11:24 Syýasy manýowrlar we häkimiýet dawasy | |
SYÝASY MANÝOWRLAR we HÄKIMIÝET DAWASY!
Taryhy makalalar
Üçünji halyf Osmanyñ şehit edilmegi bilen bulam-bujarlyk ýetjek derejesine ýetýär. Halyf bolmaly Hezreti Ala kyn döwürler garaşypdyr. Sahabalardan käbiri ganhorlaryñ derhal anyklanmagyny we jezalandyrylmagyny berk talap edipdir. Emma köpçüligi tutup duran pitneçileriñ hötdesinden gelmek we olaryñ arasyndaky ganhorlary tapmak añsat bolmandyr. Mesjidi-Nebewini dolduryp duran pitneçileriñ hemmesiniñ birlikde "Osmanyñ biz öldürdik" diýip gygyrandygy rowaýat edilýär. Hezreti Aly hemme zatdan ötri merkezi häkimiýeti ýola goýmak üçin ganhorlary anyklamagy netine düwýär. Şol bir wagtyñ özünde Mugawyýanyñ häkimlik edýän Şamdan başga ýeriñ kethudalary Ala biat edenem bolsa, Mekge-Medine jemagatyndan biat etmediklerem az hasap edip bolmajak derejede köp bolupdyr. Mugawyýa biat etmeýşi ýaly, Osman meselesini bahana edip, jemagaty Ala garşy küşgürmek üçin elinden geleni edipdir. Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) aýaly Äşe-de (r.a) Alynyñ garşysynda ýer alypdyr, ýogsam bolmasa olam Osmanyñ tutumyndan we ýöreden syýasatyndan nägiledigini has öñ birnäçe gezek mälim edipdi. Sahabalardan Talha bilen Zubeýri öz tarapyna çekip, Hezreti Ala garşy güýç döredipdir. Iş çygryndan çykýar: syýasat, ar alma hyjuwy, häkimiýet höwesi, gahar-gazap garşylyklaýyn ýagdaýda (araplaryñ özara dawasy diýmek bolar) mundan soñky yslam taryhynyñ ýazgysyny kesgitläpdir. Basranyñ golaýyndaky Hureýbe diýilýän ýerde Äşäniñ tarapdarlary bilen Alynyñ güýçleri garşylaşýar. Söweş tebli kakylýar. Ýeñiş gazanan tarap Hezreti Aly we onuñ güýçleri bolýar (dekabr, 656-njy ýyl). Jemel wakasy diýibem ýatlananýan, musulmanyñ musulmana tyg çeken bu urşunda Talha bilen Zubeýriñem arasynda bolan 20 müñ adam wepat bolýar. Aly Äşäni ýörite toparyñ goragy astynda Medinä ugradýar. Rowaýat edilmegine görä, Äşe bu söweşe gatnaşandygyna puşman edipdir we ömrüniñ ahyryna çenli syýasat işlerine goşulmandyr. Emma bu ganly söweş yslam älemini ikä bölüpdir. Sünnilerem, şaýylaram tutýan pozisiýalaryny ýaýjygyñ içine alyp, şol döwür bilen ýüzleşesleri gelmeýşi ýaly, din-syýasat gatnaşygynyñ sagdyn analizini edip oñarmandyrlar. (Soñky ýazgylarymda türk müçtehitleriniñ bu meselä garaýşyna aýratyn degip geçjek). Dini we syýasy ynanjy bir döwrüñ syýasy galyplary bilen göz öñüne getirmek, hatda şu döwri ideallaşdyryp, şunuñ esasynda dini kökli döwlet we syýasat düşünjesini emele getirmäge çytraşmagyñ özi tankydy düşünjäniñ öñünde häzirem iñ uly böwetleriñ biri bolup durýar. • MUGAWYÝANYÑ SYÝASY OÝUNLARY Mugawyýa ýöredýän syýasatynyñ özenine Hezreti Ala bolan garşydaşlygy oturtdy, ony Osmany şehit edenleriñ şärikdeşi bolmakda aýyplady. Alynyñ oñyn ädimleri ädendigine garamazdan, bolşuny üýtgetmedi we oña garşy pitnäniñ başyny çekdi. Şu ýerde bir zada üns bermek gerek: Mugawyýa Aly tarapdarlarynyñ nähili adamlardygyny gowy bilýärdi. Onuñ bu boýunça ýörite tabşyryk beren adamy Hajjaç ibn Zimmet Mugawyýa: - Alyda ýok bir güýç sebäpli sen ondan has güýçlüsiñ. Çünki seniñ ýanyñdaky jemagat sen gepläñde seslerini çykaranoklar. Buýruk bereñde "näme üçin beýle?" diýip soranoklar. Emma Alynyñ ýanyndaky jemagat Aly geplände gepleýär, bir zat buýranda näme üçindigini soraýarlar - diýipdir. Alynyñ özem munuñ şeýledigini bilmän durmandyr we ýagdaý onuñ zyýanyna bolupdyr. Emma zyýan çeken olmy ýa-da guramaçylygy däl-de, belli-belli kişilere esaslanýan sistemany saýlap alan musulmanlarmy? Üstünde jedelleşilmegi gerek iñ esasy sorag şu. Professor Ahmet Akbulutyñ sözleri bilen aýdanda, "musulmanlary syýasy taýdan çöküşe äkiden bu añyýet syýasy ölçegde bolansoñ, syýasy gurluşdaky näsazlyk asyrlara ýolugyp, syýasy näsazlyk wagtyñ geçmegi bilen beýleki ulgamlara-da aralaşdy". Aly-Mugawyýa çekişmesine goşulmazlygy saýlap alanlara çenli Mugawyýany halyflyga mynasyp görenokdylar. Emma Mugawyýanyñ bar aladasy-gaýgysy halyf bolmakdy. Ol Hezreti Alydan halyflygy taşlamagy talap etdi. Aly urşuñ gutulgysyzdygyna ymykly göz ýetirensoñ, häkimlerine habar gönderdi we urşa taýynlanyp başlady. Mugawyýa-da goşuny bilen Syffyn diýlen ýerde garaşyp durdy. Aly söweş başlamazdan öñ ýene bir gezek Mugawyýany biata (boýun sunmaga) çagyrdy, emma ýene "ýok" jogaby aldy. Çaknyşyklar iki aýlap dowam etdi. Söweşleriñ dowamynda jemi 70 müñ musulman wepat boldy. Sahabalardan 2.800 kişi Mugawyýa garşy söweşdi. Müçtehit diýlip tanalýan hanafy mezhebiniñ belli şahsyýetlerinden Nesefi musulman awtorlaryñ aglaba köpçüliginiñ Hezreti Alyny hakly hasaplaýandygyny aýdýar. Muña garamazdan käbir awtorlar ýaly "Hawa, Mugawyýa ýalñyşdy, ýöne oñky içtihatda sogaply ýalñyşlyk!" diýmek, 70 müñ musulmanyñ ölümine biperwaý seretmekligi añladýar. (Yslam hukugynda "müçtehidiñ eden içtihady dogry bolsa iki sogap, ýalñyş bolsa bir sogap" diýen düşünje bar. Bu prinsip dini hökümlerde şeýle bolup biler, emma bir häkimiñ döwlet ýolbaşçysyna garşy turzan pitnesine içtihat diýip baha bermek - syýasy bähbitleri din bilen kanunylaşdyrmagyñ yslam taryhynda görlen ilkinji mysallarynyñ biridir). Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 01.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |