18:42 Pyragy -11/ romanyñ dowamy | |
6.
Taryhy proza
Ketde ahun Magtymgulynyň köne arka, Şagazy hanyň ýanyna gidenine diýseň begenýärdi. Ömrüni medreseden medresä okap ötüren, indem ömrüniň iň soňky pursatlaryny harçlaýan goja özüniň ýetip bilmedik, arzuw edip, çykyp bilmedik münberine çykan juwana ýüregi bilen begenýärdi. Ol gör, näçe kitaplaryň gatyny açypdy. «Kurany» ýatdan bilýärdi. Otparazlaryň, suwparazlaryň, hristian dinindäkileriň pygamberleri baradaky mukaddes kitaplaryň kyssalaryny diňläp görüpdi. Özüni şeýle päk, asylly, elýetmez saklapdy. Hatda, ömrüniň soňky on ýylynda aýal jynsyna ýüzi hem sataşmandy. Ol şol okan mukaddes kitaplarynda aýdylyşy ýaly, özüni beýik eýe, ýeriň-gögüň diregi bolan allatagala bilen duşuşyga taýýarlapdy. Onuň ömri juda, juda hor geçipdi. Indi ýigrimi ýyl bäri ömürlik oraza tutmagy, doýa garna iýmezligi, bitin egin geýinmezligi onuň ömrüni köýdüripdi. Ol kä gijeler ukusyny haram edip oýlanýardy. Haýyp geçen ömrüne haýpy gelýärdi. Birdenem, özüniň bolşuna puşman edip, hudaýyň öňünde mynajat edýärdi. Soňky iki ýylyň dowamynda bolsa onuň ömründe uly öwrülişik emele gelipdi. Onuň hem esasy sebäbi, özüniň ynanjy bolupdy. Ketde ahunyň, dogrusyny aýtsaň, çyn adyny bilýän ýokdy. Sebäbi onuň Şirgazy medresesine ketde ahun bolaly bärem, bir är ömrüne barabar ýyl geçipdi. Ol şu döwürde medrese dersi boýunça öwrenilýän şahyrlara gaty uly sarpa goýýardy. Olaryň her bir gazalyny «Kuranyň» süreleriniň dowamy hasap edýärdi. Onuň pikiriçe, şahyram, edil pygamberler ýaly hudaý tarapyn döräp bilýän bolmalydy. Şonuň üçinem, ol şahyrsyrap ýören ýaş-ýeleňleri pitiwa-da etmezdi. Daşyndan känbir aýdyp, goýup ýörmese-de, öz ýanyndan olary äsgermezdi. Çünki, onuň pikiriçe, çyn şahyrlar indi gaýdyp döremeli däldi. Ol özüne «näme üçin?!» diýibem sowal bermeýärdi. Çünki, onuň pikiriçe, adamlar juda-juda ownapdy. Asyl işe baş goşup, öz gününe kanagat edip ýören az-azdy. Adamlar medresä, din, sowat öwreneýin, yslama, hudaýtagala gulluk edeýin diýip gelmeýärdiler. Her kim baýamak üçin, bilim alyp, soňam ony baýlygyň guralyna öwürmek üçin gelýärdi. Özem, onuň syn etmegine görä, medresä diňe barlylaryň kowum-hyşlary gelýärdi. Hakyky ynsaply, mukaddes adamlar bolsa, garamaýakdan ösüp ýetişmelidi. Onuň özem garybyň ogly dälmidi?! Ketde ahunyň pikiriçe, adamlaryň ownamagynyň, ylmyň, din-şerigat işlerine yhlasyň sowamagy düzüwliligiň alamaty däldi. Ol kä gijeler düýşünde ahyrzamany başyndan geçirýärdi. Ölüp-ölüp direlýärdi. Şeýle günleriň birinde bolsa, oňa bir şahyryň şygryny okamak miýesser edipdi. Ol şol şygyrda özüniň isläp ýören, emma diýip, diline alyp bilmeýän pikir-duýgularyny tapypdy. Ol bu şygry şeýle gowy görse-de, ony ýazany tanamaga howlukmandy. Çünki, onuň indi gaýdyp äleme ýaň saljak şahyryň döremejegine ynamy güýçlüdi. Bir gün bolsa türkmen öwladyndan bolan bir talybyň ajaýyp şygyrlar döredýändigi barada oňa habar beripdiler. Şondan köp wagt geçmänkä medresäniň dershanasynda molla-müftüler, damullalar üýşüp jedel edip, şol jedeli ahyrsoňy kesmelem ketde ahun bolupdy. Olaryň jedeliniň esasy bolsa Magtymgulyny, allatagala bilen ýüzbe-ýüz boldum, onuň nazaryna nazary düşenleriň golundan ylham şerabyny içdim diýip samahully goşgulary ýazyp ýören diwana pisint talyby medresede galdyryp, galdyrmazlyk barada gidýärdi. Bu meselede medresäniň piri, ýene-de ençeme ahun «ony ýekeje gün saklaman, medreseden garasyny saýlamaly» diýýärdiler. Olaryň garaýşyça, hudaýtagala, onuň pygamberleri, enbiýalary, mezidleri, öwlüýäler hakda söz açmak üçin ahunlyk, pirlik derejesine ýeten päkize adam bolmalydy. Ol şygyr ýazyp ýören bolsa kakabaş, diwana pisint türkmendi. Türkmenleriň beýle-beýle hormata eýe bolubermegi bolsa, käbir pir-ahunlara ýarabam baranokdy. Bu meselede ikinji toparyň öz garaýşy bardy. Olar hudaýyň halan çyn bende şahyrlaryna düýşde pata berilýändigini, şeýdibem beýle manydaky şygyrlary hudaýyň buýrugy bilen alaçsyz ýazýandygyny tekrarlaýardylar. Olaryň aserleri Hoja Hafyzyň diwanydy. Şonda: Säher gaýgy-hasyratdan kyldylar meni azat. Şol zulmatyň tününden berdiler ady-halat! diýip başlanýan gazaly getirýärdiler. Şol gazalda Hafyz Şirazyň ýanyndaky şeýh Baba Kuhynyň mazarynyň başynda uklan mahaly, erenler oňa öz elleri bilen, şeraba garyp şahyrlyk ylhamyny berdi – diýip beýan edýärdi. Ikinji topar başga-da ençeme delilleri getirip. bu talyba aýratyn gadyr, hormat goýulmagyny talap edýärdiler. Ketde ahunyň özem ilki ilkinji toparyň pikirini ündeýärdi. Onuň üçin «erenleriň elinden meý içdim» diýip samahullap ýörmek bolmajak, dinden-ymmatdan çykyljak zatdy. Onuň Hoja Hafyz bilen bu agzy sary talyby asla deňeşdiresem gelenokdy. Çünki, Hoja Hafyz Gündogaryň ägirtleriniň ägirdi bolup, onuň gazallaryny ähli musurman okaýardy. Emma medresä ýaňy gelip, iki setiriň başyny çatan türkmen balasynyň beýle-beýle zatlara baş goşmasy onuň keçje damaryny gataldýardy. Şondan soň ol Pälwanguly Rownak damullanyň üsti bilen şol gepli-gürrüňli diwany ele salypdy. Ol bu diwany gazap bilen okap çykypdy, soň bolsa özüniň öňki garaýşynyň puç bolup barýanyna gynana-gynana ýene-de diwanyň daşyna geçipdi. Üçünji sapar okandan soň welin, onda bu diwandaky eserlere, ony ýazan adama çäksiz hormat döräpdi. Ol ylaýta-da, diwandaky «Turgul» diýdiler», «Bady-sabany görsem», «Gördüňmi», «Bilmezmiň» diýen goşgulary gözüne ýaş aýlaman okap bilenokdy. «Galam alyp, namany gönderdigim bilmezmiň, Efsun urup, hüthütni inderdigim bilmezmiň, Arş üstüne galdyryp, mindirdigim bilmezmiň, Tört gije, üç gün aglap, diňdirdigim bilmezmiň, Eşek münüp, Isa dek ýeldirdigim bilmezmiň». Bu setirler «Kuranyň» düşnüksiz sürelerini türki dilinde şeýle bir süýji düşündirýärdi. «Hüthüt kimin Pereňden Çyn-Maçyna diýip bardygym, Bag içinde Bulkysyň saçyn açyp gördügim, Süleýmanyň tagtyndan sözläp habar berdigim...» Bu goşgusynda «Şirin-Perhat», «Warka-Gülşa» baradaky kyssanyň manysyny şeýle sadaja gürrüň berýärdi. Soňam ýeliň, günüň, ynsyň-jynsyň, derýa-deňziň häkimi, adalatly hökümdar Süleýmanyň Bulkus patşanyň ýoluna gül düşäp, gyzy üçin hüthütni sawçy iberişini üç setirde aýdyp goýberýärdi. Bu goşgy diwanyň eýesiniň kiçi-girim däldigini habar berýärdi. «Dehistanyň baýrynda, Bady sabany görsem. Bahawetdin, Mirkulal, Zeňňi babany görsem. Ýokarda Hindistany, Arkada Türküstany, Öwlüýäleriň ummany – Ol Rumystany görsem... Magtymguly, hoş bolsa, Aksa didäm, ýaş bolsa, Imanym ýoldaş bolsa, Barsam Käbäni görsem». Ketde ahun goly diwanly doňup galypdy. Sebäbi bu setirler onuň arzuw edip, ýetip bilmän ýören maksadydy ahyryn. Ol bu ýüpek ýaly näzik, asman ýaly belent, älem ýaly giň, dury setirleri okap-okap haýranlar galypdy. Soňra bolsa ençeme şygry iş edinip göçürip alypdy. «Mesgen tutmuş gara dagyň burnunda, Alynyň mülkünde, Isa ornunda, Ýeriň arkasynda, gögüň garnynda – Meniň sahypjemalymy gördüňmi?» Bu setirlerdäki hyjuwy, allatagalanyň didaryna bolan islegi, ony görmäge bolan höwesi başga hili beýan etmek mümkin däldi. Ol Bedeliň, Abu Sagytyň, Haýýamyň, Hemedanynyň, Ferdöwsiniň, Nyzamynyň, Hoja Hafyzyň, Rumynyň, Jamynyň, Nowaýynyň, Sagdynyň we beýleki ägirt şahyrlaryň belli eserlerini pähiminden eläp-eläp geçirdi. Emma bu diwandaky ýaly täze, özboluşly reňk bilen lowurdaýan şygyrlary tapmady. Ol birden uly begenç bilen gürledi. «Bul diwangy törediji gökde täze döregen ildizdy, ildiz!» Ol şeýle pikir. şeýle niýet bilenem şol «agzy sary» talyby görmäge barypdy. Magtymgulynyň pygamberiňki ýaly asylly nazaryny, nurana keşbini, arassadan owadan gözlerini, nur seçelenip duran gabaklaryny görüp, «Kuranda» waspy edilýän ýagşyzadalar bilen duşuşan ýaly bolupdy. Şondan soň medresede Magtymgulynyň şygyrlary barada jedel bolmandy. Ketde ahunyň özi bolsa, nämüçindir, Magtymguly, onuň şygyrlary barada söhbet açylsa, biygtyýar gözlerine ýaş aýlaýardy. Ol hakyky beýik şahyrlaryň nähili döreýändigine, nähili bolmalydygyna göz ýetiripdi. Mundan başga-da pygamberleriň hem adam jynsyndan döräp biljekdigine berk ynanypdy. Onuň göwnüne bolmasa, Magtymguly Magtymguly bolman, bu ýerde Kenganyň şasy Ýakubyň ogly Ýusup gezip ýören ýalydy. Onuň ynanjy gün-günden, aý-aýdan, ýyl-ýyldan artypdy. Ol şu mahalam Magtymgulynyň işiniň rowaçlanmagy üçin her ýumşa taýýardy. Mundan birnäçe gün ön ahunlar başynyň Magtymgulynyň goşgularyna ters baha berilmegi bilen ylalaşmagyna köp-köp hapa bolupdy. Onsoň onuň enesiniň ýogalmagy hem ahunyň göwnüni gama batyrypdy. Ol Magtymgulynyň gynanjyna gyýylýardy. Öýüne gelensoňam, tutuş gijäni şeýle ajaýyp ynsany dünýä inderen aýalyň çyn dünýesiniň abat bolmagyny hudaýdan dileg edip, doga baryny okapdy. Häzirem ol rahat oturyp bilenokdy. Gaýta-gaýta Magtymgulyny soraýardy. Göwnüne bolmasa, Magtymguly şatlykly perman alyp geläýjek ýalydy. Ýüreginiň töründe bir begenji bar ýalydy. Ol şeýle oýlar bilen dershananyň girelgesinde, sopularyň arasynda otyrdy. Bu hormatly ahunyň baran ýerinde sesini gataldýan adam ýokdy. Sebäbi ketde ahunyň özüniň hem sesini gataldyp gürlänini gören ýokdy. Ol özüniň talyplaryna-da «Diliňiziň ýüregi bilen däl-de, ýüregiňiziň dili bilen sözläň» diýerdi. Häzirem dershanada adam ýok ýalydy. Şonuň üçinem Nazarly medresäniň metjidiňe, howlynyň içine, daşyna telim gezek baryp gördi. Emma ses-selem bolmansoň dershananyň işigini açmak onuň küýüne-de gelmändi. Ýogsa ketde ahun: «Magtymguly göründigi maňa habar bergil» diýip, ençeme sapar tekrarlapdy. Magtymgulynyň bolsa keýpi gowudy. Ýöne hiç kim ondan ýagdaýyň nähili bolandygyny sorap bilenokdy. Şonuň üçin Nazarly telim gezek ketde ahunyň yzyndan gitmeli bolupdy. Ahyrsoňy ol ynjalyksyz gojanyň özi işikde göründi. Ol keýpiçag söz urdy. – Balam, alnyňy alla ak eýlesin, ne körübsiz, habar beriň... Magtymguly içki begenjini daşyna çykaryp bilmedi. Ýöne onuň gursagyndaky ýumşaklygy gözleri jar edýärdi. – Ahunym, günähimi güzeşt eýläň. Şagazy hana diwan barada til ýarmaga het edip bilmedim. Çünki, diwandan has möhümräk mesele orta düşdi. Ketde ahun Magtymgula düşünmedi. «Heý şundan möhümem bir mesele olarmy? Olmaz!» Ýöne Magtymguly talanan kerwen, zyndana atylan türkmen ýigitleri barada aýdandan soň welin, ketde ahun uzak wagtlap oýa batyp oturdy. Soň ol Magtymgula golaý bardy. Öz-özi bilen gürleşýän ýaly, ýuwaşja sözledi. – Hak iş kylybsiz, balam. Agar sizlerga ömür berse, nasibe tartsa, ul makastga ham ýetersiz... Ol Magtymgulynyň gözlerindäki düşnüksiz garaýşy görüp, az-kem özüni raslady. Özüniň eziz gören şägirdi gama batýandyr diýip oýlandy. – Siller gama gark olmaňlar, bala... Agar ondaý şyýyrlarňizg olsa, torpakga karylyb ýatmaýdy. Sizlar deý pakize insan, wa ajab şayrlar madrese, matjit tekjalerige laýig olmaý, unlar halg ömrige nagş olub, bakiýa ýörir. Siz Allaýar Töre degilsiz... Magtymguly Allaýar Töre bilen özüniň deňelmegine geň galdy. Sebäbini welin soramady. Ketde ahunyň özi bu kyssany sözledi. «Sopy Allaýary» ders hökmünde ýagşy öwrenen Magtymguly üçin bu kyssa diýseň gyzyklydy. «Allaýar Töre kyrk ýaşyna barýança Buhara emiriniň köşgünde adam ýenjýän rehimsiz töre bolup oturypdyr. Halka zulum etmekde onuň ady bütin ülkäni titredipdir. Bir gün bir topar aýal suwly ýaba suw almaga gelip, ýabyň güzerinde ýuwnup otyrka Allaýar Töräniň gelýänini görýär. Olaryň ýüregi ýarylan ýaly bolýar. Kimsi özüni suwa urýar, kimsi hyşalykda gizlenýär. Allaýar Töre ýabyň köprüsiniň üstüne gelip garasa, ýabyň suwy durşuna gan bolup akyp barýarmyşyn. Ol: – Bu ne alamat? – diýip, atdan düşüp seretse, köpriniň aşagynda birnäçe aýalyň gorkudan titreşip duranyny görýär. Ol bu aýallardan bu ýerde näme üçin beýdip duranlaryny soraýar. Onda aýallar: «Biz siziň gelýändigiňizi görüp, gorkymyza köpriniň aşagynda gizlendik. Aramyzda bir gelin göwrelidi. Siziň atyňyzyň aýagynyň sesi köpriniň üstünde dükürdäberende, şol göwreli aýal sizden gorkusyna oglan taşlady» diýip, bolan wakany düşündirýärler. Şondan soň Allaýar Töre özüniň şeýle uly günä gazanandygyna düşünýär. Ol özüniň günäsini satyn almak üçin sopy bolmagy ýüregine düwýär. Şeýdibem, piriň ýanyna barýar. Pir bolsa Allaýary diňläp: – Sopy boljagyň çynyň bolsa, günäňi ýuwjak bolsaň, saňa birnäçe şertim bar – diýýär. Ol pir özüniň şertlerini beýan edýär. – Birinji şertim, gassaphanadan bir goýnuň kellebaşaýagyny, garyn-içegesini, bagyr-öýkenini gapsyz getir – diýýär. Allaýar Töre goýnuň aýaklaryny biline gysdyrýar, kelläniň gulagyndan dişleýär. Içegesini boýnuna çolaşdyrýar, garnyny başyna geýýär. Bagyr-öýkeni hem eline alyp, ganyny sarkdyryp, märekeli köçe bilen ýöräp, piriň ýanyna gelýär. Allaýar Töräniň bolup gelşini gören şäher ilaty: «Allaýar Töre däliräpdir. Halka nähak zulum eden şeýle güne-de düşer. Nähak gan ýerde ýatmaz» diýip gürrüň edýän eken. Pir bolsa ikinji şertinde oňa süýjüden horaz ýasap, onam köşgüň işiginde satmagy buýran. Bu kär bolsa şol döwürde gedaýçylyk edendenem müň esse ýaman görlüpdir. Allaýar Töräniň bu masgaraçylygy baradaky gürrüňi Buhara emiriniň gulagyna ýetirýärler. Muňa emiriň gaty gahary gelipdir: – Ol meniň köşgümde ençeme ýyllap töre bolup oturdy. Indi meniň köşgümiň işiginde horaz süýji satyp, meni, meniň köşgümi masgara etjek bolýandyr – diýip, ony ülkäniň iň çetinde ýylan-içýanyň mesgen tutunan ýerine taşlamagy höküm edipdir. Emma zäherli ýylanlar, bir gezek sokanda janyňy jähenneme iberjek möýler, içýanlar bu zalymy sokup öldürmekden geçen, gaýtam onuň bilen höwrügipdirler. Onuň hakyky hemrasyna öwrülipdirler. Allaýar Töre bolsa özüniň ähli ryswalygyna puşman edip: «Şumlugym, ryswalygym, Tegdi welaýat halgyga Şonuň üçin dagny, taşny, Çölni kyldym ygtyýar – diýip, sakgalyny tüýküligi bilen ezjek bolupdyr. Magtymguly ketde ahunyň Allaýar Töre baradaky gürrüňlerine şeýle haýran galma bilen diňleýärdi. Sebäbi ol «Sopy Allaýary» ürç edip öwrenipdi. Ony hudaýyň hakyky guly hasaplaýardy. Allaýar Sopyny şeýle päkize, hudaýhon, öz hakyna kaýyl bolup, özüniň asylly niýeti, yhlasy bilen pirlige ýetişen bir hormatly adam hasaplardy. Hajygowşandaky oba medresesinde onuň hikmetlerine aşyk hem bolupdy. Emma häzir ol özüniň şol ynanjy barada dil ýarmady. Oňa derek ketde ahun söz aldy. – Balam, sizler zähriman ilan degil, köý, «Sufy Alleýar» diwangy türkisowatga koýulyb, madrassam, dershanaga kirsin. Sizlarnig diwanini halg ohyr. Ul halga ýahşy ýaryr. Magtymguly bu goja özüniň minnetdarlygyny bildirip, onuň öňünde belent başyny egdi. 7. Magtymgulynyň medresäni möhletinden has ir tamamlap, indem öz iline gaýdýandygy baradaky habar ýyldyrym çaltlygynda Hywa ýaýrady. Hywanyň beýleki medreselerindäki türkmen talyplar, Şirgazy medresesindäki tanyş-bilişler, Magtymgula sylag-hormat goýýan damullalar, sopular, talyplar hemmesi medresäniň howlusyndaky güjümleriň aşagyna üýşüpdiler. Olar häzir Magtymgulynyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Nazarly howlynyň burçundaky guýudan suw çekip, uly gazanda jazyrdap gowrulýan etiň üstüne suw guýýardy. Nury Kazym halypa hem bu gün çus görünýärdi. Ol uly toýuň serenjamçysy ýaly bolup, uzyn donunyň synlaryny guşagyna gysdyryp, beýleki gazanyň töwereginde ýeňillik bilen gopýardy. Gowrulýan etiň ýakymly ysy, suwlanyp, süpürlen meýdança, belent güjümleriň goýry kölegesi, dürli selleli, dürli ýaşdaky adamlaryň gürrüň-gülküsi howlynyň içini toý tutulýan meýdança meňzedýärdi. Şeýle duýgy täsirlenýän talyplaram howludaky hüjrelerine ýeňillik bilen girip çykýardylar. Nazarly özüniň şatlygyny gizläp bilenokdy. Ol içki tolgunmasyny, oglanlyk höwesini basmak üçin guýynyň buz ýaly sowuk suwuna gaýta-gaýta ýuwunýardy. Onuň bolşy oturanlarda-da uly höwes döredýärdi. Ol häzirem guýudan bir gowa suwy çekip başyndaky guzy derisinden tikilen, gytyk tüýli telpegini Nury Kazym halypasynyň eline berdi. Donuny çykaryp, ezýaka köýneginiň bagjyklaryny çözdi. Soň ýeňlerini çermäp, oturan oglanlaryň birine gowanyň suwuny depesinden eňtermegi teklip etdi. Sowuk suw onuň janyna hoş ýakýanlygy üçinmi ýa-da garagollykdanmy, sowuk suw her sapar endamyna degende «Eý, waý, eje janeý!» diýip bökjekleýärdi. Onuň bu bolşy töwerekdäkilerde gülki, şowhun döredýärdi. Nazarlynyň bolşuna höwesdenmi ýa-da köpräk gymyldany üçinmi, Nury Kazym halypa gyzyp duran bedenini sowatmak höwesi bilen guýynyň ýanyna geldi. Nazarly halypanyň islegini bada-bat aňdy. Çaltlyk bilen gowany guýudan çykardy. Halypa derden ýaňa öl-myžžyk bolan donuňy, sellesini gazanyň gapdalyndaky töňňäniň üstüne atyp, Nazarlydan depesinden suw akytmagy sorady. Nazarlynyň bolşuna gülşüp oturan mähelle, guýa garşy gaýtdy. Ýaşrak oglanlar sellelerini, donlaryny gollaryna alyp, halypanyň nobat bererine garaşyp, gülşüp-degşip otyrdylar. Halypanyň keýpi kökdi. Ol ýaş-ýeleňleriň ýuwunjak bolup durşuna has hem göterildi. Nazarlynyň az-azdan akytmasyna garamazdan, gowanyň ähli suwuny depesinden guýmagy talap etdi. Suw onuň eginlerini, gyzyp, derden ýaňa öljerip duran köýnegini myžžyk etdi. Soň ol sellesiniň gatyny açyp, uzak wagtlap süpürindi. Günbatardan salkynjak şemal öwüsýärdi. Güjümiň şahalaryndaky teňňe-teňňe ýapraklar şybyrdaşyp ses edýärdi. Sowuk suwuň gyzyp duran bedenine ýaramandygyny halypa bada-bat aňdy. Indi birnäçe gün bäri bildirmedik üsgülewügini gizlemek üçin Nazarlynyň hüjresine bakan ýöneldi. Emma işikdäki gowry, galmagaly eşidip ýene-de daş çykdy. Onuň gözi Magtymgula düşdi. Magtymgulynyň başy belentdi. Ýüzünde nähilidir bir begenç alamatlary bar ýalydy. Ol howludaky adamlary görüp hasam begendi. Yzyndaky adamlara mürähet etdi. Onuň yzynda otuz-kyrk adam bardy. Halypa şol adamlaryň arasyndan Gündogdy han bilen araky gören kerwenbaşysyny tanady. Hanyň gazapdan doly ýüzi aşakdy. Nämüçindir bili bükülen kerwenbaşy bolsa ýüzüni zordan galdyryp, hormat bilen garşy alanlaryň salamyna dodaklaryny çalaja gymyldadyp jogap berýärdi. Nury Kazym halypa bir çetde ýüzüni sallap oturan hanyň ýanyna baryp, salam berdi. Hormat edip düşege çagyrdy. Han ynjyly nazar bilen töweregine garady. Soň hüjreleriň birine ýöneldi. Ol Nazarlynyň ýaşaýan hüjresine telpeginiň depesini tutup ätledi. Soňam ýylan gören ýaly bolup yzyna çykdy. Bir hili äsgermezlik äheň bilen gürledi. – Medrese diýýäsiňiz. Içi gör ýaly-laýt, munuň. Nädip ýaşap, nädip ders okap bilýäňiz, munda? Hanyň sözüniň aşagyndaky kinaýany aňynda aýlamadyk Nazarly ýöne ýylgyraýdy. Han ulumsylyk bilen howlyny synlap, epeý-epeý basyp güjümiň kölegesine ýazylan körpeçäniň üstüne çekdi. Howludaky hüjrelerde ýaşaýan talyplar adamyň köplügini görüp, özleriniň düşeklerini güjümiň astyna ýazdylar. Onsoň hemmeler aşak oturdy. Ketde ahun Magtymgulynyň golaýyna gelip dyz epdi. Onuň ýanynda medresäniň piri, abraýly mollalar, ýaşuly sopular, ýaş damullalar döwür gurap oturdylar. Ketde ahun owadan owaz bilen omyn okady. Aýalaryny ýüzlerine ýakyn tutup oturan adamlar hem-ä ýaşyp barýan güne, hemem howla agyz suwardyjy ys ýaýradýan äpet gazana göz aýlaýardylar. Bu gün oraza aýynyň iň soňky günüdi. Oraza aýynyň başynda aý görmän agyz beklän adamlar bolsa, uly tamakinçilik bilen täze dogan aýy agtarýardylar. Nazarly töwir gutarmagyna-da sabyr etmän, Magtymgulynyň ýanyna gelip, dyzyna çökdi. Soňam onuň gulagyna nämedir bir zatlar aýtdy. Adamlar omyn edenden soň, örmekçi bolup gybyrdanyp başlanlarynda, Nazarly habaryny aýtdy. – Agalar, namazdan soň, agzaçary şu ýerde ediň. Tagam häzirledik... Bu gürrüňden soň her kim turmak bilen boldy. Ketde ahun hem-de Pälwanguly damulla Magtymgulynyň ýanynda, birhili gama gark bolup otyrdylar. Gündogdy han hem güjüme arkasyny berip oturyşyna, gysgarak gamçysy bilen tozan-çaň bolan adigine şarpyldadyp urýardy. Uludan demini alyp, Töweregindäki oturanlara uly ýigrenç bilen göz aýlaýardy. Hojameňli aganyň ogly Çerkezguly hem Nazarlynyň ýanyna baryp, ol-bul işlere kömekleşýärdi. Hojameňli aganyň derdi özüne ýetikdi. Kerwenbaşy üçin kerwenden jyda düşmegiň nähili agyrdygy hemmä belli bolsa gerek. Emma Hojameňli aga üçin munuň özi ölüm bilen barabardy. Ol häzir özüni dardan asmaly diýip, perman berlen bolsa-da, munça hapa bolmajak ýalydy. Ony namysa goýýan esasy zat, hanyň igenjidi. Gündogdy han bolan ýagdaýy gözi bilen görüp, oňa hut özüniň gatnaşygy bolsa-da, günäni kerwenbaşydan hem-de Guldurdy serdardan görýärdi. Zyndanhananyň içinde ol Guldurdy serdaryň üst-üne nagarasyny sürtmek isläpdi. Emma öňem, ahmal galanyna jany köýüp, gany gaýnap duran serdar hana özüni çeýnetmändi. Şondan soň han garawsyz kerwenbaşyny it alan sanaja dönderipdi. – Han, çölde çopany urma, gyrda baýary bardyr – diýipdirler. Sen kerwenbaşyny nähak horlaýasyň – diýip, Guldurdy serdar şunça ara düşmedik bolsa, kerwenbaşynyň oglundan ätiýaç etmedik bolsa, ýaşulyny aman goýjak däldi. Hojameňli aga henize çenli zyndan diýen zadyň adyny eşitse-de, özüniň nämedigini bilenokdy. Emma Oraz ynagyň atlylary atyň öňüne salyp, gamçy bilen saýgylap alyp gelenden soň welin, haýýaty göterildi. Ilki ol näme üçin beýle jeza sezewar bolýanyna hiç düşünip bilmändi. Gündogdy han bilen Guldurdy serdaryň biri-biri bilen harçaňlaşmasyndan soň bolmasyz bir işiň bolandygyny aňypdy. Guldurdy serdar aýtmasa-da, teke ýigitleriniň Hywanyň golaýyndaky obalaryň birnäçesine çozuş edendigi, talaňçylyk bilen mal-gara sürendigi belli bolupdy. Bu habar Hywa hanyna ýetip, Oraz ynagyň ýolbaşçylygynda hanyň atlylary olaryň garşysyna çykyldy. Ganojak Oraz ynagyň diýeni gelipdi. Ol teke ýigitleriniň saýlama tohum atlaryny, üstüniň goşy-golamy bilen tutuş kerweni öz haýryna geçiripdi. Hojameňli aga zyndana düşenden soň kerwenden, beýlekiden geçipdi. Elleri, aýaklary gandally, agyr pürslere gapjadylan adamlaryň gözgyny halyny görüp huşy başyndan uçupdy. Sebäbi bigünä adamlaryň sähel bahana baglanyp ýyllar boýy bu nälet siňen jaýda oturanyny eşidipdi. Endamlary guran, horlukdan, ejirden eräp süňke dönen, huşundan, aklyndan jyda düşen bendeleriň gününi öz egnine goýup görüpdi. Sebäbi olaryň gürrüňini diňlände, Guldurdy serdaryň atlylarynyň goparan işi han üçin tutuş topary ömürlik zyndanda çüýretmäge uly bahanady ahyry. Bu gün bolsa hudaýtagalanyň ýalkan günüdi. Ol: «Allanyň emri bilen ýagty dünýä çykdym» diýip, gaýta-gaýta hudaýa alkyş aýdýardy. Birdenem zyndanyň ynsan balasy çekip-çydardan agyr ysy onuň beýnisini gaplap, tutuş süňňüne agyr galpyldy salýardy. Batyp barýan güni, ýeke zürýady Çerkezgulyny, obadaşlaryny görüp, Hywanyň äleme belli medreseleriniň birinde, adamlaryň arasynda oturandygyny duýup gözlerine ýaş aýlaýardy. Şu gününe müňdebir razy bolup, eden närazylygy üçin günäsini ötmegi allatagaladan gaýta-gaýta dileýärdi. Ýaşulynyň gözi Magtymgula düşdi. Ol misli allanyň nazary düşüp, üýtgeşik nurdan ýasalan ýaly bolup, oturanlardan saýlanyp durdy. Onuň başyndaky çürimaňlaý telpek, egnindäki hywa dony, buhara ussalarynyň elinden çykan mesi, ürgenji çokaý, onuň ýaş başyny diýseň salyhatly görkezýärdi. Hojameňli aga indi näçe gündür Magtymgulynyň adyna aşna bolup, didaryny birje gezek görmäge maýyl bolup ýördi. Munuňam esasy sebäpkäri Şirmet aganyň mülkünde gabat gelen diwananyň aýdyp beren gazallary bolupdy. Şol diwananyň owazy, onuň gazallarynyň gojanyň ganyna garylan süýjüligi hiç haçan ýatdan çykar ýaly bolmandy. Goja hut häzirem bolsa, ömrüniň ahyryna çenli şol gazallary diňläp oturmaga taýýardy. Şol gazallarda bu gojanyň, onuň döwürdeşleriniň ömürboýy agtaryp, iň soňunda-da tapyp bilmedik süýjüligi, rahatlygy bardy. Ol gazallarda bu dünýäde ýok, indem boljagy-bolmajagy nägümana bolan hakykat bardy. Şol hakykatyň sesini eşidip, owazyny diňlemegem az-owlak zat däl ahyry. Goja kerwenbaşyny geň galdyran zat başgady. Ol beýle-beýle zatlary şu ýaş ýetginjek aýdydyr diýseler hiç ynanyp bilenokdy. Onuň göwnüne: «Beýle sözler, beýle owaz diňe hudaýyň senasyndan, pygamberiň dogasyndan, ýagşyzadalaryň ýalkawundan hasyl bolmalydy». Ýaşuly gaýta-gaýta Magtymgula garaýardy. Ahyr-soňy bolsa özüniň edebine erk edip bilmän, onuň golaýyna, töre süýşdi. Soňam hüwiniň awuna garaýşy ýaly, oňa gözlerini dikip eý-esli oturdy. Gündogdy hanyň gursagynda welin häzir kyrk çilläniň harasady turýardy. Ol özüne orun tapanokdy. Misli, haýsy ýerde otursa-da, düşegiň astyňda myh dürterip çykyp, onuň bedenine sanjylyp duran ýaly bolýardy. Ol uludan-uludan dem alyp göge garaýardy. Sebäbi bu topragyň üstünde onuň halyny ýeňledip, agan ýüküni galdyrjak güýç ýokdy. Ony has beter ýakýan zat Guldurdy serdaryň teýenesidi. Ol serdary gemirmekçidi. Özüniň bu betbagtçylygynyň düýp sebäbini şonuň pähimsizliginde görýärdi. Emma zyndanhanada welin bar zat tersine bolup çykdy. «Seniň bisähet günlügiňden meniň atlylarym ýyldyza ýörän ýaly boldy. Henize çenli alymyň ugur almadyk ýerini ýedi arkamda görenim ýok. Sen welin meni öň aldap gülüm-gülüm etdiň, indem gulumsyň diýip özüne heleý edinjek bolýasyňmy? Biz seniň üçin namysa galdyk, seniň üçin tekäniň abraýyny gara derýa gark etdik, indi seniň taňryýalkasynyňam aldyk, haý, berekella». Guldurdy serdaryň bu gepinden soň heý, gürläre ýer galdymy, hana? «Wah, munça namysa galanymdan ýerimi-ýurdumy ýagy çapan bolsa, müň mertebe ýagşy bolardy». Gündogdy hanyň bedeniniň ähli gany depesine urup, ýüregini erbet mynçgylaýardy. «Ýok, beýdip, symyşlanyp1 oturmak bolmaz. Hiçden giç ýagşy, iň gowusy, Oraz ynagy tapyp, erkek ýaly gürleşen ýagşy. Ol mertdir, näme-de bolsa ýagdaýa düşüner. Hiç bolmanda, kerweni oba dolaýyn. Bu serdaryndanam, bu mollasumagyndanam maňa medet boljagy ýokdur. Gideýin...» Hanyň kellesi az kem açylyşan, göwnüne azajyk giňlik gelen ýaly boldy. Emma kerwenbaşynyň töre geçip, özündenem ýokarda hekgerlip oturmasy onuň ähli arwahyny birden atlandyrdy. Ol bütin bedeninde zerzaw bolup duran ajysynyň baryny ýaşulynyň üstüne pürkdi. – Häk, akmak asla darar, tentek töre diýenleri çyn bold-ow, bu kerwenbaşy bu gün ýaman töre dyzaýa-la. Ýa Hywanyň ulamalary dökülen namysyny gaýtmyşym edip, yzyna dagy berädimikä?! Oň ýaly bolsa, bizem beýdip gert çekip oturmaly, hä, kerwenbaşy, sözläp otur. Hanyň gyrykdan gelen gazaply sesini oturanlaryň hemmesi eşitdi. Guldurdy serdar ýeke dyzyna galyp, ýüreginiň çüňkünde müňderlenip duran gazabyny eňtermäge häzirlendi. Hojameňli aga bolsa ýumruk ýalyjak bolup, misli utanjyndan aşagyndaky düşege siňip gidäýjek ýaly göründi. Öňem näçe günüň ýadawlygy, tolgunmasy egninden basyp oturan Magtymguly hem ýeke dyzyna galdy. Ol Guldurdy serdaryň gözlerindäki namys oduny Gündogdy hanyň ýüzündäki gazap ataşyny gördi. Bu iki goç çaknyşsa, ýagşylyga eltmejekdigini duýdy. Şonuň üçin nur damyp duran owadan gabaklaryny galdyryp, Gündogdy hana garady. Han Magtymgulynyň gözlerine ilkinji gezek seretdi. Onuň süňňi birhili lagşan ýaly boldy. Ol ik eli bilen titreýän sakgalyny gazaply penjeledi. Emma gymyldabam, gürläbem bilmedi. – Hormatly ahunymyz, bu oturan nazarkerde adam türkmeniň teke ugrunyň kähudasy. Biziň atamyz olaryň adyny elmydam ýagşy alkyşlar bilen dile alardy. Ýakynda bu hormatly han biziň illere sapara gelip, biziň atamyzdan köp-köp dugaýy salam getiripdirler. Ketde ahun agyr gabaklaryny süzüp hana garady. Ýöne hiç zat diýmedi. Sebäbi häzir gep hetjikläp oturmagyň wagty däldigini ol ýagşy bilýärdi. Aslynda Magtymgulynyň-da näme üçin edilip oturylan gürrüňiniň arasyny kesip, hana ýagşy sözler aýdandygyna düşündi. – Han aga, biziň illeriň oba-garasynyň hal-ahwaly neneňsidir, alada bilen siziň halyňyzdan habaram alyp bilmedik?! Alla ýol berse, tutuş gijeläp ýagdaý soraşar oturarys – diýip, Magtymguly sözüni has hem berkitdi. Emma häzir hana gep ýaranokdy. Ýöne Magtymgulyň bokurdagynda gaýnap çykýan mylaýym owaz onuň süňňüni gowşadypdy. Bu ýigidiň bolşy, salykatlylygy Döwletmämmet mollanyň boluşlaryny onuň ýadyna saldy. Ýaşulynyň ýagşy umytlary, parasatly sözleri onuň ýadynda berk galypdy. Göwnüne bolmasa, häzirem Döwletmämmet molla nurana sypatly ýaş ýigidiň keşbine girip sözläp duran ýalydy. Şonuň üçinem ol başardygyça öýke-kinesini unudyp, sypaýy sözlemäge çalyşjak bolýardy. Ol häzirem bokurdagyny telim arçap sözledi. – Awwa, bizem aýak üstünden baryb-a gaýtdyk, siziň illere. Soran bols-a köp dugaýy salam iberipdiler... Hanyň az-kem ýumşaşmagy oturanlaryň keýpini galdyrdy. Düşegiň gyrasynda çaryk, çokaýyny-da aýyrman oturan ýigitler, aýakgaplarynyň bagyny çöşlemäge oturdylar. Şol pursat Nazarly legen bilen kündük alyp gelip, hanyň goluna suw akytdy. Soňra orta saçak ýazdy. – Magtymguly aga, sizem han aganyň ýanyna süýşäýiň. Agzaçar-a boldy. Ýa-da geljeklere sabyr etjekmiňiz? Magtymguly Nazarlynyň aga sözüne hemişeki endiga boýunça ýylgyrsa-da, onuň göwnüni ýykmady. – Han aga bilen duz-emek bolup bilsek näme armanymyz bar. Bişen aşy mähetdel etmek bolmaz. Myhmanlaram geler, öz yrsgyny iýer, sen tagamyňy salyber. Şol pursat namaz okamaga örüşen adamlaram gelşip başlady. 8. Säher bilen gadymy Hywanyň Bakja derwezesiniň töweregine üýşen adamlar uludan tutulan toýun märekesini ýada salýardy. Hanyň atlylary bir gapdalda döwür gurap durdular. Galanlaryň hemmesi diýen ýaly pyýadady. Diňe Nazarly owadan demir gyr atyň uýanyndan tutup durdy. At tezdi, oňat bakylandy. Şonuň üçin bu mähellä göterilip güýji bedeninde dyňzap duran ýigide gol bermejek bolýardy. – Şagazy han-a, bu talyby sylap bilipdir-ow – diýip, Şirgazy han medresesiniň damullalarynyň biri aýtdy. – Ylahym, galan ömri-de sylag-hormat-da geçsin-dä, amin. Emma onuň patasyny Magtymguly eşider ýaly däldi. Ketde ahun agyr pikirlerden, ukusyzlykdan pökgerip duran galyň gabaklaryny sykyp onuň golundan mäkäm tutup durdy. Ýaşuly ahunyň sesi gyrlypdy. Şonuň üçin sesi zordan eşidilýärdi. Magtymguly bolsa onuň sözleriniň zerrejigini ýele bermejek bolýardy. Ony şeýle uly yhlas bilen diňleýärdi. Uly hormat bilen sözüni tassyklaýardy. Gün dogdy. Hywanyň gündogaryndaky äpet-äpet güjümler, lagar düşen diwana ýaly görünýän guran tutlar, toraňňylar, tallar tämiz lybasa giren ýaly, bu gün aýratyn gözel görünýärdi. Adamlar assaja ýöreşip, ömürlerinde ilkinji gezek şeýle gözel görnüşi synlaýan ýaly bolşup, seslerini çykarman gidip otyrdylar. Ahyry ketde ahun «Saklanyň!» diýen manyda yşarat etdi. Adamlar Magtymguly bilen ketde ahunyň daşyna üýşdüler. – Bu kün hudanyň çoh ýahşy körgen bendesi ýaýlasynga dolanyr. Ak patha berin... Hiç kimden ses çykmady Ketde ahunyň özi dyzyna çöküp, gollaryny göge galdyryp, hor aýalaryna garap doga okady. Soňra hemmeler «omyn» diýip, ornundan galdy. Märekede hereket başlandy. Şol pursat Pälwanguly damulla ahunyň gulagyna nämedir bir zat barada çawuş çakdy. Ahun ylalaşýan görnüşde başyny atdy. Soňra daşy gowy arassalanmadyk hasasyna daýanyp, bilguşagyny sermeledi. – Jemagat, Mahtymkuly mulla mesgeni pazylany1 tamam kerdi. Ul uly hurmatga wa ahunlar fatwasyga müwessa olubdy. Ol titräp duran elleri bilen ýüpek kagyzyň gatyny ýazdy. Haty okajak boldy. Emma günüň şöhlesi sarymtyldan ýylmanak kagyza düşüp, onuň gözlerini gamaşdyrýardy. Şol sebäplem ol haty okamady, ýöne hor barmaklarynyň birine geýdirilen kümüş ýüzügi çykardy. Ol ýüzüge meňzedilip ýörite ýasalan möhürdi. Ahun titreýän elleri bilen ýüzüne syýa çyrşalan möhri kagyzyň ýüzüne basdy. Hatyň aşagynda Hywanyň şeýh-ul-yslamynyň möhürüniň gapdalyna, edil şänik ýalyjak yz düşdi. Magtymguly ýaşuly adamyň beýle yhlasyny gözüniň duşundan geçirenokdy. Ýöne onuň özem iki sany hormatly adamyň möhrüniň medresäniň taryhynda ilkinji gezek özüniň «Fatwasyna» düşendiginden habarsyzdy. Häzir onuň zat seljerere ýagdaýy ýokdy. Göwnüne bolmasa, bu zatlaryň baryny agyr düýş görüp, şonda başyndan geçýän ýalydy. Adamlaryň gynanjy, gözlerde doňup galan umyt alamatlary oňa birhili ýalan, manysyz ýaly bolup duýulýardy. Onuň gözleri üç ýyllap duzuny iýen, üç ýyllap gyşyna-ýazyna şärik bolan Hywanyň asyrlaryň syryny özünde saklaýan ýalpyldawuk minaralaryna dikilýärdi. Ol özüni kimdir biriniň yhlas bilen gujaklaýanyny duýdy. Zordan özüni ele aldy. Pälwanguly damullanyň ýaşly gözlerini görüp, bu günki hesretiň, aýralygyň agramyny ölçejek boldy. Emma ony başarmady. Özüniň beýle doňmagynyň, duýgularynyň düýbünden buza örülmeginiň sebäbini aňyp bilmedi. – Hurmatly damullam, eden ýagşylyklaryňyz hudaýdan gaýtsyn. Ylahym, ömrüňiz uzak bolsun! Ol özüniň sesini eşitmedi. Näme aýdýandygynam duýmady. Pälwanguly Rownak welin dünýede iň gymmatly, ýeke-täk arzyly dosty bilen iň soňky sapar hoşlaşýan ýaly, onuň keşbini gözlerinde, ýüreginde baky galdyrmakçy bolýan ýaly bolup, Magtymgulynyň nurana ýüzüne, owadan gabaklaryna, mähir çogup duran gözlerine şol garap durdy. Onuň gözlerinden damýan tämiz, dury damjalar ýaňagynda doňup, oňa Magtymgulynyň onlarça esse kiçeldilen keşbi düşüp, soňra ýere togarlanyp gaýdýardy. – Hurmatly ake, bizlergi unutmaňlar, ýakşilikda ýat kiliňlar. Bul şyýyry ataňyzlarga bizlerden hurmat nyşany olsun. Ylahym, olarnyň ümri uzar bulsun, amin. Pälwanguly damulla turba şeklinde, gysby dolanan ýüpek kagyzy eline aldy. Ony hormat bilen alnyna degirdi. Soňra goltugyna saldy. Pälwanguly damullanyň bir gyra çekilerine garaşyp duran adamlar gelip Magtymguly bilen hoşlaşyp başladylar. Magtymguly olaryn köpüsini tanasa-da, köpüsini tanamady. Ýöne şol tanyş-u, nätanyş ýüzlere garap, birden göwni ersip, batyl bolan çeşmeleriniň gözi açylan ýaly boldy. Watana barýandygy baradaky hoşamaý duýgular, bu eziz adamlary indi gaýdyp görmejegi, olary gaýdyp tapmajagy baradaky gam-gussa onuň duýgularyny has hem sykdy. Onuň ylham çeşmeleri şaglap-şaglap gaýtdy. Togap eýläp üç ýyl iýdim duzuňy, Gider boldum, hoş gal, gözel «Şirgazy». Ötürdim gyşyňy, bahar, ýazyňy, Gider boldum, hoş gal, gözel «Şirgazy». Hakdan bize buýruk, baglydyr bilim, Senden tälim aldym, açyldy dilim, «Gelsin» diýp garaýyr ol gerkez ilim. Gider boldum, hoş gal, gözel «Şirgazy». Seljerer men indi agy-garany, Dost, rakyp, gardaşy, haky, ýarany, Okadym, göterdim, kitap «Kurany», Gider boldum hoş gal, gözel «Şirgazy», Kämil bolup serenjamlyk kylyp men, Muşakgatdan, ol perdeden galyp men, Käbämden aýrylyp, jyda bolup men Gider boldum, hoş gal, gözel «Şirgazy». Magtymguly taşlap göwün hapasyn, Sylady pirini, molla-sopusyn... Daýym unutmaz men tylla gapysyn Gider boldum, hoş gal, gözel «Şirgazy». Magtymguly ýüreginiň owazyny eşitdi. Ol özüniň ähli diýjek zatlarynyň barynyň bu owaza siňendigine begendi. Onuň gözlerinden akýan şol owaz näçe ýyllap ýüreginde göteren şatlygyny, gaýgysyny Hywanyň topragyna sahylyk bilen seçeleýärdi. Ol häzir özüni yns-jynssyz älemde ýaly duýýardy Häzir töweregini gallap duran adamlaram onuň ýüreginiň owazyna siňen mukamdaky mukaddes adamlaryň hyýaly keşbine meňzeş bir zat ýalydy. Ol ýüreginiň owazyna diň salýardy. Ol owaz iň belent perdeden gopýardy. «Gelsin» diýp garaýyr ol gerkez ilim». – onuň gözüne ýaýylyp ýatan Hajygowşan, mähriban adamlar görnüp gitdi. «Gelsin! Gelsin, gelsi-i-i-in!» Bu owaz şeýle bir anyk, dury owaz bolup, Magtymguly onda Döwletmämmet Azadynyň, doganlarynyň hatda ejesiniň hem mähriban sesi eşidilip durdy. «Okadym, göterdim, kitap «Kurany», Gider boldum, gider boldum, gider bo...» Magtymgulynyň duýgulary açyldy. Ol «Gider boldum, hoş gal, hoş gal, hoş gal, gal, gal...» diýen owazy tä süňküne, ýülüge ýetýänçä şol eşitdi durdy, eşitdi durdy. Ol owaz onuň süňňüni lagşa-lagşa etdi. «Hoş gal, eý, gözel çaglar, hoş gal, eý, ýigitlik çagy, hoş gal, eý, eziz dostlar, doganlar, hoş galyň...» Ol bu ýalançy dünýäden geçip barýan ýaly boldy. Atasynyň iberen kelamnamasyndaky setirler, şol setirleriň arasy bilen akyp barýan adam sili, iň öňde mähriban käbesiniň tabydy... «Käbämden aýrylyp jyda bolup men», «Käbemden aýrylyp, dünýämden aýrylyp», «Eje jan, emme jan, enem, dünýäm», «Senden jyda bolup men!» Magtymgulynyň dünýesi lerzan urdy. Ol misli käbesi däl-de, özi şol tabytda göterilip barýan ýaly, indi gaýdyp hiç haçan bu dünýede bolmajak ýaly bir duýgy ony gysyp, gowurdy. Ol tisginip gözüni açdy. Töweregi gallap duran adamlaryň hemmesi oňa seredip durdular. Ketde ahun bir golundan, Nazarly bir golundan tutup, onuň hoşlaşyp bolaryna garaşyp, iki ýandan medet bolup durdular. Indi aýralygyň pursady gelipdi. «Hoş galyň, eziz adamlar!» | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |