19:42 Ozuň täsin jadygöýi -7: Öýe dolanmak | |
OZUÑ TÄSIN JADYGÖÝI
Çagalar edebiýaty
VII bölüm Öýe dolanmak Ertesi gün, Garantga ilkinji bolup Tagt Otagyna girdi. Garantgany gören Jadygöý: “Oho bolaýdy” diýdi. Soňra ol Garantganyň kellesini açdy we ähli samanlary onuň içinden çykardy. Soňra Jadygöý kellesini samanyň, düwmäniň we temençäniň garyndysy bilen doldyryp Garantganyň bedenine guýdy. Garantga dessine özüni örän parasatly duýdy. Ol Oza minnetdarlyk bildirip Galaýy odun çapyjy gireninde otagdan çykyp gitdi. Ony görüp Oz:”Hawa, men ilki bilen seniň döşüňden deşik ýasamaly boljak, men çekinýärin” diýdi. Odun çapyjy :“Örän oňat, ol maňa agyry bermez” diýdi. Şeýlelikde Oz Odun çapyjynyň döşünde kiçi deşik ýasady we pagtadan we ýüpekden doldurylyp ýasalan gyzyl, ajaýyp ýürek çykardy. Ol ýüregi Odun çapyjynyň döşüne goýdy we deşigi bekledi. Ondan soň, Galaýy odun çapyjy özüni dünýäde iň rehimli ynsan ýaly duýdy. Ol Oza minnetdarlyk bildirip hoşlaşdy. Şol pursat hem Ýolbars girdi. Oz :”Hawa, seniň edermenligiň, ine ol.” diýdi. Ol kiçi çüýçe çykaryp, ondaky ýaşyl suwuklykdan jama guýdy. Jadygöý Ýolbarsa ony içmelidigini aýtdy. Ýolbars ikirjiňlenmän şol pursat jamy boşatdy. Onuň döşi dessine gyrmyzy boldy we ol özüni dünýäde iň batyr haýwan ýaly duýdy. Ol otagdan çykyp öz şatlygyny beýlekiler bilen paýlaşdy. Otaga Doroty girdi. Oz :”Häzir mähribanym” diýip sözüni dowam etdi.”Biz howa şaryny döretmeli. Men ýüpek matadan käbir uzyn bölekleri keseýin, sen bolsa olary tikişdir. Soňra, halta göwrümi göwnejaý bolýança, biz onuň içine gök ýelim geýdiris we oňa uly sebedi daňarys. Soňra bolsa, ot ýakarys, haltanyň içini yssy howadan doldyryp uzaklara gideris.” “Kansas tarapa!” Oz :”Men şeýle umyt etýärin” diýdi. “Ýöne ilki bilen biz çöli kesip geçmeli. Soňra ýeňilleşer” Olaryň hem şeýle edeni anyk. Olar howa şaryny ýasamak üçin bütin bir hepde işlediler haçanda şar taýyn bolanda Oz Bulutlardaky Jadygöý doganyny howa şarynda görmäge barýandygy baradaky habary öz adamlarynyň arasyna ýaýrtmagy her birine tabşyrdy we Jadygöýiň ýok mahalynda Zümerret şäheri parasatly Garantga tarapyndan dolandyrylmalydy. Ertesi gün, daň säher, Oz ähli ýüpleri barlaşdyrdy we sebede münip, şaryň yssy howadan dolup ýokary galmagyna garaşdy. Totonyň hiç ýerde ýoklugyny görende Doroty sebede münjek bolup durdy. Ol dessine Totony gözläp başlady. Doroty gidende oz sebedi ýere daňyp oňa garaşdy. Doroty şaryň dolup sebedi ýerden galdyrýança gelmedi. Şar ýüpi güýç bilen çekip başlady. Oz ellerinde Totony göterip ylgap gelýän Dorotyny gören badyna: “Gyssan eýjejigim”diýip gygyrdy. Ýöne, edil şol pursat hem şary saklaýan ýüp üzüldi we sebet bilen Ozy uçuryp alyp gitdi. Doroty: “Yzyňa dolan” diýip gygyrdy. Uzak aralykda gözden gaýýyp bolup barýan Oz: “Başaramok! Hoş gal!” diýip gygyrdy. Öýe dolanmaga hiç hili çykalgasy bolman soň Doroty uzakly gün we gijäniň köp bölegini aglap geçirdi. Muňa garamazdan, ertesi irden dostlary meseläni maslahatlaşmak üçin tagt otagyna çagyrdylar. Garantga bütin gijäniň dowamynda şeýle köp pikir etdi welin düwmeler we temençeler kellesinden daşyna çykyp başlady. Dostlary otaga giren badyna ol: “bir ganatly maýmynlary çagyryp olardan seni çölüň üsti bilen öýüňize eltmegi sorasak bolmazmy?” Doroty: “Örän ajaýyp pikir ”diýip tolgunyp gygyrdy. Ol altyn papagyny çykardy we jadyl sözlerini gaýtalady. Şol pursat ganatly maýmynlaryň topary aýnadan uçup girdiler. Maýmynlaryň baştutany: “Näme islegiňiz bar?” diýip sorady. Men : “Konzasa öýe gitmek isleýärin.”. Emma baştutan başyny ýaýkady. “Bu bolup bilmez. Biz diňe şu ýurda degişli. ” Doroty: “Eýsem muňa hiç kim kömek edip bilmezmi?” diýip gamgyn sorady. Baştutan: “Glinda kömek edip bilerdi”diýip jogap berdi. “Ol günortanyň Kwardliň ýurdyny dolandyrýan mähirli jadygöý.” Şuny aýdyp ganatly maýmynlar uçup gitdiler. Ýolbars: “Gaty dogry. Biz günorta haçan ugraýas?” diýdi. Doroty: “Siz meniň bilen gidersiňizmi?” “Elbetde!”diýip Garantga bilen Odun çapyjy deňine jogap berdiler. “biz hemişe seniň bize kömek edişiň ýaly saňa kömek ederis.” Ertesi gün olar eýýäm Kwardliň ýurdyna ýola düşdiler. Syýahat başdan geçirmelere baý boldy. Olaryň köpüsi howpludy. Emma bäş dost hemişe bir-birlerine kömege gelýärdiler. Ahyry soňunda iki-üç hepdeden soň olar Kwardliňleriň gyzyl ýurdyna ýetdiler. Ol ýer hem edil Munçkinleriň ýurdy ýa-da Ozuň Zümerret ýurdy ýaly owadandyr. Emma ähli zat Kwardliňleriň söýgüli reňki bolan ýakut ýaly gyzyl reňklidi. Örän oňat geçen iki günden soň olar günortanyň mähirli jadygöýi Glindanyň köşgüne ýetdiler. Glinda bir eýýäm olara garaşyp otyrdy. Olar ajaýyp bezegli gyzyl otaga çagyryldylar. Orta ýaşlaryndaky owadan aýal ýakutdan ýasalan tagtda garaşyp otyrdy. Mähirli gök gözli, doýgun gyzyl saçly jadygöý aýal owşun atýan ak owadan köýnek geýipdi. “Hawa balam, men seniň üçin näme edip bilerin?” “Men Konzasa öýümize gaýtmaga şeýle bir isleýärin.” Onda Glinda: “Men muny ederin diýip ýylgyrdy.” “Emma sen maňa öz altyn papagyňy bemeli bolarsyň” Doroty: “Höwes bilen” diýip çaltlyk bilen jogap berdi. “Ol maňa indi gerek bolmaz” Glinda: “Maňa bolsa gerek bolar” diýdi. “Men ganatly maýmynlardan parasatly Garantgany Zümerret şäherine äkitmegi soraryn. Halk özüniň täze ýolbaşçysyny eýýäm küýsändir.” Garantga sadalyk bilen ýylgyryp baş egdi. “Soňra bolsa”diýip Glinda öz sözüni dowam etdi. ”Men olaryň ak ýürekli Galaýy odun çapyjyny şu ýere günbatardaky Winkileriň Sary köşgüne äkitmeklerini sorajak. Ol ýerde halk öz täze baştutanyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar.” Galaýy odun çapyjy Winkileriň mähirli hoşlaşýan ýüzlerini ýatlap bagtdan ýaňa ýylgyrdy. “Ganatly maýmynlardan sorajak üçünji islegim – batyr Ýolbarsy haýwanlaryň onuň şa edip bellän tokaýyna äktmekleridir. Ýolbars gaty geň galyp seretdide birden öýüni örän küýsändigini duýdy. Doroty: “A men näme?” diýip sorady. “Altyn köwüşleriň seni çölüň aňyrsyndak islän ýeriňe ýetirer. Sen diňe onuň ökjelerini üç gezek biri-birine kakda öz islegiňi aýt. Bar bolany. Eger sen olaryň güýjini öň bilen bolsaň bu ýere gelen ilkinji günüň sen yzyňa öýüňe giderdiň.” “Emma onda meniň hiç haçan beýnim bolmazdy”diýip Garantga dillendi. “Meniň bolsa ýüregim” diýip odun çapyjy seslendi. Ýolbars hem özüniň heniz hem gorkaklygyna galjaklygyna aýtdy. Doroty: “Meniň bolsa hiç haçan beýle dostlarym bolmazdy” diýip dostlaryny gujaklady. Soňra ol Totony eline aldyda köwşüniň ökjelerine üç gezek kakdy we ýuwaşlyk bilen: “Meni daýzam Emiň öýüne alyp git ” diýdi. Şol pursat ony bu ýere getiren harasatdan hem çalt uçup barýndygyny duýdy, muňa garamazdan ol örän ýakymlydy. Az salymdan Dorotyt daýzasy Genriniň onuň ýok wagty ýaşan öýleriniň daşyndaky sary küdelenen otyň üstünde otyrdy. Doroty ýerinde turdy we aýagynda köwüşleriniň ýoklygyny gördi. Kümüş köwüşler ol uçup gelýän wagty çölde gaçyp hemişelik ýok bolup gidipdir. Em daýza ýaňy öýden çykjak bolup durka Dorotynyň özüne tarap ylgap gelýänini gördi. Ol: “Meň eýjejik balam!” diýip aglap Dorotynyň ýaňaklarynda taýly gezek ogşady. Soňy. Terjime edenler: Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň Roman -german dilleri we edebiýaty fakultetiniň 304-nji toparynyň talyplary: 1. Öwezberdiýew Begenç. 2. Gökleňow Abdylla. 3. Allekowa Güljahan. 4. Pirmuhammedowa Jahan. Aşgabat 2011 ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |