20:46 Rowaýat | |
ROWAÝAT
Goşgular
«Nesimini dabanyndan soýdular» Magtymguly. Bu bir toslamamy ýa-da hakykat, Bilemok men, bilemok men onçasyn. Diňe bilýän, bu söz dillerden düşmän, Ýaşap geldi asyrlaryň ençesin. ...Ol gün zalym şadan bolanmyş perman. «Soňky gezek oňa düzel diýmeli, Şonda-da gaýşarlyp dursa ýanbermän, Höküm şeýle dabanyndan soýmaly». Bu şum habar derrew düşenmiş ýola, Eşden wagty ah çekenmiş dag-dere. Işden-güýçden bizar bolan jemagat Ýygnananmyş jeza beriljek ýere. «Beýle jeza duşan ýokdur seň ýaly, Lebziňden dänäýseň gerek ahyr-a! Ýa-da şol bir sözmi?» diýýän mysaly, Müňläp nazar dikilenmiş şahyra. Emmа hiç bir zady duýmaýan deýin, Nesimi ýylgyryp-gülüp duranmyş. Onuň ýanynda-da gurup pis «oýun», Jellatlar pyçagyn çalyp duranmyş. Ulamalaň birem gataldyp sesin, Diýýänmiş: «Dolanok heniz kazaňyz? Alladan gudratly saýmaň bendesin, Toba ediň, belki, ýeňlär jezaňyz». Nesimi märekä ýüzlenip şonda, Diýenmiş: «Gorkuzmaz meni hiç bir zat. Gudrat Hudaýda däl, sendedir-sende, Eý, dünýäň eýesi, beýik adamzat!» Onlap ýigit jemagatyň içinden Öňe süýşüp, gaýtalanmyş bada-bat: «Gudrat Hudaýda däl, sendedir-sende, Eý, dünýäň eýesi, beýik adamzat!» Täze dörän howpy duýan ulama Gygytanmyş: – Süýşmäweriň siz öňe! Onuň gany syçrasa çöp-çalama, Ýakyp, ýok etmeli borus biz diňe. Eger-de gan syçrasa bir ýermize, Ol ýerini kesip zyňmaly hökman. Ýogsam otly dowzah garaşar bize... Bu diniň talaby... soň ahmyr çekmäň. – Jellatlaň pyçagy başlanmyş işe... Zemin lerzan urup, tutanmyş ýasy... Höküm berýän ulamaň öz dyrnagna Syçranmyş ganyňam birje damjasy. Ulama şobada uldan dem alyp, Başyn ýaýkap, synlanmyşyn dyrnagny. Birdenem aglaýjak-aglaýjak bolup, Ýalap başlanmyşyn ganly barmagny. Bu wakany görenmişin jemende, Arman, gorkusyndan ýumanmyş gözi. Şahyrymyz welin soňky deminde Ajy gülüp, aýdanmyşyn şu sözi. «Eý, halaýyk, gördüň gerek şum pelekniň oýnuny. Ýolumyzdan dänmän biz-ä guçýas ýeriň goýnuny. Ýöne weli ol ulama ýalap ganly barmagny, Öz apalan dini üçin dözmedi bir dyrnagny». Bu bir toslamamy ýa-da hakykat, Bilemok men, bilemok men onçasyn. Diňe bilýän, bu söz dillerden düşmän, Ýaşap gelýär asyrlaryň ençesin. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||