12:28 Ozuň täsin jadygöýi -5: Günbataryň zalym jadygöýi | |
OZUÑ TÄSIN JADYGÖÝI
Çagalar edebiýaty
V bölüm Günbataryň zalym jadygöýi Ertesi gün bäş dost köşkde özleriniň soňky ertirligini edindiler. Olaryň keýpi kök däldi.“ Biziň ýekeje çykalgamyz bar. Ol hem Winkiýleriň Sary Ýurduna gitmek we Günbataryň Zalym Jadygöýini öldürmek.”- diýip, Garantga aýtdy. Olar gamgyn halda razylaşdylar we derrew öz syýahatlaryna başladylar. Esger olara derwezäň ýoluny görkezdi we ol ýerde olar Garawula duşdy. Ol olaryň äýnegini aýyrdy we seresaplylyk bilen öz gutusyna saldy. “ Köp-köp sag boluň. Indi bize haýsy ýoluň Günbataryň Zalym Jadygöýine eltýänini aýdyp bilmersiňizmi?”-diýip, Doroty sorady. “ Ol ýere ýol ýok. Hiç kim ol ýere gitmek islemeýär”-diýip, Garawul geň galyp jogap berdi. “ Wah, biz onda nädip ony taparys?”-diýip, Doroty sorady. “ Ondan aňsat zat ýok. Haçan-da ol siziň onuň öz ýurdundadygyňyzy bilse, onuň özi sizi tapar we öz guluna öwrer. Häzir bolsa diňe günüň batýan tarapyna ýöräberiň”-diýip Garawul aýtdy. Şeýdip Garawul Derwezäni açdy we olary Şäheriň daşyna çykardy. Biziň dostlarymyz aňsat boýun gaçyrmadylar. Olar Beýik Ozuň hökmürowanlyk edýän Zümerret Ýurdunyň tebigatyna haýran galyp, günbatara tarap ýöräberdi. Emma agşam ýer görksiz we depeli bolup başlady. Olar Winkiýleriň Sary Ýurduna girendiris diýip güman etdiler. Uzakda, Günbatarda, olar beýik sary daglary gördi we nädip ondan geçerkäk diýip oýlandylar. Olary ilki Zalym Jadygöý gördi. Her gün ol özüniň dagdaky Sary Galasynyň gapysynda oturýardy we öz ýurdunda bolup geçýän zatlara seredýärdi. Onuň ýeke gözi bardy. Emma ol teleskop ýaly ýitidi we Winkiý Ýurdunyň islän çüňküni uzakdan görýärdi. Şol gözi bilen ol Doroty we onuň dostlarynyň gala tarap gelýänini gördi. Zalym Jadygöý gahardan sandyrady. Ol öz şkafyndan Altyn Papagyny aldy. Papagyň örän özboluşly güýji bardy. Ony geýen adam üç gezek Ganatly Maýmynlary çagyryp, olara islän zadyny, hat-da örän elhenç zatlary buýrup bilýärdi. Ýöne hiç kim ol jandarlary üç gezekden artyk çagyryp bilmeýärdi. Zalym Jadygöý ony eýýäm iki gezek ulanypdy: Birinjisi, haçan-da Winkiýleri özüne gul edeninde we ikinjisi, Beýik Oz bilen bolan söweşde. Ol Dorotyny göreninde bir howpuň abanýanyny aňdy we Ganatly Maýmynlary çagyrmakdan başga alajynyň ýokdugyny bildi. Şeýlelikde, ol Altyn Papagy kellesine geýdi we ýuwaşjadan: “Ep-pe, pep-pe-kak-ke!” “Hil-lo, hol-lo, hel-lo!” “Ziz-zy, zuz-zy, zik!” – diýdi. Şol wagt asman garaldy we Jadygöýiň galasynyň töweregine bir topar Ganatly Maýmynlar gonmaga başlady. Olaryň serdary Jadygöýiň garşysyna gelip, gorkunç, çirkin ses bilen, ýarym gepläp, ýarym gülüp: “ Sen bizi soňky, üçünji gezek çagyrdyň. Sen bizden näme isleýäň?”- diýdi. “ Meň ýurduma gelen kesekilere tarap git we Ýolbarsdan galanyny ýok et. Ol maňa at deregine hyzmat eder. Ha! Ha! Ha!” Ganatly Maýmynlar derrew gije dynç almak üçin taýýarlanyp oturan Doroty we onuň dostlaryna tarap uçdylar. özlerine hüjüm edip gelýän Maýmynlary gören dostlar gaçmaga başlady, emma olar uzaga gitmedi. Maýmynlaryň biri Garantgany tutdy we onuň geýmindäki we kellesindäki samanlary sogrup, Winkiýleriň Ýurdundaky iň beýik bagyň depesine zyňdy. Başga bir maýmyn Odun Çapyjyny tutdy we ony göterip, kert gaýadan birnäçe gezek taşlap gymyldamaz ýaly ýemşik-ýümşük etdi. Emma olar Dorotynyň maňlaýynda ýalpyldaýan belligi görüp, ne onuň özüne, ne-de Tota degip bilmediler. Şeýlelikde ikisini we Ýolbarsy Zalym Jadygöýiň galasyna alyp geldiler we Jadygöýiň öňünde oturtdylar. “ Biz elimizden geldigiçe saňa gulluk etdik”-diýip, Serdar maýmyn Dorotyň kellesindäki belligi yşarat etdi. “We indi seniň bize bolan hökümiň gutardy” Soňra olar çirkin ses edişip, ýerden göterildiler we derrew gözden gaýyp boldular. Haçan-da Zalym Jadygöý Dorotynyň maňlaýyndaky belligi we onuň kümüş köwşüni göreninde, oňa zeper ýetirip bilmejekdigine göz ýetirdi. Soňra jadygöý Dorotynyň gözlerine seredip, onuň öz güýjini ulanmagy bilmeýändigini bildi. Ol ýigrenji ýylgyrdy we gorkunç ses bilen:” Seniň işiň meniň aşhanamy arassalamak. Eger-de işiňi göwnejaý etmeseň, senem Garanty bilen Odun Çapyjynyň gününe düşürerin!”-diýdi. Doroty gorkusyndan sandyrady we derrew işe başlady. Zalym Jadygöý örän arkaýyn seretdi we Ýolbars bilen gürleşmäge bardy. Ýöne bu beýle bir aňsat bolmady. Ýolbars başardygyndan elhenç arlady we at edip münmeg-ä beýlede dursun, Jadygöýi golaýyna-da eltmedi. “Men seni çapyp bilmesemem, aç öldürip başarýan. Meň islänimi edýänçäň saňa iýere zat ýok!” Şeýdip, Ýolbars-a aç-suwsyz demir gözenegiň arkasyna taşlandy, Doroty bolsa gije-gündiz Jadygöýiň aşhanasynda işledi. Olaryň ýagdaýy örän erbetleşdi. Ýekeje gowy pursat, ol hem Dorotynynyň gündizine aşhanadan ogurlan iýmitini, Jadygöý uklan wagty gözenekden geçip, Ýolbarsa bermegidi. Şeýle-de olar gaçmagyň we dostlaryna nämeleriň bolandygynyň aladasyny edýärdi. Käwagt bolsa olar bileje aglaýardylar. Jadygöý Dorotydan kümüş köwşi ogurlamagyň aladasyny edýärdi. Ol Altyn Papagyň bar güýjini ulanypdy we indi oňa başga bir jady gerekdi. Emma Doroty kümüş köwşüni gowy görýärdi we ony diňe suwa düşen wagty çykarýardy. Jadygöý bolsa suwdan öler ýaly gorkýardy we barmaga milt edip bilenokdy. Günbataryň Jadygöýi diňe bir zalym bolman, eýsem ol örän akylly bolupdyr we ahyr köwşi hilegärlik bilen almak kararyna gelipdir. Ol Doroty poly ýuwmak bilen başyna gaýka, ol aşhana gelipdir. Ol ýerde Jadygöý Dorotynyň işleýişine syn edipdir we seresapsyzrak wagty ony öl polda taýdyryp ýykmak üçin ähli jadyly dogalaryny ulanypdyr. Doroty ýykylypdyr, ýöne onuň diňe bir köwşi aýagyndan uçupdyr. Jadygöý ony howadaka alypdyr we bir aýagyna geýipdir. Bu bolsa Dorotyny örän gaharlandyrypdyr. “ Sen Jadygöý bolup bilersiň, ýöne seň meniň köwşümi almaga hakyň yok!”- diýip, Doroty Jadygöýe gygyrdy we pikirlenmezden pol ýuwlan, hapa suwly bediräni alyp, onuň üstüne serpdi. Jadygöý boýdan-başa ezilipdi. Jadygöý aýylganç gygyrdy we eräp, goňur, hapa palçyga öwrülip başlady. “Men şunça wagtlap suwdan seresap bolup gezdim. Ýöne seniň ýaly kiçijek gyzyň meni aňsatjak ezip biljekdigini hiç pikir etmeýärdim.” Bu Jadygöýiň soňky sözleridi. Sähel salymdan soň Jadygöýden diňe kümüş köwüş bilen Ýolbarsyň kapasasynyň açary galdy. Doroty olary aldy we Ýolbarsa bu gowy habary aýtmak üçin ylgady. (Dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |