21:35 Surat / hekaýa | |
SURAT
Hekaýalar
Dört ýaşlyja Begenç trolleýbusyň içindäki oturgyçlarynyň birinde, kakasynyň gujagynda otyrdy. Ol balkyldapjyk duran owadan çaga gözjagazlaryny köçäniň owadan keşbine dikip, öz görýünje zatlaryna haýran galyp enaýy ýylgyrýardy. Şäher häzir diýseň gözeldi. Bu uly şaýol, misli Täze ýyl arçasy ýaly enaýy bezelipdir. Kiçijik Begenç şol bezeglere keýp edip, kakasyna häli-şindi "Oňa seret,ol näme? - diýip, yşarat bilen sowal baryny berýärdi. Ýöne geplänokdy. Duralgada gündelik gazet satyn alyp, pagta ýygymynyň gündeligine ünsüni beren kakasy Begenjiň sowallaryna parhsyz jogap berip barýardy. Duralgalaryň birinde trolleýbusa ejesi bilen kiçijik gyzjagaz mündi. Ejesi bir eli goşly bolansoň, beýleki eli bilen gyzjagazynyň goşaryndan pugtaja tutup durdy. Gyzjagaz bilen ejesi öňdäki oturgyçlaryň birinde oturdylar. Ol gyzjagaz Begenjiň çaga gözjagazlaryndan sypmady. Ol özüniň gören gowy zatlaryny gyzjagazyň hem görmegini isleýärdi. Emma gyzjagaz Begenje ünsem berenokdy. - Eje, seret, ýyldyz! - diýip, gyzjagaz akja, näzijek elini köçä bakan uzatdy. - Bolýa, Aýna jan, akyllyja bolup oturaýsan-a indi!-diýip, gyzjagazyň ejesi ony köşeşdirjek bolýardy. Gyzjagaz özüne aýdylýandyram öýtmän, köçedäki täsinlikler barada ala-goh edip, ejesine gürrüň berýärdi. Ýöne, nämüçindir, indi Begenjiň demi çykanokdy. Trolleýbus owadan, beýik jaýyň deňine ýetdi. Ol jaýyň gap bilinden Magtymguly Pyragynyň ullakan portreti asylyp goýlupdy. Gyzjagaz ony gördi. - Eje, eje, seret, soldat!—diýip, ol trolleýbusy ýaňlandyryp gygyrdy. Begenç näçe seretse-de, esgere gözi düşmedi.Şondan soň ol uly ili bilen: - Ol esger däl, ol şahyr!—diýip dabarly aýtdy. Aýnajyk bu söze aňka-taňka bolsa-da, sözünden dänmedi. - Soldat! Soldat!—diýip, barha pessaýja ses bilen aýtdy. Ejesi gyzyny düzetdi: - Ol esger däl, gyzym, ol şahyr Magtymguly. Emma Aýnajyk ylalaşmady. Ýöne şondan soň sesinem çykarmady, Indi Begenjiň sesi trolleýbusda dabaraly ýaňlanýardy. 7-nji sentýabr 1999 ý. Öwezdurdy Nepesow. | |
|
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |