21:46 Pygamberimiziñ keşbi, ahlagy we edebi | |
PYGAMBERIMIZIÑ KEŞBI, AHLAGY WE EDEBI
Pedagogika we edep-terbiýe
Hezreti Magtymguly işanyñ: "Baş goýup ýatsam gapyñda, kyblagähim ýa Resul..." diýip söýen beýik ynsany, Älemleriñ Serweri, pygamberleriñ Soltany Muhammet Mustapanyñ (s.a.w) ömri ähli adamzat üçin görüm-görelde we edep mekdebidir. Pygamberimiziñ edim-gylymlaryny gaýtalamak, edebiñi onuñ edebine meñzetmäge çalyşmak her bir musulmana hem parzdyr, hem sünnetdir. Hatda musulman däl biri hem bu ahlak normalary bilen ýaşasa bähbitden başga zat gazanmaz. Ahlaklylyk, adalatlylyk, edep-terbiýe häzirki döwürde ýaşlar üçin iñ wajyp problema bolup ör-boýuna galdy. Döwür bizden hemmetaraplaýyn kämil bolmagy talap edýär. Biz döwre diñe bir taraplaýyn däl-de, oña ähli çäklerde düşünip, dogry baha berip başarmagymyz gerek. Öz halkymyzyñ taryhyny içgin öwrenmek bilen birlikde bütin dünýäniñ ösüş taryhyny ýeterlik derejede bilmäge borçludyrys. Türkmenistanyñ öñki müftisi Nasrulla ibn Ibadullanyñ aýdyşy ýaly: "Taryhlar bolsa yslam dininden we onuñ şanly nebisi Muhammet pygamberden (s.a.w) sowlup geçip bilmez". (Seret: Hüseýin Algül "Pygamberimiziñ keşbi, ahlagy we edebi", Türkmenistanyñ Müftiliginiñ rugsady bilen "Bakanlar Matbaacılık" çaphanasynyñ neşiri, 4-nji sah). Professor Hüseýin Algüliñ "Pygamberimiziñ keşbi, ahlagy we edebi" atly eseri şol nukdaýnazardan we ýaşlara ýankitapça bolup biljek derejede ýazylypdyr. Şonuñ üçin siziñ göwnüñize hem ýarar, hem ýol-ýörelge bolar maksady bilen bu ady agzalan eseri tapgyrlaýyn dykgatyñyza ýetireris. ◆ ◆ ◆ ■ SÖZBAŞY Beýik Alla "Gurhanda" Pygamberimiziñ (s.a.w) biziñ ýaly ynsan bolandygyny, oña wahyý inendigini, pygamberlik we ilçilik borjunyñ berlendigini aýdýar. Allatagala öz beýik kitabynda pygamberimiziñ ahlak sahyby hem-de Allanyñ Resulynda musulmanlara öwrenerlik gözel görelde bardygyny aýdýar. Pygamberimizi (s.a.w) gören, oña ýakyn duran musulmanlar Onuñ ahlagynyñ päk, adalatly, jomart, zähmetsöýer, gaýratly bolandygyna, mätäçlere kömek bermegi oñat görendigine güwä geçýärler. Biz bu kitap arkaly söýgüli pygamberimiziñ gündelik durmuşyndan mysallar getirip, Ony başga bir nukdaýnazardan size tanatmak isledik, ýagny onuñ ortaça güzerany bolan kureýşleriñ biri ýaly geýinendigini, naharsow bolmandygyny, özüne edilen sowgady Ashaby Suffa paýlandygyny, garyba, ýolda galana kömek edendigini, olary goldandygyny, aýallara edepli garandygyny, her bir işde tertip-düzgüni oñat görendigini, dostlaşyp, agzybir ýaşamagy ündändigini, dindeşlik, milletdeşlik gatnaşyklaryny güýçlendirendigini, ylym bilen gyzyklanandygyny, nadanlygy ýek ýigrenendigini, Hezreti Muhammediñ gündelik durmuşyndan mysallar getirip görkezmek isleýäris. Ol nähili geýindikä? Nähili naharlandyka? Nähili ybadat etdikä? "Gurhany" nähili okadyka? Nähili diñledikä? - diýen ýaly köp dürli sowallara jogap bermäge yhlas edýäris. Şeýlelik bilen musulmanlar Hezreti Muhammediñ şahsyýetini öwrenseler, belki-de Alla olara rehmetlerini eçiler. Mümkinçilikden peýdalanyp, "Hezreti Pygamberiñ (s.a.w) edep-ekramy" diýen tema boýunça geçirilen konferensiýanyñ ýazgylaryny-da, öñde aýdylýan käbir zatlar käbir jähtden gaýtalansa-da, peýdast deger diýen umyt bilen şu eseriñ soñuna goşýarys. Ýañky agzap geçen maksadyma ýetmäge kömej eder diýen umyt bilen Beýik Möwla nyýaz edýärin. Dr. Hüseýin ALGÜL. ◆ ◆ ◆ ■ PYGAMBERIMIZIÑ KEŞBI Allanyñ Resuly Hezreti Muhammet (s.a.w) ortadan ýokary boýy, ynsanlar arasynda halanylýan, göze ýakymly giñ, açyk ýüzi bardy. Onuñ bedeni bugdaýreñk, nuranady. Gaşlarynyñ tapyşýan ýeri ýumralar galar durardy. Gözleri gara, gaşlarynyñ arasy açygrak, gür sakgally, eginlek, elleri-aýaklary ýognasdan berdaşlydy. Çala goñras öwüsýän gara, tolkun atyp duran saçlary bardy. (Seret: Muslim "Fedail" 91-98; "Sahih Buhary Muhtasary" Tejridi Saryh terjimesi IX, 263-1446; Tirmizi "Şemaýyl" 1-7; Ibn Sad "Tabakatül Kubra" I, 410). Muhammet pygamberiñ (s.a.w) käkili köplenç gulagynyñ ýumşak etine ýetip durardy. Ol saçyny iki bölüp darardy. Saç-sakgalyny bejermeli bolaýsa, ony soña goýmazdy. Käte saçyny Hezreti Äşe ýaly aýallaryna-da daradardy. Owadan görünmek üçin däl-de, saglygyñ hatyrasyna ýatar wagty gözlerine sürme çekerdi. Ir bilen bolsa ony ýuwup aýrardy. Ashaby Kiramyñ (sahabalaryñ) aýtmaklaryna görä, onuñ ýagyrnysynda pygamberlik möhüri hem bolupdyr. Pygamberimiziñ ýatýan jaýynda miswak, täret suwy, darak durardy. Ol arassaçylyga aýratyn üns berer eken. Esasan hem ol dişleri arassa saklar eken, her täret kylanda miswak bilen dişlerini arassalar eken. (dowamy bar)... Terjime edenler: Ýalkapberdi MYRATGELDI, Baky ANNADURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |