09:38 Şirgazy medresesiniñ öñünde | |
ŞIRGAZY MEDRESESINIŇ ÖŇÜNDE
Goşgular
Howalasy belent gadymy Hywaň Bulda gol uzadýar gözellikleri. Arman, egnin gysyp otyr Pyragyň Mekan eýläp, üç ýyl duz iýen ýeri. Daýym undulmajak bosagasynyň Kerpijin goparyp zyňypdyr gör, kim? Tylla gapysyndan galmandyr derek, Ýyllaryň şemaly bozupdyr görkün. Haýpym gelýär, dodagymy dişleýän, Günäkär dek bu zatlaryň baryna. Soňam gämisini sürýärin Hyýal derýasynyň o kenaryna. O kenary bolsa şar gara bulut Büräpdir, ýene-de duman sürünýär. Dumanyň içinde beýik Pyragyň Hem Nury Kazymyň keşbi görünýär. Olaryň nazary öwrülýär dürbä, Şynlaýar tolkundan ýasalan ýoly. – Gör, ajap eýýämden bir adam gelýär?! – Sorarys, niçikkä Şirgazyň haly? Bu gürrüň ýüregme tyg bolup çümýär, Bu gürrüň gozgalaň salýar serime. Gämimi yzyna sowýan-da, gaçýan, Olaň huzuryna barmaň ýerine. Tolkunlar yzymdan ylgaýar meniň, Gülüp, gyjalatly aýdymyn aýdyp. ...Onýança depämden bir kesek gaçýar, Hyýal derýasyndan çykýaryn şeýdip. Ýene öňümde dur gadymy Hywa... Synlap daşym gurşan, gözellikleri, Janköýer hossara garaşyp otyr Pyragyň üç ýyllap duz iýen ýeri. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ «Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy... / Goşgular - 08.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |