09:38 Soñky ýyllaryñ taryhy prozasy / dowamy | |
«Sumbar akýar» romanyndaky Alymuhammet, Ýusup obrazlary hem ýugrumy ýetmändigi bilen ýadyňda galýar. Çünki awtor Alymuhammedi hereketde däl-de, diňe öz sözleri bilen «gahryman» etmäge synanyşýar. Romanda onuň ruhy, bu ugurdaky jebri-jepasy görünmeýär.
Edebiýaty öwreniş
Bu barada öz wagtynda edebiýatçy Aba Gylydurdyýew: «...romanda Alymuhammet hakynda az gürrüň gitmeýär. Şeýle-de bolsa onuň obrazy öňe saýlanmaýar, sebäbi ýazyjy onuň hersketlerini geregiçe suratlandyrmaýar. B.Soltannynzow Alymuhammediň görkezýän edermenliklerini beýleki personažlaryň dilinden bermek bilen çäklenýär. Hakykatyna garasaň weli, Alymuhammediň hereketlerini suratlandyrmak zerur, sebäbi opuň taryhy prototipi bar, Allaýar Gurbanow Garrygala sebitinde Sowet häkimiýetini gurmaklyga işeňňir gatnaşan şahsyýetdir. Şonuň synpy duşmanlara garşy alyp baran söweşlerini çeperçilik serişdeleri arkaly ýaňadandan dikelden bolsa, B.Soltannyýazow diňe utuş gazanardy. Dogry, awtor romanda Alymuhammediň öz ýegeni Ýusuby boşatmak üçin hereket edendigini ýaňzydýar. Munuň özi asla ýeterlik däl. Ýazyjy Alymuhammediň real taryhy porotipiniň adalat hem ýagty durmuş ugrundaky gahrymançylykly hereketlerini okyjynyň göz öňünde janlandyrmak mümkinçiliginden peýdalanan bolsa, hakyky milli gahrymanyň, zähmetkeş halkyň penakäriniň, tüýs rewolýusion göreşijiniň ýatda galýan dogruçyl çeper keşbini çekip bilerdi. Munuň özi ýazyjynyň uly hatasydyr. Ol bu kemçiligini romanyň ikinji kitabynda az-kem düzedip biljek eken, emma ol mümkinçiligi hem peýdalanmandyr»33 diýip, juda dogry belleýär. Diňe bir birinji, ikinji kitapda däl, üçünji kitapda-da Alymuhammediň obrazy işlenilmeýär. Şonuň üçin bu romanyň bu kitaplary okyjyda hiç hili täsir döretmedi. Hatda bu romanyň soňky kitaplaryna edebi tankyt, edebiýaty öwreniş ylmy-da başyny galdyrmady. Dogry, bu romanda Ýusup obrazy boýdan-başa diýen ýaly hereket edýär. Emma okyjy bu obrazyň işlenişinde-de, bu obrazyň hereketlerinde-de özboluşly gahrymançylyk, il-günüň bähbidi üçin, ýa-da öz maksadyna ýetmek üçin häsiýetiň edermenlikli tarapy açyljak aýgytly hereketlerini görüp bilmeýär. Ýusup atyny satyp AndreýAndreýewiçlere gelende-de, öz obasyna gelenden soň-da okyjy indi onuň nähilidir bir aýgytly hereket ederine garaşýar. Emma ol beýle aýgytlylygy öňde-soňda etmäge taýýarlyksyz ýaly bolup görünýär. Ýogsa onuň başyna juda kynçylykly muşakgatlar inýär. Ol Hajy baýyň ogluny öldürip, çöle çykýar. Soň ol baýyň nökerleri onuň daşyna geçip, ony yzarlap başlaýarlar. Ýurtda patyşanyň ýykylmagy bilen sosial özgerişlige tarap ymtylyşlar başlanýar. Iň ahyrda-da onuň söýgüli aýalyny öldürýärler. Ýurtda rewolýusion galkynyş, ýap-ýaňy döräp ugran Sowet häkimiýetiniň duşmanlaryna garşy göreş galkymy başlanýar. Ine, sözde şu aladalaryň ählisi-de Ýusubyň ykbalyna galtaşyp geçýär. Şu ýagdaýlaryň her birinde-de awtor Ýusup barada öz adyndan gürlemän, ony bu garşylyklar bilen ýüzbe-ýüz goýan bolsa, Ýusubuň häsiýeti birneme aýdyňlaşardy. Ýogsa Ýusup hem edil Andreý Andreýewiç, Alymuhammet ýaly sözde batyr, işe gezek gelende bolsa umumy gahryman bolup galýar. Romanyň ikinji, üçünji kitaplarynda hem Ýusup köp wakalara gatnaşýar. Köp sanly uly serkerdeler bilen duşuşýar. Emma olaryň ählisinde diňe Ýusubyň mert ýigitdigi, gaýduwsyzdygy, rewolýusiýanyň işine berlendigi magtalmak bilen oňulýar. Şeýle ýagdaý «Ykbal» romanyndaky Sergeýiň, Berdiniň, Gylyçlynyň batyrlyk, mertlik, rewolýusiýanyň işine süňňi bilen berlenligi, öz çylşyrymly hereketinde açylmaýşy ýaly, Andreý Apdreýewiçiň hem, Alymuhammediň hem, Ýusubyň hem şeýle häsiýetleri olaryň hereketinde, durmuşa bolan gatnaşygynda açylmaýar. Bu bolsa ady agzalan eserleriň türkmen sowet edebiýatyndaky gymmaty ýumşadýar. Eýsem, rewolýusiýanyň işine jany-teni bilen berilýän obrazlaryň häsiýetindäki şeýle gowşaklyk nämeden gelip çykýar. Munuň düýp sebäbini, esasan, şu ýagdaýlardan gözlemek bolar: 1. H.Derýaýew hem, B.Soltannyýazow hem rewolýusioner rus işçileriniň obrazyny görkezenlerinde, esasan, öň taýýar (obrazlar bolan A.M.Gorkiniň «Ene» romanyndaky Pawel Wlasowdan, «Aýgytly ädim» romanyndaky Iwan Çernyşýewden ülňi alypdyrlar. Ýöne bu obrazlary indiwidual ýagdaýda işläp bilmändirler; 2. Bu iki ýazyjy hem rus işçisi bolsa, özem rewolýusioner bolsa, olar birkemsiz bolmaly diýen ýaly ynanç bilen şu obrazlara çemeleşipdirler. 3. Bu iki eserde-de rus işçisine nähilidir bir hili dözmezlik duýulýar. Awtorlar bu obrazlary dartgynly wakalara, ýowuz kynçylyga salmaga dözmeýärler. Gahrymanyň hakyky häsiýeti bolsa gazaply garşylyklarda aýdyň ýüze çykýar. 4. Bu romanlarda rus işçileri taýýar obraz hökmünde esere girýär, şol durşuna-da eseriň ahyryna ýetýär. Bu eserlerde Rus işçisini, onuň rewolýusion ýörelgelerini pygamberleşdirmek tendensiýalary, «rus işçisi boldumy, ol akylly, ol edepli, ol hemme zady bilýär» diýen ýaly ýalňyş düşünje duýulýar. 5. Mundan başga-da bu romanlarda rus işçileriniň häsiýetini çuňlaşdyrmak, onuň jebir-jepa çekişini suratlandyrmak hut onuň hereketi arkaly däl-de, köplenç awtoryň gürrüňleri arkaly berilýär. Olar hem, esasan, ertekiçilik däplerine eýerilýär. Ol gahrymanlary beýleki, türkmen gahrymanlaryndan artyk akylly görkezjek bolmaga synanyşylýar. Şeýle bolansoň ol gahrymanlar şeýle gowşak bolup çykýar. 6. Munuň üstesine, bu ýazyjylar durmuş hakykaty bilen taryhy faktlaryň utgaşmagyny ýüzleý öwreneni üçin, iň bärkisi rus işçilerini, durmuşdaky derejesi gowşak bilýänleri üçin olaryň obrazyny hakyky gahrymanyň derejesine ýetirip bilmeýärler. Mysal üçin, Berdi Soltannyýazowyň «Sumbar akýar» romanyndaky Andreý Andreýewiçiň obrazynyň astynda onuň prototipi, hakyky rewolýusioner, Allaýar Gurbanowyň bu serkerdäniň Sowet häkimiýetini akylly-düşünjeli goramagyna öz täsirini ýetiren saýwanly Şerbakowyň janly durmuşy ýatyr. Ine, öwrenilen bolsa, diňe şonuň özem bir eser üçin janly, täsirli, ynandyryjy wakalaryň ençemesini berip bilerdi. 7. Iň bellemeli ýeri bolsa, bu ýazyjylar ady agzalan eserleriňi ýazanlarynda köp kynçylyklary başdan geçirip, belli bir ýaşa barypdylar. Munuň özem gahrymanlary kyn-kyn epizodlara, agyr psihologik oýlanmalara, häsiýetleriň çaknyşmasyna alyp gitmäge päsgel berip biljekdi. Çünki ýazyjynyň agyr, surnukdyryjy zähmeti indi olar üçin ýeňil iş däldi. Şonuň üçin-de olar özleriniň gahrymanlarynyň häsiýetini açmak üçin, aýdyňlaşdyrmak üçin täsirli detallary bolan möhüm garşylyklary tapmak, häsiýeti aýdyňlaşdyrmak üçin olary şol garşylyklar bilen ýüzbe-ýüz edip, wakalary şol garşylyklaryň ruhunda çuňlaşdyryp bilmeýärdiler. Şeýle hem olar az-kem aňsadyny gözläpdirler. Olaryň wakalary özleriniň adyndan beýan edip, garşylyklary ýeňiljek çözmegiň, gahrymanlary kynçylyklardan sowmagynyň esasy sebäbini şundan gözlemelidi. 8. Iň ahyrynda bolsa, bu ýazyjylaryň eli, aňy otuzynjy ýyllaryň beýan ediş, häsiýet açyş, sýužet-kompozisiýa işleýiş stili bilen berçinlenipdi. Şonuň üçin olardan şundan ýokary ussatlygam, şundan ýokary çeperçilik ussatlygynam, şundan belent eserlerem talap etmegiň özi gülkünçdi. 9. Bu ýazyjylar özleriniň şu ýagdaýlarynda-da döredijilik ylhamynyň belentligine galyp, netijede, türkmen sowet edebiýatyna şeýle täsin eserleri peşgeş berip bilipdiler. Munuň özi olaryň uly graždanlyk üstünligidi. Taryhy we taryhy-rewolýusion romanlarda ýene bir möhüm aýratynlygy bellemek boljak. Ol hem bu romanlarda baş ideýanyň aýdyňlaşmagyna, baş gahrymanyň položitel sypatlarynyň, gahrymançylyk häsiýetiniň aýdyňlaşmagyna täsir edip biläýjek otrisatel gahrymanlaryň täzeden-täze tipleriniň orta çykarylmagydyr. Hakykatdan hem, ideýanyň aýdyňlaşmagy, gahrymanyň maksadynyň aýdyňlaşmagy, baş ideýanyň açylmagy, gahrymanlaryň ösüş basgançaklaryna münmegi, otrisatel gahrymanlaryň aktiwligine köp derejede bagly bolup durýar. Otrisatel gahryman näçe zalym, zabun, garadan gaýtmaz bolsa, öz maksady ugrunda näçe gazaply göreşýän bolsa, eser şonça-da dartgynly, akgynly, položitel gahrymanlar şonça batyr, mert bolýar. Çünki edil položitel gahrymanlar ýaly, otrisatel gahrymanlar hem eseriň dinamiki ösüşini herekete getiriji personažlar bolýar. Mysal üçin, «Aýgytly ädim» romanynda Artygyň häsiýetiniň güýçli, köptaraply çykmagynyň, eseriň ideýasynyň çuňňur açylmagynyň esasy sebäbini onuň durmuş garşylyklaryna köp duş bolup, Halnazar baý, Eziz han ýaly juda hilegär, akylly tipleri ýeňip geçmeli bolýanlygyndan gözlemek bolar. Çünki biz eseriň başynda Artgyň nähili adamdygyny, onuň nähili häsiýetiniň bardygyny heniz bilemizok. Emma ol mirap saýlawy meselesinde, pälä gitmek, goşun üçin at bermek, Aýna meselesinde, Halnazar baý, miraplar, beýleki emeldarlar bilen çaknyşandan soň onuň nähili gaýratynyň, nähili mert, gaýduwsyz häsiýetiniň bardygyna göz ýetirýäris. Ylaýta-da, onuň Eziz han bilen gatnaşyklarynda, onuň bilen ýüzbe-ýüz durup, merdanalyk bilen sözleşende, bu adamyň namartlygyny, hilegärligini ýüzüne basanda Artygyň hakyky keşbi ýüze çykýar. Eger Artyk mirap saýlawynda Balla agzyna gelenini gorkmazdan aýtmadyk bolsa, Halnazar onuň üçin bije çekdirip, ony pälä iberjek bolanda sesini çykarmadyk bolsa, «aý, baýyň ogly halan bolsa el degrip bolmaz» diýip, Aýna bilen arasyndaky söýgüden geçip, ony alyp gaçmakdan ýüz öwren bolsa, Eziz hanyň her sözüne lepbeý diýip, arçynlaryň, miraplaryň gepini çekip ýören bolsa, onda beýle mert gahryman bolup orta çykmazdy. Şeýle hem, awtor Halnazary baryp ýatan hilegär, kümsükden gelen nebisjeň, husyt, eger agzy ýetse çiginini çeýnejek adam edip orta çykaryp, Artyga, Aşyra, Mawa, Aýna we beýlekilere garşy goýmadyk bolsa, onda bu obraz beýle ynandyryjy çykmazdy. Halnazar diňe bir zalymlyk etmek bilen çäklenmän, Artygy täze maksada hyjuwlandyrýar. Onuň ýüreginde baýlara, ezijilere ýigrenç döredýär. Çünki durmuşda Artyk nirä ýörese-de, alnyndan Halnazar baý çykýar. Ol haýsy ugra ýörese-de, Halnazar bilen çaknyşmaly bolýar. Şeýlelikde, Halnazaryň obrazy hem çuňňur otrisatellik derejesine ýetýär. Emma awtor Halnazar baýy eseriň ahyryna çenli Artygyň garşysyna goýjak bolup hem durmaýar. Artyk Eziz hanyň girisine düşenden soň Halnazary sahnadan aýryp goýberýär. Bu bolsa Artyk bilen Eziz hanyň arasyndaky dartgynlygyň, garşylygyň has düýpli, has güýçli bolmagyna getiripdir. «Doganlar» romanyndaky otrisatel tipler hem juda ýowuz. Jünýeýit han bu romanyň başyndan tä ahyryna çenli adalatyň hem-de rewolýusion özgerişiň garşysyna durýan ýowuz güýç hökmünde orta çykýar. Eserde Ýefimow ilki ýekme-ýek, soň bolsa uly güýç bolup Jüneýit hanyň garşysyna çykýar. Awtor romanda diňe bir rewolýusion pikirli adamlaryň formirlenişini, ösüşini aýdyňlaşdyrmak bilen çäklenmeýär. Ol Jüneýit hanyň kiçijik ýygynçaklykdan özbaşdak «döwlet» derejesine çenli ösüşini yzarlaýar. Şol ösüşi, formirlenişi synpy we sosial güýçleriň arasyndaky garşylyklar bilen berk baglanyşdyrýar. Ýefimow ilki bilen Jüneýit hanyň garşysyna durup biljek güýçleri döretmäge çalyşýar. Ol Jüneýit han üçin elektrik stansiýasynyň düýbüni tutup ýörkä, adamlarda adalatyň, synpy pozisiýanyň emele gelmegini gazanýar. Şeýlelikde, Ýagmyr Kasymyň arkasyny tutup, Ýarany öldürýär. Ýefimowyň topary Jüneýit hanyň holtumyndan Ýarany alyp çykýarlar. Ine, şeýdibem, öň Jüneýit han ýeňilmez, oňa garşylyk görkezmek ölümdir» diýen düşünjäni kül-peýekun edýär. Soň Saparmyrat, Kasym ýaly men diýen ýigitler Jüneýit hana garşy göreşe galýar. Hatda, Ýefimow halky Jüneýit hana garşy aýaga galdyrmagy, netijede, bu zalym hanyň planyny puja çykarmagy hem başarýar. Emma biz şeýle dartgynly sahnalary «Ykbal» romanyňyň birinji, ikinji kitaplarynda görsek hem, onuň soňky kitaplarynda görüp bilmeýäris. «Ykbal» romanyňyň başy Berdi bilen Uzugyň arasyndaky söýgi duýgusynyň Bekmyrat baýlar garapyndan talanmagyndan başlanýar. Bekmyrat baý öz inisi üçin Uzugy zor bilen süýräp, alyp gidenden soň, bu garşylyk Myrat aga bilen Bekmyrat baýlaryň maşgalasynyň arasynda dartgynlaşyp, ösüp başlaýar. Bekmyrat baýyň zalymlygy, Suhan gatynyň hilegärligi, diwallaryň harsydünýäligi, ikiýüzliligi, işan-mollalaryň messepsizligi bu sahnalary birneme gyzykly görkezse-de, bu ugurda dörän garşylyk bilen ýüzbe-ýüz bolmaga orta çykýan gahryman bolmany üçin gahrymanlaryň häsiýeti açylyberenok. Gylyçly, Durdy, Sergeý dagy söweşmeden geçen, olar diňe Orazsoltan ejä maslahat bermek bilen meşgullanýarlar. Onsoň özüniň gahrymanlaryny söweşe çykaryp bilmänden soň, awtor Suhan gatynyň, Bekmyrat baýlaryň durmuşyny juda şireli edip öwmäge başlaýar. Olary eseriň möhüm gahrymanlarynyň derejesine ýetirýär. Dogrusy, «Ykbal» romanynda položitel gahrymanlar bolan Berdi, Uzuk, Gylyçly, Allak, Durdy daga derek Bekmyrat baý, Suhan gaty, Eneküti ýaly gahrymanlar aktiw çykyş edýärler. Özlerem olar haýsydyr bir položitel gahrymanyň garşysyna däl-de, öz durmuş zerurlyklary ugrunda aktiw çykyş edýärler. Ýagdaý şeýle bolandan soň, položitel tipler hem aktiw çykyş etmeseler-de, olaryň çykyşy hem öz ugruna bolup görünýär. Meselem, Durdynyň bir özi Bekmyrat baýyň inisi Çaryny öldürýär. Allagyň bir özi Durdynyň kastyna çykýar. Orazsoltan ejäniň bir özi diýen ýaly Bekmyrat baýlaryň topary bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolýar. Berdi ýekebara hereket edip, diňe Uzuk bilen duşuşmagy göwnünde besläp gezýär. Soň onuň ýeke özi Uzugy öz daýysynyňka alyp gaçýar. Şeýdibem, Bekmyrat baýlar toparynyň penjesine düşýär. Aşgabadyň gazamatyndan hem ýeke özi gaçyrylýar. Şeýle ýekebaralyk eseriň ahyryna çenli dowam edýär. Dogry, başda belleýşimiz ýaly, awtor zerur bolan ýerlerinde, ýa-da «şol gahrymanlarym hem ýatdan çykaýmasyn» diýen ýerlerinde Gylyçlyny, Sergeýi, Durdyny, Berdini bir ýere jemleýär. Emma olar hem awtoryň düşündirişinden başga bir düýpli hereket edip, Bekmyrat baýlar toparynyň garşysyna aýgytly göreşe galyp bilenoklar. Bu ýagdaý «awtor şeýle güýçli garşylygy çeper esere salmagy başarsa-da, ony ýerlikli peýdalanyp bilmändir» diýen netijä getirýär. Eger şeýle hökümdar, aryny giderenden ölenini gowy görýän, özüniň baýlygynyň arkasyndan adalatsyzlygy garyp-gaýaryň boýnundan otly tagan edip asyp bilýän Bekmyrat baý, onuň zalym doganlary bilen Gylyçlyny, Berdini, Dudyny, Sergeýi ýüzbe-ýüz çakyşdyran bolsa, awtor türkmen edebiýatyna bahasyna ýetip bolmajak kämil obrazlary, mert, merdana häsiýetli personažlary berip bilerdi. Hem-de «Ykbal» romanyňyň Türkmen edebiýatynda orny mundan hem saldamly bolardy. Şeýle-de bolsa, «Sumbar akýar» romanyndaky otrisatel gahrymanlaryň orta çykarylyşyna garanyňda, olaryň işledilişine garanyňda «Ykbal» romanynda bu ýagdaý bir gez belende galýar. «Sumbar akýar» romanynda Alymuhammediň görýän kynçylyklary-da, Ýusubyň çekýän dertleri-de, esasan, awtoryň dilinden berilýär. Şeýle bolansoň şol kynçylyklary kimleriň döredýändigini bilibem bolanok. Bu romanda diňe Hajy baý bolaýmasa, keserip duran garşylyk hem göze ilenok. Ýusup Gülzar bilen arkaýyn sözleşip, söýşüp ýör. Çemi gelende bolsa Hajy baýyň ogluny öldürip, gaçyp gidýär. Hajy baýyň adamlaryny gyr-paýyr edýär. Hajy baý onuň öz aýalyny öldürende bolsa ah çekip ýör. Şeýdibem sahna ýene üýtgeýär. Ýusubam, Alymuhammedem rewolýusiýanyň duşmanlarynyň garşysyna göreşmek üçin Gyzylarbada gelýärler. Şol ýerde-de olarda duşmana bolan ýigrenji ýa-da olaryň öňünde gaýnap duran garşylygy, şol garşylygy ýeňjek bolup Ýusup bilen Alymuhammediň çekýän azabyny, görkezýän edermenligini görüp bolmaýar. Ine, garşylygyň şeýle ýüzleý bolmagy sebäpli, otrisatel tipleriň ýugrumynyň ýetmänligi, olaryň adalat we adalatsyzlyk, maksat ugrunda berkden berk çaknyşmaýandyklary üçin «Sumbar akýar» romanyňyň položitel gahrymanlarynyň ruhy we häsiýeti juda solgun bolup çykypdyr. Beki Seýtokowyň «Gyz salgydy» powesti hem Hywa welaýatynyň halkynyň rewolýusion umytlary barada, halkyň ezijilere garşy, zuluma garşy ruhy protest şeýle zulum, jebir bilen ylalaşyp bilmejekdigi barada eser. Bu powestde ogly öleni üçin öz hasratyndan açylyp bilmeýän Seýit-Isfendiýar-Bahadur hanyň bet pygly barada gürrüň edilýär. Hany bu gussasyndan ýekeje zat, ýaňy on dört-on bäş ýaşan gyzlar halas edip biljek. Şonuň üçin hanyň sorap oturan raýatyna kyrk sany gyz salgyt salynýar. Awtor halkyň başyna inen bu agyr belany juda dogry görkezýär. Mämmetweli möhürdar her etjek, hesip etjek, öz hanyna ýaranjaňlyk etjek. Onuň minnetdarlygyna mynasyp boljak. Ine şol bir wagtyň özünde ol özüne peýda gazanjak. Näme sütemi bolsa halka saljak. Bu sapar hem ol özüniň atlylaryny Durdy goturyň öýüne gönderýär. Onuň ýaňy çagalyk dünýäsiniň gyrasyndan giren gyzy Annagüli atyň öňüne basdyryp, Hywa hanynyň köşgüne iberýär. Halk bu süteme çydamaýar. Aýaga galyp, Mämmetweli möhürdaryň howlusyny gabaýar. Soňam ony otlap, öwlüýäçilige siňip gidýär. Umuman, «Gyz salgydy» B.Seýtokowyň uly epiki polotnony döretmäge taýýar ýazyjydygynyň şaýadydyr. Çünki bu eserinde poweste däl-de, juda uly esere garşylyk saýlap alypdyr. Şonuň üçin-de bu eser tamamlanansoň «Doganlar» başlanýar diýip köp edebiýatçylar dogry belleýärler. Çünki «Gyz salgydynda» ezilen, süteme sezewar edilip, degnasyna ýagşy deglip, gahar-gazaby ýetjek derejesine ýeten zähmetkeş halkyň indi beýle süteme çydap bilmejekdigi, olaryň, goý, ol Hywa hany bolsun, goý ol ýerli dikmeler bolsun, ýa-da Jüneýit han ýaly gamçysyndan ganlar damýan zalym bolsun, gepini çekmejekdigi beýan edilýär. Durdy goturyň ýolbaşçylygyndaky adamlar sähel goldaw bolsa diňe bir Mämmetweli möhürdaryň däl, gerek bolsa Hywa hanyňyň özüniň hem köşgüni başyna ýumurmaga taýýar bolup orta çykarýarlar. Ýöne bu eserde möhüm garşylyk tapylyp, janly gahrymanlar orta çykarylan bolsa-da, näme üçindir, awtor şol gazaply güýji bir ýumruga jemläp, esasy maksat ugrundaky göreşe gönükdirip bilmändir. Eseriň ideýany açmaga gönükdirilen garşylygy ýokary derejä göterilip bilmänsoň, romanlyk paýhas, romanlyk situasiýa hekaýawy, ýagny powest, derejesinde açylýar. Bu powestde güýçler hem, garşylyk hem, wakalar hem böleklere bölünip görkezilýär. Munuň özi awtoryň eseri töwerekleýin alyp, uludan tutmaga synanyşyk edendiginiň alamatydyr. Emma awtoryň bu pikiri başa barmandyr. Sebäbi ol Durdy Goturuň ogullary Myrat bilen Orazyň hersini bir ýerden çykarýar. Bu oglanlar obada kakasynyň jigisiniň başyndan inen bela barada has giç, iş işden geçenden gon eşidýärler. Şeýlelikde, awtor Myradyň we Abdykerim eke bilen Narjan apanyň gyznyň arasynda söýgi köprüsini guraýar. Bu wakany eşidenden soň bolsa, Myrat obasyna gaýdýar, Öwlüýäçilikde bolýan wakalary synlaýar. Netijede, ol bu dünýäniň gurluşynda adalatyň, mukaddes zadyň ýokdugyna düşünýär. Oraz bolsa Emin baýyň ogly Aşyryň adam sanyna goşulmagyna hemaýat edýär. Bu ideýalar gowy ideýa. Emma olar baş ideýa, halkyň adalatsyzlyga garşy barlyşyksyz göreş ideýasyny açmaga, aýdyňlaşdyrmaga päsgel berýär. Eserde garşylyk hem iki ugura bölünýär. Gyzy Hywanyň hany üçin alyp gidýärler. Bu ýerde ähli günä şonda. Sebäbi ýerli dikme bolan Mämmetweli hökümdara-da aňsat däl. Ol hem hanyň buýrugyny berjaý etmese, özüne nähili jezanyň garaşýandygyny bilip dur. Ol hem bendäniň bendesi. Han sähel diýeni edilmese, ony aýryp, ýerine ondan müň esse zalym birini dikme goýjagy ikuçsyz. Eserde belanyň körügi – Hywa hany. Emma oba daýhanlarynyň gazaby ýerli dikmä gönükdirilýär. Bu bolsa okyjyda nähilidir bir ynamsyzlyk döredýär. Munuň üstesine, awtoryň Myrat bilen Orazy rewolýusion güýçler bilen tapyşdyrmak, olaryň bir ujuny oba getirip, bu söweşe seplemek baradaky pikiri hem puç bolupdyr. Sebäbi awtoryň sýužeti beýle giňden almagy, ideýany bölek-bölek garşylyklaryň üsti bilen töwerekleýin bermek, açmak baradaky oýlary ýaňy başlanan badyna eser tamam bolýar. Netijede, awtor Orazy balykçy Mihail Konstantinowiç Solodownikow bilen diňe duşuryp bilýär. Daýhanlaryň nähili ýeňiş gazanandygyny ýa-da olaryň başyna ne günleriň düşendigini yzarlamaga-da awtoryň mümkinçiligi bolman galýar. Bu eserde-de esasy gahrymanlar garşylygy döredip biljek zalymlar bilen ýüzbe-ýüz göreşe çykyp bilmeýärler. Bu meselede awtor Mämmetweli möhürdary gorkak görkezip, howlusyny berk ýapyp oturdýar. Oba adamlary bolsa onuň bilen mertlerçe düşünişip, söweşip, göreşip, ýeňiş gazanjagam bolman, onuň howlusyny otlaýarlar. Hywa hanyňyň üstüne barmak, oňa azy urmak bolsa bulara hiç haçan eýgertjek zat däl. Durdy gotur öňüne çyksa-da halky göreşe alyp giderden ejiz. Myrat bilen Oraz hem başga ýerlerde gezip ýör. Alymlaryň rewolýusioner hasaplaýan Solodownikowy bolsa heniz balygyny arkanyn tutup ýör. Ipe, şeýdip powestde ne otrisatel, ne-de položitel gahrymanlaryň häsiýeti açylyp, olar kämil obraz hökmünde orta çykýarlar, ne-de bir halkyň ynjan kalby ynjalýar. Ýöne, awtor «Gyz salgydynda» başaryp bilmedik maksadyna «Doganlarda» doly ýetýär. Altmyşynjy ýyllaryň başlarynda görüp geçen taryhy we taryhy-rewolýusion eserlerimizden başga, umumy taryhy we anyk taryhy eserleriň birnäçesi hem okyjylara gowuşdy. Şeýle eserleriň hataryna ýazyjy Gylyç Kulyýewiň «Ýowuz günler» romanyny, Taňryguly Taganowyň «Dürler hazynasy», Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Çakylyk» hem-de «Kyrk teňňe» powestlerini, Beki Seýtäkowyň «Magtymguly hakynda hekaýalar toplumy» eserleriňi görkezmek bolar. Şol döwürde anyk taryhy we umumy taryhy eserleriň, ylaýta-da, Magtymguly Pyragy hakynda şeýle uly plandaky eserleriň tutuş toparynyň döremeginiň sebäbi näme? Bu ýagdaýyň iki sebäbini belläp geçmek bolar. Birinjiden-ä, ozalky SSKP-niň XX gurultaýyndan soň, ýazyjylar nähilem bolsa özleriniň galamlaryny erkin ýöredip başladylar. Ylaýta-da, Orta Aziýa we Gazagystan ýazyjylary diňe bir partiýanyň görkezen temasyndan däl, ýazyjynyň özüniň ýüreginde hyjuw döredip, ylham çeşmesine badalga beren temalara hem batyrgaý ýüzlenýärdiler. Olar ylaýta-da, taryhy kökleri yzarlap garşy-garşy taryhda halkyň mertebesini göterip, ynsap, adalatlylyk, baýdagyny belende galdyran beýik şahsyýetler hakynda eserler döredip başlapdylar. Bu ýagdaý türkmen edebiýatyna hem öz täsirini ýetirýärdi. Munuň üstesine, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 225 ýyllyk ýubileýiniň geçirilmegi baradaky mesele akyldar barada eserler döretmäge türkmen ýazyjy-şahyrlaryny borçly edýärdi. Ine, şeýlelikde, Magtymguly barada roman, powestler döräp ugrapdy. Hut, Gylyç Kulyýewiň «Ýowuz günler» romanyndan başlan, ähli taryhy eserlerde bir ýagdaý göze ilýärdi. Ol hem Magtymguly Pyragynyň obrazyna hrestomatiki usulda, ýagny türkmen edebiýatynda eýýäm ykrar edilen terjimehal, ykrar edilen pikirler boýunça eserler döredilýärdi. Munuň üstesine: 1. Wakalara, esasan, Magtymgulynyň poeziýasynyň ruhy boýunça garalýardy; 2. Magtymgulynyň ykbaly, durmuşy, maşgala durmuşy, döwri barada döredilip rowaýatlarda, legendalarda, ýatlamalarda aýdylan faktlara köp üns berilýärdi; 3. Bu hekaýalaryň, powestleriň, romanyň hemmesinde: Döwletmämmet Azady, Meňli, Şyhym harpyk, Çowdur han, Adna serdar, Hanaly han, Şatyr beg ýaly gahrymanlar esasy gahryman hökmünde orta çykarylýar; 4. Eserleriň ählisinde diýen ýaly Magtymguly Meňlini alyp bilmeýär; 5. Şol eserlerde, esasan, Eýranyň bir welaýatynyň hany Magtymgulyny özüniň köşgüne şahyr etjek bolýar. Ine, şonuň üçin hem ony ýörite adam iberip, alyp gidýär. Emma türkmen ýigitleri Magtymgulyny ýolda boşadýarlar; 6. Bu eserleriň ählisinde Magtymguly bir kemsiz, juda ynsaply, adamkärçilikli gahryman hökmünde orta çykarylýar. 7. Magtymguly şahyrlygyň, oglan okadýan mollalygynyň, zergärliginiň daşyndan il-güni agzybirlige çagyrýan, duşmanlardan öz ilini goramaga çagyrýan gahryman hökmünde suratlandyrylýar. Taňryguly Taganowyň «Dürler hazynasynda» Magtymguly Mesli bilen halaşýar. Bahar Meňli bilen Magtymgulynyň söýgi syryny saklap, olaryň duşuşmagyna hemaýat edýär. Ýöne Muhammethasan hanyň permany bilen Gulamaly han gelip Magtymgulyny Eýrana alyp gidýär. Meňlini bolsa Şyhym harpyklara çykarýarlar. Buzlypolat, Çowdur dagy bolsa Magtymgulyny Astrabatdan boşadyp alyp gaýdýarlar. Magtymguly gaýdyp gelenden soň, ýary üçin arman çekip galmaly bolýar. Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Çakylyk» powestinde-de Eýran hany Magtymgulyny öz köşgünde şahyr etmek üçin Şatyrbegi çakylykçy edip iberýär. Şatyr beg hem edil Gulamaly han ýaly Magtymgulynyň obasyna gap çaýkaýar. Soň, olar Magtymgulyny alyp gidýärler. Olar Astrabada ýetenlerinde-de Şatyr beg dagy meýlis gurap, keýp çekýärler. Şol arada bolsa Magtymgulyny türkmen gerçekleri boşadyp alyp gaýdýarlar. «Ýowuz günler» romanynda-da Gylyç Kulyýew, esasan, şu ýörelge bilen gidipdir. Bu eserde-de Astrabadyň häkimi Şatyr begi iberip, Magtymgulyny Astrabada alyp gelýär. Onuň iki maksady bar, birinjis-ä, özi barada juda gazaply gazallar ýazyp, adyny masgara eden adamy ýowuz jeza sezewar etmek, ikinjisem, eger şahyr razy bolsa, ony köşgünde alyp galyp, onuň gazallaryny halklary bakna etmek, olary köpräk ezip, öz häkimligini berkitmek üçin ulanjak. Emma Magtymguly oňa boýun bolmaýar. Şeýdibem, Magtymguly ýene-de öz iline gaýdyp barýar. Baryp, Eýran hanlarynyň, gyzylbaşlaryň garşysyna halky aýaga galdyrýar. Iliň alkyşyna mynasyp bolup, «Jahanda näler görner» goşgusyny düzübem, iliň-günüň içinde aradan çykýar. Ady agzalan eserlerde, esasan, şol bir ideýa meňzeş temada meňzeşräk kompozision gurluşda, meňzeşräk çeperçilik serişdesi bilen ýazylypdyr. Olaryň ählisinde-de Magtymguly şahyr şol bir oýlara gark bolýar. Ol Meňli barada, kakasy, il-güni, watany barada şol bir duýgulary başyndan geçirýär. Ol öz yzyndan gelen gyzylbaşlar bilen çekinmän gepleşýär. Il-güni azara goýmazlyk üçin özi olaryň yzyna düşüp gidýär. Bu eserleriň barynda türkmen ýigitleri Magtymguly gidenden soň habarly bolup galýarlar. Soň dowla düşüp, onuň yzyndan baryp, şahyry halas edýärler. Bu eserlere Magtymguly taýýar obraz hökmünde girýär. Şol durşuna hem eser tamam bolýar. Hatda, «Ýowuz günler» romanynda-da Magtymguly ýaş wagtam, garran çagam şol bir pikirler, şol bir oýlar bilen ýaşaýar. Biz şeýle ýagdaýy Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Kyrk teňňe» powestinde-de görýäris. Awtor powestde Türkmen klassyk şahyry Mämmetweli Keminäniň ýiti sözlüligini, akyllylygyny, degişgenligini has aýdyňlaşdyrmak üçin ony Hywa ýoluna çykarýar. Şonda Kemine ady, mertebesi, zehini halkyň arasynda näçe beýigem bolsa, juda kiçigöwünlidigini, halka juda ýakyndygyny, emma eziji synpyň wekili kim bolanda-da ondan gep çekip durmaýandygyny açyp görkezýär. Umuman, altmyşynjy ýyllarda döredilen powestlerde bir ýagdaý göze ilýär. Eserleriň ählisinde diýen umumy garşylyk öňe sürülýär. Mysal üçin, «Dürler hazynasynda-da», «Çakylykda-da», «Kyrk teňňede-de» adalat we adalatsyzlyk, ynsap we ynsapsyzlyk, watan ugrundaky göreş, mertlik, namartlyk ideýasy biri-biri bilen çaknyşýar. Bu çaknyşyga halk hem gatnaşýar. Şeýdip, awtorlar garşylygy juda uludan tutup, anyk ýagdaýlardaky sähelçejik çaknyşyklar bilen hem eseri jemleýärler. Ady agzalan eserleriň ählisinde Eýranyň şasy ýa-da hany Magtymgulyny öz huzyryna alyp gelmegi buýurýar. Magtymgulyny näçe günläp, azap çekdirip onuň huzyryna alyp barýarlar. Ine, şu ýerde-de Magtymgulynyň anyk çekýän psihologik jebri-jepasy, onuň pynhan oý-pikiri umumy sahnalarda, ýa-da gysgajyk dialoglarda berilýär-de oňlýar. Emma şu ýagdaýa Magtymgulynyň protesti, onuň ruhy göreşleri aýdyňlaşdyrylmaýar. Ylaýta-da, bu ýagdaý Meňli meselede şeýle. Şahyr öz ýürekden söýýän gyzyny almak üçin göreşe girmeýär. Meňli durmuşa çykandan soň hem onuň ruhy horluklaryny görüp bolmaýar. Gylyç Kulyýewiň «Ýowuz günler» romanynda-da şeýle ýagdaý duýulýar. Awtor häkim bilen Magtymgulynyň Astrabatdaky gürrüňine romanyň tutuş ideýasyny jemlemek isleýär, emma bu ýerde boş, umumy gürrüňlerden özge ýagdaýyň şaýady bolup bolanok. Magtymguly ýaly akylly ynsan, şonça ýol söküp barandan soň näme üçin häkim bilen ýüzbe-ýüz bolup, özüniň gahar-gazabyny, halkynyň derdini, eýran dikmeleriniň, ýerli häkimleriň türkmenlere salýan sütemi barada aýdyp bilenok? Ýa-da Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Çakylygynda» Magtymgulynyň özi «halk horlanmasyn» diýip, ýola düşýär. Ony Eýranyň şasy ýörite hat bilen çagyrdýar. Itenek-de çoganak bolşup olar Serwülä gelýärler. Emma Magtymguly şol ýerdenem Gulam aganyň sözi bilen yzyna gaçyp barýar. Eger ol gaçjak bolsa, näme üçin beýle ýoly sökdükä? Näme üçin Şatyr begiň yzyna düşüp gaýtdyka? Dogrusy, obada-da, ýolda-da Magtymgulynyň hakyky Magtymguly häsiýeti, obrazy açylmaýar. Awtorlar durmuşy umumy görkezmek bilen oňarýarlar. Olarda Magtymgulynyň çeper obrazyny, konkret häsiýetini açmaga degerli delil ýok. Şonuň üçin olar obrazyň, hem häsiýetiň töwereginden aýlanyp oňýarlar. Netijede, Magtymguly arada näçe eser ýazylan hem bolsa, onuň janly, akyldar, ynsanperwer obrazy henize çenli döredilenok. Şeýle ýagdaýy biz Gurbandurdy Gurbansähedowyň başga bir taryhy eserinde, ýagny onuň «Kyrk teňňe» powestinde hem görýäris. Bu powest öz döwrüniň belli şahyry adalatly ynsany bolan Mämmetweli Kemine barada. Kemine özüniň ajaýyp goşgulary bilen şu günler hem halkyň ýüreginde ýaşap ýör. Bu şahyr barada her hili şorta sözler, degişmeler, gyzykly gürrüňler halkyň şu günki nogsanlyklaryny aradan aýryp ynsanyň ahlak arassalygynyň, halal zähmetiniň gatanjy hökmünde agyzdan-agza, dilden-dile geçip ýör. Bu powestde ol diniň iň sylagly adamsy. Şeýle günleriň birinde onuň Haýdar atly tanşy Hywa ilinden Saragta gelýär. Haýdar olaryň bir wagt medresede okan ýoldaşlary Nurmetde ajaýyp bir kitabyň bardygyny aýdýar. Ine, şoňdan soň hem Keminede ol kitaby görmek, okamak höwesi döreýär. Şondan soň ol Garsak baýyň kerwenini ýöredýän Esen murta goşulyp Hywa gidýär. Awtor Keminäni ýola samak bilen, onuň häsiýetini agyr, kyn ýolda açmak isleýär Emma bada-bat öňürtleýär. Esen murt oňa kinaýaly jogap berende şahyr derrew onuň bilen bellisini edýär. Esen murtuň ata-babasyna beletligini, olaryň hiç haçan halal çörek iýmänligini, Esen murtuň hem baryp ýatan kezzaplygyny aýdýar. Ine şonuň bilen hem garşylyk tamam bolýar. Ýolda kerwen goýun bakyp ýören çopanlaryň üstünden barýar. Kemine olara goşgy okap, hoş gürrüňler tapýar. Ýola düşülensoň bolsa Öwez bilen Ýazdurdy pälwana öwüt-ündew edýär. Halal ýaşamak barada birtopar nesihat berýär. Şeýdip baryşlaryna Esen murt şahyryň eşegini gurduň agzyna berýär. Kemine ulagsyz galmaly bolýar. Şondan Ýazdurdy pälwan şahyry ak inere mündürmegi Esen murtdan haýyş edýär. Emma Esen murt muňa kes-kelläm garşy bolýar. Şonda Ýazdurdy pälwan, eger Keminäni ak inere mündürmese, onda kerweni taşlap gitjekdiklerini aýdýar. Esen murt gorkup razy bolýar. Soň Hywa ýetilip barylýarka-da ýolda bu ýerleriň ýowuz alamançysy Çowdur Mergen kerweniň üstünden gelýär. Şonda Esen murt gaty aljyraýar. Emma Çowdur Mergen Kemine bilen tanyş bolup çykýar. Ol bu kerweni Keminäniň hatyrasyna tä Hywa çenli alyp gidýär. Hywa ýetilenden soň, Kemine hem «Çaltyrak şol kitaplary görüp bolsady» diýip, hoşlaşyp gidiberjek bolýar. Ýöne Esen murt bilen ol Hywa alyp gideni üçin kyrk teňňe bermegi şertleşipdi. Ine, şonuň üçin-de Esen murt: – Kyrk teňňäni bermän, nirä elesläp barýarsyň? diýip, şahyryň yzyndan gygyrdy34. Kemine-de ondan çekinip durmaýar. Ol eger özi bolmasa onda Çowdur Mergeniň bu kerweni birwagt talajakdygyny Esen murta ýatladýar. Kemine: – Çowdur Mergen ýene bir gezek sataşanda, kyrk teňňäni şondan alarsyň! – diýip jogap berýär35. Bu eseriň garalyp geçilen gysgajyk manysyndan belli bolşy ýaly, awtor onda Kemine şahyryň häsiýetini töwerekleýin açyp görkezmek üçin zerur detallardan peýdalanyp bilmändir. Birinjiden, Esen murt bilen şahyryň garşylygy heniz eser başlamanka ýetjek derejesine ýetýär we soň ösdürilmeýär. Ikinjiden, ýolda Kemine şahyr hiç bir kynçylyga duşmaýar. Ol nirä barsa diňe şatlyk-şagalaň, uly hormat bilen kabul edilýär. Şeýle ýagdaý hem şahyryň häsiýetiniň açylmagyna, ösmegine päsgel berýär. Üçünjiden, şahyr eseriň başynda nähili ýagdaýda bolan bolsa, eser tamam bolanda-da şonuň ýaly akylly bolup galýar. Dördünjiden, awtoryň sözi bilen berýän bahasyndan başga, Keminäniň nähili akylly adamdygy okyja düşüniksiz bolup galýar. Biz ine, şeýle ýagdaýy altmyşynjy ýyllaryň başlarynda döredilen başga bir taryhy eserde hem görýäris. Ol şahyr Nurberdi Pommanyň «Seýdi hakynda söhbet» atly powestidir. Ýazyjy bu powestde türkmen klassyky şahyry Seýitnazar Seýdiniň tutuş terjimehalyny yzarlap, ony bary-ýogy kyrk-elli sahypalyk poweste ýerleşdiripdir. Bu bolsa eseriň umumy, degdim-gaçdym bolmagyna sebäp bolupdyr. Bu powest biziň günlerimizde Muhat aga diýen bir ýaşuly adamyň adyndan gürrüň berilýär. Muhat aga töweregine üýşüp oturan adamlara Soltannyýaz begiň ýowuzlygyny, onuň Gaharguly diýen hanyňyň juda zabundygyny aýdyp, soň Seýitnazar Seýdä gelýär. Onuň Soltannyýaza serkerde bolşuny, şondan soň Hywada Zelili bilen tanşyp, ony Lebaba alyp gelşini, oňa hezzet-hormat edişlerini, soň Garrygala gidişlerini, ol ýerde Şemşat atly gyza goşgy goşuşyny, Lebaba gelenden soň, Gülhatyja bilen halaşyşyny, ony alyp bilmändigini, şol döwürde Mirhaýdaryň söweşe başlaýşyny bir söz bilen aýdýar. Okyjy bu ýerde ne Seýdini, ne beýleki ýagdaýlary görüp bilýär. Waka gürrüňçi gojanyň dilinde, onuň gepini aýlawyna görä alnyp barlandan soň, Seýdi bir ondan çykýar bir mundan. Seýdi dagy ýeňlenden soň ilki Mara, soň Garrygala barýarlar. Ol ýerde Seýdi Ahmedaly hana ýesir düşýär. Ahmedaly han bolsa ony Mürze Abbasa sowgat berýär. Ine, şu ýerde biz Seýdiniň Mürze Abbas bilen azmly-azymly gürleşişini, onuň ölse-de oňa boýun egmejekdigini eşidýäris. Şondan soň mürze ony ilki damjanyň aşagynda goýýar, soň bolsa bolsa gözlerini oýýar. Görşümiz ýaly, bu eserde-de biz Seýitnazar Seýdiniň öz ykbaly, söýgüsi, watany üçin alyp barýan göreşlerini synlap bilemizok. Seýitnazar bilen kimdir biriniň arasynda şeýle düýpli garşylyk, çaknyşyk bolmany üçin, şahyryň şol garşylykda, çaknyşykda jebir-jepa çekişini görmänimiz üçin, powestde onuň obrazyny, häsiýetini, mertebesini hem görüp bilmeýäris. Şu ýagdaýlary synlamak bilen, şeýle netije çykarmak bolar: 1. Gözden geçirilen döwrüň taryhy we taryhy rewolýusion prozasynda, ylaýta-da onuň powest žanrynda garşylyk esasan ertekiçilik äheňinde ýola goýlupdyr. Awtorlar eseriň baş ideýasyny aýdyňlaşdyrmak üçin döwrüň ruhuny esasy garşylyk edip alypdyrlar. Şonuň üçin Magtymguly, Kemine, Seýdi ýaly halkyň ýüreginde ýaşap ýören şahslar garşylyk bilen göni ýüzbe-ýüz göterilmekden saklanylypdyr. 2. Bu powestlerde položitel gahrymanlar esere taýýar gahryman hökmünde getirilýär we olar durmuşyň kyn pursatlary bilen çaknyşykda ösdürilmän, diňe olaryň halkyň ýüreginde ýaşap ýören obrazy aýdyňlaşdyrylýar. 3. Bu eserlerde otrisatel gahrymanlar edil eseriň başyndaky ýaly taýýar görnüşinde eserden çykarylýar. 4. Bu powestlerde ertekiçilik, dessançylyk däplerine eýerilip, erbet gahryman erbetligine, gowy gahryman gowulygyna hereket edýär. Olaryň häsiýetindäki öwrülişigi, keseden täsiri görüp bolanok. Olara awtor eseriň başynda nähili häsiýet beren bolsa, olar şol häsiýeti bilen hem eseriň aýdyňlaşdyrmak bu eserlerde duýulmaýar. 7. Bu eserlerde Magtymguly, Seýdi, Kemine ýaly halkyň söýgüli şahyrlary halkyň ýüreginde beslän obrazlarynyň derejesine ýetip bilmändir. 8. Bu eserleriň ählisine birgalyplylyk mahsus. Şu we beýleki ýagdaýlaryň täsir egmegi sebäpli bu eserler türkmen sowet edebiýatynda belli bir hadysalyk derejesine ýetip bilmedi. Altmyşynjy ýyllarda döredilen taryhy we taryhy-rewolýusion romanlaryň sýužet-komozisiýasyny gözden geçireniňde, olarda şeýle bir aýratynlyk göze ilip baranok. Sebäbi türkmen edebiýatynda monumental eser döretmegiň tejribesi «Aýgytly ädim» epopeýasynyň ýazylmagy bilen emele gelipdi. Bu roman epopeýanyň çeper eser döretmegiň köp meselesi bilen birlikde, sýužet-kompozisiýany töwerekleýin, monumental formada guramagyň hem hadysasy bolandygyny belläp geçipdik. Bu roman epopeýada: a) Azatlyk ugrundaky göreş (rewolýusion göreş) liniýasy; b) Doganlyk liniýasy (rewolýusion maksatly adamlaryň doganlygy); w) Söýgi liniýasy (hökman baş gahrymanlaryň biri bilen iň gözel gyzyň söýgüsi); g) Dostluk gatnaşyklary ýaly liniýalar gaty köp beýleki liniýalary özüne birleşdirýärdi. «Doganlar», «Ykbal», «Sumbar akýar» romanlarynda-da ine, şeýleräk, liniýalary görüp bilýäris. Bellemeli ýeri, diňe «Doganlar» romanynda bolaýmasa, beýleki romanlarda sýužet-kompozisiýa gurmak, ony ösdürmek, ony baş ideýanyň aýdyňlaşmasyna, obrazlaryň kämilleşmegine, gahrymanlaryň häsiýetiniň köptaraply açylmagyna tabyn etmek «Aýgytly ädim» romanynyň derejesine ýetirilmändir. Emma «Doganlar» romanynda azatlyk ugrundaky göreş liniýasy, dostluk gatnaşyklary liniýasy «Aýgytly ädim» romanyndaka garanyňda-da has töwerekleýindir. Mysal üçin, «Aýgytly ädim» romanynda Iwan Çernyşýew diňe bir Tejen oazisinde rewolýusion iş alyp barýan bolsa, Ýefimow bilen Saparmyrat türkmen, özbek, garagalpak halklary bilen hem egin-egne berip dostlaşýar, bilelikde hereket edýär. «Aýgytly ädim» romanynda diňe rus, türkmen halklarynyň wekilleri hereket edýän bolsa, «Doganlar» romanynda, rus, ukrain özbek, gazak, türkmen, garagalpak halklarynyň wekilleri bileleşip göreşýärler. «Aýgytly ädim» romanynda Eziz hanyň halka garşy talaňçylykly hereketleri beýle bir güýçli açylmasa-da «Doganlar» romanynda Jüneýit hanyň birehim ýörüşleri, onuň gazaply syýasaty, halka edýän zulmy juda uly ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Awtor bu garşylyga garşy dürli halklaryň wekilleriniň bileleşip göreşini, ýeňşini oňat görkezýär. Ine, şonuň üçin-de sýužet-kompozisiýa gurmakda, durmuşy monumental ýagdaýda görkezmekde, gahrymanlaryň häsiýetini garşylyklarda, olaryň öz hereketinde aýdyňlaşdyrmakda «Doganlar» romanyňyň türkmen edebiýatynda mynasyp orun eýeleýändigini bellemek bolar. Gahrymanlaryň dilini indiwiduallaşdyrmakda, olaryň häsiýetini çeper dil arkaly aýdyňlaşdyrmakda-da «Doganlar» romanynda bolaýmasa, başga eserlerde beýle bir uly aýratynlyk, bellär ýaly üýtgeşik alamat ýok diýerlikdir. Görlen eserlerde rewolýusioner rus işçileriniň ählisi diýen ýaly türkmen diline suwara. Edil Iwan Çernyşýew ýaly, Ýefimow hem, Sergeý hem, Andreý Andreýewiç hem oba adamlary bilen türkmen dilinde gatnaşyk edýär, olara türkmen dilinde akyl öwredýär. Olaryň rewolýusianyň tarapyna geçmegini ündeýär. Dogry, Ýefimowyň sözünde nähilidir bir çalgyrtlyk bar. Ýöne awtor bu ýagdaýy saklajak bolup, Ýefimowyň sözüni çakdan aşa sadalaşdyrýar. Ony çaga derejesine ýetirýär. Bu ýagdaý gahrymanyň diliniň tebigylygyna-da oňaýsyz täsir edýär. Netijede bolsa bir zady belläp bolar: partiýanyň XX gurultaýyndan tä ýetmişinji ýyllara çenli döredilen taryhy we taryhy-rewolýusion proza eserlerinde dil meselesini çeper eser döretmegiň esasy elementi hökmünde garalsa-da, ony gahrymanyň häsiýetini aýdyňlaşdyrmagyň, onuň häsiýetini indiwiduallaşdyrmagyň, gahrymanlaryň ruhy emosional aýratynlygyny açyp görkezmegiň serişdesi hökmünde üns berilmedi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |