21:18 Ozuň täsin jadygöýi -4: Beýik Oz | |
OZUÑ TÄSIN JADYGÖÝI
Çagalar edebiýaty
IV bölüm Beýik Oz Doroty bilen Ýolbars gözlerini açan batlaryna olar wagt ýitirmezden asmanyň ýaşyl öwüsýän ýerine tarap ýola düşdiler. Zümerret şäheri görnüp ugrady. Ýol boýy Garantga bilen Galaýy odun çapyjy olara zäherli gülälekler hem-de syçanjyklaryň kömege ýetişişleri barada gürrüň berdiler. Doroty hem-de Ýolbars dagy syçanjyklara minnetdarlyklaryny bildirdiler we özleriniň syýahatlarynyň ahyrlap barýandygyna begendiler. Olara Zümerret şäherine ýetmek onçakly köp wagt almady. Olar beýik derwezä ýetip saklandylar we jaňa basdylar. Olary depesindäki ýaşyl papakdan başlap aýagyna çenli ýaşyl geýinen adam içine goýberdi. “Men derwezäň garawuly” diýip ol aýatdy “Siz Zümerret şäherinde näme etmegi arzuw edýäňiz” “Biz Beýik Ozy görmäge geldik” diýip Doroty mylakatly jogap berýär.” Siz bize ýol görkezip bilmersiňizmi?” Derwezäň garawuly: “Elbetde” diýip jogap berdi” ýöne ilki siz şu äýnekleri dakynmaly bolarsyňyz” diýdi-de içi dürli ölçegdäki äýnekli gutyny açdy” Doroty: “Ýöne näme üçin” diýip sorady. “Sebäbi eger siz äýnekleri geýmeseňiz Zümerret şäheriň haýran galdyryjy şöhlesi gözleriňizi kör eder. Iň bärki şäheriň ýaşaýjylary hem äýnek dakynýarlar.” Ol biziň üçin gutudan bäş sanysyny çykardy: ”Häzir men bulary kelläňize geýdirip guplaryň şäherden çykmakçy bolaňyzda bolsa açyp bererin” diýdi. Şeýlelikde ol bir jübüdi Dorotyň gözlerine geýdirip kiçijik açar bilen guplady. Biziň herimize gabat gelýänini dakyndyk hat-da Totoda özüne laýygyny geýdi. Soň bulary garawul Zümerret şäherine barýan ýoly görkezdi. Ol olara tä şäheriň iň uly Zümerret daşy bilen örtülen haýatly äpet bina eltýän ýaşyl dükanly hem-de ýaşyl öýli ýaşyl ýoly görkezdi ol Beýik Oz köşgüdi onuň gapysyny ýaşyl formaly we ösgün sakally esger ony görüp durdy. “ Bu nä tanyş adamlar Beýik Ozy görmek isleýärler” diýip derweze garaguly esgere habar berdi. Esger kellesini ýaýkady we olara biraz garaşmagy tabşyrdy we Beýik Ozuň ýanyna gitdi. Olar esger yzyna gelýänçä köp garaşmaly boldylar. “ Beýik Oz siziň ähliňizi kabul eder, ýöne ol günde biriňizi kabul eder” diýip esger aýdýar. Bäş dost mylakatlylyk bilen kellelerini ýaýkaýalar. “Şeýlelikde siz köşkde bir näçe gün galmaly bolarsyňyz. Geliň men size otagyňyzy görkezeýin. Olar esgeriň yzy bilen özleriniň owadan otaglaryna bardylar. Otagdaky mebelleriň ählisi dürli Zümerret daşyndan ýasalandy. Doroty, Toto we Ýolbars gaty ýadawdylar şolbada uka batdylar. Diňe Garantga bilen Galaýy odun çapyjy uklap bilmän bütin gije beýik Oz hakda pikir etdiler. Ertesi irden ertirlikden soň Doroty ilkinji Beýik Ozuň kabulhanasyna çagaryldy. Onuň dostlary makullamak bilen ýylgyrdylar we oňa üstünlük arzuw etdiler. Esger ony Zümerretli otagyň içi giň karidor bilen tä hökümler otagyna ýetýänçäler alyp gitdi. Bu gapa Doroty ýeke özi girmelidi. Haçanda gapyň içine girende ol iň uly we ýap-ýaşyl otaga düşdi, beýle otagy ol ömründe-de gürmändi. Otagyň ortasynda uly tagt durdy onuň merkezinde äpet kelle durdy. Ol hiç zada berkidilmedikdi we onda bir saçam ýokdy. Ol äpet burunly, gözli we agyzly ýumurtga meňzeýärdi we ol ýuwaş gürleýärdi: “ Men Elhenç we Äpet Oz! Näme sebäpli meni görmek islediňiz?” “Meniň adym Doroty, men sizden kömek soramak üçin geldim.” Kelle gaşlaryny galdyrdy-da Dorota üns bilen seretdi-de:” sen bu kümüş köwüşleri nireden aldyň?” diýip sorady. “ Gündogaryň erbet arwahyndan, haçanda öýümiz onuň üstüne gaçyp ony öldürende.” “Hä, onda maňlaýyňdaky belgi nireden düşdi?” “ Ony gowy Jadygöý aýal maňlaýymy ogşanda galdy.” “Hä, beýle bolsa sen meň näme etmegimi isleýäň?” “ Meni yzyma Kanzasa Daýzam Em we Daýym Henriň ýanyna iber. Olar men hakda alada edýändirler.” Soň oňa Doroty howa barada we özüniň Oz ýurdunda başdan geçirmelerini gürrüň berdi. Haçan ol gürrüňini tamamlanda äpet kelle “ Bolýa diňe bir şert bilen men seni yzyňa Kanzasa ibererin.” Äpet Kelle biraz sägindi-de düşündirmäge başlady. “ Günbataryň Jadygöýüni öldür.” “ Ýöne men ony başarmaryn” Doroty geň galyp ýüzlendi. “ Näme üçin başarmarsyň” diýip Äpet Kelle erbet ýylgyrdy. Sen olaryň birinä öldürdiň, häzir saňa ýene birini öldüräýmek galdy. Diňe şondan soň men seni yzyňa Kanzasa ibererin.” Doroty aglap otagdan çykdy. Ol öz otagyna geldi ol ýerde dostlary oňa sabyrsyzlyk bilen garaşyp durdylar. Olar Ozuň islegini eşdip gynandylar. Olar Ozuň olardan näme sorarka diýip gyzyklandylar. Ertesi irden, Garantga kabulhana çagyryldy. Ol gitmäge taýyndy. Haçanda ol Äpet Kelläň otagyna girende owadan zenan ony garşy aldy. Haçan-da ol öz hekaýasyny gürrüň berip, öz beýik arzuwynyň beýnili bolmakdygyny aýdanynda, Hanym: “ Örän oňat. Eger sen Dorota Günbataryň Zalym Jadygöýini öldürmäge kömek etseň, men saňa örän gowy beýni bererin we sen Oz ýurdunyň iň paýhasly adamsy bolarsyň.”-diýip jogap berdi. Garantga Tagt otagyny taşlady we öz dostlaryna goşuldy. “ Bu Oz beýik bolmagy mümkin, ýöne oňa edil Galaýy odun çapyjynyňky ýaly ýürek zerur”- diýip, ol ilki belledi. Ertesi irden Galaýy odun çapyjy Tagt otagyna çagyryldy. Ol tagtda adam ýa-da Hanymy görerin öýdýärdi, emma oňa derek ol sözlere derek arlaýan, äpet ýyrtyjynyň tagtda oturanyny görüp haýran galdy. Näme-de bolsa, Galaýy odun çapyjy ýyrtyjynyň seredişine öwrenişendi. Ol öz hekaýasyny gürrüň berdi we öz isleginiň söýýän ýürekli bolmakdygyny aýtdy. “Bolýa! Eger sen Dorota Günbataryň Zalym Jadygöýini öldürmäge kömek etseň, men saňa ýürek bererin”-diýip, Ýyrtyjy arlady. Haçan-da Galaýy odun çapyjy Tagt Otagynda bolan zatlary dostlaryna gürrüň berende, olaryň hiç haýsy Gorkak Ýolbarsyň hem ertir şondan başga jogap eşitmejekdine şübhelenmediler. Olar mamla çykdylar. Ertesi irden Ýolbars Tagt otagyna äpet Alaw Topuny görmäge girdi. Onuň saçy hüžžerip, ýüregi çalt urup başlady. Ýuwaşja sandyraýan ses bilen ol öz hekaýasyny gürrüň berdi we Beýik Ozdan mertlik sorady. “Eger sen Dorota Günbataryň Zalym Jadygöýini öldürmäge kömek etseň, islegiňi berjaý ederin”-diýip, topdan pes, hyşşyldyly ses geldi. (Dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |