12:19 Ozuň täsin jadygöýi -6: Ozuň tapylyşy. Howp | |
OZUÑ TÄSIN JADYGÖÝI
VI bölüm Ozuň tapylyşy. Howp Bir bada Ýolbars bu şowlulyga ynanmady, ýöne Doroty oňa kapasanyň açaryny görkezdi we ony azat etdi. Soňra olar ähli Wikiýleri çagyrdylar we şu günden şeýläk olaryň gul däldigini aýtdylar. Muny eşiden Winkiýler özlerini dünýäniň iň bagtly adamsy saýdylar we aýdym aýdyp, tans oýnamaga başladylar. “Ah, dostlarymyz hem biz bilen bolaýmala”-diýip, Ýolbars uludan demini alyp, şadyýan Winkiýlere göwnüçökgünlik bilen seretdi. “Dogry! Onsaňam, gel biz Winkiýlilerden kömek sorap göreli?”- diýip, Doroty aýtdy. Winkiýler özleriniň halaskärlerine kömekleriniň degjegine has-da begendiler. Olaryň bir topary Galaýy odun çapyjyny we Garantgany gözlemäge ugradylar. Üç günden soň olar Ganatly Maýmynlaryň rehimsiz zeperinden soň iki dostlaryndan galan zatlar bilen dolandylar. Doroty we Ýolbars gözi ýaşly, zordan gürlediler. Emma basym Garantga Winkiýleriň tapan iň gowy samanlary bilen dolduryldy we Winkiýleriň Ýurdunyň iň ökde demirçisi Galaýy odun çapyjyny öňki şekiline getimek üçin işe başlady. Birki günüň içinde dostlaryň ikisi-de örän gowy ýagdaýa getirildi. Olar begenjinden gaýta-gaýta gujaklaşdylar we dabaraly bellediler. Ertesi Doroty:” Biz Oza dolanmaly we ondan öz beren sözünde tapylmagyny soramaly”- diyip, dostlaryna aýtdy. Olar razylaşdylar we ertesi gün öz syýahatlaryna başlamaga taýyndy. Winkiýler olaryň gaýdýanyna örän gynyndylar. Hatda olar Odun Çapyjydan galyp, özlerine serdar bolmaklygyny hem soradylar. Ýöne olaryň hemmesiniň Oza gitmelidigine göz ýetirip, olar Galaýy odun çapyjydan yzyna dolanyp, özlerine patyşa boljakdygyna söz bermegini isläpdirler we olara ak ýol arzuw edipdirler. Haçan-da Doroty goşuny ýygnap ýörkä, Jadygöýiň şkafyndan Altyn Papak tapdy. Ol ony geýip gördi. Papak oňa laýyk eken we köwşi bilen täsin gabat gelýär eken. Ol ony almagy ýüregine düwdi. Ertesi irden olar Zümerret Şäherine tarap ýola düşdiler, emma syýahat örän kyn geçdi. Ol ýerde ne ýol, ne-de ýoda bardy. Bäş dost günläp-hepdeläp depeden-depä ýörediler we ahyr özleriniň ugruny ýitirendiklerini bildiler. Olar şeýle bir ýadadylar, zordan ýöreýärdiler. “ Geliň biz meýdan syçanlaryny çagyralyň! Belki olar bize kömek eder”-diýip, Garantga ahyr dillendi. “ Gör nähili ajaýyp pikir!”-diýip, olar syçanlary çagyrmaga başlady. Bir salymdan soň, müňlerçe kiçijek aýak sesleri eşidilip ugrady we olaryň daş-töweregi kiçijek çal syçanlardan doldy. “ Bizden size näme kömek gerek?”-diýip, Şa aýal ýuwaşja ses bilen sorady. “Biz ýolumyzy ýitirdik we indi nädip Zümerret Şäherine aşjagymyzy bilemzok” Syçanlaryň Şa aýaly olara geň galyp seretdi. “Näme üçin siz Altyn Papagyň jadysyny ulanaňzok?”. “ Men munyň jadylydygyny bilemokdym”-diýip, Doroty çalaja aljyrajak boldy. “Hawa bu jadyly. Sen munyň kömegi bilen Ganatly Maýmynlary çagyryp bilersiň. Olar sizi bir sagada ýetirmän Zümerret Şäherine äkiderler. Jadyly sözler Papagyň iç ýüzünde ýazylandyr.”-diyip, Şa aýal jogap berdi we beýleki syçanlaram yzyna düşürip gözden gaýyp boldy. Doroty Papagyň içine seretdi we üns bilen dogany okady: “Ep-pe, pep-pe-kak-ke!” “Hil-lo, hol-lo, hel-lo!” “Ziz-zy, zuz-zy, zik!” Bir salymdan, Ganatly Maýmynlaryň topary olaryň öňüne gondy. Olaryň serdary Dorotyň öňünde baş egdi we : “ Siz bizden näme isleýäňiz?”-diýip, sorady. “ Bizi Zümerret Şäherine äkidip bilersiňizmi?”-diýip, gyzjagaz sorady. “Elbetde”-diýip, serdar jogap berdi we olar derrew asmana galyp, Zümerret Şäherine tarap ýola rowana boldy. Garantga we Galaýy odun çapyjy henizem gorkýardy we mümkin boldugyça Dorotynyň ýakynynda uçmak isledi. Doroty bolsa özüni örän rahat duýdy. Edil syçanlaryň Şa Aýalynyň aýdyşy ýaly, bir sagada ýeter-ýetmez, olar Zümerret Şäheriniň Derwezesine bardylar. Bäş syýahatçylary şol öňki derweze Garawuly, edil öňküsi ýaly edip, olara ýaşyl äýnek dakyp, şähere goýberdi. Haçanda olar oňa Günbataryň Ýowuz Jadygöýini eredip ýegsan edenliklerini aýdanlarynda, ol olaryň öňünde pessaý egilip Oz köşgüne tarap alyp gitdi. Olar ol ýerden özlerine meňzeş ýaşyl egin başly täzelik diňläp otyran, gözlerini örän giň açyp Oza ol barada aýtmaga howlugyp ylgap barýan harby gullukça duşdy. Az salymdan, harby gullykçy ”Jadygöýi daň bilen görmek baradaky”çakylygy bilen yzyna dolanyp geldi. Olar harby gullukçynyň yzy bilen häzirki wagtda Jadygöýiň nähili görnüşe girjekdigine garaşyp, Labirintiň (Gadymy Gresiýada we Müsürde: ullakan gat-gat jaý) bulam-bujar, Zümerret otaglaryndan, geçelgelerinden ýöräp gelýärdiler. Emma olar Tagt Otagyna girenlerinde ajaýyp oturgyçda hiç kimi görmediler. Olar diňe şol tarapdan gelýän aýylganç sesi eşitdiler: “Men Elhenç we Äpet Oz. Siz meni näme üçin görmek isleýärsiňiz?” “Biz seniň beren sözüňde tapylmagyňy soramaga geldik.” Aýylganç ses: “ Ýowuz Jadygöýiň ýegsan bolanlygy hakykatmy?” diýip sorady. Doroty buýsanç bilen “hawa, men ony bedireli suw bilen eretdim ” diýip jodap berdi. ” Örän oňat! Beýle bolsa siz ertir geliň sebäbi maňa pikirlenmäge biraz wagt gerek boljak” diýip ses geldi. Garantga “Siziň wagtyňyz köp bolupdy” diýdi. Ýolbars häzirki wagtda Jadygöýi biraz gorkyzmak barada pikirlendi we başardygyndan aýylganç sesi bilen erbet arlady. Duýdansyz dörän arlama, heniz Ýolbarsyň arlamasyna öwrenişmedik Totony howsala saldy, we biçäre kiçi güjüjek burça böküp gitdi we kellesini baryp tagta urdy. Tagta aşaklygyna gaýtdy we onuň aňyrsynda ýüzi gasyn-gasyn, gözleri gorkuly kiçijik garryja adam durdy. Ol pessaý sesi bilen :” Men Elhenç we Äpet Oz. Ýöne maňa degmäň” diýdi. Bäş dost kiçijik adama örän geň galyp seretdip:” Biz saňa Äpet kelleli ýa-da Äpet mahluh diýip çak etdik” diýdi. Kiçijik adam:”Oh, ýok, ýok. Men sizi diňe aldadym.” diýip gamgyn seslendi. “Aldadym?! Sen asyl Beýik Jagygöý dälmiň?” diýip Doroty gygyrdy. Kiçijik adam:” Asla ol däl meniň mähribanym” diýdi. Ol tagtaň aňyrsyndaky äpet kelleli, mylakatly hanymyň egin-eşiklerini geýinen äpet mahlugyň ýarsy ýanan pagtaly burçy görkezdi. “Gel gowsy men size düşündireýin. Men Omahada doguldym.” diýeninde Doroty:” Omaha Kansasdan uzakda däl” diýip gürrüňi böldi. Oz:“ Ýok, emma bu ýerden uzakda” diýip gamgyn seslendi. “Men sirkde ulaldym we wantrilok (dodaklaryny gymyldatman gepleýän adam) bolup ýetişdim.” “Kim?” diýip Ýolbars sorady. “Ýagny men öz sesim bu otagyň islendik ýerinden çykar ýaly edip bilýändigimi aňladýar. Edil sizi aldaýyşym ýaly.” Olaryň ählisi geň galdylar. “Ýöne soňra men aeronawt (howada uçyjy) boldym.” diýip Oz sözüni dowam etdi. “ Meniň kärim howa şarynda aýlanyp çykyp sirkdäki täze çykyşlary öwüp arşa çykarmak. Ýöne bir gün, howa şaryny saklaýan ýüp bozuldy we men howada galdym. Men köp wagtlap yzyma düşüp bilmedim şeýlelikde, ertesi gün ýuwaşlyk bilen bu ajaýyp ýurda düşdüm. Meniň howadan ýere düşüp barýanymy gören adamlar maňa Beýik Jagygöý diýip pikir etdiler we men näme ýumuş buýursam ýerine ýetirmäge razylaşdylar. Bu meniň göwnimden turdy we men adamlardan şu şäheri we maňa köşk gurmaklaryny soradym. Ýurdyň daş-töweregi ýaşyldy şonuň üçin men şäheri Zümerret Şäheri diýip atlandyrdym. Öz adyna has-da mynasyp bolar ýaly, Men her bir adamyň ýaşyl äýnek dakynmagyny buýurdym şeýlelik bilen adamlar ähli zady ýaşyl görnüşde görjekdi.” Doroty:” Soňra şäherde ähli zat ýaşyl bolýarmy?” diýip sorady. Beýik Jagygöý:” Başga şäherler ýaly däl, ýöne bu ýeriň baýlygy hem-de ilatynyň bagtlydygy welin hakykatdyr. Men şäheri adalatly dolandyrdym, adamlar hem meniň ýaly adalatly şonuň üçin hiç kime meniň sypatymyň nähilidigini bilmezler ýaly olara näçe ýyllap özümi görkezmedim. Emma olar heniz hem meniň Jadygöýdigime ynanýarlar. Bagtyma siziň ýok eden ýowuz Jadygöýleriň ikisi hem şeýdipdir. Ýogsam olar bir eýýäm meniň bellimi ederdiler. Emma şu wagt olar ýok edildi we indi men çynym bilen size beren sözümde durmajagymy aýdyp biljek.” Garantga lapykeçlik bilen:” Onda maňa akyl berip bilermiň?” diýip sorady. “Onuň saňa geregi ýok. Sen her gün bir zat öwrenýäň we ömrümde sen ýaly akylly Garantga barada öň eşitmändim.” Garantga:” Şeýle bolsa hem hakyky beýnim bolmasa men bagtly bolup bilmerin” diýip gamgyn seslendi. Bir pursat pikirlenenden soňra:” öran gowy” diýip Oz jogap berdi. “Sen meniň ýanyma gel, men seniň kelläňi beýniden dolduraýyn.” Ýolbars:” Meniň bagtyrlygym näme?” diýip sorady. Oz bolsa:” Hakyky edermenlik gorkýan çagyň howpa garşy durmakdyr. Beýle edermenlik bolsa sende örän köp diýdi. Ýolbars:“ Mümkin” diýdi. “Ýöne howpdan çalaja hem gorkmazym ýaly has batyr bolsam juda gowy bolardy.” Oz:“Örän gowy” diýip demini goýberdi. “Ertir geläý ol sende bolar.” Galaýy odun çapyjy:” A meniň ýüregim näme?” diýip sorady. “Sen hem ertir geläý” diýip Jadygöý ret etmän jogap berdi. “Men näme?” diýip Doroty seslendi. Jadygöý: “Meniň pikirimçe diňe ýeke ýol bar” diýip çynlakaý jogap berdi. “Biz meniň köne howa şarymy bejermeli. Ýöne gaýrat edip meniň syrym hakynda hiç kimiň ýanynda dil ýarmajagyňyza söz beriň.” (Dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |