01:12 Sonanyñ | |
SONANYÑ
Goşgular
Ýyl ýaryma golaý geçdi aradan, Fronta ugraly ýary Sonanyñ. Aýralyk bolsa-da ajy ýaradan, Eşdilmedi ahy-zary Sonanyñ. Gamy iş basar diýip düwdi ýüregne, Ykjam durup ýapyşdy-da ýaragna, Işledi ol ýarynyñ hem deregne, Bolmady işiniñ hary Sonanyñ. Iññesini kätmen, pile alyşdy, Ýaryn üpjün etmek üçin çalyşdy, Her iş bolsa pälwan deýin salyşdy, Göreldeli boldy käri Sonanyñ. Guwanç bilen öýe gaýdyp gelende, Rahat ýatyp, ertir irden galanda, Gyk möhürli, bukjaly hat alanda, Şeý diýipdir howandary Sonanyñ. ''Awtomatym ele alyp ýatlaýan, Seniñ üçin faşistleri otlaýan. Sonam, seni baýram bilen gutlaýan!''ㅡ Edermen mert ýigit äri Sonanyñ. Durmuş gaýnap Sonañ gara gözünde, Guwanç ruhy öwşün atdy ýüzünde, Joşgunly güýç duýup mydam özünde, Gün bilen bäsleşdi nury Sonanyñ. 1943 Berdi KERBABAÝEW | |
|
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy... / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |