11:21 Pyragy -23/ romanyñ dowamy | |
9.
Taryhy proza
Kandagar şäheriniň gyzygy gaçýardy. Magtymguly indi ençeme gün bäri Ahmet şanyň köşgüne gatnap, lapykeç halda-da, kerwensaraýa gaýdyp gelýärdi. Ol her gün diýen ýaly, şanyň baş weziri şa Weli han bilen duşuşýardy. Bu adamyň köse ýüzüni, hile bilen perdelenen bulançak gözlerini, sypaýyçylyksyz sözlerini halamasa-da, hut güni galany üçin onuň bilen ýene duşuşmaly bolýardy. Çünki, ol şanyň ýanyna hökman barmagy, ondan agalarynyň, ildeşleriniň ykbaly barada soramagy, türkmen iliniň halyny gowulandyrmak üçin onuň nähili pikir edýändigini, nädilse oňat boljakdygyny soramagy öz borjy hasaplaýardy. Ol häzirem baş weziriň kabulhanasynyň işigidäki haly ýazylan tekje ýerde otyrdy. Şanyň kazysy Muhammet Seýit ahun hemem baş mürze Muhammet han onuň duşundan telim gezek geçip gitdi. Magtymguly olara edep bilen salam berdi. Şol wagt kabulhananyň belent, haşamly işigi açyldy. Ondan çürüden ýasy telpekli, ykjam dony dyzyna ýetip duran, biline owadan tokaly kemer guşanan pyýada çykdy. Onuň owadan, merdana ýüzi, bürgüt gözleri, ujy çowlanyp duran murty Magtymgulynyň ünsüni özüne çekdi. Kabulhananyň hyzmatkärleri onuň önünde eplenip salam berýärdiler. Emma, ol adam göni Magtymgulynyň ýanyna gaýtdy. Gelibem, türkmen dilinde salam berdi. Magtymguly haýran-birýan bolup durşuna, bu köşkde, onda-da şeýle beýik mertebeli adamyň türkmen dilinde salam bermegine hasam geň galdy. Ýöne aljyramady. Iki goluny öňe uzatdy. – Men sizi köp wagtdan bäri synlaýaryn, ýagşy ýigit, özüňiz bolsaňyz biziň illeriň adamsyna ogşaýyrsyňyz... Magtymguly höwes bilen salamlaşyşy ýaly, höwes bilen söz açdy. – Eger-de siziň biziň ilimizden däldigiňizi bilsem, siziň ýaly ýigitleriň biziň ilimizde örän azdygyna gaty gynanardym. – Hany, aýdyp otur, haýsy ilden bolarsyň? Magtymguly ähli şatlygyny gözlerinde ýakdy. – Ýurdum Etrek, ilim gökleň, men bir ýagşy ýar gözlärin – diýip, bir ýagşy ýigit dünýäden ötüpdir. Menem dünýäden ötmeli bolsam, megerem, şu sözleri gynanman agzardym – diýip, duýdansyz gelen begenjini saklap bilmäň gürledi. – Ol pähimdar ynsana Magtymguly diýerler, Ýagşy ýigit. Eger-de şol ýagşy ynsanyň bu ýalançyda ýokdugy baradaky şum habary getirip, onam delillendirseň, men galan ömrüme seniň bilen tanşan günüme nälet okap geçirerdim. Magtymgulyny birhili hesret gaplady. Bu elýetmez köşge erkin girip-çykyp ýören ägirt kişiniň öz adyny hormat bilen agzamagy ony aljyratdy. Ýöne agzyňdan çykan sözi gaýdyp alyp bolmaýar ahyryn. Eýýäm oýlandy. Eýýäm, özüne göwünsizlik bilen garaýan adamyň uguny başga tarapdan ýekelemegi ýüregine düwdi. – Siz özüňiziň niredendigiňizi, adyňyzyň kimdigini aýtmadyňyz. Onsoň menem siziň kimdigiňize, niredendigiňize raý berip geplemeli boldum. Köşk adamlary hemişe-de şahyrlary halamandylar. Sizem uly köşkde, şanyň hyzmatynda ýöreňizsoň, şalaryň edähedine görä ýöreýänsiňiz diýip güman etdim, eger göwnüňizden turmadyk bolsam ötüň günämi, aly hezret. Ol ýigidiň hoşsyrat ýüzüniň üýtgändigini Magtymguly gördi. Şonda-da onuň göwnünden turaýjak sözi aýtmady. Oňa derek ol ýigit birneme gaharly äheňde sowal berdi: – Sen nä niýet bilen baş weziriň kabulhanasynda ýörsüň? – Soňra ol baş weziriň äpet işiklerini açyp, pars dilinde: – Hormatly häkim, meniň gardaşlarymyň biri siziň huzuryňyza gelip, siziň kabul ederiňize umyt bilen garaşyp otyr – diýdi. Magtymguly bu ýigidiň üzlem-saplam gürleýşinden, onuň bu ýurtda önüp-ösmändigine göz ýetirdi. Onuň pars dilini alaçsyzlykdan hem-de iş salyşmak netijesinde öwrenendigi bellidi. – Gözüm üstüne, gelsin siziň gardaşyňyz – diýse-de, Magtymgulyny görüp, baş weziriň keýpi gaçdy. Ol her näçe syr bildirmedigem bolsa, özüniň bu erjel türkmen ýigidiňi görmek isleginiň ýokdugyny duýdurdy. – Hormatly, byrader, men siziň arzuw-islegiňizi Ahmet şa Dürrana ýetirdim. Beýik häkimdar näsaglygy sebäpli sizi görmek islemeýär. Ol siziň islegiňize jogap bermegi özüniň sadyk guluna tabşyrdy... Magtymgulynyň ýüreginde ýüzi agyllap duran umytlary öçdi. Şonuň üçin-de, ol ýüregiňde berç alyp ýatan duýgusyny, gazabyňy daşary çykardy. – Biz, türkmenler özümiziň ýüzlerçe agalarymyzy, doganlarymyzy, goç-goç gerçeklerimizi şanyň iberen Namasyna ynanyp iberdik. Olaryň köpüsi şanyň hyzmatynda amanadyny tabşyrdy. Şolaryň içinde meniň ildeşlerim, obadaşlarym, agalarym hem bardy. Biz agalarymyzy gurban bermäge dözdük, emma siz, siziň hormatly şaňyz şol agalarymyň hatyrasyna, şolaryň yzyny yzlap gelen türkmen ýigidiňi bir pursatlyk kabul etmäge wagt gapmaýan bolsa, onda onuň ömri uzak bolsun. Siz öz şaňyza meniňem sözümi ýetiriň: «Türkmenler namysyň, aryň astynda galýan däldir. Dünýäniň ýaryny girisine salan Nedir şa hem munuň şeýledigini göre-göre dünýäden ötüpdir. Onsuzam biz siziň döwletiňiziň, şaňyzyň owgan halky saýalamadyk saýasyndan orun gözlämzok. Türkmeniňem deňli-derejeli bolanyny görmäge gözümiz sag bolsun!.. Şaweli hanyň gözleri petredi. Ol pars dilinde şeýle arassa, manyly, täsirli gürleýän türkmeni ömründe ilkinji gezek görýärdi. Ony has gorkuzan zat bolsa, bu ýigidiň aýdýan sözleri şu belent köşgüň galyn diwarlaryndan çykyp äleme ýaýrap, bir ujy Ahmet şa ýetip, özüniň onuň adyndan ýalan sözläni üçin ägirt jeza sezewar bolaýjak ýaly bolup duýuldy. Ýöne ol syr bildirmedi. – Eý, gözel juwan, siz aždarhanyň dişini synçgalap otyrsyňyz hem onuň burnuna çöp dürtýärsiňiz. Batyrlygyňyzy, hoş zybanlygyňyzy, iň esasan hem gaharyňyzy has çuň ýeriňizde ýygşyrsaňyz ýagşy bolardy. Nedir şa älemiň ýaryna dalaş etse, Ahmet şa Dürrany onuň baryna dalaş eder. Külli Turanyň beýik eýesine dil ýetirmek külli aýyp bolar. Baş wezir sözüni goýup, Magtymgulynyň ýanyndaky serkerde sypat ýigide, «ajapda bir gardaşyňyz bar eken, gurrumsak» diýen manyda içýakgyç ýylgyryp garady. Türkmen ýigitleriniň içinden şeýle batyrgaýyny, pars dilinde örän arassa, akylly gürleýän ýigide gözi düşüp, haýran galyp duran ol ýigit, onuň bu ýylgyryşyna düşünmedi. Çünki, Magtymguly baş wezirden gep alyp galmady. – Eger şa, onuň köşgi aždarha deňelýän bolsa, onda, hormatly Şaweli han, bilip goýuň, sizem tanap goýduk. Asyl sizin süreniňiz görnüp duran eken. Çünki, her bir aždarhanyňam öz süreni bolýandyr, türkmenleriňem aždarhanyň sürenine ýetmek üçin dişini synçgaýmasam, burnuna çöp dürtüp, gözüne nas guýaýmasam bardyr. Özüm barada aýtsam, siz Hindistany, Kaşmiri türkmen ýigitleri bilen, şolaryň batyrlygy bilen alansyňyz. Siz-ä şan-şöhratdan mesirgäp ýörsüňiz, biziň türkmen ýigitlerimiz hem şehit bolup ýatyrlar. Menem şolaryň biri ekenim, öldüriň, eliňizden iş gelýän bolsa. Siz müňläp-müňläp türkmeniň başyna ýetdiňiz, ol ganly eliňiz bilen meniň dem geçerimi-de baglaň, «wah» diýmen. Ýöne ogullarynyň, agalarynyň, doganlarynyň ganyny sorap geljek türkmen kändir... Şaweli han titräp duran barmaklary bilen epgege hellewleýän ýaprak ýaly selkildeýän sakgalyny tutdy. Soňam çerrelip duran gözlerini Magtymgula dikdi. – Köşgi boşadyň, pederi... Magtymguly iň soňky sözüni aýtdy: Belent daglar, beýikligňe buýsanma, Göweçde suw akan zer dek bolar sen. Tereň derýa, haýbatyňa buýsanma, Wagtyň ýetse, guryp, ýer dek bolar sen. Daglaryň arslany, babyr-peleňi, Ahyry deň bolar pil, peşe jeňi. Jeýhun derýasynyň, Niliň näheňi, Gulagyna urlan har dek bolar sen... Bu şygyr pars dilinde Sagdynyň «Gülüstanynyň» bentlerinden hem şirin, ýiti owaz bilen ýaňlandy. Baş wezir öňünde duran ýigidiň ýöne adam däldigine göz ýetirse-de, tüýküren tüýküligini gaýdyp almak islemedi-de, düşege geçip ters bakyp oturdy. Ol birdenem gaňrylyp, Magtymguly bilen boýdaş bolup duran ýigide söz gatdy: – Hormatly Kemalhan Owgan, bu juwany äkidiň, köşeşdiriň, siziň hormatyňyz üçin men şalaryň şasyny, beýik hökümdar Ahmet şany bu ýigidi kabul etmäge yrjak bolaryn. Goý, garaşsyn... Magtymguly bu ýigidiň adynyň Kemalhan Owgandygyna göz ýetirse-de, onuň ýüregini, köňül niýetini aňyp bilmedi. Ýöne onuň seredişinde birhili gussanyň, göwnüçökgünligiň tolkuny möwç urýardy. – Ýagşy ýigit, siz kerwensaraýda dyz epdiňizmi? Magtymguly onuň sowalyna jogap bermäge howlukmady. Çünki, olar kerwensaraýa golaýlapdylar. Bu ýerde olar aýrylyşmalydylar. Şonda bu ýigide aýtjak sözlerini gözleýärdi. Onuň bu ýigidiň öňünde şanyň kabul etmäni üçin kiçelesi gelmeýärdi. Bu ýigidiň öňünde peselmeli däldi. «Ýat illere düşüp, namart gezmegin...» Bu setir awunyň üstüne syçrap gonan bürgüt ýaly, onuň kellesinden çykmaýardy. «Ýat illere düşüp, namart gezmegin...» – Ertir hormat edip, meniň garyp çatmama barsaňyz, sizden ölim-dirim razy bolardy, ýagşy ýigit. Tanyş bolardyk. Biz ikimizem bir söý bilen ýat il-illere düşen türkmen ahyryn. Belki, birek-biregiň ýüregine bir zerrejik melhem boljak gürrüň tapylar, gidelimi? Magtymguly ýylgyrdy. Ýöne «bor» hem, «ýok» hem diýmedi. Ol ýoldaşynyň yzyna düşüp barşyna, kerwensaraýa tarap çala göz aýlady. Indi Kandagaryň öňki öwgüli kerwewsaraýy onuň gözüne bir bozuk dükana meňzedi. Ol häzir bir zada düşündi: öz iliň baýguşhana öwrülen şähristanam ýat illeriň şäherinden müň kerem ýagşydy. «Müsür ilinde şa bolandan Kenganda geda bolaýyn, ýaranlar» diýip, Ýusubyň çeken dagyna indi düşündi. Ýusubyň husny jemaly, onuň pähimliligi, öňden görüjiligi, wepalylygy Magtymgulynyň süňňüni ýene-de duýdansyz yralady. «Ýusup! Sen meniň Abdylla agam bolaýma, Ýusup? Sen näme üçin ýöne bir aldaw bilen meni öz ummanyňa gark edip ýörsüň? Heý, beýle-de jemala, onda-da bir dessanyň gepi bilen seniň husnuňa beýle aşyk bolma bormy? Ýok, ikimiz bir enäniň göwsünden süýt emendiris. Sen hakykatdanam, Abdylla agamyň mähri bolup ýüregime girensiň, ady belli, arap tilli söwdügim!» Abdyllanyň derdi Magtymgulynyň ýüreginde ýene-de ot bolup tutaşdy. «Wah, seniň mazaryňam görsem ýüregim köşeşjekdi, agam Abdylla, basdaşym Mämmetsapa! Ýa-da siz ganat baglap göge göterildniňizmi, agalar?! Onda meni näme üçin gaýgy-gamyň, derdiň-pyganyň astynda goýduňyz, agalarym?!» Kemalhan Owgan Magtymgulynyň gözlerinde ýaş görüp, birhili boldy: – Siz ne üçin hapa bolarsyňyz, ýagşy ýigit?! Eger bu oýnatgy baş weziriň gepi üçin göz ýaşyňyzyň ýeke damjasyny yrýa görseňiz, siziň bolmadygyňyz. Ol baş wezirem, Ahmet şanyň özem sizin oý edişiňiz ýaly gökden ýüpsüz asylan altyn halka däldir. Olaryň aldaw, hile, kezzaplyk, haýbat, talançylyk bilen ýurdy dolandyryp ýörenine men Allanyň öňünde şaýat, ýagşy ýigit! Haýyp, siz ýagşy sözüňizi harç etdiňiz. Oňa derek ol gözi doýmaz-dolmaz Karuna bir gysym sary teňňe taşlan bolsadyňyz, ol siziň öňüňizde ýuwundy ýalamaga endik eden eýesiz it ýaly ýallaklardy, arman, siz... Magtymguly täze tanşynyň aýdýanlaryny diňlese-de, onuň bilen gyzykmaýardy. Onuň ýüregindäki derdi baş wezir-ä däl, Ahmet şanyň özi-de gelip, hormat edip kabul etse-de, köşeşjek däldi. – Wah, Kemalhan, şanyňam, onuň maly-mülki dünýä sygmaz baş wezirem meniň gözüme görnenok. Men öz agyma aglaýaryn. Agalarym Abdyllanyň, Mämmetsapanyň, dostum Çowdur hanyň, obadaş oglanlaryň, ildeş ýigitleriň agysyna aglaýaryn. Ilim-günüm olary şeýle uly umyt bilen owgan iline iberipdi. Olar bolsa bu owgan ilinde-hä däl, ýalançynyň ýüzünde-de ýok. Men ne ýüzüm bilen olarsyz oba bararyn?! Olaryň ajy habaryny ilime nädip habar bererin, gardaşym?!. Kemalhan Owgan Magtymgulynyň sözlerini haýran galmak bilen diňledi. Soňam ýangynly gürledi. – Heý, ýagşy ýigit, biziň halkymyzy hudaý başda döredende gargapdyr. Gör, bu owganlary, türkmenden agzala, türkmenden dagynyk halky bir döwlete jemledi. Türkmeniň, gypjagyň gözüni-başyny aýlabam çozdy. Kaşmire, Hindistana, Kürdüstana, Aýrana, ýygnady baýlygy, urdy oljany. Jan çekip, söweşde gurban bolan kim, türkmen bilen gypjak. Dokuzy düzüw, maksadyna ýeten Ahmet şa seniň türkmeniňi, gypjagyňy başyna ýapsynmy? Sen onuň kabul etmänine gynanma-da, seni zyndana atdyrmanyna şükür et. Men oňa Nedir şanyň döwründen bäri ýetik. Oda özüne meňzeş suwjuk şahyrlary daşyňa üýşürip, muşgara agşamyny geçir diýseň oňarýar. Emma başga zady oňarmaz. Ýurdy hälki, ikiýüzli tilki dolandyrýar, doganym. Sen henizem, külli türkmeniň men diýen ýigitlerini gara ýere gark etdim, indi gylyjyň öňünde kim dursun diýip, Horasany at tozuna gömenok, ol ýezitler. Senem ýene-de olardan ýagşylyk tamakin. Biziň türkmenlerimiziň bäş barmagyny: tekäni, ýomudy, gökleňi, ýazyry, alilini bir ýumruga gysjak bol, şonda bilersiň türkmeni hudaýyň gargandygyny... Kemalhan Owganyň ýangynly sözlerini Magtymguly haýran galmak hem-de gorky duýgusy bilen diňledi. Çünki, bu zatlar hut onuň özüniň hem pynhandan-pynhan arzuwlarynyň biri ahyryn. «Bu adam öz haly däl bolaýmasyn. Ol ynsanyň göwnündäkini bilip, onam äleme jar edip ýören jadygöý bolaýmasyn...» Magtymguly gara gözlerini ýoldaşynyň ýüzünden aýyrman durşuna oňa geň sowal berdi. – Sen, meniň agam Abdyllanyň, Mämmetsapanyň mazaryny ýa-da özüni gören bolmaly. Şolary idäpler geldim. Eger, maňa ýagşylyk etjek bolsaň, onda şol islegimi bitirmäge kömek et. Bu sowalyň şeýle geňdigine Magtymguly düşünmese-de, Kemalhan düşündi. Ýöne öňki pähimliligini saklady. Elbetde, ol häzir Magtymgulynyň ony «Jemşidiň jamy» kimin gyrasyna ursaň älemi görüp duran ynsan saýýandygyndan habary ýokdy. – Eý, ýagşy ýigit, men seniň doganlaryňy-da, dostuňy-da tanamok. Ýöne ýekeje zady aýdaýyn. Meniň ýaly ýat ýurtda mülk edinip, ýat ýurtda galan bolmasa, diri ynsanlaryň barysy öz ýurduna gaýdandyr. Diňe men özüm türkmen bolsamam, ne ilim bar, ne ýurdum. Niçe ýyllap Watan zaryn çeksemem barjak gapym, gitjek ýerim ýok. Diňe ýekeje zat menden aýrylanok. Olam türkmen gany, ol bedenimde şol aýlanyp dur. – Heý, aslyny, Watanyny, ýurduny bilmez türkmen bolarmy? Kemalhan Owgan maňlaýyndaky ýygyrtlary ýazman gürledi. – Bir mahallar atam-enem, ilim-günüm ýazlaga göçüp barýan wagty ýagy dökülipdir. Olar Nedir şanyň nökerleri eken. Ine, şol peşaplaryň biri meni atyň syrtyna basypdyr. Getiribem Nediriň köşgünde göz tussaglykda saklanýan owganlara satypdyr. Men olaryň hyzmatyny edip ulaldym. Soňam, Ahmet şanyň attutary boldum. Ol owganyň hany bolansoňam, meni müň atla baş etdi. Ýer, mülk, baýlyk edinmäge rugsat berdi. Ýöne men baýlygy, mülki nädeýin. Meniň göwnüm türkmen sähralaryny küýseýär, gardaşym... Bu geň ykbal Magtymgulyny gyzyklandyrdy. Ol ýene-de sowal bermekçi boldy. Emma ýetişmedi. Birden gürrüňdeşini ýitiräýmekden heder edýän ýaly bolup, gaty-gaty gürleýän Kemalhanyň gürrüňiniň arasyny bölmek mümkin däldi. Ol birden sesiňi peseltdi. – Men häzir türkmenlerden birini şa saýlasalar, şonuň hyzmatyna şu pursadyň özünde ugrajak, mülküme-de barjak däl. Men Nedir şanyň döwletini nädip edara edýändiginem, Ahmet şanyň türkmenlerden beter dagynyk Owgan döwletini nädip bir ýumruga gysandygyny, Owgan döwletiniň şan-şöhratyny külli Turana ýaýyşyny gördüm. Meniň bu tejribäm türkmen şasyna örän uly peýda bererdi. Türkmen tireleriniň agzyny birikdirmek üçin bolsa janymy gaýgyrmazdym, arman... Köçe Kandagaryň günorta gapdalyna baryp, kelteräk minaranyň deňesinde gutarýardy. Magtymguly howlynyň işigindäki ýatakdaky bedewleri görüp, gurply öýe gelendigini asdy. Çünki, gündogar biçüwinde belent eýwan çykarylyp gurlan kaşaň jaý beýlekilerden has saýlanyp durdy. Onuň işiginde ullakan selleli owganlar aladaçyllyk bilen girip, çykyp işleýärdiler, Işikdäki gazanlardan göterilýän bug, gowrulýan etiň ýakymly ysy töwerege ýaýrap, işdäňi açýardy. Kemalkaň hyzmatkärleriň goýýan hormatyna baş atyp jogap berip, içeri bakaň ýöneldi. Işikde geň galmakdan hem-de çekinjeňlikden ýaýdanyp duran myhmanynam götergiläp diýen ýaly töre geçirdi. Owgan hem-de türkmen, eýran halylaryndan doly içeri, hindi ussalarynyň ezberlik bilen ýasan tylla gap-gaçlaryndan asylyp goýlan bezegler, haşamlar süňňüňe rahatlyk berýärdi. Kemalhan bolsa bu içerde karar tapanokdy. Ol mahmal, düşekçäni düýrüm-düýrüm edip gyşarýardy hem-de ýene-de garysyna galyp oturýardy. Özem myhmanynyň ýüzüne soragly garasa-da, nähilidir bir syry aýtman, ýuwdunyp otyrdy. Ol ahyryn göwnüni bire baglady: – Ýagşy ýigit, men senden bir zat soraýyn. Ýöne sen öz öýüne getirip, tagamdan ozal sowal berdi diýip kine etme. Seniň berjek jogabyň diňe bir meniň däl, külli türkmeniň sowalyna berjek jogabyňdyr. Eger aýdanyň dogry bolsa, onda ol biziň hemämmiziň hasratymyz bolar. Magtymguly özüne gaty agyr, jogap bermesi kyn sowal berler öýdüp darykdy. Ol ähli pikirini, duýgusyny şol kyn sowalyň jogabyny işläp düzmäge, jemlemäge taýýarlady. Birden şol düzülen pikir-duýgusy gowşar öýdüp, sesinem çykarmady. – Siz, Magtymguly dünýäden ötüpdir diýdiňiz, beýle habary kimden eşitdiňiz? Heý, beýle-de naýynsaplyk bolarmy? Ol bir pygamber ornunda bu ýalança gelen ynsanmyşyn ahyryn, Ýa-da bir duşman gepimidir? Kemalhan sözüni zordan jemledi. Ol «belki, bu dereksiz gürrüň bolsun-da» diýse-de, häzir bu habaryň çyn bolaýmagy hem mümkin diýen manyda gözlerini balkyldadyp otyrdy. Eger häzir «hawwa, çyn» diýen manyda dodaklar tirpildese, onuň gözlerinde ereşip duran hünjüler paýrap döküljekdi. Bu adama häzir «Men Magtymguly» diýäýseňem ynanmajagy bellidi. Onuň ynanjyna görä, Magtymguly diýseň üýtgeşik, Ýakubyň ogly Ýusup sypat, Rüstem Zal kimin gaýratly, Görogly deýin pähimli, Hatam Taý kimin jomart bolmalydy. Magtymguly özüniň kiçiligine, garyplygyna, gaýgyly, gussalylygyna gynandy. Onuň häzir bu watanparaz, dostparaz ýigidiň öňünde has beýik bolasy geldi. Şonuň üçin delminip töweregine seretdi. Öý eýesi bolsa, garaşýardy. Oňa jogap bermelidi. – Kemalhan aga, siz Magtymgulyny beýle yhlas bilen soradyňyz. Onuň diriligi çyn. Ýöne ol siziň, oý edişiňiz ýaly beýle bir üýtgeşik adam däldir. Biziň türkmenlerimize Magtymguly kimin gazal ýazyp, gam kölüne gark bolup ýören ýüregi ýelli adam däl-de, siziň ýaly ähli türkmeni bir ýumruga jemläp biljek, şalardan, hanlardan tälim alan Görogly ýaly pälwan kişiler gerek. Siziň ornuňyz türkmen ilindedir. Siz türkmenleriň arasynda bolsaňyz köp iş bitirersiňiz. Onuň bu sözleri Kemalhanyň ýüreginiň düýbünde Watan mährine zar bolmakdan tebsiräp duran duýgulara siňip, onuň köňül çeşmesini çogara getirýärdi. Birdenem onuň gözleriniň öňünde Garagumuň ýaýylyp ýatan sähralary, gyrkylyk yzly guba depeler, al-elwan lälä çümen ýaýlaglar ýazylyp gitdi. Ol misli dälirän ýaly tisgindi. Gözlerini petredip töweregine delminip bakdy. – Obam, ilim, ejem jan! – Magtymguly onuň bolşuny görüp gorkdy. – Kemalhan, agam, köşeşiň! – Kemalhan Owgan özüne geldi. Birdenem özüniň iň gymmatly zadyny elinden gaçyryp, çym-pytrak eden çagajyk ýaly ýürek paralaýjy görnüşe girdi. – Wah, eziz myhman, sen bir meniň köňlümiň işigini açyp görseňi. Men Kandagaryň boýy sekiz gulaç, ini alty gulaç, ýokarsynyň galyňlygy bäş gulaç äpet diwarly galasyny her gapdalynda on ýedi minaraly, alty derwezeli kaşaň köşgüni Garagumuň ýekeje alaňyna bermerin. Arman, indi meniň kimim bar, ol ýerde! Ol il indi meni kabul bir edermi? Kemalhan Owganyň zeýrenmesi Magtymgulynyň Watan höwesini ýene-de oýardy. Ol häzir ganat baglap, uçup-uçup Watana barmagy arzuw edýärdi. – Ýogsa-da, siziň adyňyz näme? – Kemalhan Owganyň parhsyzlyk bilen beren sowaly Magtymgulyna edip oturan oýundan açdy. – Magtymguly, agam! – Bu söz Kemalhanyň tas ýüregini ýarypdy. Ol bäbejik ýaly kemşerip, balkyldap duran gözleri bilen Magtymgulynyň suratyny ýüregine keşde etjek bolýan ýaly bolup garaýardy. Ertesi şu wagtlar Magtymgulyny Kandagaryň ilatynyň ep-esli bölegi ugradyp barýardy. Olar Magtymgulynyň öten agşam okan goşgularyny diňläp, täze bir ýurda, täze ömre dolanyp barýan ýalydylar. Magtymgulynyň bolsa gözlerinde öçmejek hesret bardy. ÜÇÜNJI BÖLÜM 1. 1770-nji ýylyn bahary diýseň gurak gelipdi. Döwletmämmet molla ak gar ýaly sakgalynyň ujuny yranyşyp duran alyn dişleri bilen pugta dişläp, ähli pikirini bir ýere jemlese-de, öz ömründe beýle gurakçylygyň bolan ýylyny ýadyna salyp bilmeýärdi. Onuň güýzlük bugdaý eken ýeri jaýryk-jaýryk bolup, ýerin gaýmagy gersine çöwrülip ýatyrdy. Obanyň ortasynda, atasynyň gazan çeşmesem tebsiräp, ýer bolup galypdy. Bir wagtlar Çowduryň syrgyny diýip at alan söwütli, toraňňyly ýaýlym, onuň öňündäki kese ölen misli çekirtge gemiren bossançylyk ýaly tozap sary saman bolup ýatyrdy. Obanyň mallary diş synçgara ne saman, ne gök çöp tapany üçin, paýanyň üstüne deri atylan ýaly çala gymyldaşyp, oba arasynda sümsünişip ýördüler. Adamlar bolsa mallardanam beterdi. Ýüzlere ýörän çiş, agyr garahassalyk, beýleki dert-keseller öýin-öýin aýlanyp, öňki günüň üstüne urna bolýardy. Garry molla Magtymgulynyň kepbesinden çykýan çekiç sesine her sapar tisginip gidýärdi. Ol alaçsyzlykdan, ysgynsyzlykdan, şeýle uly gaýgy-hasratdan ýaňa ornundan turup hem bilmeýär diýen ýalydy. Özi ýaramansoň, çekiç sesi-de, Magtymgulynyň günuzyn körüge girip, sandal sandyradyp ýörmesinem oňlanokdy. «Heý, heý, dünýeler tersine çöwrüldi. Ahyrzamana golaýlady. Onuň bolsa kümüş ezip, zer eredip, çekiç urup ýörmesi näme? Ýasadyňam-da, kimde näme bar bu wagt, galla berip şaý alara? Her bende özüniň güzerany üçin ýurt aşyp, argyş sürýer...» Garry molla guran dyzlaryny tutup, kynlyk bilen ýerinden turdy. Onuň syryljyrap duran içegeleri uzyn-uzyn jugurdaşdy. Ýöne indi ençeme ýyl bäri ömürlik oraza tutup ýörensoň, ol bu ýagdaýa ünsem bermedi. Ysgynsyz göwresi ýene-de düşegi küýsedi. Ýerinden galasy gelmedi. Ugry gaçan gözleri bolsa saralyp ýatan töwerege, mazasy gaçyp, döwrany sowlan dükana meňzeýän öýlere, tamlara garady. Gelip garagajyň gurap, kakmaja dönen çyrpylaryna serlen egin-eşikleri çeýnäp duran arryk göläni görübem, ynjyly ses bilen içeri gygyrdy. – Saryguly, heýt, Sary jan, inegiň geýimleri harap etdi, ýet köşegim, kow! Içerden gazak gelin ylgaşlap çykdy. Ol ýorgalap göläni kowdy. Göläniň diş urup zaýalan eşiklerini silkeläp-silkeläbem gargyndy. Ýöne hiç zat diýmedi. Gazak gelniň hümürdisine daş çykan Akgyz bolsa gaýyn atasynyň gaharlyrak keşbini görüp, ýaşmagyny agzyna çekdi. Oňa çenli bäş-alty ýaşlaryndaky çagajyk ylgaşlap Garry molla bakan gaýtdy. – Bar, köşegim, hol göläni aňyrrak kow – diýip, oglanjygyň täzeje tahýa geýdirilen kellesini sypalady. Oglanjyk gölä bakan tigirlenipjik gidende, Garry mollanyň süňňündäki ýadawlyk, süňklerindäki agyry el bilen syrylyp aýrylana döndi. Ol göläniň daşynda perwana ýalyjak bolup pyrlanypjyk ýören çagajyga ýene-de gygyrdy. – Geläý, köşegim, indi geläý, haý, berekella.– Oglanjyk atasynyň sesini eşidip ylgapjyk gelip, onuň gujagyna urdy. Bu oglanjyk Magtymgulynyň kiçi ogly Sarydy. Ol Garry mollanyň göwnüniň şadydy. Magtymgulynyň uly ogly Ybraýym bolsa obanyň oglanlary bilen oýnap ýördi. Onuň ýaşy eýýäm ona golaýlapdy. Akgyzyň syraty göçürlen ýaly bolupjyk duran gelşikli ýüzli Ybraýym ýaşula Abdyllany ýatladýardy. Sary welin Mämmetsapanyň gara janydy. Şonuň üçin-de, Garry molla «Öýüm doldy, gidenlerim gaýdyp geldi» hasap edýärdi. Ol bilgeşleýin diýen ýaly, agtyklaryna ogullarynyň adyny dakmandy. «Allatagala olary agtyga öwrüp, has süýjedip gaýtaryp berdi, meniň dünýäde armanym galmady» diýip hemişe şükür edýärdi. Emma bu gurakçylyk iliň-günüň üstünden görlüp-eşidilmedik bela bolup inipdi. Ýogsa, Ahmet şanyň Kürdüstana gaýtadan çozup, Eýran obalarynyň gözüni hasam gorkuzmagy bilen, türkmen obalarynyň ýüki birneme ýeňläpdi. Garry mollanyň kiçi agtygy Sary doglaly bäri Hajygowşan dynçlyk, gowgasyz ýurda öwrülipdi. Eger şu gurakçylygam bolmasady, iliň-günüň güzerany erbedem boljak däldi. – Ýa-da, garry göhert ýaly bolup, men Allatagalanyň öňünde bir ikilik edegadymmykam? Biriniň göwnüne degip, hudanyň gargyşyna galagadymmykam, Allam?! Ol oýlandygysaýyn göwni ýumşaýardy, geçmişinden razy bolýardy. Ol özüni esasan Akgyz bilen Magtymgulyny nikalamakda günäkerlärdi. Ýöne ol duýgularam öçüşdi. Akgyz gelin tanar ýaly bolmady. Ol ogul dogrup, Magtymgulyny saçynyň taryna baglady. Ol yssylyk dogasynynam munça güýjüniň bolmajakdygyny oňat bilýärdi. Mundan başga-da: «Gazak gelniň ömrüni bagladymmy?» diýip, käte özüne juda geň sowallary berýärdi. Ýöne bu gelniň içerä, daşara, özüne, çagalaryna, ile-güne yhlasyny görende welin, özüne ondan diňe sogap geljegine ynanýardy. Ondan önen ogullary bolsa ýaşynyň soňunda biline kuwwat bolar diýip umyt edýärdi. «Umytly guş, Käbä ýetmiş» diýip, ol gysgajyk oýlandy. Soňra agtyjygynyň başyny sypalady. Birdenem ol çöňňelişen gözlerini Adynageldi hanyň syrgynyna bakan aýlady. Hanyň syrgyny birhili şagalaňlydy. «Heý, bidöwlete günde toý» diýleni. Olar bir küren iliň günüsi ýaly bolup dörediler. Il aglasa toý edýeller. Il gynansa olar üçin baýram, il horlansa olaryň derdi dep bolýar. Heý, beýle-de bir masgaraçylyk bolarmy?» Garry molla bu dawanyň, bu agzalalygyň başlanan ýerini tapmak üçin ýyllary, wakalary yzyna agdaryşdyryp, geçen günleri aňynda aýlady. Ol Çalyş han bilen Gündogdy hanyň gelip gideli bäri bolan-geçen wakalary pähim eleginden eledi. Onuň Akgyz üçin adam ibermegi, soňra büjnürtli gyzylbaşlary oba küşgürmegi, haý-küş etmek üçin barylanda. kowup goýbermegi, şondan soňky onlarça eden-etdiligi Garry mollanyň gaharyny getirýärdi. Ýöne geçen geçipdi. Öňdäki durmuşa has beter taýýar bolmalydy. Onuň üçin agzybirlik gerekdi.Ýöne han bilen bolan wakalary paýhasyndan geçirende, özünde jinnek ýalyjagam günä tapmady. «Aý, onda-da men bir ýaşy ötüşen ahyrym. Ol bir öz göwnüne ile-güne sygman ýören bidöwlet diýeli, saňa näme gerek bolupdyr? Ahyratymy ýatlap, haý-küş etsem bolmadymy? Belki, gulak salardy gepime, sözüme hä diýerdi. Bir kiçijik oba bolup, birek-birege aýy bolup daraşyp, gurt bolup gemrişip, onnoň uly illere, külli türkmene agzybirlik istäp, şa arzuw edip, bir bütewi döwlet bolmagy wagyz edip ýörmek gülkünç bolmazmy? Bolar! Henizem bolsa aklyma aýlananym kem däl. «Uzynyň akly giç geler» diýip, könekiler ras aýdypdyrlar. Bararyn. «Adynageldi, hany beýdişip, birek-birekden ýüz dönderişip ýörmäli. Ata- -babalarymyz birek-biregi gözüň ak ýagy ýaly eziz görüp gelipdirler, bizem öýkäni-kinäni unudaly. Gel, etegiňdäki daşyňy dök, ber eliňi» diýsem, oglan kinesini unutsa gerek. Aý, oba oglanydyr, han bolanda-da, nirä gitsin, kesip zyňjak gümany ýok. Gideýin, tikenekli çyrmaşyk biten ýodany özüm açaýyn, onsoň oglanlaram ýodamy ýola öwrerler, Nämä gerek beýdişip, birek-birege ganym bolşup, haçan birek-birekden zyýan ýeterkä diýip, garaşyp ýörüp...» Garry molla Saryjygyň goljagazyndan tutup içeri girdi, ýatyş sellesini aýryp, birneme abraýlyrak selläni başyna geýdi, donuňy çalşyrdy. «Aý, dädeme-de aýdyp oturmaýyn. Goý, eli gyzan çagy birneme işlesin. Belki, işim oňup, aralar düzelişse, olam begense gerek. Onuňam arzuwy iliň agzynyň birligi ahyryn...» Garry molla ýagşy niýet bilen ýola düşse-de, hemişeki ýodajygy tapmady. Asyl, Adynageldi hanyň syrgynyna gidýän ýodajyk gömlen bolsa nätjek. Oňa ot-çöp bitip, ýagyş-ýagmyr syryp adaty meýdana öwrüpdir. Garry molla Çowduryň syrgynyna bakan ugrady. Ol öň küren syrgyn oturan ýerde söwütleriň, toraňňylaryň töňsesinden başga zat görmedi. Asyl, öňki öleňligiň ýerem ullakan gorp, jaran bolup ýatyrdy. Bu görnüş Garry mollanyň öňem lagşan süňňüni soka salnan ýaly edipdi. Ol ysgynsyz dyzlarynyň üstüne çökdi. Soň oturan ýerinden, öz küreniňe göz aýlady. Medresäniň gapdalynda ýegşerilip oturan külbelere, egnini ýalaňaçlygyndan uýalýan ýaly bolup ýatan meýdanlara, baýyrlara gamgyn nazar bilen göz aýlady. Soňra iki gözüni Çowdurlaryň oturan köne ýurduna dikip, doga okady. Onuň sessiz tirpildeýän gansyz dodaklary, hor elleri hudaýa nalyş edip öňki durmuşy, bir wagtky gowy durmuşyny gaýtaryp getiräýjege meňzeýärdi. Ol jaryň gyrasynda ep-esli otursa-da, süňňüniň rahatlanmandygyny, deminiň dürselmändigini aňdy. Ýöne gitmelidi. Iň kyn iş öňdedi. Häzir ýürekleriň buzuny eredip, onuň ýylysyna gögerjek ýaz gülleriniň tohumyny ekmelidi. Bu aňsat iş däldi. Özem diňe bir Garry mollanyň özüme bagly zadam däldi. Ol köp derejede Adynageldi hana baglydy. «Ýok, ol hanam bolsa öz oglanymyzdyr, düşüner, sakgalymy sallap baramsoň eteginiň daşyny döker. Gaýdyp tireleriň, obalaryň, syrgynlaryň arasynda, goý, agzalalyk bolmasyn. Munuň başynam men başlaýyn...» Garry molla uly umyt bilen ýerinden turup, uly umyt bilenem Adynageldi hanyň syrgynyna bakan gadam urdy. Adalatyň, il-günüň agzybirliginiň hatyrasyna gadam urýanyna düşünen göwre birneme galkynan ýaly bolupdy. Onuň ysgynsyz, agyryly dyzlary hiç zat duýmaýardy. * * * Adynageldi han ahyry özüniň ýeňiş gazananyna, Çowdurdan dynyp, Ahmet şanyň gazabyndan sowlup, Eýranyň Etrege ýakyn ýerlerindäki ownuk hanlary bilen dostlaşyp ýaşap ýörenine iki bolup bilmeýärdi. Ol özüniň malynyň sanyny artdyrmak, owgan ýurduna kerwen ibermek, deri, ýüň, galla satmak işlerini has oýlanyşykly ýola goýupdy. Hajygowşanyň we onuň töweregindäki obalaryň çarwa ilatynyň birki ýylyň gurakçylygy bäri gurpdan düşmegi hanyň söwdasynyň has şowlanmagyna getirdi. Ol gallany diňe mala çalyşýardy. Çünki, meýdanlarda diş synçgara çöp ýokdy. Emma Türkmensähranyň etekleriniň, Gürgen derýasynyň boýundaky ýaz otunyň hetdi-hasaby ýokdy. Hazar tarapdan öwüsýän şemal bilen gaýyp gelýän bulutlar bujagyny şol ýerlerde çöşýärdi. Onsoň ol ýerlerde Müsür döräpdi. Han Türkmensähranyň häkiminiň öňünde ýallaklap-ýallaklap, şol ýerde malyny bakmaga rugsat alypdy. Ol kürtlerden çopan-çoluk tutunyp türkmen çarwalaryndan deger-degmeze alýan dowarlaryny süri-süri edip Gürgen jülgesine sürdürýärdi. Häzir özüniň dowarynyň sany-ha däl, sürüsiniň sanyny-da anyk bilmeýän han, il ýüzüne gan aglaýardy. Ylaýta-da aşaky çarwalardan galla, tüwi, parça, ýüpek almak üçin mal sürüp gelýän ýomutlaryň, gökleňleriň öňünde urup aglaýardy. «Men garyby doýurjak bolup tozdum, tumaýak galdym. Siziň obadaşlaryňyzdan alan agsak-towsak, hor-homsy dowarlarymyň bary gurakçylyk sebäpli gyrlyp, tozup gitdi. Geliň, indi sizem meni töläň» diýip, olaryň öňünde jögüsireýärdi. Ahyrsoňam geçmän ýatan zatlaryny olara gymmat satýardy. Bu günem onuň keýpi ýaramaz däldi. Hanyň ortanjy gyzynyň, gyzylbaşlaryň el urup, soňam taşlap giden gyzynyň adamsy Ataguly bu gün çarwalardan dolanyp gelipdi. Ol hanyň hem giýewsi hem çopanlara göz-gulak bolýan hyzmatkäridi. Adynageldi han Ataguly iş bitirip gelenden soň, beren sözünde tapylypdy. Öz el degen gyzyny Atagula bir şert bilen, atasyndan, enesinden geçmek, hanyň gapysynyň hyzmatkäri bolmak şerti bilýän toý-poý etmän beripdi. Indem onuň hanyň gyzy bilen döwran sürmäge eli degmeýärdi. Han ony bir gün Maşatdan, bir günem Türkmensähradan çykarýardy. Hyzmatkärleriň arasyndaky: «Atagulynyň aýaly atbakar bilen syçan-pişik oýnaşýan ýaly, nirede gözden daşrak ýer bolsa şondan çykarýarlar» diýen gürrüňden onuň asyl habaram ýokdy. Atagulynyň indi atasyny-enesini görmänine ençeme ýyl bolupdy. Ol atasy Öwez aganyň agyr halda ýatanyny baryp Türkmensähranyň çopanlarynyň arasynda eşidipdi. Asyl bu ýerden onuň atasynyň-enesiniň öýi sesetimdenem golaýdy. Emma misli Adynageldi hanyň berýän ýuwundysy onuň ýüregine buz bolup çöküp, ähli duýgy damarlaryny doňduran ýaly, asyl öýlerine bakan ýalňyşybam garamaýardy. Häzirem ol sekiniň üstünde sokudaş ýaly bolup hanyň daş çykyp, habaryny alaryna garaşyp otyrdy. Sebäbi bu syrgynyň ýeke-täk adaty bardy: olam ýumşa gidip geleniňden soň hanyň öňünde hasabat bermelidi. Diňe şondan soň, han onuň iş bitirişine degerli baha berenden soň, saçakdan çörek döwmäge, tagama eliňi uzatmaga rugsat berilýärdi. Hanyň bolsa häzir geçisi daga ýaýrapdy. Ol Seýit owşar işan bilen dünýewi gürrüňlere maýyl bolup ak öýlerin birinde otyrdy. Ol Maşat üzüminden ýasalan üstünden ençeme ýyl öten buzanyň joşundan ýaňa dünýä sygman, işana sowal berýärdi. – Tagsyr, özüň diý, meniň ýaly döwletli, yrsgally, garyba rehimdar, aja jomart bir han barmydyr, eýse?.. Seýit owşar işanyň çuw-ak bolan selçeň sakgalynyň uçlary ýalna tutulan pamyk ýaly saralyp, çürşüp durdy. Ol küti barmaklary bilen günde näçe darasa-da ony timarlap, öňki hetdine getirip bilmeýärdi. Garrylyk, huşsuzlyk ony halys eýerläp münse-de, ol özüniň ýagdaýyny boýun alasy gelmeýärdi. Ol özüniň Nedir şa bilen baglanyşykly arzuw-hyýallaryny, oňa etdim diýýän hyzmatlaryny indi Adynageldi hana etdim diýip sakyrdaýardy. Häzirem hanyň hoş söz, öwgi tamakinçiligi bilen beren sowalyny eşidip, tüňňerip giden ýagyrnysy ýazylan ýaly boldy. Onuň humarly başy birden açylan ýaly boldy. – Wah, Adyna jan, Hudaýtagala seniň ömrüňi uzak eýlesin. Aslynda Allatagala mahal-mahal «pygamberlik eýläň» diýäkgetdin, ýere baht guşuny, ibärmiş. Şol baht guşy seniň başyňa kondy. Dünýe gapyşyp, meýdanlar gurap, gurt öz çagalaryny obaýa äkelliýe. Çeşmeleriň aşagy takraýypdyr, Iliň üzüne açlyk çişi ýöreýipdir. Amma, seniň öýüňde jennetiň ýeli öwüsýe. Seniň saýaňa geleýen jennete düýen ýaly bolyýe. Bu näme, döwletlilik dämi? Ogul ýerin-de ogluň, gyz ýerinde gyzyň ba, bu näme, döwletlilik dämi? Malyň-mülküň, dowaryň ýere-göge sygmaýýe, by näme, yrsgallylyk dämi? Men-meň diýip, Hudaýtagala badak atjak bolup ýörenleriýem görýek, bizler. Olar ýerdäki Hudaýy har edip, Allatagalanyň gargyşyna galyýallar. Ogul-da ýok, gyz-da ýok, döwlet-de ýok, yzzat-da... Enşalla, biziň doga-dilegimie birle ýene-de artar döwlet-myradyň... Adnageldi hanyň göwni gülledi. Ol ömründe etmedigini etdi, – Tagsyr, çynymy diýsem, seniň doga-dilegiň meniň döwletimiň artmagyna hemaýat berdi. Men ony unutmaryn. Saňa iki sany guzuly goýun bagş etdim. Ýene-de näme dilegiň bolsa, çekinme-de diý. Goý, ýagşylyk meňden galsyn. Seýit owşar işanyň gözleri ýitelip, humardan ýaňa her dürli öwsüp duran perdäni böwsere geldi. Ol kütek barmaklary bilen dyrmalap oturan süňküni dyzynyň aşagyna goýup, elini sellesiniň uzyn ujuna süpürdi. Soň indi köpden bäri edip ýören arzuwyny diline aldy. – Aý, han, wah, han, bu gün hansyň, erte enşalla, şa bolarsen. Namaz okasam seniň döwletiňi berkarar eýle, mertebäňi belent eýle diýipler, Allatagaladan dileg kylaryn, han. Enşalla, bu gün han olsaň, erte şa bolar sen, Enşalla, meni sen sylasaň, seni Alla sylasyn. Ylahym, malyň-mülküň dünýä sygmagaý, birini bizlere eçilseň Alla öwezini müň edip gaýtargaý, omyn... Han gollaryny ýeňillik bilen göterdi. Birdenem işanyň nämedir bir syryny paş edere ýaýdanýan diwana ýaly bolup, sandyraklap halynyň gölüni dyrmalap oturyşyny görüp, belent howala bilen gürledi. – Beý, tagsyr, sen bir zad-a menden ýaşyrýarsyň. Hany, hany, dosta syryňy aýtmasaň, ony duşman aňar... Işana geregem şu gürrüňdi. Ol häzirki matlabyny gaty köpden bäri ýüreginde göterip ýördi. Ony gep arasynda, garym-gatym edip aýtman, tutumly, agramly, ýeňli-ýanly edip aýdasy gelýärdi. Häzir tüýs wagty gelipdi. Tamdyra-da gyzanda ýapmalydy. – Han, meniň ömrüm hudanyň hormatlan şalary, hanlary bilen geçdi. Emma ki olaryň hiý birisinem meniň islegime, dilegime emr etmeýän goýmandylar. Senem bir Allanyň saýa salan ynsany. Maňa bir ýagşylyk et. O düne, bu düne ýagşylygyňy unutmaryn. Maňa, hol, Dowlatmammetdäki ýalyk gazak bolarmy, kürt bolarmy, bir gyrnajyk alyp ber. – Ol dişsiz gemmik agzyny jallardyp ýylgyrdy. – Haý, sen maňa seretme, garry agaňda entek kuwwat bardyr, birki sany gyrnagyň gunçasyny ysgara, meniň ýaşymyň ýetmişden ötenine karamagyn, hurmatly han... Han işanyň bu haýyşyna zerrejigem haýran galmady. Gaýta, onda beren sözüniň saman bolup ýeliň ygyna gitmeýändigini görkezmek hyjuwy gaýnap joşdy. Ol öňki badyhowalygy bilen daşary gygyrdy. – Häýt, enesi ýalamadyklar, kim bar, hany, gelip gidiň. Bu işiň beýle şark-şurk bolaýjagyna, agzyndan çykan badyna bitäýjegine guş bolup uçaýjak bolýan işan hem hanyň aýdanlaryny gaýtalady. Asyl onuň özi sarsak, garagol çaga ýaly bolup hyzmatkärleri çagyrmaga gitmek isledi. Emma hanyň haýbatyndan çekindi. Hanyň bu işi häziriň özünde çözesi gelýärdi. Onuň humarly başy bu işi eýýäm bitirdim hasap edýärdi. Onuň üçin gidip kürt obalaryndan bir gyzy süýräp getirmek hiç zat bolup göründi. Bu işiň ugruna hut häziriň özünde dört-bäş sany hyzmatkäri ibermegi ýüregine düwdi. Işikde hyzmetkärleriň birem ýokdy. Her kim bir iş bilen gezip ýördi. Diňe Ataguly ýazgarylan ýaly bolup, jokrama yssynyň aşagynda otyrdy. Ol hanyň daş çykaryna, habaryny alaryna uly tamakinçilik bilen garaşýardy. Emma hanyň howalasy belentligi, hol ýeleňe ýetýän haýbatly, ýagly sesi onuň entekler daş çykmajagyny aňladýardy. Öýden hanyň hyzmatkärleri çagyrýan sesini eşidende, Atagulynyň ýüregi çaga guşuňky ýaly tyrsyldap, agzyndan çykaýjak boldy. Ol üst-başyny aljyraňňy düzedişdirip, ýaýdana-ýaýdana işikden içeri ätledi. Han Atagulyny parhsyz, adaty bir hyzmatkäri çagyran ýaly kabul etdi. – Ataguly han, häziriň özünde özüň ýaly ýigitleriň tört-bäş sanysyny saýlap, depiň Türkmensährä. Ertir şu mala çenlem işan agaňa on bäş ýaşlaryndaky kürt gyzyny getirip beriň. Kep gutardy, bar gidiber, işiňi Alla oňarsyn... Atagulyny nämedir bir hyýal saklady. Ol gurşun guýlan ýaly agyr aýaklaryny zordan alyp, örän kynlyk bilen işige ýetdi. Soňam nähilidir bir tamakinçilik, ýalynjaňlyk bilen yzyna garady. – Han aga, men bara, şu gün ol emeden geldim. Hol, bar-a, Kümmethowutdan geldim. On wün dagy boldum, holaň ýanynda. Hemmesiýem, mal-garaýam, çopanlaýam, çoluklaýam, han agaýam, hemmesi mes, hemmesi salam diýdi. Han gözlerini agdardy. Mal-gara diýen jümle ony gyzyklandyran bora çemeli. Ol birdem dikeldi. – Hany, sen munda gel. Araky arryk düşen toklularyň ýagdaýyny aýt. Ataguly suwjuk ýylgyrdy. – Han aga, hol wün äkidenlem bara, holaram, öňkülerem, barysyýam gurat. Guwruklaryýam elek ýaly. Çopanlaryňam murtlary towlanyp dur. Özleriýem bara, aýdym aýdyýala. Aý, menem bar zady soradym. Men han agam barsam äli zady sorar diýdim. Diýenim ýalyýam boldy... Han giýewsiniň «men, men» diýip durmasyny halamadyk bora çemli. Ol gazap bilen Atagulynyň sesini kesdi. – Gidip geleniň Kümmethowus, alamana gidip kelle getirene döndüň, «men, men» diýip, doňuz ogly. Heý, seniň ataňa çeken damaryň kesilsin, enesi ýalamadyk, doňuz. Ýöne sakyrdap dursuň, bir zat soralsa. Ataguly göýä, han ony ata mähri bilen söýgüleýän ýaly, dişlerini syrtardyp ýylgyrýardy. Han bolsa: «Görýärmiň, işan, meniň hyzmatkärlerim neneňsi hormat goýýar maňa» diýýän terzde işana gözüniň gytagyny aýlady. Soň ýene-de önki demi bilen azgyryldy. – Häziriň özünde ugraň, wöriň, gowja gyrnak bolsun. Işan agaň bu dünýäniň jennet jüýjejiklerinem bir görsün, han agaň saýasynda, heýt doňuz ogly. – Han aga, birden tanaýsalar-a, seniň üstüňe arz edip... Han birneme oýlanybrak oturyp, soň ýene açylyp gürledi. – Heýt, doňuz ogly, men Döwletmämmet diýen mollanyň ogly Magtymgulydyryn. Meniň arkam güýçlüdir, arz edibem ýörmäň, peýdasy degmez diýip, gaýta öjükdiribem goýberibirler. Siz bir şeý diýiň, galanyny onnoň özüm oňaryn... Ataguly öýden diýseň ýeňles çykdy. Ol işikden daşlaşmanka azym bilen hyzmatkärleriň birki sanysyna gygyrdy. Birdenem, gözi hol aşakdan kiçijik ýodajyk bilen gelýän Garry molla düşdi. Ol edil ýylan gören torgaý ýaly bolup, hanyň oturan öýüne kürsäp girdi. – Han aga, Döwletmämmet molla ýetip gelýär! Bu söz öýüň içine ajdarha giren ýaly etdi. Buza içip, sellesiniň gatlaryny sallam-sajak edip oturan Seýit-owşar işan laňňa ýerinden galyp, işige ýöneldi. Onuň hyýaly häzir özüni nirädir bir çolarak ýerde gizlemekdi. Emma han ony goýbermedi. – Tagsyr, hany gel, ýeriňde otur, hany. Näme, seniň onuň heleýi bilen tutuljak aladan barmy? Otursaň meniň öýümde otyrsyň. Bu öýüň işigi onuň özi üçin ýapyk, seniň üçin açyk hemişe, hany, otur. Işan hasam aljyrady. Ol öňki ýerine geçse-de, öňki ynjalygy bolmady. – Duwlatmammet molla näme üçin gelip biler, han? Ol bir bu işiklere pisint etmän ýören ysnat ahyrym... Hak ýene-de buza guýdy, – Hany, şunam bir içeýli, tagsyr. Onnoň aýdaryn onuň näme sebäbe bu gapylara geliýenini... Işan handan galman şerap göterdi. Soňam her elleriniň aýasy bilen sakgalyny uzak wagtlap darady. Täze keýp bilen hana gulak asdy. – Onuň dünesi daralýa. Eşidişime görä, onuň endamyna açlykdan ýaňa çiş ýöräp başlanmyş. Ine, indem oňa garyndaş gerekdir, wörseň. Ol hajyk-hujuk edip, meniň gowşak damarymy tapyp, galla aljakdyr. Ine, şuny alar, häziriň özünde yzyna it salaryn, doňuz oglunyň. – Han başam barmagyny süýem barmagyna çilşirip, orta barmagynyň aşagyna salyp öňe uzadyp durşuna gazaply gürledi. – Ol-a şol tentek garry eken, tutuş syrgyny bilen gyrlanda-da wah diýjek gümanym bolmaz, olara. Goý, gyrylsyň, goý, bary upbat bolsun... Işanyň müňküldäp duran dodaklary nähilidir bir tassyklaýjy sözleri aýtsa-da, gözleri işikde-di. Han işana näçe gahar etse-de sesini çykarmady. Onuň tersine gyrgydan gorkan alaka ýaly bolup dula busulyp oturan Atagula azgyryldy, – Nämä otyrsyň, doňzuň çagasy, öňünden çykyp yzyna gaýtar. Agam ýok diý. Ýet, beýdip, gazarylyp oturma-da... Ataguly ylgaşlap daş çykdy. Ol bu öýe ýetip gelýän Garry mollany görüp, bir kürtdürip durdy-da, ýene-de öňe ylgap, ýaşulynyň öňüni gabsalady. – Han agam ýok, nirä gelýeň, süssürilip?.. Garry molla belende çykanda bijaý ýadapdy. Onuň hor ýüzi, gytygrak gaşlary, uzyn barmaklary titreşip durdy. Ýüregi sallanyp, aýagynyň aşagyna gaçaýjak bolýardy. Häzir ol oturyp, demini dürsemese, bu ýere näme niýet bilen gelenini-de ýadyna salyp biljek däldi. Şonuň üçin-de, ol sekä-de ýönelmän, edil Atagulynyň duran ýerindäki daşyň üstüne çökdi. Soň esli wagt elini ýüzüne tutup, örän ynjyly halda oturdy. Garry molla öz dosty Öwez aganyň oglunyň sözlerini hem eşitmändi. Ol bu oglanyň täleýine, görüň gyrasynda ýatan atasyny, aglamakdan, ýeter-ýetmezçikden kör bolan enesini taşlap, bu ýerde, baý öýüň ýuwundysyna maýyl bolup ýörmesine gaty gynanýardy. Ýöne, «elbetde, bu işlerem Allanyň yradasy bilen bolýandyr, onsuz çep başy gymyldamaz» diýip, bu oglany känbir günäkärlänokdam. Ogly Magtymgulynyň ýangynly sözlerine-de ýumşaklyk bilen bu oglanyň tarabyny tutubrak jogap berýärdi. Häzirem, ol özüne salam berýändir öýtdi. Demi birneme ýumşaşyp, endamyna ysgyn ýaýrandan soň onuň salamyny aldy. – Gurgunmyň, oglum, aman-saglykmy? Öý-içeriň, mal-başyň abatlykmy? Ataguly badyna birnäçe söz aýdan bolsa-da, indi ýaňky sözlerini gaýtalap bilmedi. Çünki, uly iliň sylaglap, hormatlap ýören adamsyna bir zatlar aýdybermäge boguny ysmady. Garry molla bolsa synyny silkip, ýerinden turdy. – Oglum, han agaň bar bolsa, molla aga bir daş çyksyn diýdi diý. Eger kyn görmeseň, birki agyz sözleşjekdim. Ataguly eýesiniň haýbatyndan çekinýän köpek ýaly ikiýüzli yňrandy. Onuň ýuwdunyp, ýüzüni gök nil edip durşuny gören Garry molla öýe has golaý bardy. Soň heniz doly dürselmedik deminiň ýetdiginden seslendi: – Adynageldi han, hany çyk daşaryk... Han ep-esli wagtlap ses bermedi. Ýöne içerden gödek sögünç, hümürdi, galmagal eşidilýärdi. Garry molla ony eşitmese-de, birhaýukdan soň hanyň egni donsuz, başy telpeksiz dazanaklap daş çykanyny gördi. – Näme edersiň, ol it oglynyň han agasyny? Saňa diýilýär, garry köpek?! Garry molla bu sözi eşidip haýran galmakdan agyr yrandy. Ýöne ýagşy niýet bilen gelendigi baradaky hoştap duýgular onuň gurbuny artdyrdy. – Weý, weý, han, ýagşy niýet bilen işigiňden gelýen gandaryňam günäsi geçilýändir. Men-ä seniň babadaşyň. Köňlümde ýamanlygym, pälimde erbetligim ýok. Sen oglan boluberme, sözümi diňle... Hanyň eýmendiriji, gözleri Garry mollanyň ýüzüni çawlady. Ol öňki aýdan sözlerini kem görýän ýaly, agzyny köpükledip azgyryldy. – Seniň ýaly babadaş dälmi, meniň öýümi ýykyp, yrsgalymy harama çykaran. «Başga ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmudy» bolduň sen. Etjegiňi edip, niýetiň, päliň başa barmandan soň, meniň üstüme gelýän şeýtana sapak beren diýerler sana... Seniň näme üçin geleniňi gaty gowy bilýen. Ýeke dişlem çörek tapmanyňdan soň meniň nanyma göz gyzdyryp, aldap-ogşap galla alaryn diýip gelen aga diýerler saňa. Ýo-oo-k. Ol-a duz datmanyň üçri seniň ýüzüňe çiş ýöremekmişdik, ähli tohumyň bilen gyrylsaňam menden saňa ýeke owuç galla ýok. Däliden dogry habar, yzyňy ýel ýitirmänkä güm bol, şu ýerdeň. Ýogsa, maslygyňy itlere çeýnederin... Garry molla gulagynyň eşidýän zadyna ynanmajak boldy. Ol ömründe kişä gatyrganan adam däldi. Onuň üstesine-de, ynsana beýle-beýle sözler aýdylýandyr öýdüp göwnüne hem getirmeýärdi. Beýle sözler hudaý tarapyndan gargyşa galan, dili loly hatynlara mahsus diýip oýlanýardy. Emma häzir özi ýaly epeý adamyň diýip duran zatlary gagşap duranyň üstünden bir çelek gaýnag suw eňterilene dönderipdi. Ol gulaklaryny tutup, bu sözi eşitmejegem bolsa, has barha beterine tutýardy. Garry molla ähli güýjüni jemläp sözledi. – Häk, han, ýagşy niýet bilen işigiňe gadam goýupdym, arman, oňarmadyň-ow. Han bu sözi eşiderden galarak görünýärdi. Ol henizem porsap durdy. Şol barmana içerden Seýit owşar işanyň çykmagy hanyň barha möwjemegine sebäp boldy. – Hany, ugra diýdim, ugra... Ýogsa, elimi gana bularyn, ýezit. Seniň ýalynyň içindäki gumalagyna belet. Ýagşy niýet bilen näme üçin geleniňe belet men, belet. Ölseňizem, gyrylsaňyzam, menden size ýeke gysym galla ýok... Han sözüni goýara mähetdel, işanam oňa meçew berip gürledi. – Hak aýydýaň, han. Olaryň agzyna şeýtan siýipdir. Olary ýezide berip, ezraýyl bazarynda gul edip satdyrmaly. Orramsydan bolan haramhor begler, Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady... diýip, onuň dinden çykan, ýurt ýykan, ýedi gapydan ýer tapmadyk, sadakadan san tapmadyk däli ogly agzyny ondan-mundan urup, bu döwletli hany ile masgara edip ýör. Onnom, ol neneň eýläp, galla diläp geliýe?.. Bu söz Adynageldiniň humarly kellesindäki barja huşunam aldy. Ol gazabyna bäs gelip bilmän, öň aýak üstünde zordan duran mejalsyz ýaşulynyň üstüne eňterilip gitdi. Garry molla edil alahöwren üstüne zyňan ýaly bolup düýrükdi. Emma giçdi. Ol serpmeden gaýtarylan ýaly bolup, ýere ýazyldy. Emma han köşeşmedi. Ol aljyrap duran Atagulynyň elindäki gamçyny alyp, ýene-de Garry mollanyň üstüne topuldy. Ýöne welin, dyzyna galyp ýatan ýaşula goluny gaýtaryp bilmedi. Hanyň gazabyna, Garry mollanyň masgaralanmagyna göhi gelen Seýit owşar işan hanyň gözüniň düşen tarapyna sereden badyna haýýaty uçup yzyna ýorgalady. Aşakdan Magtymgulynyň, Öwezberdi şyhyň, ýene-de birnäçe adamyň ylgap gelýänini gören han hem birden aklyna gelen ýaly boldy. Emma syr bildirmedi. – Äkidiň öýüne, gurrumsaklar! Neme sömelişip dursuňyz? Hanyň haýbaty hyzmatkärleriň injigini saňňyldatsa-da, Garry molla barmak batyryp bilen bolmady. Çünki, Magtymguly eýýäm atasynyň ýanyna ýetişipdi. Ol atasynyň başyny ýerden göterdi. – Häk, atam, bu binamys, loly heleýçe ýok namartlaryň gapysyna gelip, öz abraýyňy gaçyrypsyňyz-da... Garry molla oglunyň golundan ýapyşyp, zordan turdy. Ol oglunyň bu gatyrganmasyna jogap bermekçi bolmasa-da, öz niýetini gysgajyk beýan etdi. – Wah, ogul, men bu öýe ölmänkäm dostluk, agzy birlik wagz etmäge gelipdim. Garry mollanyň ahmyrly sözi Magtymguly bilen gelen adamlaryň gözündäki ýalawyň üstüne köz taşlady. Ýöne hiç kimden ses çykmady. Sebäbi olar ýa hormatly atanyň ogly bolany üçinmi, ýa-da başga bir has möhümräk aýgyda garaşýanlary üçinmi, gezegi Magtymgula beripdiler. ...Azypdyr gökleň hanlary, Kän görer bize bu hallary. Goýman sürdi bar mallary Göz dikip durmaly boldy. Magtymguly, aýama jan, Biliň guşa geý gazap don. Hetden aşdy bu zalym han, Ahyr tor gurmaly boldy. Bu günki gykylyk-galmagala üýşen adamlar. Magtgymgulynyň bu şygryny eşidip haýran galdylar. Olar şeýle batyr adamyň, onuň ýangynly, paýhasly sözleriniň güýji bilen kuwwatlandylar. Magtymgulynyň özi bolsa, göni öýüň işigine bardy. Ol hanyň hyzmatkärleriniň haýbatyny nazary bilen ýumşatdy. Soň bolsa göni içeri girdi. Törde üsti nygmatdan doly saçagyň üstüne abanyşyp, aýaklary bişen ýaly zowzuldaşyp duran han we işan ony edil aždarha gören ýaly bolup garşy aldylar. Magtymguly hanyň göni garagyna bakdy. – Han, men-men diýen şalar gara ýere garylandyr. Ägirt-ägirt daglar guma öwrülip, tereň derýalar bir gury jara öwrülendir. Şolary aýamadyk pelegiň seniň ýaly buzahor, binamys hany aýamajagy aýnada görlen ýalydyr. Sen görüň gyrasynda duran ýeriňden ili-güni göre saljak bolup näçe çytraşsaňam, pirimiň başa barmaz. Gökleňleriň, gerkezleriň, ýomutlaryň namys astynda galanyny henize çenli gören ýokdur. Eliňden gelse asmany aşak inder. Emma ýene-de özüň gazyp goýan görüne düşersiň, halk, il-gün welin, ölmez. Olaryn ahy-zary seniň garagyňy gapar. Onsuzam sen özüňi diri saýma, han, iline, halkyna dönüklik eden, zulum eden heniz diri wagty öli hasaplanýandyr. Men atama el ýetireniň, dil ýetireniň üçinem gelsem geldim, ýöne men öz ilimiň saňa bolan ýigrenjini, gazabyny aýtmaga geldim. Sen menem öýüňden kowup bilersiň, ýöne munuň bilen halkyň ýüregindäki gahar-gazaby aýryp bilmersiň. Han Magtymgula nämedir bir zat aýtjak boldy. Emma indi giçdi. Magtymguly merdem ädimläp, eýýäm işikden çykyp barýardy. Ol häzir Rüstem Zalyň galkanyna meňzeýärdi. Oňa ne söz, ne ok, ne gylyç kär etjekdi. Muny duýan han ýüreginden ok bolup geçip, henizem kükreginde lowlap duran sözlerin awusyny çekip-çydap bilmän, doňup galdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |