SYRLY BUKJA
Şatlyk bukjany getirende, eli orakly Serdar ýorunjaly peliň ýaňy bir ujundan giripdi.
- Serdar, saňa hat gelipdir!
- Hat!? —Serdar laňňa ýerinden galdy. Ol heniz hiç kim bilen hat alşyp görmändi. Şonuň üçin bolsa gerek, arkaýyn gürledi.—Sen entek okamany öwren. Hatyň kimedigini şonda saýgararsyň.
- Ejem şeý diýýä-rä!
- Aý, ýo-ga?
Şatlyk hatly bukjany Serdaryň eline gysdyrdy-da, uzak eglenmedi. Yzyna bakan ylgady. Içinde surat barlygy bildirip duran bukjany geň gören Serdar ony bir eýläk, bir beýläk öwürdi, howlukmaç açdy. Onuň ýüzi şo dem saldaralp gitdi, göreçleri ýylgyryp duran oglanyň suratynda eglendi. Soňam ol „Bi, hakyt şonuň özi-dä!“ diýen şekile girdi. Suratyň ýanynda bary-ýogy birnäçe setirden düzülen kiçijik hatjagazam bardy. „Serdar, geljek ýylyň tomus rugsadynda haýsy lagerde dynç almakçy? Men şondan bäri lagerimiz we onda dynç alan günlerimiz, aýry-aýry ýoldaşlarymyzyň häsiýeti hakynda tutuş bir goşgular toplumyny döretdim. Olary öňi bilen saňa okap bermekçi. Neneň görýäň?
Salam bilen dostuň Azat“.
Serdar haty okap bolansoň, pikire çümdi.
* * *
Lagerde bolan ilkinji günleriniň biridi. Myrat egin-başyny çykarnyp duran ýerinden golaýdaky agaçlaryň birine ýaplanyp oturan Azada ýüzlenip:
- Azat, ýör suwa düşseň!—diýdi.
Azat birbada jogap bermedi. Ol okap oturan ýerinde elini goýdy-da, soň gürledi.
- Ýok, Myrat, sen gidiber. Men soňrak bararyn. Häzir bir azajyk okajak.
- Okajak, okajak. Näme bu ýerik okamaga geldiňmi? Biz-ä dynç almaga geldik. Besdir, uzakly ýyly okap geçirýäs. Senem bizden artyk dälsiň-le!
Myradyň jogaby Azada ýaramady.Ony oýlandyrdy: „Besdir, uzakly ýyly okap geçirýäs“ diýdimi? Heý-de, kitabam okamagy bes edip bormy?“.
Şeýdibem Azat Serdar bilen suwa düşmäge gitmedi. Ol elindäki kitaby ahyryna çenli okady. Uludan dem alyp, kitaby ýygnap goýdy. Şo pursatam Serdar onuň ýanyna geldi.
Serdar bu ýerde otrýad komandiridi. Onuň ýaşy Azada garanyňda birneme uludy. Komandir hem beýleki oglanlar ýaly, Azadyň lagerde özüni aýry tutýandygynyň sebäbine düşünmezdi. Aslynda Azat özüni aýra-da tutup duranokdy. Bu onuň häsiýetinden bolmagy mümkindi. Ol ýuwaştap oglandy, dymmady. Üstesine-de, hiç bir şagalaň-şowhuna goşulmazdy.Özi-de şol bir kitap bilen gümrady.Onuň hemişe içini hümledip gezýänliginden çagalaryň ählisi-de habarlydy.
Bu gezegem Serdaryň Azady gürledesi geldi.
- Azat, sen hemişe gamly, hemişe aladaly görünýäň. Bu bolşuň-a bolanok. Ýa yzyňy küýseýäňmi? Gaýrat et, ýene-de sanlyja gün galdy. Onsoň hemmämizem lager bilen hoşlaşarys. Bu günleri şadyýan geçirmek gerek, a sen bolsaň...
Azat şonda-dan geplemedi. Tekjedäki kitaplardan birini aldy-da, onuň diňe suratlaryny gözden geçirýän ýaly, sahypalaryny agdaryşdyrmaga durdy.
- Bir ýeriň agyryp dagy edýän-ä däldir-dä! Onuň ýaly bolsa aýt, ertir lukmanlaryň aýlanýan günüdir. Bu ýeriň howasy-da ýaramaz däl ýaly.
- Serdar, sen meni gaýgy etme, hiç ýerim agyranok. Men bütinleý sag.—Azat dil açan çaga ýaly, sakynyp-sakynyp gepledi.—Arman, bu ýerde islän kitabyň tapdyrmaýa. Bolmasa, lageriň dynç almak üçin kemi ýok.
--Hä, şeýdip bir dil aç ahyry. Gör, seni näme horlaýan eken. Lageriň kitaphanasynyň kitaba garyplygy-ha hak.
- Ynha, şu kitap bardyr-a. Öňem telim sapar okapdym. Gaýta-gaýýta okamagam ýadadýa. Öz türkmen şahyrlarymyzyň beýleki doganlyk halklaryň şahyrlarynyň täze, çagalar üçin goşguly kitaplaryndan hiç haýsysy ýok.
- Azat, sen gam çekme. Men ertir şähere gidýän. Saňa haýsy kitaplar gerek?
- Ynha, meniň şu aýda okamakçy bolýan kitaplarymyň sanawy.—Azat elindäki kitabyň içinden çykaran bir bölek kagyzy Serdara uzatdy.
Şol günüň ertesidi. Serdar Azadyň ýanyna eli kitaaply geldi. Şeýdibem onuň bilen dostlaşdy. Indi Azat hem Serdaryň ýanyna ýygy-ýygydan gelerdi.Onuň bilen käbir kitaplar hakynda söz açardy, maslahatlaşardy. Azat ýazylýan goşgularyň käbirleriniň biri-birine meňzeşliginiň, olarda sähel ozalky çap edilen goşgularyň äheňiniň gaýtalanmagynyň özüni gynandyrýandygyny janygyp gürrüň bererdi.
Lageriň möwsümi ahyrlapdy. Serdar bilen Azadyň dostlugy birden bozuldy duruberdi. Serdar lageriň sport meýdançasyndan gaharlanyp gelipdi. Ondan Azadyň habary ýokdy. Ol özüniň okap gutaran kitaplaryny getirip Serdara berdi.
- Serdar, sag bol. Bu kitaplar maňa hezil berdi. Seniň şu günem şähere gitmeli günüňdir, gaýrat et-de, maňa ýene-de birje kitap tapmaga kömek et...
--Senem kitap-kitap diýip ýürege-bagra düşdüň. Ýazyjysumak boljakmy diýsene! Kitaby öýňüzde okarlar.—Serdar gazaplydy. Ol gürlände-de bedeni bilen sandyran ýaly boldy.—Futbol komandamyz ýeňlişe sezewar boldy. Ähli gören taýýarlygymyz puç. A seň ýadyňa...
Azat lapykeç halda yza dolandy...
***
Serdar elindäki suraty ýaňadan synlady, pikirini bir ýerik çugdamlady. Soňam surat bilen gepleşýän ýaly, dillendi: ”Bagyşla, dost, şo gezek nähak göwnüňe degipdirin. Biz hökman duşuşarys”.
Serdar bir gujak ýorunja dessesini getirip, owlak-guzularyň öňüne dökdi. Soňam ejesiniň ýanhyna ýetmäge howlukdy.
- Eje, eje, indiki ýyl hem meni lagere iberermiň?
- Elbetde, guzym—diýip, Güller eje ogluna geňirgendi.
Serdaryň begenjiniň çägi bolmady. Onuň ejesine ähli zady gürrüň beresi geldi. Ýöne Azadyň göwnüne degişi ýadyna düşüp, başyny aşak saldy.
- Wah, şol günleri täzeden gaýtalap bolsady...
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty