20:58 Teleterapiýa / satiriki hekaýa | |
TELETERAPIÝA
Satiriki hekaýalar
Kabinetden çykjak bolup ýerimden turanym şoldy welin, alazenzele bolup telefon jyññyrdady. Alsammykam, almasammykam?! Endik gursun, elim eýýäm trubkany ýokary göteren bolsa nätjek. Jañ edýän adam edil jan howluna gygyrýan ýalydy. - Alýo, alýo! Üf, eşidýäñmi? Sesimi çykarman trubkany ýerinde goýaýsamam boljakdy, ýöne sesi gerekli adamyñ sesine meñzedi. Hantamaçylyk gursun. Saglyk-amanlyk soraşdyk. Onuñ aýtjak zadyna sabyrsyzlyk bilen garaşdym. - Eý, isluşaý, Kaşpirowskiý saña, heý, peýda edýämi? Onuñ soragyna sorag bilen jogap berdim. - Saña nädýä? - Isluşaý, peýda etdi. Geçen gezek maşgalamyz bilen seretdik. Üç aý bäri gyzgyn suwumyz akanokdy welin, şo günün ertesi zogdurlyberdi... - Gözüñ aýdyñ, gutlaýan! Ol, näme üçindir, gussaly gürledi. - Wah, o Kaşpirowskiý agañ güýji bary-ýogy ýekeje güne ýetýän eken. Gyzgyn suwumyz eýýäm kesildi. Indi nätsemkäm?! Näme, maña Kaşpirowskiniñ respublikamyz boýunça kömekçisidir öýdýämikä? Näme etmelidigini onuñ özünden soramaly. Ýok, başga zada nepim degmese-de, mugt maslahat-a berip biljek. - Ony nemet, dost jan. Merkezi telewideniýä, ýagny Kaşpirowskiniñ adyna ur-tut telegramma iber, illeriñki ýaly. Ýöne kopiýasyny şäher sowetiniñ ketdelerine ugratgyn, ýogsam... Guk, guk, guk. Añyrdan jañ edýän ýa-ha trubkany goýdy ýa-da telefon kesildi. Haýsysy bolanda-da, meniñ üçin-ä tapawudy ýok. Gözüme urlan ýaly bolup çykdym kabinetden. Edaramyzyñ gapdalyndaky azyk harytlary magazininiñ agzyndan geçip barýardym. Iki sany durugşan daýaw pyýada jedelleşip duran eken. Olaryñ gykylygy al-asmana galýar. - Men-ä señ şonyña pisint edemok. Ýok, ýok, ynanjak däl. - Näme-ow, meñ saña ýalan söz bergim barmy? Ynha, özüñ elläp göräý - diýip, olaryñ mañlaýy sakar sag eliniñ aýasy bilen ýalañaç kellesine şarpyldatdy. Älhepus, bi, nähili boldy-aý?! Iki adamyñ başy çatylan ýerde şonuñ gürrüñi-le. Men sakga saklandym. Urşarlarmukan öýdüp gorkdum. - Ýaşulular, beýdip ýedi ýoluñ ortasynda ýaka tutuşyp durmañ, how. Gelşiksiz bolýa, munyñyz. Birden milise geläýse, ikiñizem ýygnar. Olar meni araçy edinjek boldular. Dykylyşyp ýanyma geldiler. Ýañky mañlaýy sakar has dyzmaç eken. - Kaşpirowskini görýäñmi? - diýip, ikisiniñ oñuşmaýanyna, hamana, men günäkär ýaly gygyryp gürledi. Gel, şularyñ ýeñse damarlaryndan tutaýyn-la diýdim-de, ketje sorag berdim. - Kim-aý ol, haýsy magazinde işleýär? Olar meni bihabarlykda aýyplajak bolýan ýaly eginlerini ýygryşyp geñirgenişdiler. Biri-biriniñ ýüzüne soragly seredişdiler. Bu gezek söz nobatyny ýylçyryñ ýoldaşy aldy. - Ah-ow, inim, telewizora zada seredeñokmy asyl. Ho, ukladýan biri bardyr-a Kaşpirowskiý diýip. Şol ynha, hakyt şuñ kellesine tüý çykaranmyş... - Ol loh-loh edip güldi. - Hawa, hawa, ynha özüñem göräý - diýip, ýañky ýylçyram kesekgysan terne ýaly süýnmek kellesini maña tarap egdi. Meniñ bar işim seniñ kelläñi sypalap durmak däl. Olar gelýär-aý - diýip, men gidiberjek boldum. Ýo-ýok, olar sypdyrarly däl. Wah, iki sany işsiz pensionere sataşaýdym öýdýän. - Ogul, señ özüñe nädýä, peýda edýämi? - diýip, ýañky arkasy alnan ýaşuly bir hili hossar tapynan ýaly begendi. - Şoña seretdigim, men-ä uklaýan. Soñ ertesi işde-de ukudan açylyp bilemok. - Ýogsa-da, inim, sen nirede işleýäñ? - diýip, ikisi iki ýerden daşyma geçdi. Ýeri, meniñ nirede işlämde onun size nämä derkar ýeri bar diýsene. Agzyma gelenini aýdyp goýberdim. - Süýt zawudynda. - Süýt zawudynda?! - diýip, ýylçyryñ ýanyndaky adamyñ bilesigelijiligi artdy. Ullakan gözlerini alardyp maña seretdi. Be, näme beýle jazyna ot ýapyşan ýaly boldy-aý. Men näme señ bereniñi iýmedimmi... Her niçigem bolsa sözümden dänmäýin. Näme diýseler, eşidibermeli bolar-da diýip, menem gürrüñdeşimiñ ýüzüne tiñkämi dikdim. - Hawa. - Ä-hä, duşanyñ gowy bolaýdy. Siziñ bi, gaýmak diýip çykarýan zadyñyz nähili zat, how. Tapan zadyñyzy garyp-garyp ýörsüñiz öýdýän. Hiý, sizde bir utanç, haýa, ynsap diýem zat bolmazmy? Gatyk diýen satýanyñyzyñam ýarysy suw... Ol iço kefir çüýşeli sumkasy bilen neden ýazzy mañlaýyma ýelmäpdi. Götinjekläp, yza çekildim. Onýança gapdalymyzda bir taksi gelip saklandy. Içindäki müşderiñ düşerine mähetdel, sen-men ýok okladym özümi, ýumşak oturgyjyñ üstüne. Dogry-da walla. "Ýamandan boýuñy satyn al" diýipdirler. - Ýör, gardaş, çaltrajyk süreweri! Şofýor maşynyñ alynky aýnasyndan maña seretdi. Meniñ welin, iki gözüm onuñ pul hasaplaýan zadynda. Jyrk, jyrk, jyrk. Urup gidip otyr. Han-ha, eýýäm birgiden pul urdy. - Aý, zaluwat, duraweri - diýip, men howsalaly gygyrdym. Şofýoryñ ýüregi ýaryldy. Tormozyñ jygyldysyna geçip barýanlar añkarylyşyp seredişdiler. Men hasyr-husur düşdüm-de, birligimi uzatdym. - Sag boluñ, tañryýalkasyn! Şofýor yzymdan gygyrdy: - Hany, dur how, nirä barýañ alakjap. Gaýtargyñy al... Be, bi näme az gördümikä? Elimi jübüme sokdum. Görýän welin, şofýoryñ gara çyny öýdýän. - Dur, dur. Beýle zat bolmaz, me, iki köpügiñem al. Taksyçylara gelişjek zad-a däl bi. Ýa menden çekinip dagy etdimikä?! Anygyna ýetmesem agşam uklap bilmen. - Agam, beýle ownukçyl bolmasañyzlañ. Meni utandyrýañyz... Şofýor maşyndan çykdy-da, ýanyma geldi, diýseñ mylaýym gürledi. - Dogrusyny dogry aýdaýyn. Hemişeler iki manat artyk berselerem, sesimi çykaramakdym. Bilmedik bolaýýadym. Şu Kaşpirowskini görüp başlanym bäri, biriniñ bir köpügini artyk alsam bolanok, başym aýlanyberýär. Bokurdagyma tegek bolup barýan ýaly... Şubela almajagam bolsam, zor edip gaýtargymy berdi. Ho-onda okdurylyp barýan taksiniñ yzyndan seredip durşuma içimo gepletdim: - Be, Kaşpirowskiniñ teleterapiýasy gaty peýdaly zat öýdýän. Ony söwda işgärleridir taksi sürüjileriñ hemmesi görer ýaly edip bolmazmyka?! Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|