10:02 Ruhy hazyna | |
Edebi seljerme
Edebi tankyt
▶ RUHY HAZYNA Rejepbaý Şiriýewiň «Hazyna» hekaýasy Magtymguly Pyragynyň ruhy dünýäsi, ylym daragtynda eýelän orny, onuň kitaba bolan söýgüsi dogrusynda. Hekaýa otagyň içini suratlandyrmak bilen başlanýar: «Otagda kitaplary rejeläp, gözden geçirip, serenjam berip oturan, ezýaka köýnekli, tahýalary bugdaýreňk ýüzlerine gelşik berip duran Magtymguly bilen dosty Nury Kazym yhlas bilen sessiz-üýnsüz hersi edip oturan işleri bilen gümradylar. Kitaplary ýekän-ýekän gözden geçirip oturan Magtymguly sowukganlylyk bilen demini dürsäp: «...Şu kitaplaryň hersinde atamyň eliniň yzyny, olar bilen hemdem bolşuny, many arçaýşyny duýýaryn. Atamdan öňem bu dürdäneler, gör, näçe danyşmentleriň elinden geçen bolsa gerek — diýende, onuň bolşuny ünsden düşürmedik dosty Nury Kazym elindäki diwany waraklap oturyşyna: «Olar näçe köp okadygyça, zemini lälezarlyga besleýärler — diýip, gapdalynda Hindistandan getirilen çäýnekden käselere çaý guýundy. — Adamlaryň bir topary daşlaryň arasyndan göwher gözläp, ömürleriniň bihuda geçýändigini hem duýmaýarlar, birnäçeleri bolsa okan kitaplaryndan baş çykaryp, ynsanlaryň kalbynda parasatlylygyň, ynsanperwerligiň dänelerini şineledýärler, olary bagta sary atarýarlar. Ahun agamyz hem Allanyň nazar salan bendeleriniň biridi — diýýär». Biz hekaýadan bu jümleleri ýöne ýere getirmedik. Çünki bu sözlerde iki dostuň kitaba bolan çuňňur söýgüsi, yhlaslary görünýär we Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň oglunyň okumyş bolup ýetişmegi ugrunda yhlas eden, köpleriň dogry ýola düşmeginde, hat-ýazuw öwrenmeginde elinden gelen kömegi beren parasatly kişidigi dogrusyndaky pikirler orta atylýar. Magtymguly bilen Nury Kazymyň ýanyna salam berip, Molla Matam gelýär. Ol bularyň gyzykly gürrüňlerinden lezzet alyp, akyl-paýhas öwrenip, ertirki etsem-goýsamlarynyň rowaçlanmagyna güýç, ruhy taýdan goldaw tapýar. Kitap okamaga höwesli Molla Matam Döwletmämmet Azadydan sowat alanyny, Hakany, Jamy ýaly ussatlar hakyndaky gürrüňleri diňländigini, ýöne maşgala aladalary bilen ähli ylymlardan ät galandygyny ýatlaýar. Hekaýada onuň hakyky adynyň Molladurdy bolup, maşgalasyndaky agyr ýitgiden soň, Molla Matam bolup galandygy, asyl käriniň agaç ussasydygy, agşamlaryna iki dostunyň ýanyna gürrüňçilige gelip, kitap, beýik ussatlar barada pikir alyşýandygy ýatlanýar. Magtymguly bilen Nury Kazym Hafyzyň diwany barada söhbet edenlerinde, Magtymguly: «Ussat Hafyzyň welilik bilen aýdanlary her ynsanyň zandynda ýagşylykdan yz goýan bolsa gerek — diýýär. Dostlar «Şirgazy» medresesinde Hafyzyň eserlerinden sahylyk barada jedeliň gurnalyşyny, Magtymgulynyň şol jedelde Hatam Taýdan tymsal getirip, onuň özi dünýäden ötse-de, sahylygy sebäpli belent adynyň ebedi galandygy hakyndaky pikirleri bilen jedele goşulandygyny ýatlaşýarlar. Şol mahal Nury Kazymyň öňünden çykan kitabyň hyrydarynyň köp bolup, göçürilenine ençe wagtyň geçendigini, käbir hatlarynyň ýitip gidendiginden aňyp, elden geçirmeli wagtynyň gelendigini aýdanda, Magtymguly: «Ussat Jamynyň «Baharystany». Ol atam pahyrdan galan ruhy miraslaryň biridir. Çagakam hem atamyň şu diwany okaýany ýadyma düşýär. Atam ondaky jomartlyk we geçirimlilik baradaky aýdanlaryndan netije çykaryp, ýanyna gelenlere öwüt berer oturardy» — diýýär. Molla Matam ahun aganyň her sözüniň köňüllere ýagşylyk nuruny çaýyp, aýdyp berýän hekaýatlary, rowaýatlary, tymsallary adamlarda ynsanperwerlik duýgularyny oýaryp, olary biri-birine ýakynlaşdyrandygyny, dostlaşdyrandygyny ýatlaýar. Soňra ol dostlaryndan: «Tekjedäki kitaplaryň hemmesini okap bolduňyzmy, olaryň barysyny öwrendiňizmi?» diýip soraýar. Magtymguly ýylgyryp: — Okadyk, dostum, okanlarymyza amal edip, galan ömrümize şu ussatlara san bolsak, dünýäde armanymyz ýok — diýýär. Onda Molla Matam hyjuwlanyp: — Magtymguly, men şu pursatdan başlap, okamaga wagt taparyn, diwanlaryň barysyny okap öwrenerin, olaryň many-mazmunyny özüm ýaly garamaýaklaryň ençemesine aýdyp bererin — diýende, Nury Kazym: — Gowy işiň başyny tutýarsyň, dostum, okagyn, öwrenenleriňe-de amal etgin. Magtymguly dostumyň: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip aýdanynda durmuşyň manysy jemlenýändir — diýip, Molla Matamyň egnine elini goýýar». Hekaýa Nury Kazymyň şu sözleri bilen tamamlanýar. Bu sözlerde hekaýanyň mazmuny jemlenýär, sebäbi dostlaryň bar maksady kitap okamagy ündemek, ussatlaryň diwanlaryny, akyldarlaryň kitaplaryny, danalaryň akyl-paýhasyny wagyz etmek, deň-duşlaryna öz okap öwrenen zatlaryny düşündirmek. Olaryň maksady aýdyň. Çünki agaç ussasy Molla Matam Nury Kazym bilen Magtymgulynyň öwüt-ündewleri esasynda ussatlaryň diwanlaryny okajakdygyna we başgalara-da öz öwrenenlerini aýdyp berjekdigine söz berýär. R.Şiriýewiň «Hazyna» hekaýasy göwrüm taýdan kiçi. Ýazyjy göwrümini uzaldyp, hekaýanyň gyzygyny gaçyrman, eserden edilýän talabalaýyk gysgadan manyly, öňde goýan maksadyna ýetmek üçin wakalaryň daşynda aýlanyp ýörmän, aýtmak islän pikirini beýan etmäge başlaýar. Başyndan tä soňuna çenli durşuna janly gepleşikden ybarat bolansoň, hekaýa gyzykly okalýar, okyjyny ýadadanok, dili sadadan düşnükli. Hekaýanyň ady bilen mazmuny gabat gelýär. Kitabyň egsilmez hazynadygyna Magtymgulynyň danalaryň diwanlaryny okap, akyly goýalyp, dünýägaraýşynyň giňändigine, şol ussatlara uly hormat goýandygyna hekaýanyň üsti bilen göz ýetirmek bolýar. Dostlar ussat Nowaýynyň diwany hakynda gürrüň edenlerinde, Nury Kazym ýylgyryp: «Şol kitaba gözüň düşende, gymmatbahaly hazyna tapan ýaly, nebsewürlik bilen okdurylanyň ýadyma düşýär» diýip, Magtymgula ruhy baýlyga teşneligini ýatladýar. Ýazyjy hekaýada diňe talyp Magtymguly bilen dosty Nury Kazymyň ylymlar dünýäsine syýahat edýän pursadyny görkezmek bilen çäklenmän, Döwletmämmet Azadynyň akyldar ahun bolup, il içinde uly abraýdan peýdalanyp, obadaşlarynyň dürli meselelerini çözmäge, maslahat bermäge kömegini gaýgyrmandygy baradaky ynsanperwerligini-de beýan edipdir. Hekaýada gürrüň diňe kitap, kitabyň adamzadyň durmuşyna edýän täsiri dogrusynda we dana kakasy Azadynyň dünýäden gaýdansoň hem, onuň kitaby köp okamak, danalaryň pähim-paýhasyndan peýdalanyp, geregiňi edinmek we ynsanperwerligi, adamkärçiligi, agzybirligi wagyz etmek ýörelgelerini ogly Magtymgulynyň dowam etdirýändigi nygtalýar. R.Şiriýew agaç ussasy Molla Matamyň içgepletmesini getirip, onuň içki dünýäsinde Magtymgula bolan garaýşyny beýan etmek bilen: «Dostumyň daş ýarýan zehinine aperin diýäýmeli. Onuň köňle gelen ýagşy sözleri taraşlap şagladyşynda sözüň gudratyny duýýarsyň» diýip, pikir derýasynda ýüzýän Molla Matam dosty Magtymgulynyň zehinine, şahyrlygyna, onuň şygryýet dünýäsindäki alan paýyna haýranlar galýar. «Hazyna» hekaýasynda Magtymgulynyň pespälligi, adamkärçilik sypatlary, dostlaryna goýýan hormaty aýdyň duýulýar. Dostlary hem Magtymgulyny sylaýarlar, oňa buýsanýarlar, daş ýarýan zehinine, ylhamyna çäksiz guwanýarlar. «Molla Matamyň dostuna bolan buýsanjynyň çäksizdigini gözleriniň nurundan hem aňmak bolýardy» diýen sözler muňa şaýatlyk edýär. Ýazyjy hekaýada halkymyzyň milli duýgusyny Magtymguly bilen dosty Nury Kazymyň tahýaly, ezýaka köýnekli kitaplary rejeläp oturyşlary, Molla Matamyň ak keçäniň üstüne geçip ornaşykly oturmagy, ojar közüniň gapdalynda oturdylan tüňçäniň üznüksiz şyggyldysy ýaly pursatlar bilen beripdir. Ýene bir aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de dostluk temasydyr. Nury Kazym Magtymguly Pyragynyň talyplyk dosty. Molla Matam hem bularyň dosty. Olar her gün agşam syýahat etmek, halypalary köp okap, olaryň aýdanlaryndan many çykarmak, öwrenen zatlaryňy başgalara öwretmek bilen baglanyşykly gyzykly hem manyly gürrüňler edip, okan diwanlary barada pikir alyşýarlar. Hekaýada «Magtymguly dostuna mähirli seredip», «Nury Kazym Molla Matamyň egnine elini goýdy», «Çäýnegiň soňundaky çaýy dostunyň käsesine guýdy» ýaly jümleler dostlaryň arasyndaky mähirli gatnaşygy aňladýar. Bu eserde ýaşlara ussat halypalarymyza hormat goýmak, dostluk gatnaşygynyň gadyryny bilmek ündelýär. Hekaýanyň kitaba söýgini terbiýelemekde ähmiýeti uludyr. Okyjy hekaýany okandan soň, durmuşda ruhy taýdan baý kişileriň uzak ýaşaýandygyna, olaryň ruhy hazynadan geregini edinip, halkyň beýik häsiýetini özünde jemleýändigine göz ýetirýär. Şasenem HEKIMOWA, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri. | |
|
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |