22:15 Toý / ýumoreska | |
TOÝ
Satiriki hekaýalar
― Başlyk, bir toýjagaz edäýjek bolýas-da, şoňa... ― Gaty gowy, oň bolsun! ― 3-4 müň manatjyk puljagaz gerekdi. ― Bir müňdür, müň ýarymdyr, kömek etsek edäýerisem. ― Gelin edinmegem kynlaşdy-haw, 2-3 sany ýüň seçeklem-ä tapyp beräýseň diýjek bolýan. ― Ýekejesinden artyk bizde mümkinçilik ýok, ýaşuly. ― Söwüşlik arzan baha işşek goýundan 7-8 sanysyna hat berýämiň ýa ferma müdürine aýdýamyň... ― Ýaşuly, iki sany semiz goýun bereýin. ― Odunam-a gerek boljak öýdýän. ― Taparys. Täze karta açdyk. Goparan agaçlarymyz bar. ― Getirer ýaly maşyn bormy, teležka bormy, bir zatjagaz berersiň-dä. ― Hökman. ― Skladda çadyr bar diýip eşitdim. Toýa gelenlere kölegelik bir zat gurmaly boljak. ― He, öz-ä bolmaly. ― Güpem-ä gerek, çaý gaýnadar ýaly. ― Meýdan düşelgelerinden ýygnaýmaly bolar-da. ― Brigadirimize diýäýseň, otag otaýan gelin-gyzlardan 10-12 sanysyna rugsat beräýse, çörek bişirmeli boljak. ― Göreris, ýaşuly. Bir alajy bor. ― Gap-gaçdyr çäýnek-käse-de beräýseňiz gowy boljak. ― Medeniýet baradaky orunbasara aýdaýyn. Çagalar bagyndan alyp berer. ― Garrylyk gursun, huşuňy alar ekeni. Häzir-ä ýadyma düşýän zatlar şular. Soňam ýetmez zadymyz bolsa gerin duraryn-da, başlyk. Men indi şu ýerden ilen-çalanlaryň üstüne gitmeli. Dilemeli zatlarym kän. Ýak, başlyk, esasy zady unudaýypdyryn, raýpodan 10-15 halta un, 300-400 sany elýaglyk diläp ber... ― Bu zatlar-a düzederis welin, öýlenjek ýigit berin özüňizden düzeljekmi?! | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||