýär. “Mende weli häzir hiçisi ýok. Ýöne biz Zümerret şäherine Beýik Ozy görmäge barýas, men ondan käbir zat soramakçy” “Men bolsa ondan ýürek soramakçy”diýip Galaýy odun çapyjy goşuldy. “Men bolsa ondan ýürek soramakçy”diýip Galaýy odun çapyjy goşuldy. Doroty: “Men weli ondan Toto bilen meni yzymyza Kanzasa ibermegi sorajak” diýdi. Olar Ýolbarsa öz başdan geçirmelerini birin birin gürrüň berdiler. Ýolbars biraz pikirlenenden soň :”Siz nähili pikir edýäňiz Beýik Oz maňa batyrlyk berip bilermikä?”diýip sorady. “Aňsatlyk bilen eger maňa beýni berse” Garantga diýdi. Galaýy odun çapyjy: “Ýa-da maňa ýürek” goşdy. “Eger siz garşy bolmasaňyz menem siz bilen gidip batyrlyk soramakçy”diýip gorkak Ýolbars aýtdy. “Baş üstüne “diýip köşeşen Doroty razylyk berdi. Begensekde aýylganç tokaý tamamlandy. Dört dost ýene güllere bürenip oturan ýaşyl meýdany görüpdiler. Olar iki tarapy gülläp oturan sary ýol bilen barýadylar. Ähli güller gyzyl gülälekdi olar şeýle güýçliden süýji yslydylar. Bir salymdan gülleriň ysyna Dorotyň kellesi agyryp ukysy tutup ugrady. Şol ýagdaý Toto bilen Ýolbarsada täsir edip başlady. Soňa baka olar kynlyk bilen ýöreýädiler. “Sizi ukladýan şu güller’diýip Garantga dostlaryny synlap aýtdy.”Näme üçin maňa ýa Galaýy odun çapyjy täsir edenok, sebäbi biz adam däl biz başardygymyzdan bärden ökçäni götermeli, ýogsam biziň hemmämiz baky uka gideris gaýdybam oýanmarys. ”Diýenem şoldy welin Doroty ýere ýykyldy-da çalt uka gitdi. Olar ony oýarmaga synanşdylar emma başarmadylar. Garantga Ýolbarsa tarap gygyrdy: ”başardygyňdan çalt şu meýdandan daşyna ylga. Biz Doroty bilen Totony göterip bileris, emma sen uka gidäýseň biz seni hemişelik goýup gitmeli bolarys. Sebäbi sen biz üçin gaty agyr.” Ýolbars kellesini ýaýkady-da başardygyndan tiz ylgamaga çalşdy ahyry meýdanyň daşyna ýetdi. Galaýy odun çapyjy bilen Garantga Doroty, Toto ikisini göter-de ýollaryny dowam etdiler. Bir näçe sagatdan soň, olar gülälekli meýdandan daşyna ýetdiler, Dorotyny salkyn şemal oýarar ýaly edip otluguň üsünde ýatyrdylar. Olaryň duran ýerlerinden gülälekleriň içinde ýatan Ýolbars göründi. Olar ony meýdandan çykarmaga synanşdylar emma ol äpet haýwan gaty agyrdy. Bir sagada gowyrak kösençden soň olar ony gülleriň içide galdyrmaly boldylar. Soň olar bialaç ukudaky Dorotynyň ýanynda ümsüm oturdylar. Olaryň hiçisem öz dostlaryny taşlap gitmek islemeýärdiler. Birden Galaýy odun çapyjy otlaryň arasynda ýaban pişigiň ejizje haýwanjygy kowalaýandygyny görýär. Onda ýürek bolmasa-da ol bu görnüşi halamaýar, onda-da kömege mätäç jandara dözmeýär. Ol kän pikirlenmezden eline paltany alýa-da ýabany pişigiň kellesini kesýä. Görse bir çalja syçanjyk seredip dur. “Sag bol, sen şu wagt meýdan syçanlarynyň şasyny halas etdi. Seniň bu ýagşylygyňy nädip gaýtaryp bilerin” “Siz diýseň mylakatly siziň Alyhezretleriňiz, ýöne siziň edip biläýjek zadyňyz bardyr öýdemok”diýip Galaýy odun çapyjy aýtdy. ”Wiý, ýogsada bir iş bar eger dogrydanam kömek edip bilseňizeň. Bize dostumyz Ýolbarsy meýdandan çykarmaga kömek etseňiz gaty minetdar bolardyk. “Ýolbars?!”diýip syçanlaryň şasynyň ýüregi ýaryldy. ”Ol bizi iýäýse näme?” Galaýy odun çapyjy: ”ýok ol sizem biziň dostlarymyzyň hijiňizi hem iýmez”. “Gaty gowy men size kömek etjegime söz berýän, men nämeden başlasamkam?” Ýolbarsy nädip halas etmelidigiň pikirini eden Garantga syçana ýüzlenip: “Gaty gowy men size kömek etjegime söz berýän, men nämeden başlasamkam?” Ýolbarsy nädip halas etmelidigiň pikirini eden Garantga syçana ýüzlenip: “Siz öz syçanlaryňyzy şu ýerik hersi bir bölek ýüpli geler ýaly edip bilersiňmi”diýdi. Şolbada otuň üsti herekete geldi-de ähli ýerden müňlerçe syçanlar peýda body. Garantga Galaýy odun çapyjy baglardan berk tekerli araba ýasamagy tabşyrdy. Tabşyrlan iş tamamlanandan soň Garantga syçanlara bölek ýüpleri araba daňmagy tabşyrdy, bir az soň ol syçanlara ukudaky Ýolbarsly arabanyň öňe çykmagy buýurdy. Haçanda olar öz dostlaryny tapanlarynda Garantga bilen syçanlar uly güýç bilen ony araba ýüklediler syçanlara bolsa çekmegi buýurdy. Iki dostuň bagtyna araba ýuwaşadan meýdandan daşyna süýşüp ugrady. Bir sagatdan gorkak Ýolbars meýdanyň daşynda howasyz ýerde Dorotynyň ýanynda ýatyrdy. Meýdan syçanlary ýadap öýlerine sümdüler. Iň soňky gaýdyp barýan syçanlaryň Şasy gitmezinden öň:”Eger ýenede kömegimiz gerek bolsa bizi çagyrmak ýeterlik biz derrew dadyňyza ýetişeris”diýdi-de hoşlaşdy. (Dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |