08:06 Tabaklaryñ we okaralaryñ atlandyrylyşy | |
TABAKLARYŇ WE OKARALARYŇ ATLANDYRYLYŞY
Türkmen dili
Agaç tabaklar tut, erik, dagdan, tal agajyndan ýasalyp, olaryň birnäçe görnüşleri bolupdyr. Olar batman, kersen, tebse, adaty, telper, çeňkli çanaklar, okaralar diýlip atlandyrylypdyr. Olaryň iň ulusyna batman çanak diýilýär eken. Batman çanaga elli üç gadak bugdaý sygýar ekeni, her gadak hem dört ýüz gram bolsa, elli üç gadagyň ýigrimi bir kilogram iki ýüz gram bolýar. Batman çanakdan kiçirägine kersen diýlip, bu barada halk arasynda şeýle bir setirlerem bar: Hersene jan, hersene, Elim urdum kersene, Iýdim-içdim doýmadym, Ýene bolsa bersene. Kersen okaradan agzybirlik bilen köplük bolup nahar iýmegiň özbaşyna bir lezzetiniň, şüweleňiniň bardygyny aýdypdyrlar. Tebse çanak hem ulurak okara hasaplanypdyr. Ata-babalarymyzyň gep salgyna görä, öňem biriniňkä üç sany daýaw pyýada myhmançylyga barypdyr. Öý eýesem süýtli aş bişirip, üstünede gowurdagyň uly bölegini goýup, tebse çanaga salyp äberen. Myhmanlaryň birem bedinebislik bilen «Til bir ujy bize garşy bir ujy» diýipdir. Beýlekisem kem galyp barýan ýaly, «Bize garşy bir aryk» diýip, çemçe bilen gowurdagyň ýagy özlerine akar ýaly, ýodadyr, aryk ýasap oturanmyş. Ýoldaşlarynyň bolup oturyşlaryna gahary gelen üçünjileri bolsa, «Hemmesini deň pytrat» diýip, tebse çanakdaky gowurdagy deň derman aşa garyp goýberipdir. Türkmen halkymyz agaç tabaklaryň göwrümini aglaba, uly-uludan ýasapdyrlar, sebäbi bir okaraň, bir saçagyň başyna jem bolmagyň agzybirlikden nyşandygyna dogry düşünipdirler. Şeýle hem ederini bilýän, eden işi nusgalyk ata-babalarymyz könesi bolmadygyň täzesi bolmazlaryna eýerip, bu gymmatlyklary hiç wagt galdyrmandyrlar, olar gadymy miras bolup durýar. Milli mirasymyza ser salanymyzda bolsa okaradyr çanaklar dogrusynda şeýle setirler hem bar: Ýamalar ýamardym, düwülen ýaly, Çanaklar ýalardym ýuwulan ýaly. Çemçe ýuwsaň sapyny ýuw, Okara ýuwsaň daşyny ýuw. Okara çanagyň düýbüni ýapar. Şeýle hem ir döwürlerde obada 9 okarasy bar adama dokuzy düzüw diýipdirler. Galyberse-de, okaradyr kersenleriň goňşuçylyk gatnaşygynda hem möhüm orna eýe bolup, ol birek-birege mähribanlygyň, süýjülikli gatnaşygyň nyşany hökmünde hyzmat edipdir. Ata-babalarymyzyň döreden milli mirasynda bu barada şeýle bir jaýdar jümleler hem bar: Gel okaram, git okaram, Gelmeseň, gitmeseň, Orta ýolda döwül okaram. Hawa, ata-babalarymyzyň gündelik öý-hojalygynda giňden ulanan agaç tabaklaryna bu günki gün zerurlyk ýok hem bolsa, käbir türkmen hojalygyna baranyňda bu gymmatlyga gözüň düşýär. Agaç tabaklarda palaw äberlende milli mirasymyzyň häli-häzirem saklanýandygyna göwnüň hoş bolýar. Şeýle hem halk hakydasy onuň bilen bagly aýtgylary, meňzetmeleri nesilden-nesle, dilden-dile geçirip häzirki günlerimize ýetirip gelipdir. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, milli mirasymyz ylmy esasda öwrenilýär, geljek nesillerimize ýetirilýär. Gadymdan gözbaş alýan dörediji türkmen halkymyzyň nesillere galdyran bu gymmatlyklary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesillerimiziň görüm-göreldesi, mekdep terbiýesi bolup hyzmat edýär. Annajemal ESENOWA, kiçi ylmy işgär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |